Türkmenistanda
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi.Jamşid Hojaýew türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda doganlyk Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, ýurdumyzyň halkara giňişlikde uly abraýa eýedigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryna hem-de özbek wekiliýetine Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 19-njy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda geçiriljek giňişleýin we netijeli pikir alyşmalaryň türkmen-özbek gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlaryny, şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi. Nygtalyşy ýaly, şunda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamakda hökümetara topara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga goşmaça itergi berendigi bellenildi.Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini hem belläp, iki ýurtda medeni çäreleri guramagyň, döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

20 Iýn 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda 1992-nji ýyldan gözbaş alýan diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklardan ybarat bolan berk hukuk binýadyna esaslanýar. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir. Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyrýan bu sapary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda dostlukly ýurda amala aşyran taryhy resmi saparynyň netijelerini has-da pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, strategik sepgide çykarmaga gönükdirilendir.Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde hem birek-birege goldaw berip, özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet hem-de resmi saparlarynyň dowamynda pugtalandyrylan döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda ýangyç-energetika, tehnologiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär....Ir bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Premýer-ministr iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda bag nahalyny oturtdy.Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Soňra hormatly myhmany resmi garşylamak dabarasy geçirildi.Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berdi. Malaýziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministrini ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Premýer-ministr Anwar Ibrahim bolsa hormatly Prezidentimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Wekiliýet Baştutanlarynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi, şeýle-de öz adyndan we Milli Liderimiziň adyndan Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahime mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Dostlukly ýurduň Premýer-ministri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Soltan Ibrahimiň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Malaýziýanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýatlap, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi.Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ýoly geçendiklerine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Malaýziýa iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-birege goldaw berýärler.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýändiklerini aýdyp, munuň üçin Malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan edip, bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-malaý gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli hem-de netijeli ösdürilýändigini, bu döwürde ýokary derejedäki özara saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, saparyň dowamynda Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de halkara gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ruhy gymmatlyklary, döwletara gatnaşyklaryň filosofiýasy biri-birine ýakyn bolan ýurtlardygyna ünsi çekdi. Bu gymmatlyklar berk taryhy binýada, däp-dessurlara, medeniýetleri hormatlamaga esaslanýar. “Bularyň ählisi halklarymyzyň arasynda mähirli gatnaşyklary ýola goýmak üçin binýat bolup hyzmat etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hakyky dostluk hem-de doganlyk häsiýetini berdi. Şeýle-de munuň özi üstünlikli, netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy, giň ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki wagtda türkmen-malaý dialogyny mundan beýläk-de giňeltmek, hil taýdan baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýany hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, dünýä we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarda pikirdeş hökmünde görýändigini, Malaýziýanyň dünýäde ilkinjileriň biri bolup ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletdigini minnetdarlyk bilen belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny halkara derejede ykrar etmekde Malaýziýanyň beren goldawyna ýurdumyzda ýokary baha berilýändigine ünsi çekdi. “Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmagyň, bu guramanyň Tertipnamasy, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary esasynda ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmäge işjeň, kesgitleýji derejede gatnaşmagynyň yzygiderli tarapdarlary bolup durýarlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň dünýä giňişliginde Türkmenistany, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini üýtgewsiz goldaýandygyny aýdyp, dostlukly döwletiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamany goldandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.Nygtalyşy ýaly, Malaýziýa Birleşen Milletler Guramasynda energetika howpsuzlygynyň, halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalaryň awtordaşy bolup yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan Malaýziýa bilen Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk eýerýär, iş ýüzünde özara goldamagy we ýurtlarymyz üçin örän möhüm resminamalary işläp taýýarlamaga bilelikde işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişlikde bilelikde işlemegiň wajyp wezipeleriniň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigini (ASEAN) esaslandyryjy ýurt we onuň abraýly agzasy bolan Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzda Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini, ählumumy çözgütler kabul edilende olara berlen mynasyp orny we adalatly hukugy goramagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilelikdäki işlerde örän möhüm ugur hökmünde kesgitläp, ýurdumyzyň Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak, dialog medeniýetini ilerletmek boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň filosofiýasyna we işine, «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk», hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly düýpli garaýyşlaryna gabat gelýär.“Biz halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary ilerletmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň maksatnamalaryny bilelikde goldamakda Malaýziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýäris. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy berkitmegi möhüm hem-de zerur diýip hasap edýäris. Ulgamlaýyn medeniýetara dialogy ýola goýmaga, köne kadalary hem-de garaýyşlary ýeňip geçmäge, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda belledi. Nebitgaz pudagy türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Şunda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynda giň möçberli we uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny, olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işleriň başlanjakdygyny belledi.Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, halklarymyzyň gadymy däpleri, baý taryhy mirasy bar. Bu däpler we miras birek-biregi ýakyndan tanamaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi.Hormatly Prezidentimiz bilim we tejribeli hünärmenleri taýýarlamak babatda türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli tejribesini aýratyn nygtap, ýurtlarymyzyň akademiki düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, ylmy alyşmalary guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamy giň mümkinçilikleri bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhmanyň şu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belläp, şu duşuşygyň iki döwletiň mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklaýandygyna ynam bildirdi hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.Malaýziýanyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparynyň hem-de özüniň şu gezekki taryhy saparynyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakda täze gözýetimleri açandygyny aýtdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bar bolan mümkinçilikleri giňeltmegiň guraly hökmünde döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän parasatly garaýyşlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Premýer-ministr geljek ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini aýdyp, geçen döwrüň dowamynda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde zerur tagallalary edendiklerini belledi.Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda, hususan-da, «PETRONAS» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň, medeni umumylyklaryň aýratyn ähmiýetiniň nygtalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň malaý diline terjime edilmeginiň medeni dialogyň aýdyň nusgasy bolandygyny, häzirki wagta çenli şahyryň 100-e golaý goşgusynyň terjime edilendigini aýtdy.Premýer-ministr hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň örän ýokarydygyny, Türkmenistanyň bolsa strategik taýdan möhüm hyzmatdaşdygyny belledi. Häzirki wagtda ASEAN bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin utgaşykly hereket etmek zerurdyr.Anwar Ibrahim Malaýziýada energetika pudagynda, maglumat merkezleriniň işini guramakda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň toplan baý hem döwrebap tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini, «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Ol ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydygyny aýdyp, Malaýziýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň saparynyň dowamynda Malaýziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren teklipleriniň ähmiýetini belläp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.Häzirki döwürde Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary depginde ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum işjeňligi bu gatnaşyklaryň özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Anwar Ibrahim 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýän «PETRONAS» kompaniýasynyň alyp barýan işlerine berilýän goldawlar üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hormatly Prezidentimiziň şahsy goldawyna aýratyn orun degişlidigine ünsi çekdi.Sözüniň ahyrynda Anwar Ibrahim bilelikdäki tagallalaryň esasynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk köprüleriniň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada şu gezekki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriň giň toplumyna seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, sebit, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanylýar hem-de Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran saparynyň netijeleri beýan edilýär.Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Malaýziýanyň wekiliýetleriniň gepleşikleriniň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit hem-de halkara meseleler barada pikir alşylandygyny, garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen söhbetdeşligiň doly özara düşünişmek, ýokary ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýratyn belläp, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň syýasy özara hyzmatdaşlygyna, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çägindäki gatnaşyklaryna baha berlendigini aýtdy.Türkmenistan we Malaýziýa halkara gatnaşyklaryň adalatly, deňhukukly, parahatçylykly, howpsuz ulgamyny emele getirmek ugrunda çykyş edýärler. Biziň ýurtlarymyz halkara hukugy, Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyndan ugur alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyny, öňe sürýän halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň hem, öz nobatynda, Malaýziýanyň netijeli garaýyşlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny nygtady.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirerler. “Bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk has-da ilerlediler. Şeýle hem ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyldy. Ýokary tehnologiýalar, tehniki, inženerçilik kooperasiýasy, bank we maliýe işi, şähergurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna goşular” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ulag-logistika ulgamynda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň hem işjeňleşdiriljekdigini, türkmen talyplaryny Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak babatda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, munuň üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime minnetdarlyk bildirdi. Akademiki we ylmy alyşmalary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.“Biziň duşuşygymyz iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda örän möhüm waka boldy. Onuň jemleri boýunça wajyp ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Ösüşiň ýoly bilen bilelikde öňe gitmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Biziň dostlugymyz, doganlygymyz we özara bähbitli hyzmatdaşlygymyz pugta syýasy, hukuk, dünýägaraýyş hem-de ruhy binýada esaslanýar. Bizi taryh, gymmatlyklar, din, parahatçylyga, adalatlylyga we ynsanperwerlige eýerýändigimiz ýakynlaşdyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna geçirilen netijeli gepleşikler, ýurdumyz bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändikleri üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň gatnaşyklarynyň berkdigine, ygtybarlydygyna, onuň mundan beýläk-de şeýle boljakdygyna pugta ynam bildirdi.Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn esasda we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň orun eýeleýän Türkmenistan halkara giňişlikde uly hormata eýedir. 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşant goşdy. Malaýziýada Aziýa — Ýuwaş umman we Merkezi Aziýa sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrunda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalaryna ýokary baha berilýär. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Bu ýurt Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.“Malaýziýa Türkmenistanyň işewürligi ösdürmäge berýän ünsüne we malaýziýaly işewürlere bildirýän uly ynamyna ýokary baha berýär. Malaý tarapy tehnologiýalary, tejribeleri paýlaşmak, hünärmenleri taýýarlamak arkaly döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla eder. “PETRONAS” kompaniýasy bilen yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm binýadyny emele getirýär. Şu gezekki saparyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam eder” diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri nygtady.“Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna ibermek boýunça degişli merkeziň döredilmegi baradaky teklibini durmuşa geçirmek ugrunda işler ilerlediler. Bilelikdäki hökümetara topary döretmek arkaly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdüreris. Şeýle hem bank işi, maglumat tehnologiýalary, maglumat merkezlerini döretmek, halal senagat ýaly ugurlarda bar bolan tejribeleri özara alşarys. Ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, döredijilik we ylmy tejribeleri özara alyşmak işini has-da ösdürmek arkaly geljek üçin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirmäge hem uly ähmiýet berýäris” diýip, Premýer-ministr Anwar Ibrahim sözüni dowam etdi hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi, yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň özara dostlugy berkitmek babatda edilýän tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Malaýziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Watanyna ugrady.Şeýlelikde, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-malaý gatnaşyklarynda möhüm tapgyr bolup, onuň dowamynda geçirilen gepleşikler hem-de gazanylan ylalaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat eder.

