
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy öz işine başlady.Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongologiýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler.Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy, Halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hökümet agzalary, tanymal alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar bar.Bu forum beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köpsanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, beýik şahyryň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny hem-de umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara maslahatyň esasy maksatlarydyr.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýan şu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmuny bardyr.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi.Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpasyny ýüze çykarýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, sungat işgärleri beýik şahyra bagyşlap köp işleri bitirdiler, kämil eserleri döretdiler. Bu eserler söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, dünýä giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen berk baglydyr. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr. Daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymgulynyň heýkelleriniň oturdylandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar.Hormatly adamlar!Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.Hormatly foruma gatnaşyjylar!Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys.Sözümiň ahyrynda foruma gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry)

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.Döwlet Baştutanlary köşgüň içine girip, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi “Rowaç” zalyna çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ertir geçiriljek beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, ony mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça depginli, gyşarnyksyz we anyk maksada gönükdirilip alnyp barylýar. Ony ösdürmek hem-de giňeltmek bilen, biz türkmen we gazak halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak däpleriniň çuňňur taryhy köklerine daýanýarys. Häzirki döwürdäki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, iki ýurduň hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine esaslanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna berk we üýtgewsiz goldaw berýändigi, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna, garaýyşlaryna we tekliplerine ýardam berýändigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmak, häzirki zaman tehnologik ösüşi üçin şertleri döretmek, medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde mümkinçiliklerini ulanmak üçin uly tagallalar edilýär.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinýändigini, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtap, şu gün geçiriljek gepleşikleriň türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşuşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Gazagystan energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly sarpa goýýarys diýip, gazak Lideri ýurdumyzyň sebit hem ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekdäki saldamly goşandyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurduň özara ysnyşykly gatnaşyklara, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.Ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça-da pikir alyşdylar.Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Lideriniň şu resmi saparynyň ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, gatnaşyklaryň täze, geljegi uly ugurlaryna çykmaga hyzmat etjekdigini belledi.Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň gatnaşyklarynyň taryhy ýüzýyllyklara uzaýar. Hakyky doganlyk hyzmatdaşlygy kemala geldi. Iki döwleti we halky diňe bir geografik taýdan ýerleşiş däl, eýsem, taryhy ykballarynyň aýrylmazlygy, biri-birine zerurdygy baradaky düşünjeler hem birleşdirýär. Biz bu umumy gymmatlyklaryň gadyryny bilýäris, ata-babalarymyzdan miras galan, ýokary ahlak kadalary baradaky garaýyşlarymyzyň esasyny düzýän däplere aýawly garaýarys hem-de olary hormatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şu ýyl görnükli şahsyýetleriň — türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Gazagystanyň paýtagty Astanada, gazak şahyry, filosofy hem-de magaryfçysy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatda ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu dabaraly çärelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşandygy aýratyn bellärliklidir.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny ählumumy ösüşiň ugurlaryna özara doly düşünmek bilen şertlenendir. Türkmenistan halkara işlerde Gazagystan bilen bilelikde deňhukuklylyk we adalatlylyk, BMG-niň esas goýujy resminamalaryna berk eýermek ugrunda çykyş edýär.Halkara parahatçylygy, durnuklylygy goramak, ählumumy töwekgelçiliklere hem-de howplara garşy göreşmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, häzirki döwürde biz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Döwletara syýasy dialogda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Esasy halkara meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini göz öňünde tutup, Türkmenistan we Gazagystan dünýäde alyp barýan işlerini utgaşdyrýarlar, birek-biregi goldaýarlar. Munuň özi diňe sebitimizde däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem hakyky netijeleri gazanmaga we emele gelen ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen 25 sany Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini belledi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň halkara tagallalaryna uly ähmiýet berip, netijeli garaýyşlaryny we tekliplerini yzygiderli goldaýar.Sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny berkitmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meselä ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň üýtgewsizdigini hem-de yzygiderlidigini belledi. Türkmenistan bilen Gazagystan Merkezi Aziýanyň we serhetdeş sebitleriň parahatçylykly ösüşini üpjün edýän berk hem-de netijeli usullaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler.Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň aýgytly şertleriniň biridir. Onuň şu ýylyň awgustynda Astanada geçirilen nobatdaky mejlisi bäştaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Sebitiň ýurtlarynyň birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak bilen, iň çylşyrymly meselelere-de öz garaýyşlaryny beýan etmäge we olary bilelikde çözmäge taýýardyklaryny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.Owganystandaky ýagdaý biziň gepleşiklerimiziň aýratyn meselesi bolup durýar. Biz owgan meselesinde halkara bileleşigiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediji mümkinçiligini has işjeň we giňden ulanylmaly diýip hasap edýäris. Türkmenistan bilen Gazagystanyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygy Owganystanda asudalygy, durnuklylygy, bu ýurduň ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamyny dikeltmekde örän peýdaly bolmalydyr. Bu ýurt sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna giňden çekilmelidir diýip hasaplaýarys. Şu maksat bilen, syýasy dialogy, şol sanda ony owgan meselesi boýunça alyp barmak üçin daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, biz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmak, Aral meselesini çözmek ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrarys. Şu meselede Gazagystanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli başlyklyk edýändigini aýratyn bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Gazagystan Hazar deňzi boýunça hem Türkmenistanyň goňşusydyr. Biziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşyklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň örän möhüm şerti bolup durýar. Bu ugurda soňky ýyllarda köp iş edildi. Strategik maksada ýetildi — 2018-nji ýylda Aktau şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. 