Täzelikler

www.stat.gov.tm

Watanymyzyň täze taryhynda ykbal çözüji sene

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilenine laýyk iki ýyl boldy, şonda watandaşlarymyzyň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp hem-de raýatlyk borçlaryny berjaý etmek bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ses berip, geljekki 7 ýylda döwlet Baştutany wezipesini ynandylar.


12-nji fewral türkmen halky üçin ykbal çözüji häsiýete eýedir — 2017-nji we 2012-nji ýyllarda şol gün Watanymyzyň iň täze taryhynyň baş ugry kesgitlenildi, bu möhüm işleriň başy 2007-nji ýylyň fewral aýynda türkmen halky ilkinji gezek täze durmuş ugrunda ses berende başlanypdy. Şonda türkmenistanlylar tiz wagtda ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran ägirt uly özgertmeler üçin hem ses beripdi. Şol döwürde Türkmenistanyň geljegi üçin örän jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edildi. Saýlaw möwsüminiň barşynda we onuň jemlerinde jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi, milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň çäksiz ynama we goldawa eýe bolmagy, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, beýik maksatlara ýetmäge taýýarlyk hyjuwy öz beýanyny tapdy.


Şu günki senä gabat gelýän uly ähmiýetli waka Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolunyň geçilen nobatdaky tapgyryna nazar aýlamaga, onuň şöhratly gazananlaryna we ýeten belent sepgitlerine şaýat bolmaga, ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy hem-de gujur-gaýratly täzeçil Lider, uzakdan görüji syýasy işgär hem-de zehinli alym, meşhur döwlet işgäri we diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylan ägirt uly işlere baha bermäge esas döredýär. Emma milli Liderimiz, ozaly bilen, ata Watanymyzy çäksiz söýýän hem-de mähriban halkymyzyň döredijilik kuwwatyna tutuş durky bilen ynanýan hakyky watançydyr.


Biziň ählimiz milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Türkmenistany okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna çykarandygynyň, ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde onuň halkara abraýynyň belende göterilendiginiň şaýady bolduk. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky eýeleýän orny, onda içerki syýasatyň näderejede üstünliklere beslenýändigine, halkymyzyň abadançylyk derejesine, durmuş we demokratik ýörelgeleriň, raýat edaralarynyň netijeliligine baglydyr, hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň aň-düşünjesiniň ösdürilmegi üçin ähli şertleri döredip, bu düzümleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn höweslendirýär.


Binýatlaýyn pudaklaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de döwletimiziň durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi, gadymy türkmen topragynyň keşbiniň bütinleýin özgerdilmegi bilen bir hatarda, iň möhüm üstünlikler durmuş ulgamynda gazanylýar. Olar adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýokarlanmagynda, hukuk kepillikleriniň ygtybarlylygynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň öňdebaryjy halkara tejribä hem-de Türkmenistany dünýä syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşmaga gönükdirilen ýurdumyzy ösdürmegiň düýpli täze taslamalaryna we ugurlaryna badalga bermek bilen, ähli özgertmeleri halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirdi, olar maddy abadançylygy we amatly ýaşamagy, jemgyýetimiziň ruhy kämilligini hem-de döredijilik we aň-paýhas taýdan şahsyýetiň öz ukyplaryny doly açmaga mümkinçiliklerini özünde jemleýär.


Hormatly Prezidentimiz täze döwlet taglymatynyň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar onuň baş maksadyna öwrüldi. Halka daýanmak we halkyň bähbidine diýen sözler milli Liderimiziň baş ýörelgesidir.


Pederlerimiziň baý tejribesini özünde jemleýän ruhy gymmatlyklar türkmen jemgyýetinde syýasy medeniýetiň mizemez binýady bolup durýar. Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlyklarydyr, ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar.


Başgaça aýdylanda, taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetini ösdürmegiň möhüm serişdeleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli maksatnamalarynda bellenilen täze giňişlikleriň we mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi hem halkymyzyň taryhy tejribesi, onuň gadymy dünýä garaýyşlary esasynda guraldy.


Biziň hem-de tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly maksatnamalar durmuşa geçirildi, batyrgaý başlangyçlar, çuňňur syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri anyk häsiýete eýe bolup, Türkmenistany kuwwatly, gülläp ösýän döwlete öwürdi. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagat ulgamynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, tarpdan diýen ýaly kemala getirilýän, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegi we täze eksport giňişlikleriniň açylmagy milli Liderimiziň ähli özgetmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň  subutnamasydyr.


Halkara ulag düzümleriniň, gaz geçirijileriniň, awtomobil hem-de demir ýollaryň, deňiz we howa ugurlarynyň, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň we beýlekileriň köpugurly ulgamynyň döredilmeginde möhüm ädimler ädildi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düýpli täzeden gurulmagy, bazar gatnaşyklaryň we hususy bölegiň okgunly ösdürilmegi görlüp-eşidilmedik ýokary depgine eýe boldy.


Ýakynda Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze maksatnamasy kabul edildi, onda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, bazar gurallarynyň we usullarynyň doly herekete getirilmegi, iň täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, halkara hem-de sebit ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna döwlete dahylsyz bölegiň goşandynyň artdyrylmagy babatynda giň gerimli meýilnamalar kesgitlenildi.


