Türkmenistanda
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.Hormatly Prezidentimiz!Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlarynyň, hasyl ussatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pagta, gök-bakja, miwe önümleri bilen birlikde, ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde gazanýan ýokary netijesi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu zähmet ýeňşi Siziň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalaryňyzyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň anyk netijesidir. Edermen babadaýhanlarymyzyň köp yhlas siňdirip çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň abadançylygynyň berk binýadydyr, gadymy topragymyzyň egsilmejek rysgal çeşmesidir.Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!Siziň «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» gol çeken Permanyňyza laýyklykda, täze taryhy döwrümizde obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler öz mynasyp miwelerini berýär. Siziň degişli Kararyňyz esasynda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary mundan beýläk-de yhlasly, öndürijilikli, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Gallanyň we gowaçanyň, şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek üçin tohumyň, döküniň, himiki serişdeleriň, tehniki hyzmatlaryň harajatlarynyň döwlet tarapyndan doly üpjün edilmegi, babadaýhanlara yzygiderli hemaýat-goldawlaryň berilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň girewidir.Sarpasy belent Prezidentimiz!Ýurdumyzda «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda hem-de halkara tejribelerden ugur alnyp, tohumçylyk işine möhüm ähmiýet berilýär. Ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy barlaglaryň kämilleşdirilmegi, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini yzygiderli artdyryp, hünär derejesini ýokarlandyrmaklary oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Bu ugry ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň işleriniň döwrebap ýola goýulmagy ýurdumyzyň alymlary üçin buýsançly waka boldy. Munuň özi ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek boýunça tohumçylyk we seçgiçilik işini has-da kämilleşdirmäge, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga itergi berýär. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge oňyn şertleri döredýär.Ak bugdaýyň watanynda buýsançly zähmet çekýän türkmen daýhanlary öndürijilikli iş alyp baryp, toprakdan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar. Täze taryhy döwrümizde Türkmenistan guşgursak ak bugdaýy bilen diňe bir öz halkyny üpjün edýän ýurt bolman, eýsem, türkmen gallasyny daşary ýurtlara eksport edýän döwlete hem öwrüldi.Belent mertebeli Prezidentimiz!Sizi bereketli saçaklarymyzyň iň naýbaşy nygmaty — mukaddes çöregiň bolçulygyny döretmekde päk zähmet çekýän edermen gallaçylarymyzyň tutanýerli we joşgunly zähmeti bilen 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!Sizi hormatlamak bilen,Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

12 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär.Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri hem tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde durmuş, önümçilik maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol bir wagtyň özünde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orny eýeleýän senagat toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, saglygy goraýyş edaralary, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzy täze ýeňişlere, belent sepgitlere ruhlandyrýar. Oba zähmetkeşleri döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ajaýyp zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna goşulýan mynasyp goşantdyr.“Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza şanly waka mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.Çagalar hormatly Prezidentimizi bereketli türkmen topragynda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň öndürijilikli zähmetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleri wasp edýän goşgulary okadylar. Şahyrana setirlerde Watanymyzyň sahawaty, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şatlykly wakalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler öz beýanyny tapýar.Ähli welaýatlaryň ýaşajyk wekilleri hormatly Prezidentimize ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlary gowşurdylar. Soňra döwlet Baştutanymyz çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Wise-premýer döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan ýörite dokalan halyny sowgat hökmünde gowşurdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gazanylan ajaýyp üstünlik bilen ýene-de bir gezek gutlady.Bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri hem daýhanlarymyzyň bu zähmet ýeňşi bilen hormatly Prezidentimizi gutladylar.Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylary, oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi.Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

12 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Häkim hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredýän amatly şertlerinden ruhlanan welaýatyň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.Soňra häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli tohum taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekde möhüm ädimleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gazanan bu zähmet ýeňşi bilen Balkan welaýatynyň edermen gallaçylaryny tüýs ýürekden gutlap, täze üstünlikleri arzuw etdi, şeýle-de welaýatyň ekerançylarynyň beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl alyp, gowy netijeleri görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.Ilki bilen, häkim hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalaryndan, yzygiderli goldawlaryndan ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de bagtyýar ýaşaýjylaryň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş üçin tohum taýýarlamak işleri bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekilmeli ýerlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.Şeýle hem häkim welaýatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, döwlet harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylaryny bu gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatyň ähli zähmetkeşlerine täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de sebitde beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl almakda gowy netijeleriň gazanyljakdygyna berk ynam bildirdi.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin sürüm işlerini geçirmek, tohum taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak hem-de içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, şu ýylyň güýz möwsüminde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, gowaça we şaly ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzda häzirki wagtda galla oragy dowam edip, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de olary talabalaýyk ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, indiki ekiş möwsüminde ulanyljak bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, önümleri sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, şu ýylyň güýz paslynda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ussat gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilýändigini, bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň aýratyn bellenilmäge mynasypdygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda jogapkärli möwsüm bolan galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekip, edermen gallaçylaryň bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap aljakdyklaryna berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

08 Iýl 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň duşuşygy paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi.Ikiçäk we wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

06 Iýl 2024
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady.Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini aýdyp, bu medalyň ilkinji sany bilen Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini habar berdi.Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu ýokary derejeli sylag Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gowşuryldy.Bu ýubileý medaly bilen belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny, Bitaraplyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge we özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sylaglanyldy.Abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady. Nusgawy şahyr özüniň döreden goşgulary arkaly tutuş dünýäde agzybirlige, dostluga we ynsanperwerlige, parahatçylygyň dabaralanmagyna çagyrypdyr. Munuň özi bolsa, BMG-niň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär.Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredilen sowgatlyk nyşany we «Magtymguly» atly kitaby sowgat berildi. «Magtymguly» atly kitap – beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy rus, türkmen we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edildi.