2022-nji ýylyň tomsunda Hazarýaka döwletleriň Aşgabatda geçirilen VI sammitinde biz bäştaraplaýyn Hazar gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. Olary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygymyzy beýan etdik. Şu gün bu taýýarlygymyzy tassyklap, Hazar sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, deňziň biodürlüligini gorap saklamak we suwunyň çekilmegine garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça zerur işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, Gazagystan Respublikasy bu ulgamda ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, Hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi. Umuman, bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hil taýdan gowulanyp, yzygiderli ösýär. Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi aýdyldy. Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.Iki iri energetika döwletleri bolan Türkmenistan bilen Gazagystan yklymda energetika hyzmatdaşlygyna, energetika durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli hem-de oňyn täsir edip biler. Şunuň bilen baglylykda, gaz we elektrik energiýasy pudaklarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Ulag-logistika hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy yklymüsti geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hind ummanyndaky deňiz portlaryna çykmak bilen, Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça ulag geçelgesini döretmäge hem-de onuň doly işlemegine Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmagyň, Hazar deňzindäki Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň üstünden multimodal ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini bellemek isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.Iki ýurduň awtomobil ýollarynyň, hususan-da, türkmen bölegi ýakyn geljekde döwrebaplaşdyrylyp başlanjak Türkmenbaşy — Garabogaz — Temirbaba — Aktau awtomobil ýolunyň uly mümkinçiligi bar.Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlarynyň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyn gurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmen-gazak serhetýaka söwda zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da, nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.Biziň ýurtlarymyzyň işewürler bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin düýpli mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin.Şunuň bilen baglylykda, türkmen we gazak kompaniýalaryny iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmak üçin çekmäge döwlet ýardamyny bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Yzygiderli ösdürilýän we giňeldilýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Gazagystan bilen gatnaşyklarymyzyň örän möhüm ugry bolup durýar.Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar has-da işjeňleşip, dürli bilelikdäki çäreler geçirilýär. Şu ýylyň iýunynda Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Siziň saparyňyzyň öň ýanynda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynda örän uly gyzyklanma döreden Gazagystanyň Medeniýet günleri guraldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Ylym ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge has uly üns bermek, iki ýurt üçin wajyp ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýmak zerurdyr. Şoňa görä-de, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça resminamalary taýýarlamaga girişmek teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellemek bilen, häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 2,5 müňe golaýynyň bilim alýandygyny aýtdy. Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda berýän kömegi üçin gazagystanly hyzmatdaşlara minnetdardyr.Biziň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösýär. Türkmen we gazak halklaryny diňe bir taryhy taýdan doganlyk, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, gelip çykyşynyň, diliniň, dininiň we medeni-ahlak sütünleriniň umumylygy birleşdirmek bilen çäklenmeýär. Häzirki döwürde biz gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmagyň zerurdygyna anyk düşünýändigimize, dünýä syýasatynyň esasy ugurlarynda uzak möhletli bähbitlerimiziň laýyk gelýändigine, ykdysadyýetde we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýändigimize daýanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça umumy ylalaşyga gelýändigimiz, Gazagystan tarapynyň hyzmatdaşlyk etmäge düşünmek bilen garaýandygy we taýýardygy begendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň iki döwletiň özara gatnaşyklary giňeltmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklandygyny belledi. Muny gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň toplumy hem tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerine gyzyklanma bildirip, olary jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.Belent mertebeli myhman Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyza saparyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu waka umumy maksada ýetmekde, köpugurly döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim bolup durýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, Gazagystan bilen Türkmenistan köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, bitewi medeni we taryhy gymmatlyga daýanyp, berk hem-de sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdular. Şol gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk esasynda yzygiderli ösdürilýär.Ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejede işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, Hökümetleriň ugry boýunça sazlaşykly iş alnyp barylýar, pudagara gatnaşyklar berkidilýär. Köptaraplaýyn düzümleriň we mehanizmleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça ýagdaýlaryň ösüşine garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýärler. Gazagystanyň Baştutany sözüni dowam edip, şu gün ikiçäk gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, geljek üçin onuň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtady. Prezidentleriň tabşyrygy boýunça iki döwletiň Hökümetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň üstünde işleýärler.Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, bu babatda soňky ýyllarda uly ösüş gazanyldy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Senagat, ulag, logistika we beýleki ulgamlarda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Hökümetara toparyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem-de işewürler geňeşiniň netijeli işi muňa ýardam edýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi geçen hepdede geçirildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Gazagystanyň we Türkmenistanyň özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Iki halkyň umumy ruhy-medeni gymmatlyklarynyň genji-hazynasyny has-da baýlaşdyran ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri açyldy.Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, şu gün Aşgabatda gazak edebiýatynyň nusgawy şahyry Abaýyň ýadygärligi açyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize gazak halkynyň medeni mirasyny goldaýandygy, şeýle hem özüne Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gazagystanyň Baştutany ähli türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady. Nusgawy şahyryň mirasy dünýä edebiýatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Gazagystan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryndaky üstünlikler biziň halklarymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanylýar diýip, belent mertebeli myhman nygtady.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belläp, türkmen kärdeşine dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Sebitara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurdaky göni gatnaşyklaryň ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda gol çekmäge taýýarlanylan Meýilnama ünsi çekip, bu tejribäni beýleki sebitlere hem ýaýratmagyň möhümdigini belledi.Gazagystan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga taýýardyr. Bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar. Şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.Gazagystan Respublikasynyň Baştutany üstaşyr ulag ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtady. Bu babatda ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Bellenilişi ýaly, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň orny häzirki wagtda birnäçe esse artdy. Hyzmatdaşlaryň bu ýoly has işjeň ulanmaga gyzyklanmasy ýokarlanýar. Şeýle hem awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamakda netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň arasynda howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnawlaryny dikeltmegiň geljegi uly hasaplanýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şular barada aýtmak bilen, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň döwletara hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi we gazak-türkmen gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini tassyklady.Belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazak jemgyýetçiliginiň Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginiň açylmagyny mähirlilik bilen garşylandygyna ünsi çekdi. Şunda Gazagystanyň bu ulgamda, şol sanda bilim ugry boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýä bileleşiginde eýeleýän ornuny ep-esli güýçlendirdi we halkara abraýyny pugtalandyrdy. Gazagystanda doganlyk ýurduň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärler. Dostlukly ýurduň Lideri şu gezekki saparynyň hem-de geçirilen gepleşikleriň strategik döwletara hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradiotoplumy» PHW-de RGP arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Meýilnamasyna; «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Aktau deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Kazpoçta» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara poçta ugratmalaryny eltip bermek boýunça Ylalaşyga; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «КазМунайГаз» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «QazaqGaz milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň arasynda arhiw işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini we ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe bazaryny dolandyrmak we ösdürmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrliginiň arasynda sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ýolagçylaryň we ýükleriň halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1997-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, logistika we üstaşyr babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy we köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça hemmetaraplaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna bardylar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň ähli agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.Şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň netijeli we anyk häsiýetini aýratyn belledi. Gepleşikler özara ynanyşmak, açyklyk ýagdaýynda geçdi. Ähli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berildi.Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde köpugurly türkmen-gazak gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda depginli we yzygiderli ösdürilýär. Gazagystan daşary syýasatda biziň möhüm hyzmatdaşymyzdyr. Biz Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk çäklerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň netijeli halkara usullaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmekde bilelikde işjeň iş alyp barýarys. Şeýle hem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy saklamak we goldamak, häzirki zamanyň wehimlerine, howplaryna garşy göreşmek ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň umumydygy nygtaldy. Şu günki duşuşyk biziň döwletlerimiziň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Türkmenistan we Gazagystan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde, şol sanda Hazar deňziniň gündogar kenaryndan Pars aýlagynyň we Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykmak bilen, ulag gatnawynyň doly derejede hereket etmegini ýola goýmakda ýakyn özara hyzmatdaşlygy we hereketleri utgaşdyrmagy dowam etdirerler. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Energetika, ulag, söwda, oba senagat toplumy, himiýa, dokma senagaty we beýleki pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Taraplar medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna we geljegine üns berip, olary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça gyşarnyksyz ösdüriler. Bu iki döwletiň we halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär, halkara ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň düýpli şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň uly şahsy hyzmatyny, onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigini aýratyn belläp, gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.Türkmenistan Gazagystan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Gazak halky biziň doganlyk halkymyzdyr, ýakyn we hoşniýetli goňşymyzdyr, ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr. Bizi hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleri, umumy taryh, medeniýet, dil, ruhy gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlyklary aýawly saklaýarys, häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Biz Gazagystanyň gazanýan üstünliklerine guwanmak bilen, ýurduň ilerlemegiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly barýandygyna aýdyň göz ýetirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň Liderini we dostlukly döwletiň wekiliýetini ýene-de bir gezek Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, dostlukly gazak halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gepleşikleriň netijelerini teswirläp, güneşli Aşgabada gelip görmäge çakylygy hem-de örän mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistan gadymy taryha, baý medeni mirasa hem-de asyrlardan gözbaş alýan däp-dessurlara eýe bolan ýurtdur diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we her gezek bu sahawatly topraga geleninde, türkmen halkyna mahsus bolan mähirli myhmansöýerligi duýýandygyny belledi.Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmagyň ýolunda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Türkmenistan biziň üçin strategik ähmiýetli hyzmatdaş we hoşniýetli goňşy döwletdir. Bu ýurt bilen köpasyrlyk umumy taryha hem-de mizemez dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biz bu mizemez binýatda giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hakyky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy kemala getirýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany belledi.Yzygiderli hem-de ynanyşykly syýasy dialog arkaly söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar, esasy halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary we ägirt uly şahsy goşandy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyna, oňa tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigine ýokary baha berýändigini belledi. Gazagystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ol doganlyk Türkmenistana resmi saparyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy baradaky bir pikire geldiler.Şu gün möhüm resminamalaryň tutuş toplumy kabul edildi, olaryň hatarynda dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hakynda Jarnama aýratyn orun eýeleýär. Jarnamada biz doganlyk halklaryň mundan beýläk-de has-da ýakynlaşmagyna, döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanmany ýene-de bir gezek tassykladyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak gepleşikleriň möhüm meseleleriniň biri boldy. Bu ugurdaky gatnaşyklar biziň döwletlerimiziň arasyndaky durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ygtybarly kepilidir. Aşgabatda gazak şahyry hem-de akyldary Abaý Kunanbaýewiň, kompozitor Kurmangazynyň ýadygärlikleriniň açylmagy Gazagystan üçin aýratyn buýsançly wakadyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi hem-de munuň üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Astanada Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy. Pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa biziň halklarymyz üçin umumy medeni gymmatlyklary goldandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, şanly senäniň hormatyna ertir geçiriljek forum ägirt uly ähmiýetli waka öwrüler. Beýik akyldaryň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň milli medeni mirasy bolman, dünýä medeni mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy. Taraplar bu möhüm ugurda gatnaşyklaryň geljegine garamak barada ylalaşdylar.Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki döwletiň halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny aýratyn belledi. Gazagystan Bitarap Türkmenistanyň sebit we halkara howpsuzlygy üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan öz halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy, biz doganlyk Türkmenistanyň dünýä giňişliginde gazanýan üstünliklerine begenýäris diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.Sözüniň ahyrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti geçirilen gepleşikleriň jemlerine kanagatlanma bildirdi we türkmen kärdeşine mähirli myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi sapary dowam edýär.

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan adyndaky Köşkler toplumyna tarap ugraýar. Bu ýerde toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi “Rowaç” zalyna çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ertir beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara forumyna gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça depginli, gyşarnyksyz we anyk maksada gönükdirilip alnyp barylýar. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek bilen, biz türkmen we gazak halklarynyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat we sarpa goýmak däpleriniň çuň taryhy köklerine daýanýarys. Häzirki döwürdäki halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, iki ýurduň hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine esaslanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasy ugruna berk we üýtgewsiz goldaw berýändigi, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaryna, garaýyşlaryna we tekliplerine ýardam berýändigi üçin, Gazagystana minnetdarlyk bildirdi.Şonuň bilen bir wagtda, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak, häzirki zaman tehnologik ösüş üçin şertleri döretmek, şeýle hem medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde mümkinçiliklerini ulanmak üçin uly tagallalar edilýär.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinýändigini, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardygyny nygtap, şu gün geçiriljek gepleşikleriň türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy we m ähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri şeýle hem ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşyşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.Gazagystan energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.Ynanyşmak we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Taraplar şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň gatnaşyklarynyň taryhy köp ýüzýyllyklara uzap gidýär. Hakyky doganlyk hyzmatdaşlygy emele geldi. Iki döwleti we halky diňe bir geografiýa taýdan ýerleşişi däl-de, eýsem taryhy ykballarynyň aýrylmazdygy, bir-birine zerurdygy baradaky düşünjeler hem birleşdirdi. Biz bu umumy gymmatlyklaryň gadyryny bilýäris, ata-babalarymyzdan miras galan, ýokary ahlak kadalary baradaky garaýyşlarymyzyň esasyny düzýän däplere aýawly garaýarys hem-de olary hormatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şu ýyl görnükli şahsyýetler–türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Gazagystanyň paýtagty Astanada, gazak şahyry, filosofy hem-de magaryfçysy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatda ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu dabaraly çärelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşandygy aýratyn bellärliklidir.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär.Türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny ählumumy ösüşiň ugurlaryna özara doly düşünmek bilen şertlenendir. Türkmenistan halkara işlerinde Gazagystan bilen bilelikde deňhukuklylyk we adalatlylyk, BMG-niň esas goýujy resminamalaryna berk eýermek ugrunda çykyş edýär.Ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, ählumumy töwekgelçiliklere hem-de howplara garşy göreşmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, häzirki döwürde biz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejelerde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, Gazagystan Respublikasy bu ulgamda ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine, hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi. Umuman, bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hil taýdan gowulanyp, yzygiderli ösýär.Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi bellenildi. Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan «Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý» gazgeçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar–Günbatar hem-de Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy transkontinental geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlaryň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyngurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bilerisdiýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-gazagystan serhetýaka söwdasynyň zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin iki döwletiň mundan beýläk hem ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklandygyny belledi. Muny gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň toplumy hem tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerini gyzyklanma bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystan wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Gol çekmek dabarasyndan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlendiler.