Bu strategik ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi bilen, milli Liderimiziň köp derejeli özgertmeleri amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň we döwleti dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düzümleýin gaýtadan guralmagynyň nobatdaky tapgyry badalga aldy. Önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleriň güýçlendirilmegi, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, şolary düýpli gaýtadan işlemegiň hem-de ýokary goşmaça gymmatyň döredilmeginiň hasabyna amala aşyrylar.


Ýedi ýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, telekeçiligiň bu işlere işjeň çekilmegini, hususylaşdyrmak çäreleriniň giňeldilmegini, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegini, innowasiýa ugurly senagat toplumlarynyň ösdürilmegini talap edýär.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilatyň durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry biziň tutuş halkymyzyň hem-de her bir raýatyň durmuş abadançylygynyň, hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyna gönükdirilendir hem-de şeýle bolmagynda galýar. Saglygy goraýyş, ylym we bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de işleriň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak geljekki çäreleriň möhüm ugry hökmünde görkezildi, olar kämil jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam eder.


Şolar bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň baş ugry hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürlen hem-de halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan düýpli başlangyçlary, şol sanda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça teklipleriniň esasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzda gazanylan sepgitleri beýan edýär.


Öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçiriljekdigine hiç hili şübhe bolup bilmez, çünki geçen ýyllaryň iş tejribesi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryndan bäri öz Lideriniň daşynda mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň iň bir giň gerimli meýilnamalary hem amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezdi.


Biziň her birimiziň durmuşymyza oňyn täsirini ýetiren Türkmenistanda gazanylan ýokary netijeler, ýetilen anyk sepgitler, uly üstünlikler ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz ynamynyň ygtybarly binýady boldy. Bu ýokary wezipede milli Liderimiziň durmuşa geçiren işleriniň netijeleri «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şu ýylyň şygarynyň örän esaslydygyny şertlendirdi.

Gurluşyk senagaty we elektrik energetika: özgeriş ugurlary

Halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde halkara ölçeglerine kybap gelýän ähli zerur düzümleriň kemala getirilmegi milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr, onuň baş maksady adam hakynda hemmetaraplaýyn alada ýugrulandyr. Aşgabatdaky hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki köp sanly täze binalar, ilkinji nobatda bolsa, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bu oňyn syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.


Muňa paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Täze zaman» ýaşaýyş toplumy aýdyň mysaldyr. 2018-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde iki we bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 1 müň 152-si ulanylmaga berildi. Şolarda ýaşaýjylar üçin aňrybaş şertler döredildi, şol sanda giň we amatly mebeller bilen üpjün edilen otaglar, zerur durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar hem-de beýlekiler göz öňünde tutuldy. Her öýüň çäginde mellek ýerleri ýerleşdirildi, şolarda agaç nahallaryny we beýleki ekinleri ekmek üçin mümkinçilik döredildi hem-de garaž we tamdyr göz öňünde tutuldy.


Şol gün «Täze zamanda» her biri 160 körpä niýetlenen çagalar baglarynyň ikisi açyldy, şolarda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi we wagtyny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu tapgyryň täze binalaryny gurmak üçin 179,85 gektar ýer bölünip berildi, şolaryň hatarynda 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany bar.


Bu ýaşaýyş toplumynyň ilkinji tapgyrynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2014-nji ýylda açylandygyny ýatladýarys. Soňky ýyllarda onuň çäklerinde ýerleşdirilişi gowulandyrylan köp sanly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy, birnäçe seýilgäh zolaklary döredildi.


Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan «Parahat — 7/3» ýaşaýyş toplumynyň täze belent binalary aşgabatlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýaşaýjylar ähli amatlyklary bolan 144 öýüň açaryny aldylar. Aşhana, naharhana, giň otaglar amatlylyk babatynda ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Şolardaky ýokary hilli, döwrebap bezegli mebelleri ýurdumyzyň önüm öndürijileri ýasadylar. Şeýle hem bu öýlerde daşary ýurt kompaniýalarynyň iň täze nusgaly durmuş enjamlary oturdyldy.


Täze binalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyryldy — çagalar üçin oýun meýdançalary, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çäreleri we dabaralary guramak üçin şertler döredildi. Öýleriň töwereklerinde güller ekildi, gök öwüsýän zolaklar döredildi, yşyklandyryşy gowulandyrmagyň oýlanyşykly ulgamy işlenip taýýarlanyldy. Bazar hem-de dükanlar ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda ýerleşýär.


Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda birbada dört seýilgäh: Berkararlyk etrabynda Kemine, Köpetdag etrabynda Nurmuhammet Andalyp, Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde Magtymguly şaýolunyň we Tähran köçesiniň kesişýän ýerinde, Büzmeýin etrabynyň Gündogar köçesiniň ugrunda seýilgähler açyldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzy «gök begrese bürenen bagly şäher...» diýlip taryplaýan öwgüli jümleler ýene bir gezek tassyklanyldy.


Paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda Hezreti Omar metjidi açyldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolan bu waka asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň hem-de baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.


