Türkmenistanda
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologik abadançylygy ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologik çäre bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän wajyp medeni-durmuş wakasydyr. Ol adamlarda, aýratyn-da, ýaş nesillerde tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle yzygiderli tagallalaryň netijesinde paýtagtymyzyň we Diýarymyzyň beýleki şäherleriniň daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen gurşalýar....Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren däp-dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.Türkmenistan döwlet syýasatyna durnukly ösüş ýörelgelerini işjeň ornaşdyryp, daşky gurşawy goramaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täsirleri peseltmäge gönükdirilen giň möçberli ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirýär. Howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça Konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar....Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň amatly we durnukly daşky gurşawy döretmäge gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz sebitiň iň ýaşyl we ekologik taýdan arassa şäherleriniň biri bolan Aşgabat üçin bag ekmek çäreleriniň möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, wise-premýere paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda hem ekologik meselä möhüm ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baş şäherimizi ösdürmek boýunça alyp barýan özgertmeler maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir, halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetiniň ýokary baha mynasyp bolýandygynyň güwäsidir.Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly meýdança hökmünde täze Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu taslama türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar.Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden, tozanly ýellerden goraýar. Şeýle hem gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde, umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy tokaý hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamynda döwlet syýasatyny kesgitleýän esasy resminama bolup durýar. Maksatnama tokaýlary durnukly dolandyrmaga, olary gorap saklamaga, ekologik we ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde tebigy tokaýlary gorap saklamak we emeli tokaý zolaklaryny döretmek, ekoulgamlaryň, tokaýlaryň howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem maksatnama ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerini we tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, birnäçe beýleki anyk çäreleri göz öňünde tutýar.Milli tokaý maksatnamasy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýasyndaky wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, ekologik meseleleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamany durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, tokaýlary durnukly dolandyrmak ulgamynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), ekoulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, daşky gurşawy goramak we biodürlüligi gorap saklamak meselelerinde bolsa BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Umuman, halkara hyzmatdaşlyk bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge, sebitleýin ylmy-amaly merkezleri döretmäge, tokaýlary döretmek we gaýtadan dikeltmek ulgamlarynda täze usullary ornaşdyrmaga gönükdirilendir....Şu günki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we jebisligini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Şeýlelikde, bu gezekki köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň beýany boldy.

08 Noý 2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalyna öwrüler.Türkmenistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri bu dialog yzygiderli ösdürilip, syýasatdan we ykdysadyýetden başlap, ynsanperwer hyzmatdaşlyga çenli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Iki döwletiň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk oňyn häsiýete eýedir. Her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler bilelikdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. ABŞ Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ýokary baha berip, oňa Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti, öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde garaýar.«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär. Formatyň ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak boýunça iş toparlarynyň çäklerinde taraplar sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we umumy meseleleri çözmek üçin bilelikde täze çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar.Özara gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunda 2008-nji ýyldan bäri iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde netijeli mehanizm bolup durýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň medeni, bilim ugurly alyşmalary ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. 2023-nji ýylda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak üçin berk binýady döretdi....Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.Hormatly Prezidentimiziň ABŞ-a iş sapary dowam edýär.

