Türkmenistanda
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça oňyn teklipleri beýan etdiler. Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, ekologiýa we bilim ulgamlary ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde dialogyň we ynanyşmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar.Döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başlangyçlaryna, şol sanda durnukly ösüşi, gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryna gatnaşyp gelýär. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky ekologiýa başlangyçlary biodürlüligi gorap saklamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça taslamalary öz içine alýar. Ýurdumyz durnukly ösüş üçin “ýaşyl” tehnologiýalary ilerledip, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşýar.Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm Kararnamalar kabul edildi. 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama ýurdumyzyň sazlaşykly ýaşamak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi. Bu Kararnamalar Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Şu ýylyň awgustynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu maslahata deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüş strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýä ýurtlaryndan wekiller gatnaşdylar. Türkmenistan maslahaty kabul eden ýurt hökmünde myhmansöýerligiň we guramaçylygyň ýokary derejesini görkezdi.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň giň goldawyna eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary hem Türkmenistanyň uzak möhletleýin we köpugurly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň beýanydyr....Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

21 Sen 2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik wekilleri, beýleki adamlar gatnaşdylar.Maslahat köşgünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde asylly däbe eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnanylandygyny aýtdy.Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek ugrunda wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Ýene-de sanlyja günlerden biz Garaşsyzlyk baýramyny, dekabr aýynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Elbetde, munuň özi milli we halkara derejeli ägirt uly syýasy ähmiýetli wakalardyr. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde duran wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanyldy. Gahryman Arkadagymyz olara öz ýerlerine geçmeklerini haýyş etdi.Milli Liderimiz ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşyndaky möhüm waka — ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, merdana türkmen halkyna gülläp ösüş, bagtyýarlyk arzuw etdi hem-de forumyň wekilleriniň mejlisiň gün tertibi we serediljek soraglar bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belläp, gün tertibine hödürlenen soraglar we resminamalar boýunça tekliplerdir bellikleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada gyzyklandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylandygyny yglan etdi.Soňra Gahryman Arkadagymyz ýene-de sanlyja günden berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilip geçiljekdigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan toýlanyljakdygyny aýtdy.Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Bu gün Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýatlary has-da berkidilýär. Durmuşa geçirilýän bu beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijesidir. Bu taryhy işler şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Indiki wezipämiz mundan beýläk-de ýurdumyzy gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni bolsa gazanylan üstünlikleri berkitmek, wagyz etmek, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly berjaý edip bileris. Ine, hut şu işlerde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir.Nygtalyşy ýaly, agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Ýurdumyzda içeri we daşary syýasatyň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär diýip, Milli Liderimiz belledi we gazanylan üstünlikleri has-da berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barmak ugrunda geljekde-de amala aşyrylmaly işleriň örän köpdügini, bu mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty bilen bagly möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek resminamalaryň, beýan ediljek teklipleriň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sebitde we halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda edýän tagallalary uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz tarapyndan umumadamzat bähbitli başlangyçlar we teklipler öňe sürülýär. 2025-nji ýyl biziň halkymyz hem-de dünýä halklary üçin örän wajyp taryhy seneleriň, şanly wakalaryň ýylydyr. Bu ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu şygar biziň halkymyzyň parahatçylyga we dostluga, mydama ynanyşyp ýaşaşmaga bolan islegi bilen kemala gelendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç, elbetde, halkyň ýürek sesidir, arzuw-islegidir. Halkymyzyň maksat-myrady bolsa biziň döwletimiziň ýöredýän syýasatynda öz beýanyny tapýandyr. Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyzy bu gün dünýä bileleşiginiň giňden goldaýandygy bolsa taryhy hakykatdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine ynam bildirdi.Biziň alyp barýan işlerimiziň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny goldamaga, döwletimizde geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ýokary maýa goýum işjeňligini saklap galmaga, eksport kuwwatyny güýçlendirmäge möhüm ähmiýet berilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň ep-esli artandygyny, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly ýagdaýda saklanyp galýandygyny belledi.Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly ýagdaýda saklanyp galýar. Ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanly ulgamy ornaşdyrmak, şäher we oba ilatyny häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda iş bilen üpjünçiligi has doly derejede üpjün etmek we raýatlary işe ýerleşdirmek babatda netijeli döwlet syýasaty alnyp barylýar. Raýatlara durmuş goragynyň ygtybarly kepillendirmeleri berilýär.Merdana daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, sebitlerimizi ösdürmek babatda netijeli syýasatyň alnyp barylýandygyny, täze senagat, energetika, ulag-aragatnaşyk düzümleriniň döredilendigini belledi. Täze-täze döwrebap şäherçeler we obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berildi we bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.Berkarar döwletimiziň kuwwatly binýadyny görkezýän, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäherini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam edýär. Gurluşygyň bu tapgyrynda ýene-de möhüm desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ýakyn geljekde Arkadag şäheri senagat taýdan kuwwatly şähere öwrüler.Döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler, ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge hem-de ägirt uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýaş raýatyň döwrebap bilim almagy bilen birlikde, milli buýsanç duýgusynyň kemala gelmegini gazanmagy hem öňümizde durýan örän möhüm wezipe hasap edýärin. Munuň özi ýaşlarymyzyň bilimleriniň we garaýyşlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Terbiýäniň özboluşly mekdebi bolan milli mirasymyzda Watany, topragy, zähmeti söýýän, päk ahlakly, edep-ekramly nesilleri ýetişdirmegiň ajaýyp däpleri jemlenendir.Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Milli mirasymyz öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň jemidir. Biziň halkymyzyň dünýä taryhyndaky orny hem örän uludyr, ylym-bilime goşan goşandy çäksizdir. Geçmiş taryhymyzyň dowamynda dörän medeniýetlerimiz, ajaýyp halylarymyz, altyn-kümüş şaý-seplerimiz, ýelden ýyndam, gamyşgulak ahalteke bedewlerimiz biziň Watanymyzyň dünýä taryhyndaky tutýan ornunyň örän beýikdigini ykrar edýän aýdyň subutnamalardyr.Medeniýet elmydama halkara syýasatda möhüm ähmiýete eýe bolup, şeýle bolmagynda hem galýar. Medeniýetleriň özara gatnaşygy medeni diplomatiýa bolmazdan mümkin däldir. Häzirki zaman dünýäsinde medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Men daşary ýurtlara amala aşyran saparlarymda medeni mirasyň nusgalyk ojagy bolan muzeýlere, ylym-bilim merkezlerine baryp görýärin. Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler bolsa halklar bilen dostluk köprülerini, doganlyk ýollaryny gurmaga ýardam berýär. Merkezi Aziýa we sebitdäki beýleki ýakyn goňşy döwletler bilen barha ösýän gatnaşyklarymyzyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri milli mirasyň, medeniýetiň we sungatyň, ylym-bilimiň uly gymmatlyklardygyny, olarda parahatçylyk dörediji güýjüň bardygyny belledi we şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmegi hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagy, taryhy şahsyýetlerimiziň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy barada halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagy, türkmen halkynyň taryhy bilen bagly çeper, dokumental filmleri döretmegi, şeýle hem halkymyzyň taryhyna, baý edebi mirasyna bagyşlanan neşirleri taýýarlamagy teklip etdi.Hormatly Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlendigini, birinji synpa kabul edilen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen milli önümler bolan «Bilimli» kompýuterleriniň sowgat berlendigini aýtdy we Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinde, halkara bilim, sport bäsleşiklerinde eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn nygtady.Şanly ýylyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary — edermen ýigitlerimiz we gyzlarymyz Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda Döwlet tugumyzy belentden parladyp, Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp boldular. «Arkadag» futbol topary bolsa halkara ýaryşda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrdy. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarymyz halkara olimpiadalardan ýüzlerçe altyn, kümüş, bürünç medallary bilen ýurdumyza dolanyp geldiler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi, beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine hem-de gazanýan üstünliklerine örän ýokary baha berdi. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş nesillerimiz mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etmelidirler.Magtymguly Pyragynyň: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk onuň soltanydyr» diýen dana sözleri bar. «Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy — saglyk» ýaly türkmen nakyllary bar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygarymyz bar. Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şonuň üçin biz 30 ýyl mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyryp, ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykardyk. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi we jemgyýetimiziň, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilendigini belledi.Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan saglyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy hem-de Türkmenistan onlarça halkara güwänamalara mynasyp boldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bagtyýar, sagdyn geljegimize gönükdirilendir. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz geljekde hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady.Ynsana hormat-sarpa goýmak, hemaýat bermek we hossarlyk etmek däplerimiz özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Ynsanperwerlik hem-de haýyr-sahawat bu gün berkarar döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň özenini düzýär. Ýurdumyzda ene-atasyndan aýra düşen we howandarlyga mätäç çagalary goldamaga uly üns berilýär. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işler örän buýsandyrýar. Bu çagalara durmuş, lukmançylyk, bilim hyzmatlarynyň berilmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýörite gözegçilige we idege mätäç çagalara dürli operasiýalar, bejergiler amala aşyrylýar. Gazna abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy bilen çagalaryň saglygynyň goragyny, abadançylygyny hemmetaraplaýyn üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär.Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede ýokary baha berilmegi ýurdumyzda howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu ugurdaky ynsanperwer işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy. Bularyň ählisiniň ýurdumyzda adam saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň ählumumy işlere işjeň gatnaşmak we köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklaryň täze ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşant goşýandygyny nygtady.Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem ýokary derejede geçirildi. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçen maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmekde, bu ýurtlaryň bähbitlerine gönükdirilen işleri netijeli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara maslahata gatnaşyjylaryň ýokary derejeli wekilçilikli düzümi Türkmenistana bolan hormatyň nyşanydyr, ýurdumyzyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ählumumy hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrar edilmegidir.Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydygyny, Bitaraplygyň biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdygyny belledi. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr.Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşmagynyň çuň manysynyň bardygyny görýäris. Elbetde, munuň biziň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Sebäbi bu taryhy sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjak çäreleriň birnäçesiniň meýilleşdirilendigini, şu ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň ýokary derejede geçiriljekdigini belledi. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda geljekde hem halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşar.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösýän, adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň maksatlary beýikdir, bu beýik maksatlary amala aşyrýan halkymyz hem beýikdir diýip, Milli Liderimiz nygtady we ähli işlerde diňe halkymyzyň bähbitlerinden ugur alynmalydygyny, sebäbi halkymyzyň bähbitleriniň öňe sürülmeginiň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy. Biziň alyp barýan ähli işlerimiz ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň parahat, abadan durmuşda, bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär.Nesip bolsa, geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawyna we ynamyna daýanyp, Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam ederis. Agzybir we yhlasly zähmetimiz bilen ata Watanymyzy gülledip ösdürip, şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak, geljek nesillerimize nusga boljak işleri durmuşa geçireris. Hormatly Prezidentimiziň berk belleýşi ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi we mejlise gatnaşyjylara hem-de mähriban halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar durmuş arzuw etdi.Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.Ilki bilen, Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew çykyş etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy bilen ýurdumyzyň ähli ýaşulularynyň adyndan gutlady. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň döwlet Garaşsyzlygynyň binýatlarynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yzygiderli ösüşler gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy, ýurdumyzyň sebitlerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi Diýarymyzyň ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň dabaralanmasynyň aýdyň mysalydygy bellenildi.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbidine wekilçilik edýän iň ýokary wekilçilikli edaradyr. Her bir döwletli işi halk bilen maslahatlaşmak ata-babalarymyzdan galan ajaýyp mirasdyr. I.Saparlyýew çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýaty boýunça bölüm başlygy Jumageldi Ataýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen ykdysadyýet toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzy ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Her ýylda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, bank-maliýe ulgamy yzygiderli ösdürilýär, statistiki hasabatlylyk halkara ölçeglere laýyk getirilýär, bank ulgamynda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, pul-karz hem-de hasaplaşyk töleg ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär. Bu bolsa halkara maliýe guramalarynyň, dünýäniň abraýly reýting agentlikleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.J.Ataýew Gahryman Arkadagymyzyň şu günki taryhy çykyşynda beýan eden başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi.Soňra Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Aknur Çaryýewa çykyş etdi. Ol ýurdumyzda ýaş nesliň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini, her ýyl çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň dabaraly ýagdaýda açylýandygyny, birinji synpa gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilýändigini buýsanç bilen belläp, munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna serişdeleri gönükdirmek baradaky çözgüdi taryhy ähmiýete eýedir. Şeýle hem A.Çaryýewa ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça öňe süren teklipleriniň ähmiýetine ünsi çekip, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemekde ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.Soňra «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň hünärmeni Şöhrat Sähedowa söz berildi. Ş.Sähedow çykyşynyň başynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna, ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagy hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen bir hatarda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap howa menzilleriniň gurlup ulanmaga berlendigini bellemek ýakymly.Türkmenistan durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň halkara ulag-logistika ulgamynda wajyp orun eýeleýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ş.Sähedow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan binýat bolan Arkadag şäherinde 5G internet ulgamynyň ýola goýlandygyny aýtdy. Ol Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni Aýbölek Mamedowa çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.Çykyşda Milli Liderimiziň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine şu ýyl 30 ýyl dolandygy, maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygy bellenildi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky başlangyçlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär we ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän sagaldyş-dikeldiş, ylmy-kliniki merkezler gurlup ulanmaga berilýär. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary aýdyň mysal hökmünde görkezildi.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna dürli kesellerden ejir çekýän çagalara operasiýalar geçirilýär. Operasiýadan soňky sagaldyş-dikeldiş işleri Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýar. Munuň özi ýaş nesliň saglygy we abadan durmuşy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan lukmançylyk serişdelerini öndürýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň ähmiýeti bellenildi. A.Mamedowa Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi hem-de sözüni goşgy setirleri bilen jemledi.Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň başlygy Röwşen Rejepow çykyşynda Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy bilen oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri boýunça guramaçylyk toparynyň agzalary täze etraplary döretmek bilen bagly teklipleri öwrenmek, ýüztutmalary seljermek we maslahatlaşmak üçin welaýatlarda iş saparlarynda boldular. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabyny, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk hem-de Gubadag etraplaryny, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplaryny, Mary welaýatynda Oguzhan etrabyny döretmek teklip edildi. Bu teklipler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna oňyn goşant bolar diýip, R.Rejepow belledi. Ol çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Muhammet Rejepowa söz berildi.Nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Halkymyz edermenlik, gaýduwsyzlyk ýaly asylly häsiýetleri kemala getiripdir. Bu häsiýetler ýurdumyzyň harby gullukçylaryny ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly gulluk etmäge ruhlandyrýar. Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin ýaly milli gahrymanlarymyz watançylyk mekdebiniň ajaýyp nusgalarydyr. Ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly durmuş ýoly harby gullukçylar üçin görelde mekdebidir. Ýurdumyzyň harby gullukçylary gahryman pederlerimiziň, edermen ata-babalarymyzyň nusgalyk göreldesinden ruhlanyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň çäk bitewüligini we özbaşdaklygynyň goragyny üpjün edýärler.Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy M.Rejepow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin aýratyn hoşallyk bildirip, harby gullukçylaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişden buýsanç bilen geçjekdiklerini nygtady.Soňra Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Sanjar Agajanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň ýaşlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, amala aşyrylýan bilim özgertmeleri türkmen ýaşlaryny Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary halkara olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi, abraýly halkara reýtingleriň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine işjeň goşulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şu ýylyň awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumy hem ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysaly boldy. S.Agajanow ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän mümkinçiliklere hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.Soňra Milli Liderimiz çykyş etmäge isleg bildirenlere söz berdi.Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow çykyş etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen bu taryhy foruma gatnaşýan ýaşulularyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, parahat durmuşymyz, eşretli zamanamyz Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, ýadawsyz zähmetiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gündelik aladalarynyň ajaýyp miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar. Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýakynda Arkadag şäherinde, Ahal welaýatynda, Daşoguz welaýatynda ulanmaga berlen döwrebap şäherçede, obalarda maşgalalaryň müňlerçesiniň täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barmaklary, täze iş orunlarynyň döredilmegi halkymyz baradaky aladanyň nyşanydyr. Bu işler dünýä nusgalyk işlerdir.“Şeýle eşretleri Siz mähriban halkymyza eçilýärsiňiz, Gahryman Arkadagymyz! Şeýle beýik işleri diňe gurply döwletde amala aşyryp bolar. Siziň belleýşiňiz ýaly, gurýan döwlet gurpludyr” diýip, Ý.Atamyradow sözüni dowam etdi hem-de Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen köp ýyllardan bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny, bu gün her bir maşgalanyň eliniň uzadan ýerine ýetýändigini aýtdy. “Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz okuwa, işe arkaýyn gidip-gelýärler. Parahat, asuda durmuşyň özi bahasyna ýetip bolmajak uly baýlykdyr hem gymmatlykdyr” diýip, Ý.Atamyradow belledi we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigini göz öňünde tutup, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi hem-de şu teklibi goldamagy Gahryman Arkadagymyzdan tüýs ýürekden haýyş etdi.Ý.Atamyradow tygşytlanyljak serişdeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň hem-de ýaş nesillerimiziň nurana geljegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Gahryman Arkadagymyz Ý.Atamyradowa çykyşy we maslahaty üçin minnetdarlyk bildirdi.Soňra owganystanly türkmen Ahmad Abdul Rahmana söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza dünýä türkmenleriniň mähirli salamyny ýetirip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, döwletleriň arasynda ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, zerur bolan halatynda, birek-birege goldaw bermek Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty esasynda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da belende göterilýär. Muňa bolsa dünýä türkmenleriniň buýsanjy çäksizdir. Ahmad Abdul Rahman ýakynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugy we Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer tagallalary bilen Owganystanda ýertitremede ejir çekenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi we çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi.Milli Liderimiz hemmelere ýüzlenip, şu günki taryhy mejlisde ýurdumyzyň döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna degişli örän möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, olar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini aýtdy hem-de çykyş edenleriň ählisiniň forumda öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek bilen bagly teklipleriň öňe sürlendigini we olaryň kada-kanun esasynda seredilmegi üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.Hormatly Arkadagymyz bu barada mejlise gatnaşyjylaryň pikirleri bilen gyzyklandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar bu teklibi biragyzdan goldadylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, bu resminamalary deputatlar bilen arakesmede ara alyp maslahatlaşyp, gelnen netijäniň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilmelidigini aýtdy.Soňra arakesme yglan edildi. Arakesme wagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.Bellenilişi ýaly, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halk Maslahatyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berjekdigi nygtaldy. Şunlukda, Mejlisiň maslahatynda ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça degişli çözgüt kabul edildi.Arakesmeden soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyza söz berdi.Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmeleri mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýandygyny belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülendigini belledi hem-de parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha pugtalanýandygyny aýtdy. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga möhüm ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalar we innowasiýalar esasynda, häzirki zaman ykdysadyýetini döretmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslary has-da berkidilýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleriň alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilýän halkara forumlaryň täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredýändigini nygtap, geljekde hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.Ýurdumyzda sebit we milli maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» kabul edildi. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Diýarymyzda täze şäherçeleriň we obalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy üçin berilýän ýeňillikli we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar. Ýakynda «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem kabul edildi. Bu Konsepsiýa esasynda täze, döwrebap iş orunlaryny dörederis, ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdireris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşiniň ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýändigini, Döwlet býujetiniň bolsa ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65,6 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 34,4 göterimi goýberildi. Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi üpjün edildi. Ykdysadyýeti özgertmek, onuň innowasion ösüşini gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi.Geljekde-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň ykdysady görkezijiler boýunça dünýäniň ösýän döwletleriniň sanawynda mynasyp orun almagy üçin ähli tagallalary ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Bellenilişi ýaly, nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda täze, döwrebap desga — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berýär.Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde bolsa çüýşe önümlerini öndürýän önümhana ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.Daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap, köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumynda innowasion häsiýetli kärhanalary, täze önümçilikleri döretmegiň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherleri durnukly ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisidigini nygtady. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu şäherdäki işler geljekde-de dowam etdiriler.Şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Döwletli mekan”, Kaka etrabynda “Bagtly zamana” atly täze, döwrebap obalar açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häzirki zaman Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga beriljek döwrebap obada hem bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu üstünlikler biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesidir, ýagny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Bu pudagy toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýyl Diýarymyzyň zähmetsöýer daýhanlary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady hem-de bol galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlary gazanan netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlady.Bellenilişi ýaly, şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy-da ilerledilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň işiniň ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen baglanyşdyrylyp, geljekde-de giň gerim bilen ösdüriljekdigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Diýarymyzda tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge uly üns berilýändigine ünsi çekdi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi netijesinde ekologik abadançylyk üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy esasynda hereket edýän senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar.Nygtalyşy ýaly, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary yzygiderli artdyrylýar. Guralýan sergiler, maslahatlar bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistan öz milli pawilýony bilen uly abraýa eýe boldy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hem möhüm özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini, ýokary hilli harytlary öndürmek bilen, halkara talaplara laýyk gelýän eksport önümçiliginiň giňeldilýändigini, halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işleriň geçirilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçilere uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz ulag we aragatnaşyk toplumynda durmuşa geçirilýän işler barada-da durup geçdi. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini giňeltmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini ösdürmek, daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa ýurtlaryna çenli halkara multimodal ulag ugruny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak boýunça netijeli işler dowam etdirilýär.Aragatnaşyk ulgamy hem döwrüň talabyna görä yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli künjeginde ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleriniň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, Garaşsyz ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilendigini, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Bilim ministrliginiň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geljekde hünärmenlere bolan zerurlyklar boýunça Tertibi işläp düzmeginiň möhümdigini aýdyp, Bilim ministrligine bu çaklamalaryň esasynda hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmegiň döwlet sargydyny taýýarlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze, döwrebap okuw binalar toplumynda hem professor-mugallymlar, talyplar üçin ähli şertler döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan orta mekdepler, çagalar baglary öz gapylaryny giňden açdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim edaralarynyň guruljakdygyny aýtdy. Munuň özi bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.Arkadagly Gahryman Serdarymyz saglygy goraýyş ulgamy barada aýdyp, halkymyzyň saglygynyň, abadan we bagtyýar durmuşynyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.Nygtalyşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Şeýle hem «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.Ýakyn wagtda biz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygyny goramagyň, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmagyň öňde durýan iň uly maksatdygyny nygtady.Türkmenistanda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, sagdyn ruhda terbiýelemek barada köp alada edilýär. Sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz geljekde hem türgenlerimiziň halkara derejeli ýaryşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara sport abraýyny belende galdyryp, watansöýüjiligiň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.Bellenilişi ýaly, medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda şu ýyl Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirildi. Geljek ýylda bolsa Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmegi, döredijilikli zähmet çekmegi üçin mundan beýläk-de ähli şertleriň dörediljekdigini nygtady.Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen döwürde Gadymy Merw, Köneürgenç ýadygärlikleri, Parfiýanyň Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň 9-sy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen alyp barýan işleriniň geljekde has-da giňeldiljekdigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklar meselesine ünsi çekip, dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Türkmenistan bu gün halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, forumlaryň mekanyna öwrüldi. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä we sebit ähmiýetli möhüm meseleleriň çözgüdini tapmaga hil taýdan täzeçe çemeleşýän Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geçirilen ýokary derejedäki maslahatyň hem-de netijeli duşuşyklaryň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we üstaşyr ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçjekdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär.Hormatly Prezidentimiz türkmen wekiliýetiniň ýakyn wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasyna hem gatnaşjakdygyny, bu taryhy sessiýada Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň beýan ediljekdigini belledi. Bu garaýyşlar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ekologiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň güwäsi boldy. Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreler giň gerim bilen geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy hem döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekde hem halkara guramalar bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Diýarymyzda gazanylýan her bir ösüşiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek esasynda amala aşyrylýandygyny, Garaşsyz ýurdumyzyň Mejlisiniň hem raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we yzygiderli kämilleşdirip durmagyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigine ünsi çekdi.Bellenilişi ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak möhüm bolup durýar. Kabul edilen milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň netijeli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, halkymyzdan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we seljermek işine aýratyn üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň we zähmetsöýer daýhanlaryň haýyşnamalarynyň göz öňünde tutulyp, täze etraplary döretmek barada öňe sürlen teklipleriň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Munuň özi welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýändigini belläp, Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar hem-de abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmegiň zerurdygyny aýtdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen ösüşleriň we täze maksatlaryň biziň öňümizde uly wezipeleri goýýandygyna ünsi çekip, mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.Watanymyzyň, eziz halkymyzyň mertebesini, abraýyny has-da belende galdyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan hem-de bagtyýar durmuş arzuw etdi we çykyşyny: «Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun! Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri! Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!» diýen şygarlar bilen jemledi.Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.Soňra Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karar bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrmak üçin D.Gulmanowa söz berildi. Ol Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karar bilen tanyşdyrdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize ýüzlenip, Halk Maslahatynyň şu günki mejlisinde möhüm ähmiýeti bolan Permandyr Kararlaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.«Ula hormat, kiçä sylag» diýlişi ýaly, ilki bilen, hormatly ýaşulularymyzy we ene-mamalarymyzy sylaglamak hakynda, şeýle hem zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar işlenip taýýarlanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda yzygiderli halkara başlangyçlary öňe sürýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň uly syýasy ähmiýetine ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň giňden dabaralanýandygynyň güwäsidir. Milli Liderimiz Konstitusiýamyza laýyklykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.Häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze etraplar döredilip, bagtyýar halkymyz zerur bolan durmuş-ykdysady şertler bilen üpjün edilýär. Bu zatlaryň ählisi adam hakyndaky aladanyň döwletimiziň baş maksady bolup durýandygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Ynha, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda hem Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň häkimliklerini döretmek, şeýle-de ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy gurmak hakynda kararlar işlenip taýýarlanyldy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we hormatly Prezidentimizden bu resminamalara gol çekmegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi.Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ertir sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi. Soňra arakesme yglan edildi. Arakesmäniň dowamynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda toý sadakasy berildi.Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini belledi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri giňden beýan etdi. Watanymyzy ösdürmek boýunça öňde duran möhüm wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy çözgütleri kabul etdi.Milli Liderimiz bu gün öten-geçenlerimizi ýatlap sadaka berilýändigini, halkymyzyň mukaddes gadymy däp-dessurlarynyň berjaý edilýändigini, bularyň hemmesiniň sogap, parz işlerdigini nygtap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen işleriň hemişe rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi. Duz-tagam dadylandan soňra, toý töwiri okalyp, Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagy, ähli asylly işleriniň üstünliklere beslenmegi dileg edildi.Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşanlara ýüzlenip, hemmeleriň bilelikde parz işi edendiklerini, öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berlendigini belläp, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň asuda, mukaddes ojaklaryň abadan, saçaklaryň rysgal-bereketli bolmagyny dileg etdi. “Toýlarymyz toýa ulaşsyn!” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.Arakesmeden soňra, mejlis öz işini dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanlary esasynda sylaglary gowşurmak dabarasyna başlamagy, Halk Maslahatynyň mejlisinde däp bolşy ýaly, hormatly ýaşulularymyza we ene-mamalarymyza mynasyp bolan sylaglaryny gowşurmagy teklip etdi we mejlise gatnaşyjylaryň adyndan döwlet Baştutanymyza her welaýatdan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi. Permanlary okamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşululara, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeländikleri, dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan ýaşulular we mährem eneler zähmetine berlen ýokary baha hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň abadan durmuşy barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jemleýji sözi bilen çykyş etdi.Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenilendigini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli halkymyz bilen bilelikde agzybirlikde, jebislikde öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Milli Liderimiz gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we ähli türkmen halkyna, mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.***Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy, halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy Watanymyzyň okgunly ösüşinde wajyp tapgyry alamatlandyran bu mejlisiň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi hem-de ýetip gelýän baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

19 Sen 2025
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Sizi hemişelik Bitarap döwletimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda köpöwüşginli dabaraly çärelere beslenip, giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Güneşli Diýarymyzdaky şanly wakalar dünýä bileleşigi tarapyndan parahatçylygyň, abadançylygyň, agzybirligiň mekany diýlip ykrar edilen ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ýolunda täze sepgitlere ýetýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa şöhratly geçmişi bolan, täze eýýamly, röwşen geljekli bagtyýar halkymyzyň eziz Watanymyzyň bähbitlerine çekýän döredijilikli zähmetiniň guwandyryjy netijeleri bolup durýar.Eziz watandaşlar!Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy dünýä bileleşigi bilen bilelikde bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar bolup ýazyljak üstünlikler gazanylýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, döwrebap şäherler, şäherçeler we obalar yzygiderli gurulýar. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzda senagat, durmuş-medeni maksatly köp sanly iri desgalaryň, binalaryň, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.Hormatly dabara gatnaşyjylar!Bu gün Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýar. Bu şäherçe ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz siziň bilen ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşany bolan täze binalar toplumyny ulanmaga berýäris. Şäherçede 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy. Bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Watanymyzyň öndürijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.Eziz watandaşlar!Sizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy we Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

11 Sen 2025
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi

Düýn Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alyp, oba hojalyk pudagynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde uly ähmiýete eýedir.5-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berip, pagtaçylara we oba hojalyk zähmetkeşleriniň ählisine işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Döwrebap infrastrukturanyň döredilmegi, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy bu özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda pagtanyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda pagtanyň degişli möçberiniň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.Pagtaçylyk Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin has amatlydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyna sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, tohumçylyga, pagtanyň ýokary hasylly görnüşlerini döretmäge aýratyn üns berilýär.Döwrebap suwaryş ulgamlaryny döretmäge, oba hojalyk toplumynyň tehniki parkyny täzelemäge uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär, döwletimiz tarapyndan dünýäniň belli kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şu gezekki ýygym möwsüminde hem meýdanlarda döwrebap kombaýnlar işlediler, pagtany daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar, traktor tirkegleri ulanylar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymyny bökdençsiz geçirmek maksady bilen, tehnikalara gije-gündizleýin hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň we pagtaçylaryň netijeli işlemegi, dynç almagy üçin talabalaýyk şertler döredildi.Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan, baýdaklar, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen ulaglaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady. Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Pagtanyň bol hasylyny ýetişdiren öňdebaryjy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