Aşgabadyň demirgazyk böleginde, durky täzelenen G.Kulyýew köçesiniň ugrunda peýda bolan täze işewürlik toplumy gerimi bilen haýran galdyrýar. Köçäniň iki tarapynda döwrebap düzümli işewürlik merkezleri döredildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu taslama bir milliard manat serişdäni gönükdirip, ony dolulygyna amala aşyrmak bilen, edara binalarynyň hem-de söwda merkezleriň 100-e golaýyny ulanmaga bermäge taýýarlady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, bu desgalaryň gurluşyk işlerini «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasy alyp barýar. Şol kompaniýa şähergurluşyk ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.


Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärlik gurulýar. Mundan başga-da, bu ýerde welosiped sportuna bagyşlanan uly ýadygärlik toplumyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.


Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda täze ajaýyp binalar peýda bolar. Baş meýilnama laýyklykda, 12 gatly, 72 öýli jaýlaryň 10-sy hem-de 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy gurlar. Şäheriň şu böleginde Söwda-dynç alyş merkezleriniň 2-si bina ediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu taslamalar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy.


24 — 25-nji maýynda geçirilen «Ak şäherim — Aşgabat» atly XVII halkara köpugurly sergisinde häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikler we bu ugurda geljekde amala aşyryljak işler aýdyňlyk bilen görkezildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzda giň gerimli gurluşygyň ýaýbaňlandyrylmagy ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegleriň artmagyny şertlendirip, ýerli çig malyň esasynda şolary öndürýän ulgamyň çalt depginler bilen ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.


Ýöriteleşdirilen serginiň esasy ugry dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ösüş gazanmak bilen baglanyşykly boldy. Oňa ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň 80-den gowragynyň hem-de Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Koreýadan, Gazagystandan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.


Häzirki wagtda bu pudak türkmen ykdysadyýetiniň senagat taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur bolsa dünýä ylmynyň we tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýar. Işe girizilýän ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalar bäsdeşlige ukyply, hil babatda halkara ölçeglerine kybap gelýän önümleriň köp görnüşlerini çykarmaga niýetlenendir.


Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe senagat zolagynda döredilýän kuwwatly gurluşyk ulgamy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde eýýäm metal önümlerini hem-de armatur öndürýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody hem-de «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we graniti gaýtadan işleýän kärhanasy üstünlikli işleýär.


Bu ýerde döwrebap «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasyny gurmak baradaky çözgüt ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda aýna senagatyny döretmegiň geljegi uludygy bilen şertlendirilendir. «float» usuly bilen aýna öndürmegiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasyny düzdi. Şol usul bolsa Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýar.


Bularyň ählisi geçen ýylyň 28 — 30-njy awgustynda geçirilen «Türkmengurluşyk — 2018» halkara sergisinde öz beýanyny tapdy. Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergä dünýäniň 14 ýurdundan — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan 130-dan gowrak kompaniýa gatnaşdy.


Bu ýerde ýurdumyzyň hususy gurluşyk ulgamynyň wekilleriniň işleri giňden tanyşdyryldy. Soňky ýyllarda biziň gurluşyk kompaniýalarymyz iri taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde, telekeçilik işi gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.


Dekabr aýynda Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-döredijilik sergisi ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamynda toplanan iş tejribesine we onuň geljegine, şäher düzümini kemala getirmäge bagyşlandy.


Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guralan sergide ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de mugallymlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Binagärler birleşiginiň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, döredijilik ussahanalary hem-de aýratyn işleýän binagärler öz işleri bilen tanyşdyrdylar. Onuň çäklerinde guralan bäsleşikde iň gowy işler kesgitlenildi.


«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» oba ýerleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, raýatlarymyzyň, şol sanda ýaş maşgalalaryň hem-de ýaş hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilatly ýerlerde durmuş maksatly desgalary we inženerçilik düzümlerini gurmak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şol maksatnamany durmuşa geçirmäge ägirt uly serişdeler gönükdirilýär.


Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň hem-de Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäklerinde we Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde döwrebap obalaryň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.


Ýaşaýyş toplumlarynda her birinde 400 kottej jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şolar obalaryň her birinde 2 müň adamyň ýaşamagy üçin niýetlenendir. Olaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, mellek ýerleri, garaž we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem geňeşlikleriň edara binalaryny, 640 orunlyk orta mekdepleri, 320 orunlyk çagalar baglaryny, söwda merkezlerini, Saglyk öýlerini, baýramçylyk dabaralaryny we milli dessurlary geçirmek üçin ýörite meýdançalary, awtoduralgalary gurmak meýilleşdirilýär.


Mundan başga-da, Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge, dürli görnüşli matalary we taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenen iri dokma toplumlarynyň düýbi tutuldy. Bäherden etrabynyň merkezinde çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygy başlandy. Kaka we Gökdepe etraplarynda täze saglygy goraýyş edaralary ulanylmaga berildi.


Balkan welaýatyndaky täze iri gurluşyklaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Serdar etrabyndaky maldarçylyk toplumy bar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üsti täze şypahana hem-de dynç alyş merkezli akwapark bilen ýetirildi.


Daşoguzda hem has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depgini ep-esli ýokarlandy. Geçen ýyl şol ýerde maşgalalaryň onlarçasy täze jaý toýlaryny tutdy. Maryda döwrebap çagalar hassahanasy ulanylmaga berildi.