04 Noý 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Şu gün biz Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desgany, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini dabaraly açyp ulanmaga bereris. Men siziň ähliňizi Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, şeýle-de täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Hormatly adamlar!Häzirki döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň senagatyny innowasion esasda ösdürmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýokary tehnologiýaly, eksporta niýetlenen önümçilikler döredilýär. Netijede, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň dowamynda hem ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri giňden beýan ediler.Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar!Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer.Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer. Ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmegi bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.Hormatly adamlar!Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ine, bu gün bolsa biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir.Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys. Umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler. Täze köpri we awtomobil ýoly ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berer.Hormatly adamlar!Şu gün Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär. Deňiz suwuny arassalaýjy bu desga Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.Umuman, ýurdumyzyň Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar. Biz geljekde-de Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.Hormatly adamlar!Gadyrly dabara gatnaşyjylar!Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

02 Noý 2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat, ulag infrastrukturasyny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi.Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler durmuşa geçirilýär, şäherleriň, ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär....Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.Bu ýerde Balkan welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize sebitiň pagtaçy kärendeçileriniň döwlet öňündäki ýyllyk borçnamany berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyran waka boldy. Döwlet Baştutanymyz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşylýandygyny, şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilýändigini belledi hem-de bu ýere ýygnananlary täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň senagatyny innowasion esasda ösdürmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýokary tehnologiýaly, eksporta niýetlenen önümçilikler döredilýär. Netijede, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň dowamynda hem ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňden beýan ediljekdigini aýtdy.Bellenilişi ýaly, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini belledi. Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ine, bu gün bolsa biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir. Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.Nygtalyşy ýaly, bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler. Täze köpri we awtomobil ýoly ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berer.Hormatly Prezidentimiz şu gün Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýändigini aýdyp, deňiz suwuny arassalaýjy bu desganyň Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtady.Umuman, ýurdumyzyň Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we geljekde-de Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra alypbaryjy hormatly Prezidentimizden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna başlamaga rugsat bermegini haýyş etdi. Şol pursatda agyz suwuny arassalaýjy desganyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.Soňra Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni sanly ulgam arkaly çykyş edip, ulanyşa girizilýän täze desganyň diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, pudagyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza döredip berýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra hünärmen döwlet Baştutanymyzdan bu möhüm desgany işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata berdi. Soňra bu desga barada ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap suw desgalary gurlup ulanmaga berilýär. 8 gektar meýdanda ýerleşýän, Ýewropanyň ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrylan, deňiz suwundan bir gije-gündiziň dowamynda 20 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürmäge ukyply bolan bu täze suw desgasy hem munuň aýdyň mysalydyr.Soňra dabara sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy bilen dowam etdi.Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi hem-de Balkan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi. Hormatly ýaşulular we mährem eneler täze awtomobil köprüsiniň işe girizilýändiginiň nyşany hökmünde toý bagyny kesdiler. Şol pursat täze köpriniň üstünde ýörite taýýarlanan ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi. Soňra köpriniň mümkinçilikleri baradaky wideofilme tomaşa edildi.Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Kararyna laýyklykda gurlan, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň umumy uzynlygy 354 metre deňdir. Iki gatnawly we iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre deňdir.Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Şonuň ýaly-da, ol Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany özara birleşdirýän Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegidir. Täze awtomobil köprüsi ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem bu ugur Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.Kämilleşdirilen ýol-ulag gatnawy ýerli kärhanalara goňşy ýurtlar bilen serhetýaka söwdalaryny amala aşyrmaga goşmaça mümkinçilikleri döreder. Täjirçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýol howpsuzlygynyň ähmiýetini artdyrmak maksady bilen, awtomobil ýolunyň belli bir aralyklarynda hyzmat ediş zolaklary üpjün ediler.Soňra dabara karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi. Çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan belent sepgitlere ýetip, ynamly ädimler bilen öňe barýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, döwlet tarapyndan himiýa senagaty pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär we bu ugra iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ahmet Çalyk ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşjak täze desganyň gurluşygyna öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hem gatnaşmagyna örän buýsanýandygyny belläp, şu günki dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.Türkiýeli işewür Türkmenistanyň gysga wagtyň içinde dünýäniň senagat taýdan çalt depginlerde ösýän döwletleriniň birine öwrülendigini aýdyp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ilkinji nobatda, ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna we mineral dökünleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda gurluşygyna badalga beriljek karbamid öndürýän toplumyň hem tebigy gazdan karbamid döküniniň önümçiliginde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi. «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasy hökmünde himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösmegine saldamly goşant goşjak, öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan, täzeçil, ekologik taýdan arassa çözgütleri özünde jemleýän bu täze toplumyň gurluşygyna jogapkärçilikli çemeleşjekdigimize hem-de ony ýokary hilli ýerine ýetirjekdigimize ynandyrmak isleýärin» diýip, Ahmet Çalyk aýtdy we ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýe bolan bu täze taslamanyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Soňra «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito çykyş edip, ilki bilen, Türkmenistanda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawlary netijesinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. Şu gün düýbi tutulýan toplumyň gurluşygynyň ynanylmagy hem bu kompaniýanyň wekilleri üçin aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň diplomatik başlangyçlary, durmuşa geçirýän daşary syýasaty nusgalyk häsiýete eýedir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Eisaku Ito abadan, inklýuziw we durnukly geljegi gurmak üçin ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.Işewür Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýandygyny belledi. Şu ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa sapar bilen bardy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Osakada geçirilen “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy, şeýle hem ýokary derejede birnäçe duşuşyklary geçirdi. Eisaku Ito ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň 2018-nji ýylda Türkiýäniň “GAP Inşaat” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalary bilen bilelikde Garabogazda karbamid öndürýän zawody gurandygyny, şu günki düýbi tutuljak karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny hem «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň “GAP Inşaat” kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirjekdigini aýdyp, munuň Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory çykyşynyň ahyrynda öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmaga mundan beýläk-de goşant goşmagy maksat edinýändigini belläp, hemmeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Çykyşlar tamamlanandan soňra, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze toplum barada taýýarlanan wideofilm görkezildi. Häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.Karbamid öndürjek toplumyň gurluşygy Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» we Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň tehnologiýasy we tilsimatlary, ýagny ammiak önümçiligi Daniýanyň «Topsoe» kompaniýasy, karbamid sintezi Italiýanyň «Saipem», digirlenen karbamid önümçiligi Germaniýanyň «ThyssenKrupp», kömürturşy gazyny gaýtadan önümçilige iberýän tehnologiýasy bolsa Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdeleri ýokary derejede peýdalanmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Şunda mineral dökünleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Toplumda öndürilen önümleri dünýä bazaryna çykarmak üçin anyk işler durmuşa geçiriler. Hususan-da, täze toplumyň taýýar önümlerini eksport ýollary arkaly daşamak üçin Gyýanly gämi duralgasyny abatlamak, bar bolan demir ýoly täze topluma çenli uzaltmak, bu toplumy Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler senagat önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.Soňra hormatly Prezidentimiz karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz bölegi barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.Bu döwrebap awtomobil ýoly jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabar bolar. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar. Jemi uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap awtomobil ýoly Türkmenbaşy şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň golaýynda guruljak aýlawly çatryga çenli aralykdaky menzili öz içine alar. Bu aýlawly çatrykdan hem Gazagystan bilen araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar.Ýoluň hil derejesi dürli gatlardan ybarat bolan döwrebap usullar arkaly üpjün ediler. Tekizlenip, basgylanan toprak gatlagynyň üstünden geotekstil, 30 santimetr galyňlykdaky iri däneli çagyl-çäge garyndysy, 20 santimetr galyňlykdaky ownuk däneli çagyl-çäge garyndysy, 8 santimetr galyňlykdaky öýjükli iri däneli gyzgyn asfalt-beton, 7 santimetr galyňlykdaky dykyz, iri däneli gyzgyn asfalt-beton we jemleýji gatlak hökmünde 5 santimetr galyňlykdaky dykyz, ownuk däneli, gyzgyn asfalt-beton ýazylyp, basgylanar. Bir sagatda 580, 24 sagadyň dowamynda 14 müň sany awtoulaga hyzmat etjek bu häzirki zaman awtoulag ýolunyň ugrunda 8 sany awtobus duralgasynyň, awtoduralga meýdançalarynyň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary hem göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýolunyň giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşyk-taslama işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatynyň artmagyna we halkara gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrülmegine ýardam berer.Hormatly Prezidentimiz bu şanly waka — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.Milli lybasly, eli pilli oglan hormatly Prezidentimizden karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady.Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde ulanyljak tehnikalar bilen tanyşdy. Bu tehnikalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, göz öňünde tutulan gurluşyklary üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.Dabaranyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.Bu ýerde Watanymyzy we täze taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.***Şu gün «Awaza» sport toplumynyň çäginde ýörite gurnalan göçme sadaka jaýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçirilen dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.Şeýlelikde, Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşyny ileri tutulýan ugur edinýändigini we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.