10 Sen 2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda iş toparlarynda Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklarynyň kadalaryny, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri geçirilýär. Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde geçiren çärelerine hem gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi. Şunuň bilen birlikde, onda ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zähmet bazaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Diýarymyzda bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegini Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan haýyş etdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegi, bu işde ýokary hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň yzygiderli ösdürilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy tehnologik enjamlary ornaşdyrylan senagat kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilýändigini, netijede, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aýtdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zehinli aýdymçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu telebäsleşigiň jemleýji tapgyryny “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, aýdymçy ýaşlarymyz üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny hem ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungata söýgi döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin we Pekin şäherlerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, sebit we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy şu ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we onuň “ŞHG+” formatyndaky mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bu guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, halkara başlangyçlaryna hemişe oňyn garaýandygyny nygtady, şeýle hem täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda ulag-logistika, kommunikasiýa, elektroenergetika, senagat we söwda ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy tarapyndan yglan edilen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygyny beýan etdi. Şunda bu başlangyjyň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigi bellenildi.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garaldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bellenilişi ýaly, gaz pudagy özara bähbitli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň barşynda şu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygy taýýarlandygyny habar berdi we geljekde bu hyzmatdaşlygyň şol resminamanyň esasynda ösdüriljekdigini nygtady.Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň noýabrynda geçirmek baradaky meselä seredildi. Saparyň öňüsyrasynda we onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 5-sine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, şeýle hem intellektual eýeçilik, ýokary bilim, muzeý işi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bar.Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere we harby ýörişe gatnaşdy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini we ýakynda bu ýurda iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. “Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler, gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar. Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny we sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” hem-de “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli resminamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05 Sen 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir....Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak, olary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Gatnaşyklaryň şeýle derejesi syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky özara hereketlere oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary açyklygy, özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň ýokary derejesi, uzak möhletli bilelikdäki ösüş maksatlaryna aýdyň düşünilmegi bilen tapawutlanýar.Halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çemeleşmeleri ýakyn ýa-da gabat gelýär. Tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylyş şol çemeleşmeleriň esasyny düzýär. Türkmenistan hem-de HHR halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady. “Bu gün şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany kabul etmeginde Hytaý Halk Respublikasynyň möhüm ornuna ünsi çekip, munuň üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.HHR-iň Başlygy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Hytaýyň ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyz birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat, oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýärler.Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki günde ýurtlarymyz gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň esasynda giň, açyk we netijeli ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, özara bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almak, uzak möhletleýinlik we durnuklylyk ýörelgeleri esasynda Ýewraziýa yklymynyň çalt depginler bilen ösýän sebitlerini bitewi geoykdysady giňişlige birleşdirmek ýaly umumy maksatlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogyny goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşýandygyny belläp, häzirki günde bu formatyň derwaýysdygyny hem-de oňa gatnaşyjylaryň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da, bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz olaryň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, şol sanda ýokary tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň, taryhy-arheologik ylmy barlaglary geçirmegiň, iki halkyň edebi mirasyny öwrenmegiň we ony özara wagyz etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň toplan baý tejribesini halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmak üçin hytaýly hyzmatdaşlar bilen bu tejribäni ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.“Türkmenistan we Hytaý gadymy taryhy bolan ýurtlardyr. Asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz dürli görnüşlerde gatnaşyk saklap, özboluşly tejribe topladylar. Bu gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy baradaky garaýyşlary ýakyndyr. HHR-iň Başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar. 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.***Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda tejribe alşyp, innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak boýunça hukuk binýadyny hem-de mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni hyzmatdaşlyk dialogyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, sergileri, iki halkyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki medeni çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar. Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. Degişli infrastrukturanyň ösdürilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, özara maýa goýumlar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

02 Sen 2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek bu baýramçylygyň eziz Watanymyza buýsanjyňy joşdurýan şanly seneleriň biri hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mugallymlarymyzyň, ähli merdana halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aljakdygyna berk ynanýaryn.Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip, täze döwrümiziň kuwwatly binýadyny tutýarys.Milli maksatnamalarymyzy, konsepsiýalarymyzy we strategiýalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň sanyny artdyrýarys, milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýarys. Daşary syýasy strategiýamyzyň möhüm bölegi hökmünde abraýly halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirip, bilim babatda gazananlarymyzy dünýä ýaýýarys. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmakda, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ýolundaky maksatlarymyzy durmuşa geçirmekde mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň uly paýy bardyr. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, yhlasly okamak, hünär öwrenmek, halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanyp, Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.Ýaşlar biziň abraýymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Siziň her biriňiz türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg, Salyr Gazan, Soltan Jelaleddin ýaly merdana pederlerimiziň watançylyk we ynsanperwerlik taglymatlaryndan, astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil bilimi ýaly ylymlaryň esasy ugurlary boýunça belent derejelere ýeten ýüzlerçe alymlarymyzdyr söz ussatlarymyzyň döredijilik ylhamyndan ruhlanyp, beýik açyşlaryňyz, oýlap tapyşlaryňyz, döredijilik eserleriňiz we zähmetiňiz bilen ata Watanymyza, halkymyza wepaly hyzmat etmelisiňiz.Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary täze eýýamyň paýhas esasy hem-de terbiýe mekdebiniň binýadydyr. Şoňa görä-de, bu nusgalyk terbiýe mekdebiniň ýörelgelerine eýerip, şeýle hem milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratly, yhlasly, ak ýürekden halal zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

01 Sen 2025
«Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan» for­ma­tyn­da­ky üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk

Şu gün “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di.Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk baş­la­maz­dan ozal, we­ki­li­ýet­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň üç ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň hem-de du­şu­şy­gyň ban­ne­ri­niň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Soň­ra üç­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mek we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ge­çir­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin do­gan­lyk ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­ny kö­pa­syr­lyk dost-do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, umu­my ta­ry­hy-me­de­ni, ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu bol­sa kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy üçin berk bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.Hä­zir­ki wagt­da üç döw­le­tiň ara­syn­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we dur­muş ul­gam­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­lar döw­re­bap gör­nüş­de ös­dü­ril­ýär. Şun­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny hem-de onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça wa­jyp yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­jek­di­gi­ni aýt­dy.Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan hem-de Öz­be­gis­tan Ýew­ra­zi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da, geog­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­de, ýag­ny Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Mu­nuň özi ýurt­la­ryň te­bi­gy çig mal­la­ra baý bol­mak­la­ry bi­len, ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çy­kar­mak­la­ry ba­bat­da oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz şu­lar ba­ra­da aý­dyp, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li we do­ly kuw­wa­tyn­da ulan­ma­gyň bi­ziň do­gan­lyk halk­la­ry­my­zyň eş­ret­li, aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge, döw­let­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy or­nu­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň gün ter­ti­bin­de me­de­ni-dur­muş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi halk­la­ry­my­zyň has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na we je­bis­leş­me­gi­ne iter­gi be­rer.Halk­la­ryň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, di­li­ni, ede­bi­ýa­ty­ny, mil­li däp-des­sur­la­ry­ny, ha­ly­şy­nas­lyk, ama­ly-ha­şam we aý­dym-saz sun­ga­ty­ny go­rap sak­la­mak, ony dün­ýä de­re­je­sin­de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry gol­da­mak hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­si­dir. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň üs­tün­lik­li geç­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, onuň ne­ti­je­le­ri­niň üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge we ber­kit­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki mö­hüm tas­la­ma­lar­dyr baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len ze­rur ädim bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri do­gan­lyk ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, çy­kyş et­mek üçin Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne söz ber­di.Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Ha­zar deň­zi­niň aja­ýyp ke­na­ryn­da­ky gep­le­şik­le­riň we du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem öz­bek Li­de­ri ýa­kyn­da Awa­za­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi oňa gat­na­şan döw­let­le­riň ta­ry­hy­na mö­hüm sa­hy­pa bo­lup ýa­zyl­dy.Be­lent mer­te­be­li myh­man Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 22-nji aw­gus­ty­nyň ta­ry­hy gü­ne öw­rü­len­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Mu­nuň özi Ha­za­ryň aja­ýyp ke­na­ryn­da dö­re­di­len “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň şöh­ra­ty­nyň dün­ýä dol­ma­gy­na go­şant goş­ýar. Ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bo­lan du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ga­za­nyl­jak yla­la­şyk­lar üç­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi be­rer. Awa­za­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da baý tej­ri­be top­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, öz­bek Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ägirt uly ösüş­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mu­nuň özi hä­zir­ki dö­wür­de ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň saz­la­şyk­ly ösü­şin­de, hal­kyň aba­dan dur­mu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şeý­le­lik­de, ok­gun­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Bu bol­sa öza­ra bäh­bit­li we yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň ägirt uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­nyň be­ýa­ny­dyr.Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Bu bol­sa iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki mö­hüm tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.Üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew çy­kyş edip, bu du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu ýy­lyň iýu­lyn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran we hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hy­nda tä­ze sa­hy­pa­ny açan sa­pa­ry­ny ýat­la­dy. Mu­nuň özi iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.Azer­baý­ja­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­lar­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew de­giş­li ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek, öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. Şeý­le-de be­lent mer­te­be­li myh­man ýa­kyn­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len çä­re­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi we 2024 — 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­nyň yg­lan edil­me­gi hem-de Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­synyň ka­bul edil­me­gi tu­tuş dün­ýä ýurt­la­ry üçin mö­hüm çöz­güt­ler hök­mün­de ka­bul edil­di.Şu gün­ki du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­jek res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Azer­baý­ja­nyň Fi­zu­li şä­he­ri bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da Tes­wir­na­ma gol çe­kil­jek­di­gi aý­ra­tyn nyg­tal­dy. Mu­nuň özi iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has ne­ti­je­li we ýyg­jam hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny şert­len­di­rer.Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­kyş­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. “Bi­ziň ýurt­la­ry­myz iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler” di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy.Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýy­lyň “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, hem­me­le­ri Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­gyr­dy.“Soň­ky ýyl­lar­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry­my­zy ös­dür­mek üçin üç döw­let ta­ra­pyn­dan uly ta­gal­la­lar edil­di. Biz esa­sy ul­gam­lar­da — sy­ýa­sat­da, ener­ge­ti­ka­da, ulag­da, söw­da­da, se­na­gat­da, ma­ýa go­ýum­lar­da, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­da, san­ly­laş­dyr­mak­da, me­de­ni­ýet­de, ylym­da we bi­lim­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin mö­hüm çä­re­le­ri gör­ýä­ris. Bu bol­sa öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sö­zü­ni do­wam et­di.Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­me­giň tä­ze ugur­la­ryn­dan peý­da­lan­mak­da go­şan­dy örän ulu­dyr. De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta we Gün­do­gar — Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag ge­çel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de iş­jeň­leş­dir­mek­de, bi­ziň çäk­le­ri­miz­de ne­ti­je­li lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­de se­bi­tiň ýurt­la­ry mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Şun­da söw­da, se­na­gat, eko­lo­gi­ýa, daş­ky gur­şaw, oba ho­ja­ly­gy we beý­le­ki ugur­lar bi­len bag­ly me­se­le­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra bag­ly­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri şu gün­ki du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ýurt­la­ry­myz üçin örän äh­mi­ýet­li bo­lan me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­ne ga­ral­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Bu me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň uzak möh­let­li gel­jek üçin hyz­mat­daş­ly­gy­nyň üs­tün­lik­li bol­ma­gy­ny üp­jün eder.Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri do­ly üp­jün et­mek­de mil­li ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly go­ru­ny dö­ret­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu stra­te­gik mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me hem-de üç döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da top­lum­la­ýyn, he­mi­şe he­re­ket ed­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­ler ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk möhümdir. Ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­por­ty­nyň uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni aý­dyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ul­gam­da Öz­be­gis­tan bi­len ýo­la goý­lan gat­na­şyk­lar­da oňyn tej­ri­be top­la­nan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan her ýyl Öz­be­gis­ta­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň köp möç­be­ri­ni iber­ýär.Mil­li Li­de­ri­miz gel­jek­de türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na iber­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, hä­zir­ki wagt­da Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da kuw­wat­ly­ly­gy 1 müň 574 me­ga­wat bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi­niň türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na we onuň çä­gi ar­ka­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na iber­mek üçin goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­tan­dan Azer­baý­ja­na we Öz­be­gis­ta­na te­bi­gy ga­zy iber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.“Üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da ulag ul­ga­my aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu ul­ga­myn­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň ös­me­gi üçin stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe­dir” di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Azi­ýa­ny Ýew­ro­pa bi­len bir­leş­dir­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­niň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň çä­gin­den, şeý­le-de Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­niň üs­tün­den ge­çip, yk­ly­myň köp ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň ösü­şin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ge­çel­ge­le­riň ulag ugur­la­ry­ny köp­ta­rap­ly esas­da ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. “Mu­nuň özi üç ýur­duň üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Hä­zir­ki aja­ýyp müm­kin­çi­lik­den peý­da­lan­ma­gy­my­zy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň bi­te­wi ulag stra­te­gi­ýa­sy­ny dö­ret­mä­ge gi­riş­me­gi­mi­zi ze­rur ha­sap­la­ýa­ryn” di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin hal­ka­ra de­re­je­de yla­la­şyk­ly we mak­sa­da­la­ýyk ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy, BMG-niň Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti üçin Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ko­mis­si­ýa­sy, Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi, De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy, Hal­ka­ra De­ňiz Gu­ra­ma­sy bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.Uzak möh­let­le­ýin dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne da­ýa­nyp, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny ep-es­li art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy ösü­şi hö­wes­len­dir­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz söw­da­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, ho­ja­ly­gy ýö­red­ýän dü­züm­le­riň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­me­giň we ony iş­jeň ulan­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da “Da­şo­guz — Şa­bat” ser­het­ýa­ka söw­da zo­la­gy­nyň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li işe gi­ri­zil­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da 2026 — 2035-nji ýyl­lar döw­ri üçin üç ýur­duň çä­gin­de se­na­gat tas­la­ma­la­ry­na bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rüp, bu çe­me­leş­mä­niň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ne­ti­je­li alyş­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da önüm­le­riň mil­li gör­nüş­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk hem Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Bi­ziň halk­la­ry­my­zy umu­my me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­lar, däp-des­sur­lar bir­leş­dir­ýär. Hut şu ta­ry­hy umu­my­lyk giň ugur­lar bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şu­lar ba­ra­da aý­dyp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň ara­syn­da­ky kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de tap­gyr­la­ýyn wa­ka bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di we Pre­zi­dent­ler Il­ham Ali­ýe­we hem-de Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we ýur­du­myz bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge goş­ýan şah­sy go­şant­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da türk­men ta­ra­py­nyň öza­ra yna­nyş­ma­gyň, dü­şü­niş­me­giň we hyz­mat­daş­ly­gyň de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, üç döw­le­tiň hem-de ola­ryň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di.Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Onuň çäk­le­rin­de “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” döw­let gul­lu­gy bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hal­ka­ra ho­wa gat­na­wy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Ar­ka­dag şä­he­ri (Türk­me­nis­tan) bi­len Fi­zu­li şä­he­ri­niň (Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da Tes­wir­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da gä­mi gur­lu­şy­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ha­kyn­da Tes­wir­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bi­len «Öz­bek res­pub­li­kan ha­ryt-çig mal bir­ža­sy» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.Ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­ny ka­bul et­di­ler. Res­mi­na­ma­da üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de yna­nyş­ma­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mä­ge hyz­mat et­jek­di­gi ba­ra­da­ky pi­kir be­ýan edil­ýär.Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler.Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň jem­le­ri­ni tes­wir­läp, üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu gün­ki du­şu­şyk, ha­ky­kat­dan-da mö­hüm wa­ka bo­lup dur­ýar. Çün­ki gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di. Ylaý­ta-da, has wa­jyp sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ra de­giş­li so­rag­la­ra üns çe­kil­di.“Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan we Öz­be­gis­tan di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de adyl hem-de açyk sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar­lar. Esa­sy alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­myz bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, de­ňag­ram­ly­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk esa­syn­da se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Yk­dy­sa­dy ug­ra hem de­gip geç­mek bi­len, ýurt­la­ry­my­zyň kuw­wat­lyk­la­ry di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa­da-da geoyk­dy­sa­dy bäh­bit­le­re iter­gi be­rer di­ýip ha­sap ed­ýä­ris. Bu ba­bat­da bir­nä­çe my­sal­la­ry aý­dyp geç­mek bo­lar. Elekt­roe­ner­ge­ti­ka ba­ra­da aý­da­ny­myz­da, bu ugur­da ozal­dan gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si bar. Şeý­le hem gaz pu­da­gyn­da üç ýur­duň ara­syn­da stra­te­gik öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­läp geç­dik we bu me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­my­zy be­ýan et­dik” di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di.Ulag pu­da­gy hem üç döw­le­tiň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­ni we ugur­la­ry­ny, ola­ryň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny has-da iş­jeň ulan­mak hem-de gi­ňelt­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­r bar. Hu­su­san-da, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hem-de Ha­za­rüs­ti se­bi­tiň üs­ta­şyr ge­çi­riş müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ze­rur­dyr.“Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da üç do­gan­lyk ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky giň ge­rim­li yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. El­bet­de, bu hyz­mat­daş­lyk ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport, me­de­ni­ýet, sun­gat, hu­su­san-da, aý­dym-saz, ha­ly­çy­lyk, at­şy­nas­lyk ýa­ly beý­le­ki köp san­ly yn­san­per­wer ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Umu­man, bu du­şu­şyk bi­ziň üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar” di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy we hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň öz öňün­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek­le­ri ba­bat­da äh­li şert­le­riň bar­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di. Müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň do­gan­lyk halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di.Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, şu gün­ki du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy we mä­hir­li ka­bul eden­di­gi üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Ol iki hep­de mun­dan ozal hut şu ýer­de, aja­ýyp Awa­za­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mö­hüm fo­ru­my­nyň — Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­tyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­läp, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da se­bit üçin örän wa­jyp me­se­le­le­riň äh­lu­mu­my hä­si­ýet­li pi­kir alyş­ma­la­ryň üns mer­ke­zin­de bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­ny oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň bu uly üs­tün­li­gi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy.“Gü­nor­ta Kaw­kaz­da uzak möh­let­li pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ka­rar bol­ma­gy do­gan­lyk Azer­baý­ja­nyň yk­dy­sa­dy, ulag, ener­ge­ti­ka, yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ol hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly kuw­wa­tyn­dan do­ly de­re­je­de peý­da­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär” di­ýip, öz­bek Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di. Ol şu gün üç­ta­rap­la­ýyn for­mat­da ge­çi­ri­len oňyn we ne­ti­je­li gep­le­şik­le­re çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­tap, bu du­şu­şy­gyň halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne stra­te­gik esas­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga berk bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ser­het­ýa­ka ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýän­di­gi­ne we ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa öza­ra bag­la­ny­şy­gy­na ün­si çe­kip, bu ýurt­la­ryň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ba­bat­da öza­ra bag­la­ny­şy­gy na­za­ra al­nan­da, onuň ta­rap­la­ra bäh­bit ge­tir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri ös­dür­mek, şol san­da Türk­men­ba­şy­nyň we Ba­ku­wyň port­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, döw­re­bap lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek me­se­le­le­ri-de hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da­dyr. Mil­li ulag ul­gam­la­ry­nyň ýa­kyn­laş­ma­gy­ny çuň­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, se­bit­de he­re­ket ed­ýän we hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan me­ýil­na­ma­la­ryň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny bel­läp, Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny ta­rap­la­ryň ulag-lo­gis­ti­ka dü­züm­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, Ha­zar deň­zi­niň üs­ti bi­len gä­mi gat­naw­la­ry­ny yzy­gi­der­li ýo­la goý­mak işin­de bi­le­lik­de ta­gal­la et­mek ba­ra­da yla­la­şan­dyk­la­ry­na ün­si çek­di. Mun­dan baş­ga-da, üç ýur­duň ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne üns be­ril­di.Öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hem gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bin­de mö­hüm or­ny eýe­le­di. Şun­da mil­li kär­ha­na­la­ryň ön­dür­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri­niň eks­port-im­port amal­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti hyz­mat­daş­ly­gyň bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­rin­den has do­ly peý­da­lan­mak ar­ka­ly tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da şu gün­ki ta­ry­hy du­şu­şy­gyň ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga, dur­nuk­ly söw­da, ulag we ener­ge­ti­ka ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge, se­bit­de ýa­kyn­laş­mak işi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew du­şu­şy­gyň jem­le­ri­ni be­ýan et­mek bi­len, türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.“Iri hal­ka­ra fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rü­len Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler do­gan­lyk Türk­me­nis­ta­nyň ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar” di­ýip, dost­luk­ly ýur­duň Pre­zi­den­ti sö­zü­ni do­wam et­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ol Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de hem döw­re­bap oba-şä­her­le­riň gu­rul­ýan­dy­gyny, türk­men hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­me­giň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.“Türk­men we azer­baý­jan halk­la­ry asyr­la­ryň do­wa­myn­da do­gan­lar­ça ýa­şap­dyr­lar, dur­mu­şyň dür­li tap­gyr­la­ryn­da bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­mek ar­ka­ly egin-eg­ne be­rip, öz ýurt­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da gö­re­şip­dir­ler. Şu ýy­lyň iýu­lyn­da me­niň ça­ky­ly­gym bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bo­lup, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler, azer­baý­jan hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry, me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty, meş­hur azer­baý­jan şah­sy­ýet­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gi, dur­mu­şy bi­len iç­gin ta­nyş­dy. Şol sa­pa­ryň do­wa­myn­da biz köp me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dyk” di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di.Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew şu ge­zek­ki ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy ge­çir­mek baş­lan­gy­jy üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, türk­men, azer­baý­jan we öz­bek halk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de je­bis­leş­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len üç­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. “He­mi­şe­lik esas­da iş­le­ýän üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk for­ma­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da de­giş­li döw­let dü­züm­le­ri­ne anyk gör­kez­me­le­ri ber­mek, şeý­le­lik­de, hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­lan­dy. Şu gün üs­ta­şyr ulag, lo­gis­ti­ka, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, gaz kän­le­ri­ni öz­leş­dir­mek, me­de­ni gat­na­şyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy” di­ýip, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew bu me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­niň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ar­ka­dag we Fi­zu­li şä­her­le­ri­niň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ba­ra­da yla­la­şy­gyň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny ha­bar be­rip, mu­nuň ga­dym­dan gel­ýän dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň do­wa­mat bol­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­di­gi­ni nyg­ta­dy. “Iki Ga­raş­syz döw­le­tiň ga­dy­my­ýet­den gel­ýän do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryn­dan göz­baş al­ýan ýö­rel­ge­le­riň we asyl­ly iş­le­riň be­lent sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn” di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Li­de­ri sö­zü­ni jem­le­di.Met­bu­gat mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri bi­le­lik­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ug­ra­dy­lar.Ra­hat dynç al­mak, sag­ly­gy ber­kit­mek, iri hal­ka­ra fo­rum­la­ry we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy türk­me­nis­tan­ly­la­ryň buý­san­jy­dyr. Onuň ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy, dö­re­di­len amat­ly şert­ler türk­men top­ra­gy­nyň bu be­hiş­di kün­je­gi­niň dün­ýä de­re­je­li şy­pa­ha­na mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ni, di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl-de, da­şa­ry döw­let­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hem on­da dynç al­ma­ga, sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­mek­le­ri­ni şert­len­dir­di. Şeý­le­lik­de, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dün­ýä de­re­je­li şy­pa­ha­na hök­mün­de öz or­nu­ny ber­kid­ýär.Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ni, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­ni me­de­ni çä­rä­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ýyg­na­nan­lar, şol san­da “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.Il­ki bi­len, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2007-nji ýyl­da dö­re­di­len “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­di. Gö­zel­li­gi, çe­ýe­li­gi, ýyn­dam­ly­gy bi­len gö­re­ni haý­ra­na goý­ýan be­dew­ler bi­len çy­kyş et­me­giň oňyn tej­ri­be­si­ni top­lan og­lan-gyz­lar da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de çyl­şy­rym­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da çy­kyş edip, sirk sun­ga­ty bo­ýun­ça bir­nä­çe ab­raý­ly hal­ka­ra baý­rak­la­ra, şol san­da 2013-nji ýyl­da Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “IDOL” bü­tin­dün­ýä sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da, 2014-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň La­ti­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len XVI hal­ka­ra sirk fes­ti­wa­lyn­da, 2015-nji ýyl­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da­ky II hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da, 2016-njy ýyl­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pon-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň II bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da baş baý­rak­la­ra, 2018-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len I hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da “Al­tyn Gae­ta­no” al­tyn heý­kel­ji­gi­ne my­na­syp bo­lan “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry to­ma­şa­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­leri gal­dyr­ýar. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da bol­sa bu to­pa­ryň ag­za­la­ry Mo­na­ko Knýaz­ly­gy­nyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­ga hem-de ýö­ri­te baý­rak­la­ra my­na­syp bo­lup, hal­ky­my­zyň buý­san­jy­ny has-da be­len­de gö­ter­di. “Gal­ky­nyş” to­pa­ry bu ugur bo­ýun­ça mil­li sun­ga­ty­my­zy dün­ýä­de giň­den ta­nat­ma­ga uly go­şant goş­mak bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da gu­ral­ýan da­ba­ra­lar­da, şan­ly se­ne­le­riň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­ýän me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler­de-de çy­kyş ed­ýär­ler.Şu gün­ki şan­ly wa­ka­nyň hor­ma­ty­na ge­çi­ri­len da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hem ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň gö­zel­li­gi­ni, çe­ýe­li­gi­ni, ça­pyk­su­war­lar bi­len be­dew­le­riň saz­la­şyk­ly he­re­ket­le­ri­ni uly buý­sanç duý­gu­la­ry bi­len syn­la­dy­lar. Soň­ra be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ra sow­gat­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga gat­na­şan­dyk­la­ry, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça oňyn çöz­güt­le­riň ka­bul edi­len­di­gi we yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­ma­gy­na gol­daw be­ren­dik­le­ri üçin, türk­men ta­ra­py­nyň çuň­ňur ho­şal­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de dost­luk­ly ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan Ta­wus at­ly aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi sow­gat be­ril­di. 2022-nji ýyl­da dog­lan, Gün­do­gar hem-de Gaý­ma at­ly be­dew­le­riň nes­li bo­lan ak­ýal me­le reňk­li bu be­dew ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Fa­kir­päl­wan at­ly be­de­wiň ne­sil ug­ru­na de­giş­li­dir.Soň­ra Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we türk­men hal­ky­nyň adyn­dan kö­şek­li ar­wa­na dü­ýä­niň sow­gat be­ril­ýän­di­gi yg­lan edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz do­gan­lyk döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di hem-de ola­ry sow­gat­la­ry bi­len gut­la­dy. Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne Ta­wus at­ly aja­ýyp be­de­wiň gü­wä­na­ma­sy­ny uly hor­mat bi­len gow­şur­dy. Şeý­le hem Mil­li Li­de­ri­miz “Ula hor­mat, ki­çä sy­lag” di­ýen paý­has­ly jüm­lä eýe­rip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne ar­wa­na dü­ýä­niň res­mi­na­ma­sy­ny gow­şur­dy. Do­gan­lyk döw­let­le­riň Li­der­le­ri gow­şu­ry­lan bu sow­gat­la­ry öz ýurt­la­ry­na we halk­la­ry­na bil­di­ri­len çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­dik­le­ri­ni nyg­tap, mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, tu­tuş türk­men hal­ky­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.Da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry hem­me­ler bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy­lar.Şeý­le hem bu ýer­de türk­men toý-baý­ram­la­ry­na mah­sus da­ba­ra­lar gu­ral­dy. Ak öý­le­riň öňün­de mil­li ta­gam­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si da­ba­ra­la­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.Şol gün Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den öz ýurt­la­ry­na ug­ra­dy­lar.

22 Awg 2025
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Bu maslahatda Hazar deňziniň sebitinde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde berk binýat bolup hyzmat etjek resminamalar, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany taýýarlamagyň ähmiýeti ilkinji gezek ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy.Gadyrly myhmanlar!2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça sebitiň ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, tejribeli hünärmenleriň we tanymal alymlaryň gatnaşmagynda birinji Hazar ekologiýa forumynyň geçirilmegi Hazar deňziniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň uly tagalla edýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ýurdumyz sebitiň uly üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly Hazarýaka ýurtlaryň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat we söwda pudaklarynda hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen guralan birinji Hazar ykdysady forumynyň hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda bolsa Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we netijeli ösdürmek babatda täze başlangyçlar beýan edildi.Türkmenistan 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Hazar deňziniň sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde, geljekde bilelikde has netijeli ädimleri ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ekologik taýdan durnukly ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen toý-baýramlaryň, halkara maslahatlaryň, resmi duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýaňy-ýakynda hut şu gözel künjekde üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahatyň hem Hazar deňzinde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň hemişe dowam etmegine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde ähmiýeti örän uludyr.Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän maslahatyň, medeni we sport çäreleriniň Hazaryň baý deňiz ekoulgamyny, özboluşly biologik köpdürlüligini gorap saklamak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça Hazarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň has-da berkidilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

12 Awg 2025
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly Hereketleriň täze maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanunçykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady bolup durýar.  DÇBÖBD-iň parlamentleri bu döwletleriň geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler.  Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny hem-de inklýuziwliligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň  we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar.  Şeýle hem DÇBÖBD-iň parlamentleri Maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Parlamentariler özleriniň kanunçykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijesinde, maýa goýumlar we innowasiýalar üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýärler.  Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

04 Awg 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan uçarynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan pursatlarynyň Milli Liderimizň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.Dabara ýygnanan hormatly ýaşulular arassa asmana ýaraşyk berip barýan laçyn keşpli uçary ýüzlerine sylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolunyň ak, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler. Durmuşyň gül-gunçalary hasaplanýan şadyýan körpeleriň joşgunly ýürek sözlerinde bolsa bagtyýar günleriň göwünleri göterýän belent owazy öz beýanyny tapdy. Bu pursatlar tutumly toýuň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendigini alamatlandyrdy. Juwan şäher, nurana säher, ak ýol, ak uçar ýeneki rowaçlyklaryň nyşany bolup, ajaýyp sazlaşygy döretdi....Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda oňyn tejribe toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.Soňra hormatly Prezidentimiz maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almaklary, toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç etmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken degişli Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garalandygyny bellemek gerek. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi.Bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklardyr forumlaryň, konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň özeninde durýan parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň halklary ýakynlaşdyrýandygyny aýdyp, bu ýerde guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.Döwlet Baştutanymyz hemmelere işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Häzirki wagtda dynç alşyň naýbaşy mümkinçiliklerini özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar Hazaryň ajaýyp kenaryna bezeg berýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar. Ýakymly howa gurşawy, deňiz tolkunlary göwünleri galkyndyrýar. Halkara foruma geljek myhmanlar bu täsinlikleriň ählisiniň şaýady bolarlar.Arkadagly Gahryman Serdarymyz myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

30 Iýl 2025