2018-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň merkezinde täze Halkara howa menzili, iýun aýynda bolsa tutuş ýaşaýyş toplumy açyldy. Ýaşaýyş toplumy has oňaýly 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýigrimi ikisinden ybaratdyr. Şolaryň her birinde giň we ýagty otagly öýleriň 40-sy bar. Öýleriň aşhanalary döwrebap enjamlaşdyryldy, bezeginde häzirki zaman serişdeleri ulanyldy. Bu ajaýyp ýaşaýyş toplumynda müňe golaý maşgala jaý toýuny tutdy.


Türkmenabat şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem ajaýyp sowgat aldylar. Şol ýerde sebitdäki iri lukmançylyk merkezi guruldy. Bu merkez köpugurly hassahanany we ýokanç keseller hassahanasyny, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny özüne birleşdirýär.


Dekabr aýynda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Binagärlik babatda täsin bu uly desgalaryň her biri 3 müň orunlykdyr.


Synymyzy dowam edip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň zerurlygyny talap edýändigini bellemelidiris. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.


Şunuň bilen birlikde, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenilýär. Bu ulgamda geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär.


Mary DES-ni bilen utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän buggaz elektrik bekediniň işe girizilmegi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçen 2018-nji ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Şu mynasybetli geçirilen dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Täze bekediň umumy kuwwaty 1574 megawatta barabardyr. Bu ýerde dünýäde meşhur «General Electric» amerikan kompaniýasynyň 4 gaz we 2 bug turbinalary ornaşdyryldy. Iki görnüşli desgalaryň utgaşdyrylmagy goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy ep-esli azalýar, atmosfera gidýän zyýanly zyňyndylaryň möçberi 2 — 3 esse azalýar.


«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyna — Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygyna badalga berildi.


Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 megawat boljak gaz turbinaly elektrik bekediniň taslamasy «Sumitomo Corporation» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylar we gurlar. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen degişli şertnama 2015-nji ýylda, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýurdumyza resmi sapary mahalynda gol çekildi. Şonda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikler geçirildi. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşar. Ol Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Karz bermek ylalaşygyny baglaşdy.


Täze energetika toplumy üçin giň meýdan 2014-nji ýylda Çärjew etrabynyň günorta böleginde ulanylmaga berlen «Lebap» DES-niň golaýyndan bölünip berildi.


Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawatta barabar bolan gaz turbinaly desgalaryň üçüsini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu enjamlary bütin dünýäde meşhur «MITSUBISHI HITACHI ROWER SYSTEMS» kompaniýasy getirer.


Energobloklardan başga-da, bu ýerde edara binasy gurlar. Onda DES-niň esasy dolandyryş ulgamy, gaz paýlaýjy beket hem-de zerur inžener-tehniki kommunikasiýalar ýerleşdiriler. Elektrik bekediniň çägi abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler. Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasy umumy gurluşyk işlerini ýerine ýetirer.


«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn 7 ýylda ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.


Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan parahatçylykly durmuşy gurmakda doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileriň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ulgamlar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 2018-nji ýylyň tomsunda geçirijilik kuwwaty sagatda 100 megawatta barabar bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Şonuň bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şonuň çäklerinde, hünärmenlerimiz elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda elektrik bekedini hem-de umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamy gurdular.


Elektrik geçiriji ulgamyň açylyş dabarasynyň çäklerinde, Kerki — Hamýap — Garkyn elektrik geçiriji ulgamyny gurmak barada Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda meýiller hakyndaky teswirnama gol çekilendigini ýatlatmalydyrys.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy gurmak ýaly iri taslamalar diňe bir olara gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebitiň döwletleri üçin uly ähmiýete eýedir.


Täze energiýa köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Şonuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginden geçýän böleginiň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi.


Oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, bu resminamada täze elektrik geçiriji ulgamy boýunça Owganystana iberiljek elektrik energiýasynyň mukdary kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Hyradyň we Kandagaryň her birine 300 megawat (jemi 600 megawat) elektrik energiýasy iberiler.


2018-nji ýylda Aziýanyň ösüş banky bilen gol çekilen ylalaşyk ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny giňeltmäge ýardam eder. Şol ylalaşyk Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge degişlidir.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTAP) halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän mukdaryny ep-esli artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin taraplaryň ählisiniň özara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.


Şu ýyl täze elektrik beketlerini gurmaga we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de munuň goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.


Mahlasy, 2018-nji ýylda ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň, şol sanda gurluşyk senagatynda hem-de elektrik energetikasy ulgamynda ýetilen belent sepgitler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtly durmuşynyň bähbidine ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär

Şaýbaly hokkeý hem-de figuralaýyn typmak boýunça Türkmenistanyň milli ýygynydy topary 8-nji fewraldan bäri Sahalie oblastynyň Günorta —Sahalinsk (Russiýa Federasiýasy) şäherinde bolup, bu ýerde «Aziýanyň çagalary» atly birinji gyşky halkara sport oýunlaryna gatnaşýar.


Biziň türgenlerimizde şunuň ýaly derejede sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlarda çykyş etmek tejribesi häzire çenli bolmady. Şeýle-de bolsa, ozal ýurdumyzyň wekilleri Ýakutskide geçirilen «Aziýanyň çagalary — 2019» atly tomusky oýunlaryň medallary ugrunda bäsleşdiler.


