«Ilat ýazuwy 2022: Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy» statistiki neşiriň tanyşdyryş dabarasy
10 Dekabr 2025
308

2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenstatyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň  (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda  Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň binasynda «Ilat ýazuwy 2022: Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy» statistiki neşiriň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. 

Duşuşygy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annanyýazowa we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Jalpa Ratna açdylar. 

«Ilat ýazuwy 2022: Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy» statistiki neşir – 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň maglumatlaryna esaslanýan, ýurtda çagalaryň ýagdaýyna bagyşlanan ilkinji seljerme neşiridir.

«Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy» neşiri 5 sany esasy bölümden ybarat: demografik häsiýetnamalar, irki nikalar, irki çaga dogluşy, çaganyň ukyplylygy, mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaşygy, şeýle hem bilim edaralaryna gatnaşygy. 

Bu neşir ösüş strategiýany we meýilnamalary işläp düzmek üçin, şeýle hem Çaganyň hukugy hakynda Konwensiýany we Durnurkly Ösüş Maksatlaryny hasaba almak bilen, halkara borçnamalary ýerine ýetirmek üçin netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.