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.Uçaryň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyna milli lybasly çagalar duz-çörek hödür edýärler we gül desselerini gowşurýarlar.Bu ýerde, howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra bu ýerde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki saparynyň netijeleriniň hem-de Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki gepleşikleriň möhüm waka boljakdygyna we uzakmöhletli geljegi nazara almak, iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Hormatly adamlar!Gadyrly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle-de şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana işe giriziler.Sizi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, täze derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga döwletimiz tarapyndan köp serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup, pudagyň üpjünçilik ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy kämilleşdirilýär.Hormatly adamlar!Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» ýaly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümleri öndürilýär. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artmagynda uly ähmiýete eýedir.2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer işleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu ynsanperwer işi geljekde hem dowam etdireris. Bularyň ählisi halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär.Hormatly dabara gatnaşyjylar!Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe resminamalara gol çekmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ine, şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş edaralary hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Bu ýerde ulular we çagalar üçin birnäçe köpugurly bölümler hereket eder. Täze merkeziň bölümleri dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. 7 gatdan ybarat hassahanada dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi.Hormatly dabara gatnaşyjylar!Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýar. Bu ýerde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary netijeli bejermek üçin ähli şertler döredildi. Täze lukmançylyk merkezi ylmy-barlag merkezini, 10 sany ylmy-kliniki we kömekçi bölümleri, beýleki gulluklary öz içine alýar. Merkeziň bölümlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa onuň kliniki we ylmy bölümleriniň özara sazlaşykly işlemegine şert döredýär.Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça degişli işler geçiriler, okuwlar, ylmy barlaglar alnyp barlar. Ak mermerli paýtagtymyzyň görküne görk goşýan bu täze merkezleriň ikisiniň hem gurluşygyny «Gap Inşaat» türk kompaniýasy ýerine ýetirdi. Şu dabaraly pursatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk bina edilen lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna gatnaşan hünärmenlere minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle döwrebap merkezleriň, şeýle hem häzirki zaman derman kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar. Täze iş orunlary döredilýär, lukmanlaryň iş şertleri has-da gowulanýar. Bu bolsa ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.Hormatly adamlar!Biz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek üçin alyp barýan giň gerimli işlerimizi geljekde hem dowam etdireris. Raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, saglyk abadançylygyny üpjün etmäge, dürli keselleriň öňüni almaga hemişe uly ähmiýet bereris.Hormatly dabara gatnaşyjylar!Sizi we saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine bolsa ynsan saglygyny goramak ýaly asylly we jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Şu gün — Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde örän ähmiýetlidir. Türkmen halkyna mahsus ruhubelentligiň şol ýyllaryň kynçylyklaryny we ýitgileriniň yzasyny ýeňip geçmekde synmaz güýç bolandygyny bellemek gerek....Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança gelýär. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär.Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar.Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy.Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýertitremede wepat bolan watandaşlarymyz hakydalarda baky ýaşaýar. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler....Bu ýere gelenler hasratly dymmak bilen, ýadygärlige tarap ýöräp ugraýarlar.Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň okgunly ösýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyny, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de ata Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky hakydanyň nyşany hökmünde “baky ot” ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň nusgasydyr. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, mähriban halkyňy söýmegiň, halkymyzyň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir.Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürülýän başlangyçlar Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini bellemek gerek. Degişli Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ählumumy wezipe hasaplanýandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär.“Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolan ildeşlerimizi hatyralap sadakalar berilýär we aýat-töwir edilýär. Öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadakalar, edilýän doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyra çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşany boldy.Şeýle çäreler paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Düýn Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär....Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Uly Kreml köşgüne ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Moskwa geldiler. Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde däp bolan surata düşmek dabarasyndan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmak bilen bagly meseleleri öz içine alýandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanlaryna söz berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa berk jan saglyk, Russiýanyň halkyna hem-de döwletine hyzmat etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Wladimir Wladimirowiç Türkmenistanda uly hormat-sarpadan we abraýdan peýdalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň arhitektorlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Jogapkärli döwletler hökmünde biziň esasy wezipämiziň GDA-nyň giňişliginde berk parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmekden ybaratdygyna ynanýaryn. Muny Arkalaşygyň çäginde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ählumumy giňişlikde, halkara guramalarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine garaýyşlary berkitmek boýunça ylalaşykly hereketler arkaly gazanyp bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Häzirki wagtda täze wehimlerdir howplara garşy durmak meselesi örboýuna galýar. Men, ilki