Şonuň üçin türkmenistanlylaryň buzly meýdançalarda geçiren ilkinji çykyşlary dürli kynçylyklara sezewar boldy. Şeýle ýaryşlara gatnaşmak tejribesiniň bolmazlygy diňe ýeňşe bolan ymtylma hem-de beden taýdan taplanma bilen öwezini dolup bilmezdi.


11-nji fewralda, uýgunlaşma döwri hem-de oýunlarda güýçli türgenleşikler tamamlanandan soň, hokkeý ýaryşy başlanyp, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary birinji oýunda Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşdy.


Biziň toparymyzyň derwezesini Söhbet Garlyýew gorady. Çekeleşikli göreşiň dowamynda türkmenistanlylar 17 — 2 hasaby bilen has tejribeli bäsdeşinden asgyn geldiler. Netijeli urgularyň ikisi hüjümçi Nowruz Baýhanowyň hasabyna ýazyldy.


12-nji fewralda Gazagystanyň hokkeýçileri bilen nobatdaky duşuşyk geçirilip, olar 34 şaýba salyp, toparymyzy ýeňdiler.


13-nji fewralda türkmen hokkeýçiler ýygyndysyna «W» toparyň güýçli ýygyndysy — Russiýa Federasiýasynyň Ural federal okrugyndan ýetginjekler bilen üçünji duşuşyk garaşýar. Bu duşuşygyň watandaşlarymyz üçin bäsleşik ähmiýeti bolmaz, emma sport tejribesini toplamak babatda onuň peýdasy uly bolar.


Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi onuň täzeleniş, tälim alyş, oýun tejribesini toplaýyş tapgyrynda bolup, dünýäniň dürli ýurtlaryndan tanymal bäsdeşler bilen ýaryşýandygyna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, zerur bolan hokkeý tejribesini alýandygyna şaýatlyk edýär.


Biziň oglanlarymyzyň we gyzlarymyzyň «Aziýanyň çagalary — 2019-da» çykyşlarynyň türkmen sporty üçin getirjek peýdasy örän uludyr. Türkmenistandan bolan gyşky sport görnüşleriniň wekilleriniň belli «hokkeýli» döwletler bilen bäsleşjek wagty indi daşda däl.


13-nji fewralda häzirki ýaryşlaryň buzly meýdançalaryna medallar ugrundaky bäsleşige ýaş figuraçylar girişerler. Biziň ýurdumyza paýtagtymyzyň mekdepleriniň okuwçylary Larisa Wahitowa hem-de Aýna Ekeýewa wekilçilik edýärler.


Gyzlaryň ikisiniň hem halypasy Karina Mowsesýan, toparyň lukmany Kerimmuhammet Orazmämmedow hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport mekdebiniň direktory Aýna Atdaýewa «Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlarynyň ýokary derejede guralyp, lyža ýollarynda, sport zallarynda we münberlerde höküm sürýän ajaýyp ýagdaýy belleýärler. Tomaşaçylar garyň seýrek ýagýan, sportuň gyşky görnüşleriniň bolsa ýaňy-ýaňy ösüp başlan ýurtlaryndan ýaryşa gatnaşyjylary şatlyk bilen garşylaýarlar.


Sahalin oblastynyň tämiz howasy, depeleriň ýakynlygy, sowuk umman howasy bularyň hemmesi türgenleriň ýaşamagy, oýunlardan we türgenleşiklerden soň dynç almagy üçin ajaýyp şertleri döredýär.

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy we diplomatik işjeňligi

Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de diplomatik işjeňligi Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy bilen kesgitlenen strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrylýar. Olar daşary döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de halkara guramalar bilen işjeň özara gatnaşyklarynda jemlenýär.


2018-nji ýylda Türkmenistan halkara abraýyny has-da artdyryp, parahatçylykly daşary syýasatyny, demokratik özgertmeleri, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi.


Şunuň bilen baglylykda, 2019 — 2021-nji ýyllar döwür üçin Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bellärliklidir. Munuň özi döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.


Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça kuwwatlylygy 500 kWt bolan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri we Hindistan Respublikasynyň döwlet daşary işler ministri gatnaşdylar.


Özara hormat goýmaga we ynanyşmaga daýanýan daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmak babatda 8-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystana ýardam bermek boýunça halkara tagallalary goldamak hakynda kabul edilen Kararnamasy örän uly ähmiýete eýedir. Resminamada türkmen Lideriniň transkontinental taslamalar, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lazurit”) ulag geçelgesi boýunça öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigi aýratyn bellenilýär.


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Milletler Bileleşiginiň agza ýurtlaryny bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge çagyrdy. Şeýlelikde, türkmen döwletiniň sebit we sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça eýeleýän işjeň orny Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan örän uly goldawa eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli uzak möhletleýin taslamalarynyň amala aşyrylmagyna dünýäde ýokary baha berilýändigini nobatdaky gezek subut etdi.


Mart aýynda döwlet Baştutanymyzyň Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparlarynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklar Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze tapgyry alamatlandyrdy.


Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kuweýtiň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň gepleşiklerinde ýangyç-energetika pudagynda, nebithimiýa, nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda, gaýtadan işleýän senagatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de maýa goýum gatnaşyklary esasy meseleler boldy. Ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge oňyn şertleriň bardygy bellenildi, bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugry bolup biler.