06 Iýl 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.Gahryman Arkadagymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy dostlarça salamlaşyp, “Arkadag” myhmanhanasynyň eýwanyna bardylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de BMG-niň baýdagynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Milli Liderimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Antoniu Guterrişi “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlady. Bellenilişi ýaly, beýik şahyryň we akyldaryň diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýäniň nusgawy edebiýatynyň hem ösüşine ýetiren täsiri köpugurly bolup, onuň döredijiligi ençeme ýyllaryň dowamynda köp ýurtlarda düýpli öwrenilýär.Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda üstünlikli geçirilen gepleşikler barada aýdyp, olarda üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmek, tutuş adamzat üçin durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirilendigini belledi hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini nygtady.Milli Liderimiz halkara guramalar we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkarar etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy howpsuzlygyň bitewi ulgamyny döretmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamakda Türkmenistanyň başlangyçly ornuna ýokary baha berildi. BMG-niň Baş sekretary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini we içgin öwrenilýändigini belledi.Belent mertebeli myhman ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada aýdyp, onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny belledi. Şeýle hem myhman türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýandygyny we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny nygtady.Soňra duşuşyk wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, Türkmenistana gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretary bilen ozalky duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Olaryň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle gatnaşyklaryň hemişe netijeli, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýe bolandygy bellenildi. Bu dialogyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi, ony durmuşa geçirmegiň görnüşleridir gurallary işlenip taýýarlanyldy hem-de kämilleşdirildi.Gahryman Arkadagymyz BMG-niň ýolbaşçysynyň şahsy goldawyny we düşünişmegini duýýandygyny aýratyn belläp, belent mertebeli myhmany ýurdumyzyň dosty, häzirki zaman ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde pikirdeşi hasaplaýandygyny aýtdy. Häzirki ýönekeý bolmadyk şertlerde Antoniu Gutterişiň Baş sekretaryň jogapkärli wezipesinde özüni Birleşen Milletler Guramasynyň beýik taglymlaryna we gymmatlyklaryna gulluk etmäge bagyşlan ynsan, öz işiniň ussady hökmünde görkezýändigi nygtaldy.Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylyk etmeginde BMG-niň işiniň netijeliligini artdyrmaga, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berýän wajyp ädimler ädildi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň işine ýokary baha berýändigini belläp, saýlanyp alnan ugruň häzirki günüň hakyky ýagdaýlaryna we guramanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň talaplaryna laýyk gelýändigini belledi hem-de BMG-niň hemişe Türkmenistanyň ýardamyna we goldawyna bil baglap biljekdigini aýtdy.Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, oňa Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň taryhyndaky uly ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady we saparyň netijeleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň soňky wagtda aýratyn işjeň we netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Häzirki wagtda ol uzak möhletleýin durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durmuş-ykdysady ösüş, demokratik institutlary kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän we dürli ulgamlarda wajyp taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirýän ýöriteleşdirilen düzümleridir institutlary bilen gatnaşyklar hem üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň şeýle hyzmatdaşlygy makullaýandygy we BMG-niň berýän goldawyny minnetdarlyk bilen kabul edýändigi nygtaldy.Hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklaryň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlaryň ýakynlygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar.BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Bu şertlerde ählumumy, ygtybarly we uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesi örän möhüm bolup durýar. Durnukly dünýä gurluşynyň binýatlaryny gorap saklamakda Birleşen Milletler Guramasyna esasy orun degişlidir. Milli Liderimiz şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň umumy hem durnukly howpsuzlygyň üpjün edilmeginde BMG-niň ornunyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini we bu babatda anyk işleri amala aşyrýandygyny belledi.Halk Maslahatynyň Başlygy bu meselede ýurdumyzyň düýpli garaýyşlary barada aýtmak bilen, bir tarapdan, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän, beýleki tarapdan bolsa BMG-niň Tertipnamasyndaky we esasy halkara hukuk namalaryndaky ýörelgeleri gorap saklaýan täze halkara hukuk mehanizminiň döredilmeginiň munuň üçin sütün esaslarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunda geçen ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyna üns çekildi. Bu teklip tutuş dünýä üçin möhüm bolan çäreleriň toplumy hökmünde howpsuzlyk meselesinde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerurlygyndan gelip çykýar. Bellenilişi ýaly, şeýle mehanizm syýasy, ykdysady, durmuş, energetika, ulag, ekologiýa we ynsanperwer ugurlary, parahatçylyk döredijiligiň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny, gapma-garşylyklary çözmekde bitaraplyk tejribesiniň ulanylmagyny özünde jemlemelidir. Netijeli, deňhukukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dialoga taýýar we ukyply bolmak, häzirki zaman syýasatynda strategik medeniýetiň gaýtadan dikeldilmegi ýokarda agzalan strategiýanyň dünýägaraýyş esasyny düzýär. Hormatly Arkadagymyz şeýle dialogyň ýeke-täk dogry dialogdygyna berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjynyň goldanyljakdygyna, Howpsuzlyk geňeşi we Baş Assambleýa tarapyndan makullanyljakdygyna bil baglaýandygy bellenildi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine üns çekdi. Şunda Türkmenistanyň bu Gün tertibini doly goldap, Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli we anyk çäreleri amala aşyrmaga haýal etmän girişendigi nygtaldy.Häzirki wagtda DÖM-niň esasy ugurlary, şeýle hem olaryň degişli wezipeleridir görkezijileri Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna, beýleki konseptual resminamalara sazlaşykly ornaşdyryldy. Maksatnamanyň ykdysady bölegine Durnukly ösüş maksatlarynyň ornaşdyrylmagy ilaty elýeterli, ygtybarly we döwrebap usulda energiýa bilen üpjün etmäge, durnukly ykdysady ösüşe, raýatlary iş orunlary bilen doly üpjün etmäge, köpugurly infrastrukturany döretmäge, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, innowasiýalary goldamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň durmuş ugurly häsiýete eýedigi nygtaldy. Gürrüň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we ilatyň azyk önümleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi, ähli zenanlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi arkaly gender deňliginiň üpjün edilmegi, hemmeleriň ýokary hilli bilim almagy üçin şertleriň döredilmegi ýaly möhüm ugurlar barada barýar.Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda milli meýilnamalary ýerine ýetirmäge girişmek bilen, olaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologik ugurlaryna laýyk gelmegine jogapkärçilikli çemeleşýär. Şunda önümçilikde, senagat, durmuş infrastrukturasynyň gurluşygynda daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri peseltmäge mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň netijeli ornaşdyrylmagy biziň üçin ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Türkmenistan halkara bileleşigiň parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalaryny goldap, şol zyňyndylaryň aglaba bölegini döredýän senagatda, nebitgaz, energetika we ulag pudaklarynda ekologik taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň dowamynda Durnukly ösüş ulgamynda ählumumy maksatnamalaryň we strategiýalaryň talabalaýyk maliýeleşdirilmeginiň üpjün edilmegini möhüm hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin serişdeleri utgaşdyrmagy we herekete getirmegi maliýeleşdirmek boýunça Hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasynyň çözgütleriniň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek maksady bilen, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty guramagyň maksadalaýykdygyna üns çekildi. Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň amala aşyrylyşyna syn bermek işinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Ykdysady we Durmuş geňeşiniň, utgaşdyryjy ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumlaryň yzygiderli geçirilmegini goldaýandygy nygtaldy.Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogyň çäklerinde ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu gurama bilen bilelikde ylym-bilim, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak babatda maksatnamalaryň we taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirýär.Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň taryhy-binagärlik ýadygärlikleriniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Parfiýanyň Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilmegi köpýyllyk bilelikdäki işiň möhüm netijeleridir. Umuman, Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda maddy däl medeni gymmatlyklaryň 9-sy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri hem bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde 1500-den gowrak taryhy-medeni ýadygärlik ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.Şu ýyl bellenilip geçilýän beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bütindünýä ähmiýetli waka öwrüldi. Şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi, Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bellenilýän şanly seneleriň sanawynda orun aldy. Şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde şu ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylyň şanly wakalary barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekdi. Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan goldanylan bu möhüm ähmiýetli çözgüt degişli Kararnama bilen berkidildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu başlangyjy dünýäniň ähli döwletlerine adamzadyň ykbaly babatda öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan gapma-garşylyklary, ylalaşyksyzlygy aradan aýyrmaga, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny seljermäge, oňa taryhy we geljegiň nukdaýnazaryndan garamaga gönüden-göni çagyryş bolup durýar.Biziň çagyryşymyz eşidilmelidir! Çünki parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy, ilkinji nobatda, ählumumy ähmiýete eýedir. Oňa hemişe isleg bildirilýär, ol oňyn häsiýetdedir. Ol ählumumy ösüşiň we abadançylygyň gysga möhletleýin däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly onuň düýp mazmunyny emele getirýän giň dünýägaraýşy, ynsanperwer ýörelgeleri şöhlelendirýär hem-de olaryň esasy maksatlaryny durmuşa geçirýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, garaýyşlary ýakynlaşdyrmaga, parahatçylyk gün tertibini tassyklamaga, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen oňyn meýilleri kemala getirmäge ýardam berýän kuwwatly döredijilik guralyna öwürmegiň ählumumy wezipe hasaplanýandygy nygtaldy.Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyryp, BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde meýilleşdirilýän bilelikdäki işiň başlangyjy hökmünde garamagy teklip etdi. Bu saparyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna, bütin dünýäniň halklarynyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirildi. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara bileleşik tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur syýasy many bar diýip hasaplaýandygyny aýtdy.Biz Bitarap döwlet bolmak ugrundaky maksadymyzyň hut Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuş hakykatyna öwrülendigine we dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilendigine buýsanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Şunda Türkmenistanyň öz Bitaraplygyna giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri, gapma-garşylyklary parahatçylyk, syýasy-diplomatik gurallar bilen gepleşikler geçirmek arkaly kadalaşdyrmagyň hem-de çözmegiň şerti hökmünde garaýandygy aýratyn bellenildi. Şeýle-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ählumumy ösüşe we abadançylyga, BMG-niň strategik görkezmelerini, maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin iki sene — Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ygrarlylyk, halkara hukuga hormat goýmak BMG-niň Tertipnamasynyň ruhunyň we mazmunynyň beýanydyr. Bu ýörelgeler, biziň pikirimizçe, dünýäniň häzirki gurluşynyň möhüm talabyna, onuň yzygiderli, döredijilikli ösüşiniň, asuda geljeginiň üýtgewsiz hem-de esasy şertine öwrülýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüniň ahyrynda BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geljek ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň bu baýramy tutuş halkara bileleşik, ýurdumyzyň köp sanly dostlary, hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde bellejekdigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz oňa Antoniu Gutterişiň gatnaşmagynyň ýurdumyz we türkmen halky üçin uly hormat boljakdygyny nygtady.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, belent mertebeli myhmana şu gezekki sapary hem-de ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin ýene bir gezek çuňňur minnetdarlyk bildirip, şeýle çemeleşmä ýokary baha berýändigini, umumy maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda bilelikde işleşmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.Soňra belent mertebeli myhmana söz berildi. BMG-niň Baş sekretary çykyşynyň başynda Aşgabatda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, bu ýokary sylag üçin hoşallyk bildirdi.Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň BMG tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, hususan-da, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýylyň uly wakalara beslenjekdigine ynam bildirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda ulag ulgamy boýunça öňe sürlen, halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlaryň we teklipleriň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Bu teklipler deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin örän möhümdir. Ýurduň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin öňe süren başlangyçlary hem wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu ugurda netijeli işleri alyp barýar.Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda ählumumy wehimlere, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça meselä aýratyn üns çekendigini aýtdy. BMG-niň ýolbaşçysy her bir ýurduň özboluşly medeniýete, däp-dessurlara we taryha eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň milli medeni mirasyny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň hormata mynasypdygyny belledi.Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan hemişe uly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Aşgabatda mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.* * *Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary tamamlandy. Belent mertebeli myhmany paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ugratdy.Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalar hem-de BMG-niň düzüm birlikleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy netijeli häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.BMG-niň Baş sekretary bildirilen myhmansöýerlik hem-de geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeliligi üçin hoşallyk bildirdi hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň gözel keşbiniň, ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhman Bitarap Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändigini belledi.Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny aýdyp, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ak ýol arzuw etdi.