19 Iýn 2026
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy

Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi.Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahim myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy.Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halkara guramalaryň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy munuň aýdyň beýanydyr.2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary döwletara dialogyň taryhynda aýratyn möhüm tapgyra öwrülip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.Nebitgaz pudagy ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işi uzak möhletleýin hem-de ygtybarly maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Hazar deňzinde bilelikde alnyp barlan işleriň dowamynda toplanan baý tejribe bu gün uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek, nebithimiýa we öňdebaryjy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýady döredýär.Şunuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygyň çäklerini ýangyç-energetika toplumyndan başga ugurlarda-da giňeltmegi maksat edinýärler. Ulag-logistika ulgamy, ýokary tehnologiýalar hem-de oba hojalygy ýaly geljegi uly ugurlar üns merkezinde durýar.Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Şunda ylym-bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir.Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler we onuň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar iki dostlukly ýurduň arasyndaky ugurlaryň giň gerimi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädime öwrüler.

18 Iýn 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga innowasiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär....Ir bilen hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.Şu ýylyň hasyly üçin Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda welaýatyň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanyp, galla oragy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlar netijeli ulanylýar. Tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu bolsa oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar.Soňra hormatly Prezidentimiz «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowa degişli bolan bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde kärendeçi döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary, gallaçy kärendeçileri üçin buýsançly wakadygyny belledi. Ol häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde gallaçy babadaýhanlaryň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýändiklerini aýdyp, döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Soňra kärendeçi ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda däne ýygýan kombaýnlar bugdaý hasylyny ormaga girişdiler.Döwlet Baştutanymyz «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň geçirilişini synlady.Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagy üçin satyn alyp berýän bugdaý orujy kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyşy, öndürijilik kuwwaty ýokary halkara standartlara doly laýyk gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda edilýän yzygiderli tagallalaryň aýdyň netijesidir.Ýurdumyzda ekerançylykda täze ylmy çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ekerançylygy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda alnyp barylýan işler, hususan-da, “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň ylmyň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň işiniň ilerledilmegini üpjün edýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler ekin dolanyşygyny innowasion esasda alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kärendeçi babadaýhanlary bol hasyl ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny işjeň özleşdirýärler.Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.Kärendeçi döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigini aýtdy. Daýhanyň bereketli toprakdan bol hasyl almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kämil tehnikalar, ýokary hilli tohum we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär.Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady.Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady.Ýurdumyzda oba hojalyk toplumynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini üpjün etmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy arkaly anyk çäreler görülýär.Sergi Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky hasylyndan alnan undan taýýarlanylandygyny bellemek gerek.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň yhlasly zähmetiniň netijesinde, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem amala aşyrylýan özgertmelere uly goşant goşmak bilen, ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu önümler ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler ähli welaýatlarda galla oragy dowam edip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy.Kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly zähmetini gaýgyrman, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatyna iş sapary ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli işlemegi, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleriň döredilýändiginiň, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

17 Iýn 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagynyň, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý oragy dowam edip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime galla hasylyny ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edip, häzirki wagtda ösüş suwuny tutmak işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda şaly ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime galla oragy möwsümini ýokary hilli geçirmek üçin guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklar berildi.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şaly ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça işleri gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň ekiljek ýerleri kesgitlenilip, häzirki wagtda meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň we bu ugurda alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly ekişi dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýere häzirki wagtda dowam edýän galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15 Iýn 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar berildi.Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu topary döretmek we onuň birinji mejlisini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de onuň bilen sarp edijileri ygtybarly üpjün etmek, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, olaryň gerimini giňeltmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminamalara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Galla oragy möwsüminde däne ýygýan kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlarynda kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli çäreler görülýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar, Lebap welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk görülýär.Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işledilmegini gazanmak ugrunda zerur işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalaryny, ykdysadyýetiň pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem pudagyň maddy üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýän möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dürli pudaklaryň dokma önümlerine bolan sargytlaryny üpjün etmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak, ony halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berilýändigini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp köp sanly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowa söz berildi.Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar boýunça meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamada ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny jemgyýetiň ähli wekilleriniň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz etmek arkaly ýurdumyzyň adam maýasynyň, ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşynyň has-da ýokarlandyrylmagyny, gözýetiminiň giňeldilmegini, olaryň ylmy-döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işine işjeň çekilmegini gazanmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda resminama gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Ol, ilki bilen, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy her ýyl Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri ylmy ösdürmek maksady bilen ägirt uly işleri amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp derejede durmuşa geçirýär.Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa yklymynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.Syýasy ugur barada aýdylanda, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda ýokary derejeli döwlet we resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrandygy nygtaldy. Milli Liderimiziň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlarynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, syýasy dialogy giňeltmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň binýady goýuldy.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi hem-de iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toplumyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň işleriniň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň wajyp toplumlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini, Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

12 Iýn 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna guramaçylykly girişilip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda amala aşyrylýan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we galla oragyna guramaçylykly girişilmeginiň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilip, ösüş suwuny tutmaga taýýarlyk görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edip, bu jogapkärli möwsümi gysga möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklar berildi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edip, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasyly ýygnalyp alyndy. Şeýle hem welaýatda şaly ekişine girişmek üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişilip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edip, möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda onuň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň hem-de gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