Taraplar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça hökümetara resminamalarynyň 10-syna gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň we Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt Gaznasynyň arasynda tehniki taýdan goldaw bermek hakynda bilelikdäki resminama kabul edildi.


Milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary hem ýokary netijelilige beslendi. Bu ýurt döwletimiziň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Abu-Dabi şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Mirasdüşer Şazadasy, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyk etmegiň, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň 7-sine gol çekildi.


Mart aýynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi sapary hem-de onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleri iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyra öwrüldi. Şol gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän dostluk, doganlyk, özara hormat goýmak däplerine esaslanandyr. Ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi, hususan-da, söwda-ykdysady, energetika we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek ulgamynda, telekommunikasiýa, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.


Şeýle hem taraplar iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek, mysal üçin, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoluny gurmak babatda hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Bu ýol diňe taslama gatnaşýan ýurtlar däl-de, eýsem, beýleki döwletler tarapyndan hem ulanylyp, ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýär. 


Hazar meselesi boýunça geçirilen gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň netijeli özara gatnaşygy halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary babatda garaýyşlaryň ýakyndygyny şertlendirdi.  Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Bu bolsa Bilelikdäki Beýannamada hem-de gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda beýanyny tapdy.


23 — 24-nji aprelde milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýagdaýyny hem-de geljegini, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň meselelerini, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


Söwda-ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Döwlet Baştutanlary maýa goýumlarda, senagat kooperasiýasynda özara mümkinçilikleri bellediler hem-de däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi, iki ýurduň işewür düzümlerini we haryt öndürijilerini bilelikdäki taslamalara, şol sanda kiçi hem-de orta işewürligiň ugry boýunça işlere gönükdirmegi ylalaşdylar.


Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik pudagy hökmünde kesgitlendi. Milli Liderimiz biziň döwletimiziň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry boýunça Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykalgany üpjün edýän geçelgäni döretmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardygyny belläp, özbek tarapyna ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenaryndaky häzirki zaman port düzümini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty yklym ähmiýetli ulag-logistiki merkeze öwrülmegine gönükdirilendir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kontinental ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa — Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawyny ýola goýmagyň iş ýüzündäki çärelerini Özbegistan bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTOP) ugry boýunça türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak babatda işler dowam edýär. 


Iki ýurduň Prezidentleri Merkezi Aziýa sebitinde täze, döwrüň talabyna we emele gelen ýagdaýlara laýyk gelýän köptaraplaýyn syýasy gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin yzygiderli duşuşyklar görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli maslahat, geňeş edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetdeş welaýatlarynyň arasynda soňky ýyllardaky işjeňleşýän gatnaşyklary has giňden goldamak babatda ylalaşyk gazanyldy.


Ýurdumyz umumy abadançylygyň bähbidine öz döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalşyp, häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine düýpli çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda anyk başlangyçlary öňe sürüp, işjeň orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG tarapyndan yglan edilen “Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanyp, 20-nji iýunda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.


Türkmen Lideriniň pikirine görä, syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejede bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýä garaýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik ýörelgelerine berk ygrarlylyk, onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galmalydyr.


Milli Liderimiz Duşenbä iş saparynyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti , Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherinde boldy hem-de Tatarystanyň Baştutany bilen bilelikde “Ideýa” tehnoparkyna, bu ýerde guralan serginiň çäklerinde Respublikanyň senagat mümkinçilikleri, esasy kompaniýalary we kärhanalary, şol sanda ýurdumyz bilen öňden bäri netijeli hyzmatdaşlyk edýän “Tatneft”, “KAMAZ” we beýleki kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdy.


Taraplar däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy arabaglanyşyga hem-de umumy ruhy-medeni gymmatlyklara esaslanýar. Şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.


12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda milli Liderimiziň öňe süren täze başlangyçlary daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, sebitde birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýyny döretmek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şol gün Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi deňziň serişdelerini özleşdirmegiň halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döreden esasy wakalaryň biri boldy.


Dostlukly ýurtlaryň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ykdysady we durmuş, ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Soçide bolan duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Olar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler.


Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Awgustda ýurdumyzda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň döwlet sapary bilen bolmagynyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmeginiň jemleri hem munuň nobatdaky mysaly boldy.


Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň gepleşikleriniň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag, suw-energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, dostlukly ýurtlaryň ikisiniň hem halkara giňişlikde häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary birdir ýa-da ýakyndyr. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň ähli görnüşlerine garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyklary bellenildi. Iki döwletiň Liderleri Owganystandaky ýagdaý barada aýtmak bilen, goňşy ýurtdaky ýagdaýy BMG-niň howandarlygynda parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Gepleşikleriň jemi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.


24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegi hem halkara ähmiýetli nobatdaky möhüm waka boldy. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlygy hökmünde kabul edýän ýurdumyza ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Awaza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow geldiler.


Milli Liderimiz forumda çykyş edip, Aral meselesiniň bu gün häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze çemeleşmeleriň zerurlygyny şertlendirýär diýip belledi. Türkmenistan şundan ugur almak bilen, 2017 — 2019-njy ýyllarda gaznada başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne aldy. Biziň ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy, şonda işleriň esasy ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň esasy ugurlary bellenildi.