bilen, biologik howp, kiberjenaýatçylyk, maglumat meýdançalaryny bikanun ulanmak ýaly howplary göz öňünde tutýaryn. Biziň ýurtlarymyz bu ýagdaýlar babatda has işjeň, ylalaşykly, düzümleýin çemeleşmelere geçmelidirler, radikalizmiň elementleriniň aralaşmagynyň, duşmançylygy döretmek synanyşyklarynyň öňüni almalydyrlar, olaryň döwlet institutlaryna we jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir etmeginden goramagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Munuň üçin biziň ygtyýarymyzda bar bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdelerden peýdalanmak zerurdyr. Arkalaşygyň içinde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk mizemez bolmalydyr we ygtybarly kepillendirilmelidir.Bellenilişi ýaly, daşary giňişlikde hem biziň öňümizde örän möhüm wezipeler durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öz işine başlan sessiýasy häzirki zaman geosyýasatynyň wajyp meseleleriniň ençemesini çözmäge çemeleşmelerde köp babatda konseptual düşünişmezlikleriň bardygyny görkezdi. Şol meseleleriň çylşyrymlydygyna garamazdan, Türkmenistan dünýädäki ýagdaýyň durnuklylaşdyrylmagynyň mümkindiginden, ony syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar. Bütindünýä howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde köpugurly kanuny güýje eýe bolan ýeke-täk gurama hökmünde BMG-niň ulanylmagy bu babatda möhüm şert bolup durýar.Geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy belleniler. Munuň özi uly tapgyr, gözýetimdir. BMG-niň hyzmatdaşy hökmünde GDA-nyň bu bütindünýä guramasyny berkitmäge, agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň töwereginde jebisleşmegine, onuň kemsidilmeginiň synanyşyklaryna garşy göreşmäge gönükdirilen uly işleri alyp barmalydygy äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şu babatda Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm bölegi bolup durýar diýip hasaplaýar. Elbetde, bu teklibiň awtory hökmünde Türkmenistan öňümizdäki işlerde has işjeň orny eýelär. Biz bu işe GDA boýunça hyzmatdaşlarymyzy has giňden çekmek, siziň uly goldawyňyza bil baglamak isleýäris. Häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde saldamly işiň dünýädäki ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga uly goşant boljakdygyna, olary kadalaşdyrmak, gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialoga we söhbetdeşlige geçmek ugrunda çykyş edýän sagdyn güýçleriň ählisine syýasy itergi berjekdigine ynanýaryn. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu işde wajyp orun eýelemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny hem-de anyk wezipeleriň öňde goýlandygyny belledi. Ulag, energetika, senagat kooperasiýasy, beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldaýar. GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, resminamalaryň tapgyrlaýyn we yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyndan ugur alýarys, ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň möhletlerine berk eýerýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.Umuman, GDA-nyň öz ykdysady işinde ählumumy ykdysadyýetiň uly, aýgytlaýjy ýagdaýlaryndan ugur almalydygyna ynanýarys. Häzirki wagtda bu ýagdaýlaryň many-mazmuny ykdysady ösüşiň ugurlarynyň Günorta we Günorta-Gündogara geçmeginden ybaratdyr. GDA bu dolanuwsyz hereketde tebigy giňişlikdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunda Arkalaşygyň çäklerinden Günorta we Günorta-Gündogar ugurlarda halkara hem sebit taslamalaryna GDA-nyň gatnaşmagy netijeli usullaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda munuň üçin uly mümkinçilikler açylýar.Ýakynda, sentýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistan iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň owgan bölegi işe girizildi. Goňşy ýurduň çägi boýunça Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň şu we geljekde ýüze çykjak beýleki şular ýaly taslamalara gatnaşmagy strategik geljege çykmagyň dogry we ygtybarly ýoludyr. Biz bilelikdäki kuwwatymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi doly derejede ulanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny gowulandyrmak we ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda ulag özara baglanyşygy meselesine hem doly derejede degişlidir.Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip etdi.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň energetika ulgamynda GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy. GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys. Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň üstüni ýetirdi.Hormatly Prezidentimiz wekiliýet Baştutanlaryna ýüzlenip, dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiziň GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr. Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda möhüm meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklady. Çünki şeýle çemeleşme biziň bilelikdäki köpýyllyk işimize mahsus ýagdaýdyr.Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.Soňra sammit GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Mejlisiň barşynda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri seljerildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler anyklaşdyryldy. GDA-nyň giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramaçylyk we beýleki degişli meseleleriň birnäçesine-de garaldy. Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar däp bolan netijeli dialoga ygrarlydyklaryny, deňhukuklylyk, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Sammit jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Wnukowo-2» Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Wladimir Wladimirowiç,Hormatly döwlet Baştutanlary!Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şu günki mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, hormatly Wladimir Wladimirowiçi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlamaga, oňa berk jan saglyk, Russiýanyň halkyna hem-de döwletine hyzmat etmekde täze üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň! Wladimir Wladimirowiç Türkmenistanda uly hormat-sarpadan we abraýdan peýdalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň arhitektorlarynyň biri bolup durýar.