02 Noý 2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.Baş prokuror B.Muhamedow 2025-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şol sanda Içeri işler ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan 2025-nji ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy işjeň ulanmak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň bilimini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli bähbitlerimizi ygtybarly goramak, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp ulanmaga berlen döwrebap toplumlar, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, raýatlaryň hukuk düşünjesini ýokarlandyrmak, ilata hukuk taýdan hyzmat etmek maksady bilen guralýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmegiň, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmagyň, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelýändigine gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň, gullugyň işine ösen dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek arkaly harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda guralýan çäreler barada aýdyldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi we gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

01 Noý 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.Mejlisde daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 55-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy guramaçylykly geçirildi.Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň netijeleri barada-da maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň Başlyklary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda Mejlisiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.Soňra wise-premýer şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň 96,3 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,7 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz baglydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygyna ünsi çekdi. Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim boldy. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 101,8 göterim amal edildi. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 106,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 128,2 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 254,9 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden belläp geçmek boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagy dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1 göterim berjaý edildi. Degişli meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 113,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 106,2 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,7 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 100,1 göterime ýetdi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,4 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça edilen işleriň möçberi 109 million manada deň boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, elektrik energiýasyny öndürmekde zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmek barada tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Hasabat döwründe Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Genje şäherlerinde, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik serginiň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasynyň hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyna gabat gelmegi hem-de bu möhüm çärä döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy türkmen-italýan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini we taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan dostlugyň barha berkäp, täzeden galkynýandygyny aýdyň görkezdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini aýtdy we medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Medeniýet günlerini, festiwallary geçirmäge-de aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy innowasion usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. Şeýle hem halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň, ders bäsleşikleriniň ençemesi geçirildi. Mekdep okuwçylary, talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp boldular.Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Oktýabr aýynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýi, Mary welaýatynda 300 orunlyk inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, şeýle-de küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 818 medala mynasyp boldular.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirip durmagy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli çäreler görüldi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Owganystana saparlary boldy.Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenistanda saparda boldular.Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin şu ýylyň sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy.Sebitara we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlary we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistana sapar bilen geldiler.Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 492-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2 müň 356-sy guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 179 sany resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Nepaldaky, Kipr Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Bahreýn Patyşalygyndaky, Monako Knýazlygyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Täze Zelandiýadaky, Irlandiýa Respublikasyndaky, Efiopiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky konsullary resmi taýdan işe başladylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen Waşington şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. “Waşingtonda geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 100,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 105 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,3 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň hem-de ony giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, şeýle hem medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Daşary syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şeýle hem häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

31 Okt 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň geňeşçisi forumy açyp, hormatly Prezidentimiziň şu maslahata gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň birinji orunbasary Jiorjio Sillä söz berildi. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Italiýanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm strategik ornuny belledi hem-de ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň tagallalarynyň we maýa goýum syýasatynyň italýan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklary üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady.Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzüminiň Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi.Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň üçin şu gün ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi.Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi.Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik.Ikinjisi: ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň täze pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda oňat netijeler gazanyldy.Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy gazy gaýtadan işlemegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmegi dördünji strategik maksat hökmünde görýändigini belledi.Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turba geçirijileri gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýändigini we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.Bellenilişi ýaly, köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan “Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler.Durnukly energetika ulgamynda halkara başlangyçlarymyzyň Italiýa tarapyndan goldanylmagy bu ählumumy meselede iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygyna biz, ilkinji nobatda, energetika akymlarynyň düzümleýin we geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy diýip düşünýäris. Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty bilen çäklenmezligini teklip edip, italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrdy.Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawat elektrik stansiýasy gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýurdumyzyň italýan hyzmatdaşlar bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça hem işlemäge taýýardygyny aýtdy.Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berýäris. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça Hazarüsti ýük daşamalar üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda “Marzoli”, “Savio”, “Cormatex” we beýleki italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris.Umuman, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen birlikde, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň ýurtlarymyzyň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara saparlarynyň guralmagy möhümdir.Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň döwlet eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurdumyzyň goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.Bank ulgamyndan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, işiň ähli görnüşlerini, önümçilik we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Türkmenistan Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.Men şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekillerini giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrdy.Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.Soňra çykyş etmek üçin italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna söz berildi. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň şu günki çärä gatnaşmagynyň Italiýanyň işewür jemgyýetçiligi üçin uly mertebedigini, bu günki forumyň geçirilmeginiň bolsa Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny bellediler.“Eni” kompaniýasynyň wekili ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny belläp, metan zyňyndylaryny azaltmak we pes uglerodly çözgütleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny goldaýandygyny aýtdy.Stefano Pontekorwo “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurdumyza Merkezi Aziýa sebitinde esasy strategik hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.“Italferr” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Türkmenistanyň öz ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürip, sebitde möhüm logistika merkezine öwrülýändigini aýdyp, demir ýol ulagy we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin Italiýanyň hem-de Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.Soňra hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radiotelewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama bar.Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.Soňra işewürlik forumy öz işini “Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy”, “Söwda, dokma we hususy pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” hem-de “Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly mowzuklaýyn bölümlerde dowam etdi.Çykyşlarda ýurtlarymyzyň arasynda özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Taraplar iki ýurduň hem mümkinçiliklerini ulanyp, özara haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.Energetika we ulag ýaly möhüm strategik pudaklara aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ulag-üstaşyr infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Pietro Fiorentini S.p.A» italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.Şeýlelikde, Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi taraplaryň ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga taýýardyklaryny görkezdi.