Araly goramak meselesine eýýäm köpden bäri içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Milletler Bileleşigini Türkmenistanyň BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklibini goldamaga çagyrdy.


Döwletimiz sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerine seretmek hem-de şolary çözmek ugrunda çykyş edip gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda Türkmenistan bu meselede diňe sebit derejesindäki ylalaşygy netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýeke-täk kabul ederlikli görnüşi hasaplaýar. Şeýle hem bu pikiri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri öz çykyşlarynda goldadylar. Olar AHHG-nyň çäklerinde Aralýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de Gaznanyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini bellediler.


Sammitiň işiniň netijeleri boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şonda ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmek boýunça halkara başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Şol wezipeler türkmen Lideriniň Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri bilen bolan ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyklar forumyň işine başlamagynyň öň ýanynda “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.


BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk daşary syýasatyň esasy ugrudyr. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanyp, häzirki döwürde täze anyk mazmuna eýe boldy. Sentýabryň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) saparda boldy.


Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy. Antoniu Guterreş häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmek boýunça sebit we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, şol maslahatda milli Liderimiziň öňe süren netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Taraplar Bitarap türkmen döwletiniň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga gatnaşmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş edip, sebitiň hem-de dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan etdi. Hususan-da, milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, BMG-niň Aral deňzini halas etmek üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleri, Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmagyň ýollary ýaly meseleleri gozgady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de noýabr aýynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda geçirilen gepleşikler döwlet Baştutanymyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolan daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.


Syýasy we söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem resminamalaryň ençemesine: möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kesgitleýän hökümetara ylalaşyklara we maksatnamalara gol çekildi. Resminamalaryň jemi 20-den gowragyna gol çekildi.


GDA-nyň agza ýurtlary bilen biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy hem milli daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär, ol özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribä daýanyp, häzirki döwürde täze depgine we mazmuna eýe boldy. 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran iş sapary munuň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.


Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.


Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.


Şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň daşary döwletleriň we halkara düzümleriň resmi wekilleri, iri abraýly guramalaryň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, dürli daşary ýurt korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy.


Şu güne çenli Türkmenistan dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 47-siniň agzasy bolup durýar. Häzirki wagtda daşary döwletlerde ýurdumyzyň ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň we hemişelik hereket edýän wekilhanalarynyň 38-si işleýär. Kabulhanalary daşary döwletlerde ýerleşen Türkmenistanyň ilçileri beýleki ýurtlaryň onlarçasynda ata Watanymyza resmi taýdan wekilçilik edýärler.


Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda ilçihanalaryň, konsullyklaryň 35-si hem-de halkara guramalaryň 15-siniň wekilhanalary hemişelik esasda hereket edýär. Geçen ýyl döwletimiz halkara konwensiýalaryň 5-sine goşulyp, şunuň ýaly köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşýar.


Şeýlelikde, geçen ýylyň diňe umumymilli däl-de, eýsem, halkara derejedäki möhüm syýasy wakalary ýurdumyzyň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak maksadynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna doly goşulandygyny görkezdi. 

Medeniýet we syýahatçylyk – döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň hatarynda

Türkmenistan öz ösüşiniň nobatdaky tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda tassyklanan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge girişýär. Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulgamynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 


Bu iş eýýäm başlandy — milli Liderimiz ýanwar aýynda geçirilen Hökümet mejlislerinde hem-de maslahatlarynda ýolbaşçylar düzüminiň öňünde ykdysadyýeti we beýlekileri sanly ulgama geçirmek wezipelerini goýdy. Öňdebaryjy usullary hem-de çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna innowasiýalary ilerletmek, türkmen ykdysadyýetini has-da ösdürmek babatda şu ýyl öňegidişlikleriň gazanylmagyna garaşylýar. 


Bu pikir 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygarynda hem öz beýanyny tapýar. Onuň esasyny bolsa döredijiligiň, tutanýerli zähmetiň hem-de täze sepgitlere, açyşlara, bilimlere ymtylmalaryň kuwwaty düzýär. Ýurdumyzyň özgertmeleriniň we ösüşiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek bilen, biz öňümizdäki maksatlary we ugurlary aýyl-saýyl etmek üçin geçen ýylda geçilen ýoluň jemlerini ýene-de bir gezek jemleýäris hem-de okyjylarymyza däp bolan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl» atly syn beriji makalalarymyzy hödürleýäris. 


«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçen ýyl wajyp we düýpli özgertmeleriň başyny başlan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri we möhüm wakalary barada gürrüň berýän taryhy sahypa öwrüldi.



Häzirki döwürde türkmenleriň baý taryhy medeni mirasy ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýýan mähriban ýurdumyzyň özüni dünýä täzeden açýan uly ruhy gymmatlygydyr. Medeniýet we syýahatçylyk ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 


20-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan ugurdaş maslahat 2018-nji ýylda medeniýet ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly forumyň barşynda halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrýan möhüm şert hökmünde bu gadymy kerwen ýolunyň şan-şöhratyny wagyz etmäge aýratyn üns berildi. Ýanwaryň birinji ongünlüginde Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Beýik Ýüpek ýoly — parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýoly» atly sergi aň-bilim ugurly hem-de baý milli mirasy wagyz etmäge gönükdirilen häsiýete eýe boldy. 