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar.Jogapkärli döwletler hökmünde biziň esasy wezipämiziň GDA-nyň giňişliginde pugta parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmekden ybaratdygyna ynanýaryn. Muny Arkalaşygyň çäginde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ählumumy giňişlikde, halkara guramalarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine garaýyşlary berkitmek boýunça ylalaşykly hereketler arkaly gazanyp bolar.Häzirki wagtda täze wehimlerdir howplara garşy durmak meselesi örboýuna galýar. Men, ilki bilen, biologik howp, kiberjenaýatçylyk, maglumat meýdançalaryny bikanun ulanmak ýaly howplary göz öňünde tutýaryn. Biziň ýurtlarymyz bu ýagdaýlar babatda has işjeň, ylalaşykly, düzümleýin çemeleşmelere geçmelidirler, radikalizmiň elementleriniň aralaşmagynyň, duşmançylygy döretmek synanyşyklarynyň öňüni almalydyrlar, olaryň döwlet institutlaryna we jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir etmeginden goramagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamalydyrlar. Munuň üçin biziň ygtyýarymyzda bar bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdelerden peýdalanmak zerurdyr. Arkalaşygyň içinde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk mizemez bolmalydyr we ygtybarly kepillendirilmelidir.Daşary giňişlikde hem biziň öňümizde örän möhüm wezipeler durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öz işine başlan sessiýasy häzirki zaman geosyýasatynyň wajyp meseleleriniň ençemesini çözmäge çemeleşmelerde köp babatda konseptual düşünişmezlikleriň bardygyny görkezdi. Şol meseleleriň çylşyrymlydygyna garamazdan, Türkmenistan dünýädäki ýagdaýyň durnuklylaşdyrylmagynyň mümkindiginden, ony syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar. Bütindünýä howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde köpugurly kanuny güýje eýe bolan ýeke-täk gurama hökmünde BMG-niň ulanylmagy bu babatda möhüm şert bolup durýar.Geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy belleniler. Munuň özi uly tapgyr, gözýetimdir. BMG-niň hyzmatdaşy hökmünde GDA-nyň bu bütindünýä guramasyny berkitmäge, agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň töwereginde jebisleşmegine, onuň kemsidilmeginiň synanyşyklaryna garşy göreşmäge gönükdirilen uly işleri alyp barmalydygy äşgärdir. Şu babatda Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm bölegi bolup durýar diýip hasaplaýar. Elbetde, bu teklibiň awtory hökmünde Türkmenistan öňümizdäki işlerde has işjeň orny eýelär. Biz bu işe GDA boýunça hyzmatdaşlarymyzy has giňden çekmek, siziň uly goldawyňyza bil baglamak isleýäris. Häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde saldamly işiň dünýädäki ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga uly goşant boljakdygyna, olary kadalaşdyrmak, gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialoga we söhbetdeşlige geçmek ugrunda çykyş edýän sagdyn güýçleriň ählisine syýasy itergi berjekdigine ynanýaryn. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu işde wajyp orun eýelemelidir.Hormatly mejlise gatnaşyjylar!GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy hem-de anyk wezipeler goýuldy. Ulag, energetika, senagat kooperasiýasy, beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldaýar. GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, resminamalaryň tapgyrlaýyn we yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyndan ugur alýarys, ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň möhletlerine berk eýerýäris. Umuman, GDA-nyň öz ykdysady işinde ählumumy ykdysadyýetiň uly, aýgytlaýjy ýagdaýlaryndan ugur almalydygyna ynanýarys. Häzirki wagtda bu ýagdaýlaryň many-mazmuny ykdysady ösüşiň ugurlarynyň Günorta we Günorta-Gündogara geçmeginden ybaratdyr. GDA bu dolanuwsyz hereketde tebigy giňişlikdir. Şunda Arkalaşygyň çäklerinden Günorta we Günorta-Gündogar ugurlarda halkara hem sebit taslamalaryna GDA-nyň gatnaşmagy netijeli usullaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda munuň üçin uly mümkinçilikler açylýar.Ýakynda, sentýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistan iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň owgan bölegi işe girizildi. Goňşy ýurduň çägi boýunça Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň şu we geljekde ýüze çykjak beýleki şular ýaly taslamalara gatnaşmagy strategik geljege çykmagyň dogry we ygtybarly ýoludyr. Biz bilelikdäki kuwwatymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi doly derejede ulanmalydyrys. Munuň özi, ilkinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny gowulandyrmak we ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ulag özara baglanyşygy meselesine hem doly derejede degişlidir.Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip edýäris. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys. Bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip edýäris.Energetika ulgamynda Türkmenistan GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys. Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr.Hormatly wekiliýet Baştutanlary!Dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiz GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdyr. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr. Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma GDA ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär. Munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda wajyp meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklaýar. Çünki şeýle çemeleşme biziň bilelikdäki köpýyllyk işimize mahsus ýagdaýdyr.Sözümiň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirýärin.(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry)

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha güýçlenýär. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen döwrebap şäherde giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça halkara derejeli güwänamalara mynasyp bolan täze şähere gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam edýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda bu ýerde halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul edildi. Ol türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Haly kärhanasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, eli çeper zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orun eýelär.Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Aýratyn-da, täze kärhananyň daşky bezeginde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary netijeli ulanylmalydyr. Şunda yşyklandyryş ulgamynyň täzeçil usullaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde haly kärhanasynyň daşky bezeginde türkmen halkynyň dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriniň ulanylmagy, şunda paýhasly pederlerimiziň aýratyn ähmiýet beren dagdan agajy, üzärlik ýa-da beýleki keramatly hasaplanýan serişdeleriň, milli keşdeçilik sungatynyň esasy nyşany bolan “goçak” nagşynyň peýdalanylmagy maksadalaýyk bolar diýip, Milli Liderimiz belledi we bu ugra degişli meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.Bellenilişi ýaly, bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Haly sungatynyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk kärhanasynyň binagärlik aýratynlygyna, enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, onuň daşky bezegine-de hemmetaraplaýyn, milli binagärlik ýörelgeleri esasynda çemeleşilmelidir. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtlaryňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz halyçylaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary, olaryň dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan seýilgähiň taslamasy, onda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän şekiller bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aýratyn-da, seýilgähiň çäklerinde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň ýaramlylyk derejesine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi adamlaryň amatly dynç alşynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, aýratyn-da, gatnaw ýollarynyň çatrygynda oturdyljak özboluşly binalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi. Şunda halkalaýyn aýlawly ýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň ýokary derejede bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz bu ýerde goýuljak mermer we granit daşlarynyň reňkleriniň desganyň yşyklandyryş ulgamy bilen sazlaşmalydygyny belledi hem-de bu işleriň binagärlik, ekologiýa babatda halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheriniň häzirki zaman derejesine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr. Şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr we bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda-da halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Arkadag şäherinde nobatdaky Wena balyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bolsa täze şäheriň dünýä ähmiýetli dabaralaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini tassyklaýar.Iş maslahatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň ýakyn günlerde Arkadag şäherine gowşuryljakdygy barada habar berildi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olary milli seýisçilik däpleri esasynda idetmek we atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyrylandygy barada aýdyp, şeýle ýokary derejeli maslahatlara gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyny ýetirmegi Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Häzirki wagtda bu sapara ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda ekologiýa, “akylly” şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu iri maslahatda Arkadag şäheriniň maýa goýum maksatnamasy, maslahat beriş ulgamy we ynsanperwerlik goldawlary ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar hem bolar.Şeýle-de maslahatyň dowamynda täze şäherde alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk, Arkadag şäherindäki giň möçberli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda edilýän tagallalar barada hasabatlar berildi.Gahryman Arkadagymyz täze şäherde geçiriljek halkara çärelere, şol sanda Bitaraplyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolmalydygyny belläp, meýilleşdirilen çärelerde Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, bu ýerde alnyp barylýan işleriň geriminiň we ähmiýetiniň, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak çäresine, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir. Bütindünýä pul gaznasynyň Arkadag şäheriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň çäklerinde tutuş dünýä ähmiýetli önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň ýokary ekologik derejesiniň, bu ýerde ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylýandygynyň ykrarnamasydyr.Arkadag şäheriniň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide täze şähere ýokary derejeli baýraklaryň ýene-de üçüsiniň gowşurylmagy bu ýerde alnyp barylýan işleriň dünýä giňişliginde hemmetaraplaýyn ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Şular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň derejesiniň we ähmiýetiniň doly görnüşde beýan edilmelidiginiň, onda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ýokary halkara görkezijilere laýyk amala aşyrylmalydygynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde gurulýan desgalaryň gurluşygynda we olaryň timarlaýyş, bezeg işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik, bezeg ýagdaýlaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi, amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Şeýle hem Arkadag şäherinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!Eziz watandaşlar!Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramçylygyň göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde yglan edilen bu halkara baýram mynasybetli ýurdumyzyň çar künjegi, obadyr şäherleri aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary bilen gurşalýar. Parasatly öwütleri, dana nesihatlary, gymmatly maslahatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrýan hem-de nesil terbiýesine saldamly goşant goşýan ýaşulularymyza, mähriban enelerimize çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Munuň özi biziň geçmişimizi, şu günümizi hem-de geljegimizi pugta baglanyşdyrýan ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerimize üýtgewsiz ygrarlydygymyzy tassyklaýar.Eziz watandaşlar!Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasyny düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen oýlanyşykly ýörelgesi, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarymyz esasynda bu gün zähmetsöýer, gujur-gaýratly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwlet hökmünde dünýädäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagy üçin biri-biri bilen berk baglanyşykly milli maksatnamalarymyzy, giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrýarys, täze şäherleri, etraplary, döwrebap obadyr şäherçeleri, iri senagat kärhanalaryny gurýarys, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaryny yzygiderli pugtalandyrýarys.Gadyrly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda, agzybirligimiziň we jebisligimiziň has-da pugtalandyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşuly nesliň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Siziň her bir maşgalada asudalygy we agzybirligi üpjün etmekde, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi amala aşyrmakda alyp barýan işleriňiz, maslahatlaryňyz, goldawlaryňyz, öwüt-ündewleriňiz örän möhümdir. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu ajaýyp ýörelgeler nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzy jebisleşdirýän, döredijilikli, beýik işlere ruhlandyrýan nusgalyk durmuş mekdebidir.Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterjek bagtyýar ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyzyň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk, edermenlik, zähmetsöýerlik ýaly iň asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän dilleri senaly ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakdyk, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan enelerimize dabaraly ýagdaýda sylaglary gowşurdyk. Munuň özi barha ösýän we özgerýän jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, olaryň ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna berilýän ýokary bahadyr.Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!Eziz watandaşlar!Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, berkarar Watanymyzda abadan we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow.