Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Bütindünýä Banky topary (Halkara täzeleniş we ösüş banky) bilen ýurdumyzyň statistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Tölegli maslahat beriş hyzmatlary hakynda Ylalaşygy baglaşdy.
Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyza amala aşyran iş saparlarynyň çäklerinde ýurdumyzyň statistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maslahatlar geçirildi hem-de Bütindünýä Banky topary (Halkara täzeleniş we ösüş banky) tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti üçin 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk babatda Tölegli maslahat beriş hyzmatlary hakynda Ylalaşyk baglaşylmagy teklip edildi.
Bu Ylalaşygyň çäklerinde Halkara deňeşdirmeler maksatnamasyna gatnaşmagyň usulyýeti boýunça tehniki kömek bermek, milli hasaplar ulgamynda mümkinçilikleri pugtalandyrmak we 2025-nji ýylyň martynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-nyň Statistika komissiýasynyň 56-njy sessiýasynda kabul edilen Milli hasaplar ulgamynyň täze nusgasy bolan MHU-2025 halkara statistiki standartyna laýyklykda jemi içerki önümi hasaplamak çygyrynda, şeýle hem «Survey Solutions» programma platformasyny (CAPI) ulanmak arkaly sanly sowalnamanyň esasynda öý hojalyklarynyň we işçi güýjüniň gözegçilikleri boýunça maglumatlary ýygnamakda tejribeleri artdyrmak boýunça çäreler we işler göz öňünde tutuldy.
Halkara deňeşdirmeler maksatnamasynyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tehniki kömegiň çäklerinde, halkara bilermenleriň işjeň ýardam bermeginde bahalar baradaky maglumatlary takyk ýygnamak maksady bilen, ýöriteleşdirilen operasion gollanmalar hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň saýlama sanawlary işlenip taýýarlanylar, TürkmenStatyň hünärmenleri üçin Satyn alyjylyk ukybynyň paritetini hasaplamagyň we MHU-2025-e laýyklykda milli hasaplary düzmegiň usulyýeti boýunça okuwlar geçiriler.
Şeýle-de, öý hojalyklarynyň we işçi güýjüniň barlaglaryny kagyz ýüzündäki hasabatlylykdan kompýuteriň kömegi bilen şahsy interwýu almagyň (CAPI) döwrebap usulyna geçirmek üçin statistika edaralarynyň hünärmenlerine niýetlenen okuwlar guralar we synaglaýyn gözegçiligi geçiriler.
Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi jemi içerki önümi hasaplamagyň usulyýetini halkara tejribesine (MHU-2025) laýyklykda kämilleşdirmäge, milli statistiki ulgamyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de makroykdysady görkezijileriň dünýä jemgyýetçiligi üçin takyk beýan edilmegine ýardam eder.