06 Iýl 2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy

Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!Ilki bilen, size «Türkmenistanda hoş gördük!» diýip ýüzlenýärin. Siziň saparyňyza Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklarymyzda täze tapgyr hökmünde garaýarys.Hormatly jenap Baş sekretar!Şu günki duşuşyk Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň toplumlaýyn strategik dialogynyň dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň esasy kesgitleýji häsiýeti bu guramanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Bu maksatlar bolsa parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gazanmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge çalyşmakda öz beýanyny tapýar. Dünýä syýasatynda ykrar edilen halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalary tassyklamagy öz içine alýar.Hormatly wekiliýetleriň agzalary!Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde biziň dünýä bileleşiginiň öňündäki borçnamalarymyzdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürýändigimizden gelip çykýar. Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňden ýola goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda guramanyň dürli edaralary işleýär. Olar BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirligidir. Sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şeýle hem ýurdumyzda BMG-niň ulgamyna girýän düzüm hökmünde Bütindünýä bankynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalary işleýär. Olaryň ählisi biziň Hökümetimiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de Türkmenistany ösdürmäge uly goşant goşýar. Pursatdan peýdalanyp, men Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän işgärlerine hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin.Hormatly jenap Baş sekretar!Biziň strategik dialogymyzyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdanymyzda, ählumumy howpsuzlyga; sebit ýagdaýlaryna; durnukly ösüşe; ynsanperwer meselelere üns bermeli diýip hasap edýärin. Häzirki şertlerde dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi zerurdyr. Bu ugurda gatnaşyklaryň yzygiderli usullaryny ýola goýmak möhümdir. Şeýle gatnaşygyň esasyny halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary düzmelidir.Türkmenistan jogapkär döwlet hökmünde geçen ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. Biziň döwletimiz öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmagy, gapma-garşylykly ýagdaýlary duýdurmagy we olara ýol bermezligi bu resminamanyň esasy düzgünleriniň biri hökmünde görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ähli gyzyklanýan döwletler, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri, edaralary we institutlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.Biz sebit ugry boýunça hyzmatdaşlykda hem uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa dünýä geosyýasatynyň we energetikasynyň has ähmiýetli merkezine, ulag çatrygyna öwrülýär. Türkmenistan sebitde pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin öz wezipelerini aýdyň görýär. Merkezi Aziýada döwletara hyzmatdaşlygyň dürli gurallary ýola goýuldy. Şolaryň esasylarynyň biri hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birnäçe ýyl mundan ozal döredilen konsultatiw duşuşyklary bolup durýar.Sebit howpsuzlygy nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berýär. Owganystan biziň iň ýakyn goňşymyz, doganlyk ýurdumyzdyr. Döwletimiz Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirer, owgan halkyna geljekde-de ynsanperwerlik kömegini berer.Biziň ýurdumyzyň öňe süren Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň we beýleki ençeme iri halkara energetika, ulag taslamalarynyň Owganystanda ykdysady, durmuş ýagdaýyny düýpli gowulandyrjakdygyna ynanýaryn. Biz geljekde hem bu taslamalaryň üstünde işlemegi dowam etdireris. Biz Owganystan meselesinde merkezi utgaşdyryjy orun Birleşen Milletler Guramasyna degişli bolmalydyr diýip hasap edýäris. Bu işde Türkmenistan gurama ähli zerur kömegi bermäge taýýardyr.Hormatly jenap Baş sekretar!Durnukly ösüş Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde möhüm we ileri tutulýan meseledir. Biziň ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan milli ugurlaryny gazanmak boýunça yzygiderli iş alyp barýar. Bu bolsa “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda” beýan edildi. Şu ýylyň maýynda «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň täzelenen düzüminiň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.Türkmenistanyň «Gün tertibi — 2030-a» milli derejede hem, halkara tagallalar babatda hem işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly jenap Baş sekretar, çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň teklibine siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz bu başlangyjy şu ýylyň fewralynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürdi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmekde biz Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna bil baglaýarys.Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek hem ileri tutulýan meseledir. Ol anyk çözgütleri talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça ministrler derejesindäki maslahaty çagyrmagy teklip edýär. Maslahata halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy we beýleki edaralar çekilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýarys.Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berýär. 2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulan döwletimiz ählumumy howa gün tertibini durmuşa geçirmäge doly derejede gatnaşmaga girişdi. Merkezi Aziýada howa meselesi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň aýratyn üns bermegi kanunalaýykdyr. Biziň ýurdumyz anyk ädim hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegiň üstünde işleýär. Eýýäm bu ugurda käbir işler ýerine ýetirildi. Biz ýakyn wagtda ylalaşyk gazanmak hem-de Türkmenistanda bu merkezi döretmegiň guramaçylyk meselelerine başlamak üçin BMG-niň degişli düzümleriniň ýardam bermegine bil baglaýarys.Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada suw hem-de Aral deňzini halas etmek meselesini aýratyn tapawutlandyrýaryn. Türkmenistan bu meselede, ilkinji nobatda, üç ýagdaýa eýermegiň zerurdygyndan ugur alýar. Anyk aýdylanda, ähli meseleler:— halkara hukugyň kadalary esasynda;— sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini berjaý etmek bilen;— Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň gatnaşmagynda seredilmelidir hem-de çözülmelidir.Aral meselesi boýunça Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlady. Bu resminama resmi taýdan Merkezi Aziýa ýurtlaryna iberildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy 2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Biz bu maksatnama köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin hem-de içerki suw howdanlary boýunça ýurtlaryň geljekdäki başlangyçlaryna esas bolar diýip hasap edýäris.Ulag we energetika biziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugurlarydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag meselesi boýunça Baş Assambleýanyň 8 sany Kararnamasy, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hem 3 Kararnamasy kabul edildi. BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Biziň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada hem täze, möhüm başlangyçlarymyz bar.Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň ýene biri Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny durmuşa geçirmekdir, şeýle hem bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde, ençeme beýleki ugurlarda BMG-niň jogapkär edaralary we guramalary bilen ynsanperwer hyzmatdaşlykdyr.Soňky ýyllarda ýurdumyzda ynsanperwer ugurly birnäçe iri halkara forumlar geçirildi. Şolaryň netijeleri milli derejede möhüm çözgütleri kabul etmek üçin esas boldy. Mysal üçin, soňky ýyllarda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 30 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. 2024-nji ýylda Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebit maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi.Hormatly jenap Baş sekretar!Pursatdan peýdalanyp, men raýatlyk meselelerini çözmekde siziň uly şahsy goşant goşýandygyňyzy bellemek isleýärin. Munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmiti gowulandyrmak hem möhüm meseleleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýokary derejede halkara azyk forumyny çagyrmagy teklip edýär. Biziň bu başlangyjymyzy goldajakdygyňyza ynanýarys.Hormatly jenap Baş sekretar!Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogy ösdürmäge we giňeltmäge berk eýerýändigini hem-de taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Biziň ýurdumyza berýän goldawyňyz üçin size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Türkmenistana saparyňyzyň möhüm waka öwrüljekdigine ynanýaryn.