25 Okt 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Hormatly Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!Ilki bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Men italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekleýärin. Gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzümini Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edýärin.Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde görýäris. Biz munuň üçin şu gün ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynanýarys. Biz dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk döwletara gatnaşyklary, italýan kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň, Italiýanyň söwda we senagat birleşikleri bilen dialogyň baý tejribesini topladyk. Bu gün ähli toplan tejribämizi hem-de artykmaçlyklarymyzy anyk, giň möçberli bilelikdäki başlangyçlara öwürmek üçin tagallalarymyzy birleşdirmegimiz zerurdyr.Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, ilkinji nobatda, ykdysadyýetde durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ýokary ösüş depginini üpjün etdi. Bu ýagdaý, şeýle hem baý tebigy serişdeler, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, yzygiderli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” daşary ykdysady syýasatymyz bähbitli maýa goýumlar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu gün Türkmenistan ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, strategik maksatlaryna ýetmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik.Ikinjisi: ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň täze pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda oňat netijeler gazanyldy.Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr.Dördünjisi: uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy gaýtadan işlemek, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmäge girişdi. Energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turbageçirijileri gurmak Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.Milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, biz bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýäris we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardyrys.Häzirki wagtda Türkmenistanda Italiýanyň işewür toparlaryna özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna berk ynanýarys. Biziň ýurtlarymyz ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini toplady. Köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. “Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ol Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler. 2024-nji ýylda “ProBusiness”, “Chimec” we “Comair” kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşyldy. Biz olaryň işine, işgärleriniň hünär derejesine hem-de tejribesine ýokary baha berýäris. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň mümkinçilikleri has giňdir. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz beýleki ugurlary, şol sanda strategik ulgamlary gurşap almalydyr we şunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur bolmalydyr. Bular barada aýtmak bilen, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklaryny göz öňünde tutýaryn.Durnukly energetika ulgamynda halkara başlangyçlarymyzyň Italiýa tarapyndan goldanylmagy bu ählumumy meselede iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygyna biz, ilkinji nobatda, energetika akymlarynyň düzümleýin we geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy diýip düşünýäris. Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardyrys. Şunuň bilen birlikde, energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty bilen çäklenmezligi teklip edýäris. Italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrýarys. Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawat elektrik stansiýasy gurulýar. Şeýle hem biz italýan hyzmatdaşlar bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça işlemäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly hem-de abraýly agzasy hökmünde Italiýanyň Ýewropa bilen inklýuziw energiýa dialogyna goldaw berjekdigine umyt edýäris. Biz energetika syýasatymyzyň Ýewropa ugruny işjeňleşdirmek üçin özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ulanmak isleýäris. Bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň düýpli, uzak möhletleýin maksatlarynyň gabat gelýändigine berk ynanýaryn.Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berýäris. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler. Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça Hazarüsti ýük daşamalar üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, italýan kompaniýalaryna bu iri taslama gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris. Ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda “Marzoli”, “Savio”, “Cormatex” we beýleki italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris.Umuman, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr. Jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde birek-birege ynanyşmagyň ýola goýulmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerinden düzülen Türkmen-italýan işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Bu düzüm dürli ugurlarda özara gatnaşyklary utgaşdyrmak, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň telekeçileriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny guramak, tagallalary birleşdirmek üçin täze ugurlary açmak boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirip biler diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen birlikde, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň ýurtlarymyzyň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara saparlarynyň guralmagyny möhüm hasaplaýarys.Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň döwlet eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin goldaw bermäge taýýardyrys.Bank ulgamyndan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, işiň ähli görnüşlerini, önümçilik we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurlarda hem özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Türkmenistan Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.Men şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn. Hormatly dostlar, sizi giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrýaryn. Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw edýärin.

25 Okt 2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Italiýanyň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

24 Okt 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Çagalar gaznasynyň durmuş ulgamy boýunça maslahatçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bu ugurdaky kanunçylygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň guramagynda geçirilen duşuşyga gatnaşyldy.Mejlisiň wekilleri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin parlamentara dialoga, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Polşa Respublikasynyň paýtagty Warşawa şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilata edilýän döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň täze edara binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olara halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär.Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergini, halkara ylmy maslahaty, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň V mejlisini, şeýle hem “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek işlerini dowam etmegiň, bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barmagyň, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigini belledi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we dolandyrylmagyny kämilleşdirmek, düýpli maýa goýumlaryň netijeliligini gazanmak, gurluşyk pudagynda kabul edilen maksatnamalary bellenen möhletlerde netijeli durmuşa geçirmek, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegini yzygiderli amala aşyrmak, paýly gurluşygyň meselelerini has-da düzgünleşdirmek hem-de gurulýan desgalaryň we binalaryň öz wagtynda, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşyk babatynda hereket edýän degişli kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly sergilere möhüm orun degişlidir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, Eýran Yslam Respublikasynyň hem ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Şunuň bilen bir hatarda, noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly hem-de utgaşykly görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary bilen birlikde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hususan-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de maliýe dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany, Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Ýaşyl Zemin — abadan durmuş” atly ýaş fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigini, Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.Netijeli syýasy gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda, 2015-nji ýylyň maý aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi we iş saparlary hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza amala aşyran iş sapary möhüm wakalar bolup durýar. Şeýle hem 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna sapary amala aşyryldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler şu ýylyň maý aýynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitiniň çäklerinde hem dowam etdi.Iki ýurduň arasynda parlamentleriň, hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça-da netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ählisini goldady hem-de olaryň 10-syna döredijileriň biri bolup çykyş etdi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Italiýanyň başyny başlan durnukly ösüş babatda halkara taslamalaryny we meýilnamalaryny goldaýar.Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk energetika, ulag, hususy telekeçilik ulgamlarynda we beýleki ugurlarda okgunly ösdürilýär. Ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň baý taryhy-medeni mirasa eýedigi bellenildi. Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-italýan iş topary hereket edýär. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň arheologiýa sergisini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.Bilim ugry boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Türkmen ýaşlarynyň wekilleri Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde we orta mekdepleriniň 6-synda italýan dili öwredilýär. 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS (ERASMUS) maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan diline terjime edilip, çapdan çykarylandygy bellenildi.Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek we bu ugurda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz söwda flotunyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl bolýandygyny, ýurdumyzyň hem şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçýändigini aýtdy we bu wakalaryň örän uly syýasy ähmiýetini belledi.Munuň özi berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

23 Okt 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.Daşary döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Duşuşyklaryň çäklerinde dostlukly hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwer syýasatyny hem-de bu ugurda toplan tejribesini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak maksady bilen, utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly ikinji duşuşygy geçirildi.Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara forumy ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli işletmek babatda zerur çäreler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmäge aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu döwrebap toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutup berendigi üçin himiýa pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Munuň özi kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmaga, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalaryny doly taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň, kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligi ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda şu Strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işlerini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hususan-da, ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny, BMG-den gelip gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň görkezýändigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri geňeşiň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.Mejlisiň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan makullanyldy. 2005-nji ýyldan şu güne çenli ýurdumyzda jemi dört sany Çarçuwaly maksatnama amala aşyryldy. Nobatdaky maksatnama Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we halkara derejede syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa ugurlarynda bilelikdäki hereketleriň esasyny düzýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýubileý sessiýada eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan giňden goldanylandygy hem-de olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.Mejlisde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri we onuň dowamynda kabul edilen resminamalary, hususan-da, Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça meseleleriň giň toplumyna seredildi. Şeýle-de bilelikdäki maksatnamalaryň taslamalary, olaryň çäklerinde ýaşlar syýasaty, metan zyňyndylaryny azaltmak, sanly tehnologiýalar, energetika ulgamlarynda maksatnamalaryň häzirki ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde öňe sürlen teklipler hödürlenildi.Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak teklip edildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp düzmek teklip edilýär. BMG-niň ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak, olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara utgaşdyryjy topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmek teklip edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde gämileri abatlamaga we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagaty döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň ösüşine, gämigurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagyna uly goşant bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. “BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny gelip gowşan hoş habar — «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17 Okt 2025