Türkmenistanda
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli amal etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Pile möwsümi boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça, bugdaýa ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen piläni ýygnamak işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu babatda degişli tabşyryklar berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04 Maý 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara maslahat geçirildi. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogy, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan forumlara gatnaşdylar.Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-si amala aşyryldy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik desgalaryny doly kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 116,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 115,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 127,5 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine, ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi. Bu meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 105,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 154 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 122,9 göterim amal edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy üns merkezinde saklamagyň, täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletde, ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 109,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,2 göterim, nah matalaryňkyda 100,5 göterim, gön önümleriniňkide 103,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 97 birža söwdasy geçirilip, olarda 10 müň 136 şertnama hasaba alyndy.2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 7 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde Aşgabat şäherinde «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahat guramaçylykly geçirildi. 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabry — 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Italiýanyň Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini tamamlady. Sergide Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän gadymy Margianadan we Nusaý galalaryndan ýüze çykarylan tapyndylar görkezildi.Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, okuwlara yzygiderli gatnaşdylar. Şeýle hem olar Daşkent şäherinde geçirilen türki dünýäniň suratkeşleriniň duşuşygyna, onuň çäklerinde guralan sergä gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň maý aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky işler dowam etdirildi. Okuwçylar, talyplar halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, jemi 807 medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň 6-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 7-si, mekdep okuwçylarynyň arasynda III Halkara matematika olimpiadasy geçirildi.Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar utgaşdyryldy. Lukmançylykda keselleriň öňüni almak, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Şu döwürde bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 169 medal gazandylar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarda medeni-sport çäreleri geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.Şeýle hem wise-premýer Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, hemaýat-goldawlary bilen mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat gowşurmagyň däbe öwrülendigini, hasabat döwründe bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagy üns merkezinde saklamagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli ýaşlary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen taýýarlanan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 16 — 19-njy fewralda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 17 — 19-njy martda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelde Awstriýa Respublikasyna saparlary guraldy.Hormatly Prezidentimiz 21-22-nji aprelde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldy.Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 220 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 400 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 169-sy geçirildi. Türkmenistanda daşary döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 711-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 57-si bilen ýetirildi.Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. 2026-njy ýylyň geçen dört aýynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.Daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň we Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çäreler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Şolaryň hatarynda her ýyl geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar. Şeýle-de “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary” atly sergiler we maslahatlar, “Kazan halal bazary” halkara ýarmarkasy, “Asylly moda güni” festiwaly geçiriler.Atly sport boýunça ýaryşlar guralar. Olaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, wise-premýer, daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor halkara atly oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu halkara atly sport çärelerine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Bu atly oýunlardyr ýaryşlaryň ahalteke bedewine bagyşlanan şanly ýylda geçirilmegi many-mazmun taýdan örän ähmiýetlidir.Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi barada-da aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň maýynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň birnäçe halkara çärelere gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelere ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ýokary derejede guramagyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglylykda, 16-17-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine boljak iş saparyna hem gowy taýýarlyk görmegiň, 17 — 22-nji maýda Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 124,2 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 106,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114,3 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen dört aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek gerek” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegi, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

01 Maý 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekişi dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulyp, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýändigini belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy möwsümine taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, bugdaýa ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklary berdi.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak babatda zerur işler geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Sebitde pile öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, tehniki we beýleki serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ekinlerden bol hasyl almagyň önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edip, bu ugurda pileçi kärendeçilere degişli ýardamlar berilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatlarda pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27 Apr 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna, onuň çäklerinde guralan forumlara we duşuşyklara gatnaşdylar. Şeýle-de zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň durmuş kepillikleri babatda tejribe alyşmak hem-de ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşylandygy barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerini depginli ösdürmek, welaýatlarda senagat we hyzmatlar ulgamlary bilen birlikde, oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly zerur işler amala aşyrylýar. Bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi möwsümi dowam edýär. Hususan-da, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar.Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleri netijesinde, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy, gymmatly baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň şanyna bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň bellenen meýilnama laýyklykda dowam edýändigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň hem-de tamamlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk çäreleri bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi we baýramçylyga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurdaky işleriň çäklerinde ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli, ýokary hilli ýüň ýüplügi öndürmek üçin zerur çäreler görülýär. Munuň özi içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçiligi işe girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Aşgabat, Arkadag şäherleri, Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Konstitusiýa binasyna, Baş baýdaga gül goýmak dabarasynyň, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň maý aýynda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bu sene mynasybetli watandaşlarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň hem-de belent sarpanyň nyşany hökmünde tutuş ýurdumyz boýunça medeni-jemgyýetçilik çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, Aşgabat şäherinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, welaýatlardaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklerde gül goýmak, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda şu sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we olary dowamly berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu sebitde ýerleşýän döwletler bilen özara gatnaşyklar has-da pugtalanýar. Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ulgamlaýyn giňeltmek boýunça işler yzygiderli esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýändigini hem-de döwletimiziň olar bilen gatnaşyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan hyzmatdaşlygyň baý tejribesini göz öňünde tutup, birnäçe teklipler beýan edildi.Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletimiziň bu sebitiň ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini, degişlilikde, şol bir wagtda, Maldiwler Respublikasyna we Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary yzygiderli alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Munuň özi pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, emeli aň we maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary babatda işleri alyp barmakda, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen bilelikde hünär okuwyny guramak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini nygtady. “Ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly baýlygydyr. Biz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24 Apr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Sebitde pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we öz wagtynda tamamlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, öri meýdanlarda, daglyk, tokaý we düzlük ýerlerde ýangynyň döremegine garşy sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler dowam edýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we önümçiligiň ähli tapgyrlarynda bellenen agrotehniki kadalaryň berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň tokaý zolaklaryny, öri we ekin meýdanlaryny ýangyndan goramak üçin degişli çäklerde sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, sebitiň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyn howpunyň öňüni almak üçin sürüm hem-de arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak ugrunda görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň ornaşdyrylmagynyň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20 Apr 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, Mejlisde degişli işler alnyp barylýar. Taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 11-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, migrasiýa babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekliplere seljerme geçirilip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.Daşary döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogyň işine gatnaşandyklary bellenildi.Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow banklaryň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, konsern bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaýyň “СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, desgany doly işe girizmek, geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň taryhy waka bolandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyk ulgamyndaky işlere ylmy esasda çemeleşmäge, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işlerini döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Sergä gatnaşjak hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar, internet hyzmatlary, elektron senagat ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.Türkmenistan tarapyndan işewürlik maslahatyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna we sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, olary geljek nesillere ýetirmek işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň —akyldarlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maýynda Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini, bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertine hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer häzirki wagtda möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkidip, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän täze, döwrebap awtobuslary, beýleki awtoulag serişdeleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilata netijeli hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18 Apr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk we sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak, pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň öri meýdanlarynda, daglyk, tokaý, düzlük ýerlerde ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary görkezijileri gazanmak üçin önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri meýdanlarda, sähra ýerlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim döwlet maksatnamalaryna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, beýleki azyklyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berendigi üçin hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň öri we ekerançylyk meýdanlarynda, tokaý zolaklarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen, bu ugurda degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we kadalara laýyklykda geçirmegiň, serişdelerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutup berendigi hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berendigi üçin Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.Soňra häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyna garşy zolaklary döretmek üçin sürüm we arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmeginiň oba hojalygynda oňyn netijeleri gazanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi we gowaça ekişine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyny, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek hem-de ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär.Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak, paýlanyp berlenlerine talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen, gorag zolaklaryny döretmek üçin arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmek üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäniň, ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi we bu ugurdaky işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

13 Apr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işine girişildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi we häkime oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, möwsümi ýokary hilli, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edýär. Möwsümi ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ýüpek gurçugyny kärendeçilere paýlamak, ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Bütindünýä saglyk gününi dabaraly geçirmäge taýýarlyk görlüşi, döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem welaýatda pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurdaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak hem-de paýlanyp berlen ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça ekişinde, bugdaýa ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekinlerden bol hasyl almaga we pudagy durnukly ösdürmäge ýardam berýändigini nygtady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini bellemek bilen, olary yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

06 Apr 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmäge, telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramaga, migrasiýa hem-de gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe ugurlara degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary merkezi saýlaw toparynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini, saýlaw kanunçylygyny düşündirmek işine işjeň gatnaşyp, onuň geçirilmegine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berdiler.Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 8-si geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 26-syna gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala aşyryldy.Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMG-niň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi.Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 3,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 126,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,5 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagy, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 106,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 103 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 111,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 168,1 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekişini geçirmek boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Welaýatlarda ýazky ekiş möwsüminde, oba hojalyk ekinleriniň ideg işlerinde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary ýokary öndürijilikli işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ekinleri ekmek, olara ideg etmek işleri dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda işjeň alyp barmagy dowam etdirmegi, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak boýunça möwsümleýin işleri netijeli geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 128,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,4 göterim boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 116,4 göterim amal edildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 101,5 göterim, nah matalaryňkyda 102,9 göterim, gön önümleriniňkide 105,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 7 müň 132 şertnama hasaba alyndy.2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 115,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 2 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,6 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Teatrlarda “Teatr sungatynda zenanlaryň çeper keşbi” atly sahna oýunlarynyň, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişi, baýramçylyk konsertleri guraldy.Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Esasy baýramçylyk dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” boldy. Mart aýynda Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwal guramaçylykly geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kämil şahsyýetleri kemala getirmek, bilim işiniň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilen ders bäsleşikleri bilen birlikde, döwrüň talabyna laýyklykda robototehnika, ylmy-döredijilik taslamalary boýunça bäsleşikler guraldy. Materiallaryň garşylygy, nazary mehanika dersleri boýunça V Açyk halkara internet olimpiadalary, VI Açyk halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Okuwçylardyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde medallaryň 410-syny gazandylar.Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, ylmy-barlag işleriniň amaly netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion işläp taýýarlamalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy tejribelere, innowasion tehnologiýalara esaslanýan usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejeriş çäreleri amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” tassyklanyp, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary kesgitlenildi.Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazandylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýýan wezipelerini hem-de tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, mart aýynda bolsa Hytaý Halk Respublikasyna saparlarynyň guralandygy bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň, 17 — 19-njy martda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň Baş sekretarynyň ýurdumyzda saparda bolandygy aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 158 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 265 wekiliýet gitdi. Geçen üç aýda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 122-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 520-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 30-sy bilen ýetirildi.Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi.Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan öz işine başladylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,9 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 125 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 108,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden doly güýjünde peýdalanmagy tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen üç aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03 Apr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden ýokary hilli hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlere, hususan-da, gowaça ekişine, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işlerine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, häkime sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bu işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda bu işler agrotehniki möhletlerde alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly, ýokary hilli geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda gowaça ekişine girişilip, ony guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek maksady bilen, welaýatda kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlary möwsüme doly taýýar edildi. Häzirki wagtda ýüpek gurçugynyň tohumyny kärendeçilere paýlamaga girişildi. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekişden başlap, ideg etmek işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge ýardam berýändigini belledi we häkime gowaça ekişiniň barşyny, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada-da tabşyryklary berdi.Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa hem-de ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzda gowaça ekişine girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny we idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30 Mar 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Mejlisde döredilen iş toparlarynda halkara tejribelerden, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda hem-de Gümrük kodekslerine, “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.Şeýle-de daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň agzalarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, konsepsiýa laýyklykda, halkara standartlary we milli bähbitleri nazara almak bilen, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda innowasiýalary, döredijiligi höweslendirmek, innowasion telekeçiligi, ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, intellektual eýeçiligiň obýektlerini we netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, bu ulgamda milli bilermenlerdir hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlary ornaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik ulgamyny halkara tejribeler esasynda ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, seýsmiki barlag işlerini döwrebap enjamlaryň kömegi bilen geçirmek, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak üçin türkmen geologlary tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu işleriň netijeliligini has-da artdyrmak babatda korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak üçin degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak, pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.Şeýle hem wise-premýer şu ýylda ýurdumyzda şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, pudagyň kärhanalarynyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz döwlet elektrik stansiýalarynyň işini döwrebap ýola goýmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew aprel aýynda paýtagtymyzda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-si hasaba alyndy hem-de hasaba almak işi dowam edýär. Sergide enjamlaryň, tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk harytlarynyň, himiki serişdeleriň, beýleki önümleriň dürli görnüşleri görkeziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli guralýandygyny, munuň bolsa daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň, wagyz-nesihat çäreleriniň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem paýtagtymyzda “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek we beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak hem-de ulanmaga bermek dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny we tehnologiýalaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen, milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda Kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ylym ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli geňeşiň 4 mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri 31-nji martda guraljak nobatdaky bäşinji mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleler barada aýtdy.Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine seretmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyryp başlady. Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we degişli hasabatlary taýýarlamak boýunça pudagara topar döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ilkinji Meýletin milli synyny taýýarlamak maksady bilen, türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Syýasy forumyň işine gatnaşdy. Şonuň netijesinde, 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Syýasy forumlarynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan birinji hem-de ikinji Meýletin milli synlar hödürlenildi. Bu işleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek üçin häzirki wagtda üçünji Meýletin milli synyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olaryň esasy ugurlaryna strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde seretmek meýilleşdirilýär.BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde metan zyňyndylaryny azaltmak, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG tarapyndan maksatnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” kabul edildi, 2021 — 2025-nji ýyllarda ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi. Ol halkara gün tertibiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ugurlaryny öňe sürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisinde 2026 — 2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Bu maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar. Häzirki wagtda BMG bilen bilelikde maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça gutarnykly işler alnyp barylýar.Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda Maksatlaýyn gaznany döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem guramanyň edaralary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan we degişli tertipde ylalaşylan resminamalara gol çekmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýyl üçin öňünden ylalaşylan birnäçe resminamalar taýýarlanyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisini geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi. “Haýyr-sahawat gaznasy döredilen wagtyndan bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Milli Liderimizi hem-de hormatly Prezidentimizi gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň “IPS” halkara sanly ulgamyna birikdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň poçta ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň iri elektron söwda platformalary arkaly utgaşykly işi hem-de olar bilen göni hyzmatdaşlygy täze derejede ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebap logistika düzümini kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, poçta amallaryny kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27 Mar 2026