Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Hokon VIII-ä Norwegiýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Hokon VIII-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Norwegiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Eziz watandaşlar!Hormatly professor-mugallymlar we talyp ýaşlar!Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Sizi we mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Hormatly adamlar!Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.Hormatly adamlar!Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden rowaçlanýandygyny görkezýär.Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgat — «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Bularyň ählisi bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.Hormatly adamlar!Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär.Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Bu döwrebap bilim ojagynda ýokary derejeli binagärleriň, gurluşykçy inženerleriň hem-de senagatçylaryň kemala geljekdigine berk ynanýaryn.Hormatly dabara gatnaşyjylar!Şu gün açylyp ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.Meşhur türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň adyny buýsanç bilen göterýän bilim ojagynyň täze binalar toplumy geljekde hem kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.Hormatly adamlar!Häzirki döwürde watansöýüji, ruhubelent ýaşlarymyz kemala gelýär. Bu ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegidir. Bu ýaşlarymyzyň okamak, öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn.Hormatly professor-mugallymlar!Gadyrly talyp ýaşlar!Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işleriňizde we okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.(Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry)
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň dostlukly halkyna Malaýziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Malaýziýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, olaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. “Aşgabatda özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Duşuşygyň dowamynda türkmen-malaý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarymyz ýene-de bir gezek tassyklanyldy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça möhüm çözgütler kabul edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belledi hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň bu resmi saparynyň netijeleriniň iki halkyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Anwar Ibrahime we XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki merkezi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär....Ir bilen lukman Arkadagymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hem-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň binalar toplumynyň daşky görnüşini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesini synlap, bu ýerde gök zolaklary döretmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Halkara ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşýan germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak we bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.Milli Liderimiz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş we onkologiýa boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolsa saglygy goraýyş, aýratyn-da, howply keselleriň öňüni almak we bejermek bilen baglydyr. Lukman Arkadagymyz bu gurama bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.Germaniýaly lukmanlar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümlerinde oturdylan enjamlaryň örän kämildigini aýratyn nygtadylar. Umuman, merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna we ýokary görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi Türkmenistanda adamlaryň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.Görkezilen taslamalaryň hatarynda maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, seljeriş-intellektual, bitewi sanly ulgam modullary, endoskopiýa, ulular üçin ambulator gematologiýa, umumy şöhle bilen bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, dermatologiýa ylmy-kliniki, çagalar üçin ambulator gematologiýa, radiofarmasewtika önümçilik bölümleriniň we beýleki ugurdaş otaglaryň, olarda oturdylan enjamlaryň şekil taslamalary, ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwrebap saglyk merkezleriniň yzygiderli gurulýandygyny, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Şeýle-de anyklaýyş enjamlary maglumatlaryň takyk we dürs bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi bejerişiň hiline oňyn täsirini ýetirýär.Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda Watanymyza we halkymyza yhlasly hyzmat etmegiň nusgasyny görkezdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik hem wajyp orny eýeleýär. Bu guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň dowamynda Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Diýarymyzda ýokanç däl we onkologiýa keselleriniň öňüniň alynmagyna hem-de bejerilmegine gönükdirilen köp sanly taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirdi.Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy lukman Arkadagymyzyň onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda lukmançylykda ýadro we izotop tehnologiýalaryny howpsuz esasda ulanmak boýunça bu agentlik bilen pugta aragatnaşygy ýola goýdy. Bu babatda Türkmenistanda degişli halkara kadalaryň we talaplaryň berjaý edilmegi gazanyldy.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda R.Grossi halkara agentlikde Türkmenistanyň atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ýörelgelerine ygrarlylygyna ýokary baha berilýändigini belläp, ýurdumyzyň energetika we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak ulgamynda öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny nygtady. Milli saglygy goraýyş ulgamy hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu düzümiň goldaw bermeginde ýurdumyzda keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar. Hususan-da, halkara bilermenleriň maslahatlary Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynda howply kesellere garşy göreşmek ulgamyny kämilleşdirmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.Lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu işe şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garalmalydygyna ünsi çekdi. “Merkezde işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, onuň işine ýaş lukmanlaryň çekilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda, örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.Merkeziň ähli bölümlerine sanly tehnologiýalar, dünýäniň ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu ýerde milli lukmançylyk ulgamynda netijeli ulanylýan döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlar gorunyň döredilmegine zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, oňa ýaşlary işjeň çekmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady. Şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary bilen bilelikde iş alyp barmagy wajypdyr.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlaryny netijeli ulanmak, olaryň işini emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda dünýäniň, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdürilmelidir. Munuň özi lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmeklerine şert döreder.Germaniýaly lukmanlar bu ýerde radioaktiw galyndylary zyýansyzlandyrmak ulgamynyň işine ýokary baha berdiler. Merkeziň çäklerinde radioaktiw suwuk galyndylar üçin ýörite gaplar döredilip, olarda saklanyljak suwuk galyndylar ösen tehnologiýalar arkaly zyýansyzlandyrylar. Munuň özi bu ýerde onkologiýa kesellerini bejeriş ulgamynyň möhüm şertleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini şertlendirer.Soňra lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümleri bilen tanyşdy. Merkeziň anyklaýyş, bejeriş, operasiýa, şöhle bilen bejeriş bölümleri, barlaghanalary we beýleki otaglary häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Germaniýaly lukmanlar merkezdäki enjamlaryň köpüsiniň ilkinji gezek şu ýerde ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň häzirki zaman talaplaryna we lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna doly laýyk gelýändiginiň, adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.Enjamlaryň emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar arkaly işleýändigi nazara alnanda, merkezde internetiň tizliginiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz ähli bölümlerde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internetiň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagy babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz merkeziň bölümlerinde arassaçylygyň we kadaly howa çalşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesine oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş babatda baý tejribe toplan germaniýaly lukmanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.Merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi, bu ýerde keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullarynyň ýola goýulmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda gurlan döwrebap saglyk edaralarynda bolşy ýaly, bu merkezde oturdylan enjamlaryň hem iň täze nusgalardygyny nygtamak gerek.Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň bölümleri bilen tanyşlygyň dowamynda olaryň arasynda bir bitewi aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem bu ýerde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. Adamlar öýünde oturan ýerinden gerek bolan maglumatlary alyp biler ýaly mümkinçilikler döredilmelidir. Mundan başga-da, näsaglaryň yzyndan geljekler üçin olaryň saglyk ýagdaýy baradaky we beýleki ugurlar boýunça maglumatlar elýeterli bolmalydyr. Bu bolsa keselleri anyklamak, bejermek işlerinde bolşy ýaly, lukmançylyk hyzmatlary, merkeziň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly ähli maglumatlaryň sanly ulgam arkaly alnyp barylmagynda ähmiýetlidir. Umuman, ýurdumyzda adamlaryň saglygy hakyndaky alada hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýörelge saglygy goraýyş merkezlerinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynda öz beýanyny tapýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen, onuň bölümleriniň talabalaýyk işiniň ýola goýulmalydygyny, bu işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny aýtdy.Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň daşyna çykyp, merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiz bu künjekde häzirki zaman saglyk merkezleriniň emele gelendigini aýdyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde döwrebap saglyk merkezlerinden ybarat bolan özboluşly şäherçe döredildi. Lukman Arkadagymyz bu ýerde hem häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän saglyk şäherçesiniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylara bu ýerde täze saglyk şäherçesini döretmek bilen bagly meseleleri degişli düzümler bilen bilelikde maslahatlaşyp, içgin öwrenmek we bu barada hormatly Prezidentimize teklipleri hödürlemek boýunça maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň teklibi makullan halatynda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň bu künjeginde kämil merkezleri özünde jemleýän saglyk şäherçesini döretmek bilen baglanyşykly işlere hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň belleniljek günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek we onuň yzysüre saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman meselelerini öz içine alýan halkara ylmy-amaly maslahaty guramak babatda maslahatlaryny berdi.Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Ata Watanymyzda ýokary hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, iň kämil tilsimatlardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda ýaş raýatlaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işlemegi, bilim-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan mekanynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanýan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň asylly däbe öwrülip, Diýarymyzda her ýyl giň gerimde guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder.Häzirki döwrüň bilim ulgamy sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwrülip, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýar. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar. Munuň şeýledigine şu gün dabaraly açylyp, öz işine başlaýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň mysalynda-da doly göz ýetirmek bolýar.Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar!Türkmenistan çagalyk, ýetginjeklik döwrüni adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem-de çagalary jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şu günki açylýan halkara sergi-ýarmarkada hem çagalaryň aň taýdan ösüşine, döredijiligiň, aýdym-sazyň, sungatyň, sportuň olaryň durmuşyndaky ähmiýetine bagyşlanan bölümleriň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýurdumyzda emele getirilen sagdyn, abadan durmuş gurşawy çagalaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerine, olaryň ukyp-başarnyklaryny, köptaraply zehinini ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge şert döredýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka şol köptaraply mümkinçilikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen birlikde, özboluşly bäsleşikleriň, gyzykly ýaryşlaryň guralýan ýerine, ene-atalar we çagalar üçin baýramçylyk çäresine öwrüler.Eziz watandaşlar!Gadyrly myhmanlar!Sizi «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Prabowo Subianto tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.“Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, Ermenistanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna ugramak üçin Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Häzirki wagtda Diýarymyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynda möhüm orna eýedir. Ýurdumyz energetika ulgamynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz käni Watanymyzyň tebigy-serişde binýadynyň wajyp bölegi bolup, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini üpjün etjek esasy gaz gory bolup durýar.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan bilen goňşy Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar dostlugyň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ulag-logistika, elektroenergetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler....Gahryman Arkadagymyz birnäçe wagtdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady.Soňra Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.Türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy.Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen salamlaşdylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň owgan we türkmen halklarynyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň owgan halkyna berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen we owgan halklarynyň doganlyk halklardygyny, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň bolsa dostluk serhedidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň Owganystan bilen iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Gahryman Arkadagymyzy mübärekläp, sebitde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak we bu ugurda öňde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyrýan saparynyň ähmiýetini belläp, tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Nygtalyşy ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda bilelikdäki taslamalara aýratyn orun degişlidir.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň TOPH taslamasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerine diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak möhüm ädim hökmünde hem garaýandygy bellenildi.Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin energiýa çeşmeleri babatda uly ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, owganystanly maýa goýujylara tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin amatly maýa goýum şertlerini üpjün etjekdigini aýtdy. Ol TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.Söhbetdeşligiň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitara özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga-da ýardam berer. Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.Gahryman Arkadagymyz görkezilen myhmansöýerlik üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem-de Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Gaz pudagy özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda halkara ähmiýetli düýpli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýar. Şunda üstaşyr geçiriji merkez hökmünde Owganystanyň Hyrat welaýatyna möhüm orun degişlidir. Energiýa serişdeleriniň iberilmegi, üstaşyr mümkinçilikleriň ösdürilmegi uzak möhletli energetika dialogy üçin binýady döredip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşine ýardam berýär. Şu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini bellemek gerek. Bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde wajyp ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine, doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir.Elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, goňşy ýurduň sebitlerini elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Bu taslama sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şunda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi bilen, bu welaýatda uly senagat zolagyny özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmeginde, goňşy ýurtda abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm bolup durýar.Ulag-logistika pudagy Merkezi we Günorta Aziýany baglanyşdyrýan wajyp ulgam bolup durýar. Bellenilişi ýaly, yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini döretmek, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak, hususan-da, Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi. 2017-nji ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, Milli Liderimiz ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek hem-de bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmegi, ýükleriň ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini we awtomobil menzillerini ösdürmäge aýratyn üns bermegi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň ýöredilmegini, “Bir penjire” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamagy teklip edipdi. Bu multimodal ulag geçelgesi Ylalaşyga gatnaşyjy döwletlere Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge, olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeltmekde uly ähmiýete eýedir.Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçinem giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Munuň özi bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň aýdyň nusgasy bolup durýar.Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň owgan tarapynyň beýan eden tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdyp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.Gepleşikler tamamlanandan soňra, mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Soňra Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi boýunça ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.Häzirki wagtda bu ägirt uly taslamanyň möhüm tapgyrynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-e golaýy işledilýär. Bu ýerde gurluşykçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi gurluşygyň bellenilen möhletde, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen gazçylary Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.Soňra «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ähtnama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.Dabara tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilelikde şu günki waka mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdylar.Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden Mary şäherine bardy. Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň özi ähli ugurlarda durnukly ösüşi üpjün edýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem myhman Aşgabat şäheriniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözel binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda bu sapara Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi.Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şunda ýurdumyz ÝHHG-niň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyz bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň bilelikde taýýarlaýan hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň esasynda işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, bu ugurda degişli işleri dowam etdirmek we halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.“Biziň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag mümkinçiliklerimizi doly ulanmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn şertlerimiz bar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň geljekde-de dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek ugrunda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini, bu babatda şweýsar tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, ýakynda bellenip geçilen Şweýsariýanyň Milli güni mynasybetli Inýasio Kassisi we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek gutlady.Myhman gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny belledi hem-de Şweýsariýanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi.Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 25-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 82-sine gatnaşdylar. Kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 16-sy amala aşyryldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi.Benzin öndürmegiň meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111,9 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 108,6 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 111,8 göterime, «Türkmenpagta» döwlet konserni boýunça 104,5 göterime, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi boýunça 124,7 göterime, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 116,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,9 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 141,3 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny hem-de pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.Bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda sürüm we tekizlemek işleri dowam edýär. Şeýle hem ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123,9 göterim berjaý edildi.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,9 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 127 göterim, Energetika ministrligi boýunça 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,3 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 135 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,5 göterim amal edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumyna degişli kärhanalaryň netijeli işlemegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna we saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,8 göterime barabar boldy.Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 169 birža söwdasy geçirilip, olarda 17 müň 898 şertnama hasaba alyndy.2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 14 sergi we 8 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny azyk we beýleki harytlar bilen yzygiderli üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy ulgamyň önümçiligini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini hem yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi.Taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleri, arheologlar bilen duşuşyklar, meýdan şertlerindäki maslahatlar guraldy. Teatrlarda, döwlet sirklerinde, paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde we taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi.Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara çärelere gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna ýurdumyzyň ýaş şahyrlary, Koreýa Respublikasynyň dostluk gününiň çäklerinde geçirilen çärelere sungat ussatlarymyz, Pekin şäherinde geçirilen Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde guralan çärelere «Mukam» skripkaçylar topary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we halkara baýraklara mynasyp boldular.Şeýle hem wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä guramagy dowam etmegiň, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar.Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, welaýatlardaky hem-de Awazadaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň ýokary derejede dynç alşy üpjün edildi. Ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary arkaly talyplary kabul etmek işine guramaçylykly girişildi.Hasabat döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hem işler guramaçylykly alnyp baryldy. Halkara ylmy-amaly maslahatlar guramaçylykly geçirildi. Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasy döredildi.2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanyldy, ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana hyzmatlary ýerine ýetirildi.Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz ýokary netijeleri görkezip, jemi 471 medal gazandylar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan bu nobatdaky uly daşary syýasy üstünligi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy.«Biz geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar – möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.Wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.Hususan-da, 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa toplumlaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden ybarat Pudagara iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.Milli hereketler meýilnamasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini, olaryň möhletlerini, ýerine ýetiriji edaralaryny hem-de garaşylýan netijelerini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.Şunuň bilen birlikde, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak teklip edilýär.Şeýle hem 2026 – 2028-nji ýyllaryň dowamynda milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda halkara hukugynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary hem-de duşuşyklary geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle çäreler 2028-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän esasy halkara foruma mazmun we bilermenler nukdaýnazaryndan taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.Ilatyň, aýratyn-da ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugynyň esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk leksiýalary we duşuşyklary guramak boýunça Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär.Şeýle hem milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamak, elektron bilim serişdelerini döretmek, «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.Şunuň bilen birlikde, halkara hukugynyň ähmiýeti baradatele-radioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri we dokumental filmleri taýýarlamak, metbugatda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap etmek, şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek maksadalaýyk bolar.Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edilýär. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny» we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek mümkinçiligine seretmek bolar.2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär.Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2028-nji – Halkara hukuk ýylynyň halkara çäreleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şeýle hem 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasyny geçirmek, ýylyň dowamynda Ženewa, Wena we beýleki iri halkara merkezlerinde ýokary derejeli çäreleri guramak mümkinçiligini öwrenmek maksadalaýyk bolar.Beýan edilen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň halkara gatnaşyklardaky esasy ornunyň berkidilmegine, dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygy bellenildi.Döwlet Baştutanymyz kararnama boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Awstriýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna saparlary guraldy.Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna hem-de Gyrgyz Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 428 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 761 wekiliýet saparlary amala aşyrdy.Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 287-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1376 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 137-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar.Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, onuň orunbasarlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýa Respublikasynyň hem-de Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen ilçileri we BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy ynanç hatlaryny gowşurdylar.Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri hem-de BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine bu gatnaşyklary ösdürmekhem-de giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şeýle hem halkara derejesindäki çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy.Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime barabar boldy.Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegiň, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýedi aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.Şeýle hem «Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn bellemek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz 1-nji awgustdan ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady döwründe ýolbaşçylaryň ählisine gowy dynç almagy arzuw etdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.Mejlisde halkara guramalar, daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hususan-da, milli parlamentde Türkmenistana sapar bilen gelen Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika, senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçilik, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy, daşky gurşawy goramak, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek barada taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Munuň özi ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, hasyly daşamakda ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek işleri, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda-da degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini öz wagtynda geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi energetika kuwwatynyň has-da artmagyna, sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegine, elektrik energiýasynyň belli bir möçberini daşary ýurtlara ibermäge, täze önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak babatda degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilatymyza hödürlemek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, döredijilik, zehin bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň, çeper okaýyşlaryň, milli oýunlar boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahatlarynyň, “Köpetdag” döwlet tebigy goraghanasynda bolsa “Köpetdagyň tebigy gözellikleri” atly maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere awgust aýyndaky çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda meýilleşdirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu çäräniň çäklerinde usuly-okuw maslahatlaryny we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde welosport boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşigini guramaçylykly geçirmek babatda beýan edilen teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan geljek sessiýa taýýarlyk görmek üçin degişli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgeleri bilen bagly, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamalary görkezmek bolar.Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda bolsa Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge toplumlaýyn çemeleşmäni ilerletmek maksady bilen, ýurdumyz ynanyşmak, dialog we öňüni alyş diplomatiýasy üçin giňişligi mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş eder. Bu ugurda Türkmenistan 2027 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmegi teklip eder. Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi-de teklip eder.Hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barlar. Bu ugurda indiki ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça geňeşmeler geçiriler. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.Durnukly ösüş we ulag ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda Türkmenistan dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.Ýurdumyz 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer. Türkmenistanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler. Şonuň ýaly-da, döwletimiz BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.Ekologik howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy bolan Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürer. Türkmenistan gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyç bilen çykyş eder.BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek babatda geňeşmeler geçiriler.Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek hem wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistan zenanlaryň we ýaşlaryň dialogyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny mundan beýläk-de ilerletmegi, onuň BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyny giňeltmegini üpjün eder. Mundan başga-da, halkara gatnaşyklarda, parahatçylykly başlangyçlarda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamak dowam etdiriler. Ýurdumyz «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde ýaşlaryň halkara we sebit başlangyçlaryna amaly taýdan gatnaşygyny giňeltmäge ýardam berer.Halkara hukugy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistan halkara hukugyň ähmiýeti boýunça ählumumy teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şeýle teklipleriň biri hem 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyçdyr. Ol döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary dolandyrýan halkara kadalaryň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtaýar. Halkara hukugyň ýylyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär.Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy, BMG-niň beýleki düzüm birlikleriniň, komissiýalarynyň agzasy hökmünde işini işjeň dowam etdirer. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna, guramanyň beýleki saýlawly wezipelerine ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barlar.Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda ýaýratmak we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu babatda degişli işler amala aşyrylýar. Munuň özi pudagyň işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga, onuň işgärleri üçin döwrebap we oňaýly iş şertlerini döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.