06 Iýl 2024
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi.Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlaryny bellemelidiris. Olar ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, bu iri düzümiň abraýyny artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Guramanyň işiniň esasy maksatlary dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, halkara meseleleri çözmek, adam hukuklaryna hormat goýulmagyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Hut biziň ýurdumyzyň açyklygy, onuň Milletler Bileleşiginiň binýadynda goýlan belent ýörelgelere ygrarlylygy 1995-nji ýylda Türkmenistana dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde BMG tarapyndan özboluşly Bitaraplyk derejesiniň berilmegini şertlendirdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwletiň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi.Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak bilen, Türkmenistanyň we Milletler Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň guramanyň esasy halkara konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Olar bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýada öwrüldi. Bilelikdäki hyzmatdaşlyk ýyllarynda döwletimiz gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ýola goýup, öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýändigini görkezdi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň sessiýalarynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny bellemek gerek. Şol başlangyçlar bu düzüm tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmen tarapynyň energetika howpsuzlygyny we turba geçiriji infrastrukturanyň ygtybarlylygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara ulgamyny döretmek boýunça gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça başlangyçlarynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Milletler Bileleşiginiň derejesinde hemmetaraplaýyn dialoga kuwwatly itergi berdi....BMG-niň we Türkmenistanyň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.Uçaryň öňünde milli lybasly çagalar belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar. Iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen haly ýodajygyndan ýöräp, Antoniu Guterriş resmi wekiliýetler zalyna barýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş sekretary bilen söhbetdeşligi boldy.Milli Liderimiz belent mertebeli myhman bilen salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz dünýä bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşyp, mundan beýläk-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ugruna berk eýerer. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Ol bilelikde işlemek üçin esasy resminama bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň göz öňünde tutulan maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de ähli çäreleri görjekdigi tassyklanyldy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalar hem-de BMG-niň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Antoniu Guterrişe türkmen tarapynyň dünýäde özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýyny berkarar etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.Öz nobatynda, BMG-niň Baş sekretary Aşgabada nobatdaky gezek sapar bilen gelýändigine şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar hem-de ýola goýlan, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şunda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna berk eýerýär.Myhman Gahryman Arkadagymyza ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunda Antoniu Guterriş türkmen halkynyň Milli Lideriniň raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak meselelerini çözmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BMG-niň Baş sekretary köp ugurlary — durmuş-ykdysady, hukuk ulgamyny, ynsanperwer, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa we beýleki birnäçe ugurlary öz içine alýan däp bolan hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňky ýyllarda toplanan hyzmatdaşlygyň baý tejribesi hem-de onuň köpugurly mümkinçilikleri bu işde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, netijeli tekliplere, olary durmuşa geçirmek babatda tagallalara esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we BMG-niň Baş sekretarynyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň howa menzilinden “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.Iri halkara düzümiň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ertir günüň birinji ýarymynda geçirjek resmi duşuşygy belent mertebeli myhmanyň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň esasy wakalarynyň biri bolar. Ikiçäk we giňeldilen düzümde guraljak gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hem halkara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň ençemesi giriziler.Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri göz öňünde tutulýar. Garaşylyşy ýaly, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alşylar.Aşgabada saparynyň barşynda jenap Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň edarasyna baryp görer. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy “Mirap” binasynyň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem gatnaşar. Bu bina BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna berler.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu gezekki sapary hem-de geçiriljek gepleşikler netijeli köpýyllyk gatnaşyklary giňeltmegiň, ony ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda, täze taslamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berer.

05 Iýl 2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýat-hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek, döwletimiziň býujet ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, Pensiýa gaznasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işlerini has-da kämilleşdirmek, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýaş alymlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin has giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek, adwokatura we adwokatlyk işi, raýat ýagdaýynyň namalary, tohumçylyk işi bilen bagly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.Şeýle hem Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. BMG-niň halkara bilermeni bilen geçirilen duşuşygyň barşynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işlere syn berildi. Mejlisiň deputatlary BMG-niň Çagalar gaznasynyň, ÝHHG-niň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar. Bulardan başga-da, deputatlar Özbegistan Respublikasynyň Daşkent, Belarus Respublikasynyň Minsk, Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherlerinde iş saparlarynda boldular, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen 31-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdylar. Deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada hem aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda alnyp barylýan işleri düýpli kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” karzlaşdyrmakda onlaýn ýüztutmalar arkaly berilýän karzlaryň möçberini artdyrmak we onlaýn karzlaşdyrma amallaryny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak wezipesi öňde goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki şahslar üçin işlenip taýýarlanylan “Sanly karz” ulgamynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary barada habar berdi. Hyzmatlaryň bu görnüşi internet ulgamy arkaly müşderilere uzak aralykdan hyzmat edilmegini, şol sanda banklar tarapyndan raýatlar üçin karzlaryň resmileşdirilmeginde sanly ulgamyň kömegi arkaly ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga yzygiderli üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz üpjünçilik ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda zerur çäreler görülýär, hususan-da, täze tehnologiýalara laýyklykda, tebigy gazy sarp edýän hojalyklarda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzy, edara-kärhanalary tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen howpsuz hem-de ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap gaz hasaplaýjy enjamlaryň gurnalmagynyň wajypdygyny belledi. Gaz üpjünçilik desgalarynyň önümçiligine has kämil aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolsa sarp edilýän tebigy gaza gözegçiligi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy dowam edýär, ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak üçin hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işleri geçirilýär. Diýarymyzda 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär, bugdaý tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur tagallalar edilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyrynyň ekişini geçirmek, gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumyny ösdürmegi dowam etmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň, bu ugurda tehnikalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça hem degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini-de talabalaýyk alyp barmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu serişdäni bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, “Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek hakynda 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň iň ýakyn hyzmatdaş döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi we goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, asylly däbe görä, bu döredijilik çäresi her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýar. Şu ýyl bu sungat baýramçylygy Arkadag şäherinde geçirildi. Onuň çäklerinde milli medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler guraldy. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2025-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda geçirmek baradaky degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Medeniýet hepdeligini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, «Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetimiziň şu günki we geljekki ösüşleri üçin berk binýadyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kämil kanunçylyk-hukuk binýady kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmak, maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek bilen bagly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, maliýeleşdirmegiň we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy has-da çaltlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza bolan Gündogar Ýewropa ýurtlary, ýagny Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Rumyniýa we Slowakiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy.Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji iýunynda Warşawa şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama” gol çekildi. Gepleşikleriň dowamynda polýak tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasyny ýa-da nokadyny açmak meselesiniň oňyn ýagdaýda çözülmegine gyzyklanma bildirdi. Bu teklibi içgin öwrenmek üçin şu ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň wekillerini Polşanyň paýtagtyna iş saparyna ibermek teklip edilýär.Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu ugurda polýak tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda muzeýleriň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada ýurdumyzdaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär. Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň oturdylandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.Türkmenistan bilen Wengriýany hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki özara saparlary bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda saparda boldy. Şol ýylyň awgustynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji iýunynda Budapeşt şäherinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy.Netijeli türkmen-wenger dialogyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň altynjy mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, wenger tarapynyň çakylygy boýunça, şu ýylyň 7 — 11-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýada geçiriljek “Kurultaý” medeni çäresine gatnaşar. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet günlerini we bu ýurtda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly dabaraly çäreleri guramak teklip edilýär. Wenger tarapy hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda bu ýurduň meşhur şahyry Şandor Petefiniň heýkeliniň oturdylandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Bilim ulgamynda özara gatnaşyklar bilen baglylykda, “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri şu ýylyň 20-nji iýunynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Pragada geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine girizildi. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Çehiýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary bilen hem duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe teklipler, şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň ýa-da Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, 2025-nji ýylda Çehiýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparyny guramak baradaky teklipler taýýarlanyldy.Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri hem Rumyniýadyr. 2008-nji ýyldan bäri ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda duşuşyklar yzygiderli guralýar. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara topary hereket edýär, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ugurlardaky ýörite iş toparlarynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär.Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 17-18-nji iýulda Buharest şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek, şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Buharestde hökümetara toparyň 8-nji mejlisini guramak boýunça zerur işleri amala aşyrmak teklip edilýär. Şonuň bilen birlikde, 2025-nji ýylda Rumyniýa ýokary derejedäki sapary guramak baradaky teklip beýan edildi.Ýurdumyzyň Slowakiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Döwletara dialogy täze derejä çykarmak, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Bratislawada Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Slowakiýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň göz öňünde tutulýandygyny, slowak kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nazara almak bilen, şu ýylyň 4-nji çärýeginde ýurdumyza dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň saparyny guramak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işi tamamlamak hem-de şoňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Bratislawada hökümetara türkmen-slowak toparynyň mejlisini geçirmek baradaky teklip aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagaty ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig maly önümçilikde, şol sanda gämileri arassalamakda ulanmak hem-de ony daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliginiň öwrenilýändigi barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gämi gurluşygy bilen bir hatarda, gämi abatlaýyş işleriniň hem kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli işlerde ýerli çig maly ulanmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05 Iýl 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň meýillerine doly laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk biziň milli bähbitlerimize laýyk gelýär, ol sebit işleriniň barşyna hem-de ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar. Elbetde, Türkmenistan ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hyzmatdaşlyk ýaly düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemäge taýýardyr.Türkmenistan indi ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişlikde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny öňe sürýär. Bu pikir biziň sammitimiziň mowzugyna doly laýyk gelýär. Biz muny BMG-de, beýleki abraýly köptaraplaýyn düzümlerde bilelikdäki netijeli işe başlamak üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýarys.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda berkidildi. Bu bolsa parahatçylyk we parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen, biziň döwletlerimizi BMG-de geňeşmeler we gepleşikler prosesine doly derejede çekmek üçin syýasy-hukuk esaslaryny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi. Bu teklibiň oňyn seslenme döreden halatynda, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna syýasy geňeşmeleriň degişli meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip bolardy. Siziň bu teklibi goldamagyňyza umyt edýäris.Çykyşymyň daşary syýasy bölegini teswirlemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň esasy maksatlarynyň diňe parahatçylykly, durnukly we açyk-aýdyň ösüş bilen baglanyşyklydygyny nygtamak isleýärin. Ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esasy hökmünde birek-birege hormat goýmak ýörelgesine daýanýan dialogyň formulasyna özara gatnaşyklaryň hut şeýle ugruna geçmegiň, olary yzygiderli ösdürmegiň we ýagdaýy kadalaşdyrmagyň esasy şerti hökmünde garaýarys.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda biziň ykdysady bähbitlerimiziň sazlaşdyrylmagyndan ugur alýar. Bu gün eýýäm hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň uzak möhletli häsiýete eýedigi äşgärdir. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdeler we demografik kuwwata eýedir, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar bilelikde Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ulgamlarda — ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, beýleki köp ugurlarda netijeli gatnaşyklary babatda oňyn mümkinçilikleri açýar.Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn. Türkmenistan geografik taýdan bu uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar. Onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda hem-de düzümlerde işleşmäge taýýardyrys. Üstaşyr ulag ulgamy barada aýdylanda bolsa, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemek isleýäris. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistik nukdaýnazardan, bu örän amatly ýoldur. Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar.Biziň pikirimizçe, ulag gatnawlary üçin has amatly ýagdaýy döretmek, serhetleriň kesişýän ýerlerinde nyrh, gümrük we beýleki ýeňillikleri bermek barada gürrüň edilmelidir. Bu meseläni gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.Türkmenistanyň hem-de ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugur Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk — Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatyny birleşdirmek bilen baglylykda, oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris.Energetika ulgamynda hem bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Türkmenistan ŞHG ýurtlaryna iberilýän uglewodorod çig malynyň we elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmak mümkinçiligine eýedir. Şunda tebigy gazyň möçberi we iberilýän möhletleri babatda özümiziň şertnamalaýyn borçnamalarymyzy takyk ýerine ýetirýändigimizi nygtamak isleýärin. ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy bilen Owganystanyň çäginde amala aşyrylýan energetika, kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýäris. Gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada barýar. Ykdysady bähbitlerden başga-da, şeýle iş Owganystanyň sebit we yklym işlerine çalt hem-de netijeli goşulmagyny üpjün eder, ýurduň ykdysady, durmuş taýdan dikeldilmegine, diýmek, syýasy ýagdaýyň durnuklylaşmagyna, parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň gazanylmagyna ýardam eder.Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, “ýaşyl” gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar.Ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygymyzy beýan edýäris. Taryhy-medeni mirasy öwrenmek, innowasion geljek, ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga goşandy, ýaşlar telekeçiligi we işewürlik taslamalary ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ýaşlar maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýäris. Sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar.Hormatly dostlar!Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine uly hormat goýýandygyny, onuň bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryna berk ygrarlydygyny tassyklaýaryn hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi arzuw edýärin.(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly)

04 Iýl 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Ýokary derejeli duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen Türkmenistany däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyk baglanyşdyrýar. Munuň özi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen tarapynyň ŞHG-niň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändiginiň, şeýle hem Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir.Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy....Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyk” köşgüne ugrady. Bu ýerde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçirildi.ŞHG-niň hemişelik esasda hereket edýän halkara hökümetara guramadygyny bellemek gerek. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen tagallalary birleşdirmekden, syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Gazagystan Respublikasy şu sammiti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde kabul edýär.Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-ä agza döwletleriň hem-de guramada synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary hem çagyryldy.“Garaşsyzlyk” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, uly mejlisler zalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “ŞHG+” görnüşindäki mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýygnananlary mähirli mübärekläp hem-de parahatçylykly, sazlaşykly ösüşiň gün tertibini ilerletmekde şu sammitiň ähmiýetini belläp, mejlise gatnaşyjylara söz berdi.Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň meýillerine doly laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar.Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Elbetde, Türkmenistan ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hyzmatdaşlyk ýaly düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemäge taýýardyr.Türkmenistan indi ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişlikde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny öňe sürýär. Bu pikir biziň sammitimiziň mowzugyna doly laýyk gelýär. Biz muny BMG-de, beýleki abraýly köptaraplaýyn düzümlerde bilelikdäki netijeli işe başlamak üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda berkidildi. Bu bolsa parahatçylyk we parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen, biziň döwletlerimizi BMG-de geňeşmeler we gepleşikler prosesine doly derejede çekmek üçin syýasy-hukuk esaslaryny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi. Bu teklibiň oňyn seslenme döreden halatynda, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna syýasy geňeşmeleriň degişli meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip bolardy. Siziň bu teklibi goldamagyňyza umyt edýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň daşary syýasy bölegini teswirlemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň esasy maksatlarynyň diňe parahatçylykly, durnukly we açyk-aýdyň ösüş bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esasy hökmünde birek-birege hormat goýmak ýörelgesine daýanýan dialogyň formulasyna özara gatnaşyklaryň hut şeýle ugruna geçmegiň, olary yzygiderli ösdürmegiň we ýagdaýy kadalaşdyrmagyň esasy şerti hökmünde garaýar.Hormatly Arkadagymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda özara ykdysady bähbitleriň sazlaşdyrylmagyndan ugur alýandygyny belledi. Bu gün eýýäm hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň uzak möhletli häsiýete eýedigi äşgärdir. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdeler we demografik kuwwata eýedir, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar bilelikde Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ulgamlarda — ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, beýleki köp ugurlarda netijeli gatnaşyklary babatda oňyn mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.Türkmenistan geografik taýdan bu uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar. Onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda hem-de düzümlerde işleşmäge taýýardyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz üstaşyr ulag ulgamy babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry aýratyn belledi.Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistik nukdaýnazardan, bu örän amatly ýoldur. Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar.Türkmenistanyň hem-de ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugur Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk — Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatyny birleşdirmek bilen baglylykda, oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Energetika ulgamynda hem bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan ŞHG ýurtlaryna iberilýän uglewodorod çig malynyň we elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmak mümkinçiligine eýedir. Şunda hormatly Arkadagymyz tebigy gazyň möçberi we iberilýän möhletleri babatda ýurdumyzyň şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Owganystanyň çäginde amala aşyrylýan energetika we kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Gürrüň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada barýar.Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, “ýaşyl” gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar.Türkmenistan ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny beýan edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Ýurdumyz taryhy-medeni mirasy öwrenmek, innowasion geljek, ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga goşandy, ýaşlar telekeçiligi we işewürlik taslamalary ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ýaşlar maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär. Sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar.Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.***Şu gün Milli Liderimiz Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda dikilen heýkeliň ýanyna geldi. Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew mähirli garşylady. Dabara Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleri, medeniýet işgärleri, iki döwletiň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, dostlukly ýurduň Parlamentiniň deputatlary gatnaşdylar. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, goňşy ýurduň ähli halkyna türkmen wekiliýetine bildirilen dostluk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-gazak dostlugy häzirki wagtda has-da berkeýär. Islendik döwürde-de türkmen we gazak halklary iň ýakyn goňşy bolmak bilen, birek-birege uly hormat-sarpa goýýan, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, özara düşünişmek däplerine eýerýän doganlyk halklardyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär.Magtymguly atamyzyň goşgularynda dostlugyň wasp edilişi ýaly, biz bir supranyň başynda, ýakynlygymyz hem ýürekdeşligimiz bilen, «Agzybire Taňry biýr» diýen ajaýyp pähimimizden ugur alyp, beýik işleriň başyny başlaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.Türkmenistanda 2024-nji ýyl söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Golaýda Aşgabadyň ajaýyp künjeginde, gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ýadygärliginiň, şeýle-de dünýäniň onlarça ýurdunyň görnükli şahsyýetleriniň heýkelleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we gazak halklaryny köpasyrlyk taryhy ýakynlyk baglanyşdyrýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Döredijilikde uly yz goýan şahsyýetleriň biri, kompozitor, dombra saz guralynda gazak halkynyň milli aýdymlaryny ýerine ýetiren ozan Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylmagy medeni gatnaşyklarymyzyň taryhyň gatlaryna uzap gidýän kökleriniň bardygyny görkezýär. Geljekde Aşgabatda görnükli gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkelini oturtmagy göz öňünde tutýarys. Ine, görşüňiz ýaly, munuň özi hemme döwürlerde ysnyşykly, ýakyn gatnaşyklary saklamakda medeniýetiň, sazyň, şygryň, umuman, döredijiligiň uly ornunyň bardygynyň aýdyň güwäsidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.Ýakynda Astana şäherinde ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleri hem iki döwletiň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde özboluşly waka öwrüldi.Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ynsan kalbynda döreýän ajaýyp duýgular, agzybirlige çagyryşlar öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Ol diňe türkmen halkynyň edebiýatynyň däl-de, eýsem, türki dilli edebiýatyň hem baýlaşmagyna uly goşant goşan şahsyýetdir. Beýik akyldaryň geljek nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda häzirki döwürde-de gazagystanly terjimeçilerdir şahyrlaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime edip, okyjylara ýetirýändiklerini, şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleriniň gazak kärdeşleri bilen bilelikde Gazagystanyň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürendiklerini aýratyn buýsanç bilen belledi.Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde bitirýän hyzmatlary üçin gazagystanly edebiýatçy alymlara, ýazyjy-şahyrlara we sungat ussatlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Astanada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň halkyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň adyndan minnetdarlygyny beýan etdi. Bu heýkeliň açylmagy iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygynyň, birek-birege hormat goýlup, ata-babalarymyzyň gymmatly wesýetleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we çykyşyny: “Goý, türkmen-gazak dostlugy baky ýaşasyn!” diýen sözler bilen jemledi.Soňra Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini tüýs ýürekden mübärekledi. Şunda şu günki wakanyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda gazanylan ylalaşygyň netijesinde mümkin bolandygy nygtaldy.Şu gün türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşyna gatnaşmak biziň üçin uly hormatdyr. Beýik akyldar şahyr dostlukly halkyň ruhubelentliginiň, parasatlylygynyň, ynsanperwerliginiň nyşanyna öwrüldi. Geljekde Aşgabatda gazak akyldary we şahyry Abaýyň hem şeýle heýkeliniň oturdyljakdygynyň çuňňur manysy bar diýip, Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy aýtdy.Biziň ýurtlarymyzy öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýylsaýyn berkeýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ägirt uly goşandy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki ýagdaýlarda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesini “nusgalyk” diýip atlandyrmak bolar. Iň esasysy bolsa, iki halkyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän özara düşünişmek, dostluk däpleri yzygiderli ösdürilýär.M.Aşimbaýew Astanada beýik şahyr Magtymgulynyň heýkeliniň açylmagynyň biziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzyň anyk mysaly bolmak bilen çäklenmeýändigini aýtdy. Munuň özi iki doganlyk halkyň köki asyrlara uzaýan mizemez ruhy gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydyr. Elbetde, Magtymguly Pyragynyň mirasy tutuş adamzadyň gymmatlygy bolup durýar. Hut şoňa görä-de, şu ýyl TÜRKSOÝ tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edildi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girizildi.Gazagystanlylar üçin Magtymgulynyň döredijiligi aýratyn ähmiýete eýedir we doganlyk mährine çoýulandyr. Magtymgulynyň beýikligi adamzat pikiriniň hem ruhunyň parlak ýyldyzydyr. Biz Magtymguly Gazagystanda iň meşhur we uly sarpa goýulýan şahyrlaryň biri diýip ynamly aýdyp bileris. Ajaýyp söz ussady baradaky bu sözler meşhur gazak alymy, akademik Zaki Ahmetowa degişlidir diýip, Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy nygtady.Beýik Abaýyň goşgulary we filosofiýasy ýaly, türkmen halkynyň beýik oglunyň şygryýet mirasy hem Gazagystanda türki medeniýetiň umumy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edilýär. Iki şahyryň döredijiligini şahyrana zehiniň güýji, pikirleriň çuňňurlygy hem-de Gündogar üçin umumy bolan ynsanperwer ýörelgeler baglanyşdyrýar. Şeýle-de olary ahlak taýdan kämillige, halklaryň jebisligine çagyryş ýakynlaşdyrýar. XIX asyryň ortalarynda Germaniýada şahyryň eserlerini neşir eden wengriýaly Gündogary öwreniji Arminiý Wamberi hem Magtymgulynyň şygyrlarynyň parasatlylygyny, öňdengörüjilikli häsiýete eýedigini belläp geçipdir. Şahyryň bu zehini “Türkmeniň” atly goşgusynda-da öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy aýtdy we bu ajaýyp şygyrdan setirleri okady. Umuman, türkmen halkynyň parasatlylygyny, özboluşlylygyny özünde jemleýän Magtymgulynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girdi we Merkezi Aziýanyň ähli halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýar.Türkmen halkynyň beýik oglunyň heýkeliniň açylmagy şahyryň ýubileýine bagyşlanan beýleki birnäçe çäreler bilen utgaşdy. Gazagystanyň dürli şäherlerinde ylmy maslahatlar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi golaýda Magtymguly adyndaky halkara baýragy döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu ädimleriň beýik akyldaryň mirasyny Gazagystanda wagyz etmäge ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň, ynanyşmagynyň, özara düşünişmeginiň mynasyp dowamy bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn diýip, Maulen Aşimbaýew belledi.Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär: türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini açýarlar.Heýkeliň umumy beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň döredijilik bilen meşgullanýan pursadyny şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.            Asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň eserleri ähmiýetini ýitirmän gelýär hem-de ol Türkmenistanyň çäginden daşarda-da örän meşhurdyr. Çünki olarda ebedi ynsanperwer ýörelgeler — Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly gymmatlyklar öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr asyllylyk, wepalylyk, ruhy-ahlak taýdan arassalyk, rehim-şepagatlylyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik ýaly ynsanyň iň gowy häsiýetlerini wasp edipdir.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy ýadygärligiň etegine ajaýyp gül desselerini goýýarlar we beýik söz ussadyny sarpalaýarlar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary-da heýkele gül goýdular.Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz gazak Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanda gazak dilinde neşir edilen, Aşgabatda açylan täze “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bagyşlanan kitapçanyň gowşurylandygy bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, bu giň gerimli taslama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda amala aşyryldy. Kitapçada Gahryman Arkadagymyzyň şu gün Astanada geçirilen dabarada sözlän sözi hem çap edildi.***Şu gün Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.Gahryman Arkadagymyz “Akorda” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany goňşy döwletiň Baştutany mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Astana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň we ŞHG-niň sammitine gatnaşmagynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýedir we okgunly ösüşi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şu günki duşuşygyň uly ähmiýetini belledi. Bu duşuşyk geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýär. Dostlukly ýurduň Lideri döwletara dialogyň ýokary derejesini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny asyrlaryň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk däpleriniň düzýändigini nygtap, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystana gelmäge we hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşyk dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge goşmaça itergi berer.Gahryman Arkadagymyz şu günki günüň möhüm waka — Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyna beslenendigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe bu dabaranyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şu gezekki sammitiň we onda kabul ediljek çözgütleriň, Gazagystan Respublikasynyň ŞHG-de başlyklyk etmeginiň netijeleriniň bu guramanyň çäklerinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky dialogyň däp bolan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli, netijeli gatnaşyk edýärler, birek-birege özara goldaw berýärler. Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini görkezýärler. Munuň özi, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köptaraply meýdançalarda hyzmatdaşlyk meselelerine işjeňlik we öňdengörüjilik bilen çemeleşýändigi nygtaldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün “ŞHG+” formatynda geçirilen duşuşykda eden çykyşynda-da öz beýanyny tapdy.Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, söwda-ykdysady ulgam onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu babatda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara haryt iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda bilelikdäki düzümleriň — hökümetara toparyň we işewürler geňeşiniň işine möhüm orun degişlidir.Ulag-kommunikasiýa, logistika ulgamy türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ulgamda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy bu babatda giň gerimli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde ykdysady taýdan goşulyşmaga ýardam eder.Energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Transmilli gaz geçiriji munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şol gaz geçiriji boýunça mawy ýangyç Türkmenistandan Hytaýa iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýär. Biziň halklarymyzyň medeni we ruhy taýdan umumylygy ata-babalarymyzyň gymmatly mirasy bolup durýar hem-de häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.Bellenilişi ýaly, şu gün Astanada Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy döwletara gatnaşyklaryň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazyldy. Golaýda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda bolsa ajaýyp gazak halk sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen paýtagtynda ajaýyp gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkelini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi biziň halklarymyzyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki çäreleri, hususan-da, döredijilik çärelerini guramak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.Gahryman Arkadagymyz we Gazagystanyň Prezidenti däp bolan dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy hem-de şol ýerden Watanymyza ugrady.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.***Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Astanada gazak kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olarda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bu babatda biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesine hem-de uly kuwwata eýedir. Munuň özi täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär. Beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy. Bu bolsa umumy bähbitlere doly laýyk gelýär.

04 Iýl 2024