08 Iýn 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 51-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 13-si amala aşyryldy.Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin türkmen wekiliýeti Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak maksadynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisine we bu Assambleýanyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy. Saparlaryň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,6 göterim boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, önümçilikleri doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Wise-premýer hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,7 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 120,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 120 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 107,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 145,2 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere edýän hemaýat-goldawy esasynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişildi. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň pudagyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegi, galla oragy döwründe bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 130,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 126,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 130,1 göterim amal edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzyň sarp edijilerini, ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,7 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 101,2 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 120 birža söwdasy geçirilip, olarda 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň bäş aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 11 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň, topluma degişli kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere dokma önümleriniň möçberini, görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaralar guraldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Arkadag we Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Gurban baýramy mynasybetli medeni çäreler geçirildi. TÜRKSOÝ-yň opera günleri ýokary derejede guraldy. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, halkara medeni çärelere, şol sanda festiwallara, okuw maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere gatnaşdylar.Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen Aziýanyň açyk çempionatyna we onuň çäklerinde guralan “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşdylar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirip durmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871 medal gazandylar. Halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi, çagalaryň tomus möwsüminde dynç alşy bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 116 adam kabul edildi, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi 31-si goraldy.2026-njy ýylyň bäş aýynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa” tassyklanyldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 301 medal gazandylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalara höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary sporta giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 293 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 528 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 216-sy geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 909-sy guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 60-sy bilen ýetirildi.Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikler geçirildi.2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.Daşary döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 104,9 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05 Iýn 2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Berkarar döwletimiziň eziz körpeleri!Hormatly watandaşlar!Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde giňden tanalýan Watanymyzda bu halkara senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň şadyýan körpelerimiziň kalbynda egsilmez joşgun döretjekdigine we aýdyň geljegimize ynamy has-da berkitjekdigine pugta ynanýaryn.Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň dostluk hem-de parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, çagalaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamak hukuklaryny üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan sene hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi bilen birlikde, gözel Diýarymyzda bu baýramy belent dabaralara besläp, ýokary ruhubelentlikde belleýäris.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem jemgyýetçilik durmuşymyzda mynasyp orun alan bu halkara sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda aýdym-sazly çäreler giňden guralýar. Durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň berkarar döwletimizi, agzybir halkymyzy, ajaýyp zamanamyzy, dostlugy we parahatçylygy wasp edýän şirin aýdym-sazlary, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagy bagtyýar çagalygyň Diýary hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýar.Eziz çagalar!Ýurdumyzda çagalar aýratyn üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýar. Sebäbi berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berk goraýarys. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepleri, dynç alyş merkezlerini we seýilgähleri yzygiderli gurýarys.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen döredilen hem-de abraýly gurama öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç körpelerimiziň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda dünýä nusgalyk asylly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar nesillerimiz hakyndaky aladalar biziň nurana ertirimize tarap ynamly hem-de buýsançly gadamlarymyzdyr.Hormatly adamlar!Eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň kämil derejede ösmeginde örän uly ähmiýeti bardyr. Şeýle bolansoň, her bir şahsyýetde şöhratly taryhymyzyň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän milli buýsanç duýgusyny terbiýelemäge, maşgala mukaddesliklerini we gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmäge, köp çagaly maşgalalary goldamaga hem-de höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berýäris. Biz dünýä ýurtlary we halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen eneleriň we çagalaryň saglygyny hem-de hukugyny goramak, ýaş nesillere ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda bilim-terbiýe bermek bilen bagly hyzmatdaşlygy has-da ösdürýäris. Bularyň ählisi adamzadyň parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryny rowaçlandyrýar.Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar çagalary!Eziz watandaşlar!Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin. Goý, durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri hemişe belentden ýaňlansyn dursun!Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

01 Iýn 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmegiň, bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmegiň, ekerançylyk meýdanlaryndaky oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleriniň möçberini artdyrmak hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de gowaça ideg etmekde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, galla oragyna ýokary guramaçylykly girişmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Gowaça ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerine taýýarlyk görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Sebitde şaly ekişini bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine görülýän taýýarlyk, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, bugdaý oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli welaýatda guraljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy, baýramçylyk mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we bu waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.Soňra T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmeginiň we bu möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

01 Iýn 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek babatda tabşyryklary berdi.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatda pile boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda taýýarlanylan piläni ýygnamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görülmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işine girişildi. Welaýatda şaly ekiş dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine we mukaddes Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Gurban baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli tabşyryklar berildi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine hem-de Gurban baýramy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, galla oragyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri alyp barmak babatda degişli görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatlarda galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy babadaýhanlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra wise-premýer oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25 Maý 2026