Ýanwar aýynyň soňky ongünlüginde Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň çäklerinde dostlukly döwletiň döredijilik işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti ýurdumyza geldi. Halkara çäre iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyldy. Belarusly myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna «Françiska Skorinynyň kitap mirasy» atly 22 jiltlik faksimil neşirini sowgat berdiler. Medeniýet günleriniň maksatnamasynda Belarus Respublikasynyň Döwlet akademiki tans toparynyň, «Sýabry» toparynyň we beýlekileriň çykyşlary bar. «Kupalinka» topary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak güllerim saňa» aýdymynyň, şeýle hem meşhur «Aýly agşam» türkmen aýdymynyň we «Türkmen äheňleriniň» ýerine ýetirilmegini tomaşaçylar aýratyn ruhubelentlik bilen garşyladylar. 


Fewralyň başynda geçen hökümet mejlisiniň barşynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar bilen baglanyşykly 2018-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Onda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny mundan beýläk-de öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. 


Türkmen arheologlarynyň ýurdumyzyň taryhyny häzirki eýýamda has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän täze gymmatly tapyndylary ýüze çykarmagy hem bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, häzirki zaman Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän Daňdanakan şäher galyndysynda, şeýle hem orta asyrlarda Täk-Ýazyr obasy hökmünde belli bolan Şähryslam şäher-gala galyndysynda ýüze çykarylan täsin arheologik tapyndylar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletleriň ösüşi hakynda möhüm maglumatlary tassykladylar. Horezm-Horasan söwda ýolunyň ugrunda gurlup, gadym döwürlerde örän belli bolan bu gala-şäherçäniň harabalygy häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň dolandyryş merkezinden 20 kilometr demirgazykda, çäge alaňlarynyň arasynda ýerleşýär. 


Fewralyň birinji ongünlüginde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde medeniýet ugurly sergi açyldy. Onda bu gadymy kerwen ýolunyň şan-şöhratyny beýan edýän, şol döwrüň ruhuny we türkmenleriň däp bolan ýaşaýyş-durmuşyny dikeldýän ajaýyp taryhy-medeni gymmatlyklar görkezildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen görnükli italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň eserleriniň göçürilen suratlary hem «syýahat etdi». Fewralda türkmenistanlylar şolar bilen Şekillendiriş sungaty muzeýinde tanyş boldular. 


Fewralyň birinji ongünlüginde Aşgabatda geçen Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri hem medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we döredijilik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirildi. Bu çäräniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergide goňşy ýurduň gadymy kökleri, amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň yzygiderliligi aýdyň görkezildi. Eýranyň kinorežissýorlarynyň filmleriniň görkezilişi guraldy. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda iki ýurduň çagalar döredijilik toparlary, «Watan» kinokonsert merkezinde bolsa Eýranyň folklor we saz toparlary çykyş etdiler. 


2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygary bilen syýahatçylyk ulgamyndaky çäreler hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy. 3-nji fewralda ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we «Şuangsýun», «Beýçen» hytaý kompaniýalary bilen bilelikde türkmen-hytaý pudaklaýyn forumy guradylar. Şonuň jemi boýunça gol çekilen birnäçe şertnamalar we ylalaşyklar bu ulgamdaky, şol sanda iki ýurduň çäklerinde dürli syýahatçylyk çärelerini geçirmek, maýa goýmak, ulgam üçin işgärleri taýýarlamak we maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk ugurlarynyň uly toparyny öz içine aldy. 


Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mart aýynyň wakalarynyň many-mazmunynyň baýlygyny kesgitledi. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan surat, grafika we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem şu dabaralara bagyşlandy. Bu sergi ýurdumyzyň suratkeş zenanlarynyň 43-siniň işini özünde jemledi. 


9-njy martda wagyz-nesihat çäresi badalga aldy — Aşgabat — Türkmenabat — Kerki ugry boýunça Aşgabatdan wagyz-nesihat otlusy dört günlük ýola düşdi. Onuň ugry ýurdumyzda gadymy döwürlerde söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen şäherleri we taryhy ýerleri öz içine aldy. Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde «Günorta Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri — dünýä binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary» diýen ylmy maslahat hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň bir babyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Şol bapda Amyderýanyň ugrunda ýerleşen taryhy ýerler we tebigat ajaýyplyklary hakynda gürrüň berilýär. Şunuň ýaly çäre martyň soňky ongünlüginde Balkan welaýatynda hem guraldy. 


Milli bahar baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk dabaralary däbe öwrülen «Nowruz ýaýlasynda» geçirildi. Bu ýerde türkmen halkynyň çäksiz myhmansöýerliginiň, milli medeniýetimiziň dowamatlylygynyň alamatyna öwrülen ägirt uly ak öý görnüşindäki bina — «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» guruldy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen wekiller, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda şu döwürde Türkmenistanda bolýan syýahatçylaryň toparlary hem baýramçylyk çärelerine gatnaşdylar. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby owadan bezegli we many-mazmunly görnüşde çärä aýratyn baýramçylyk öwüşginini berdi. Bu ýere ýygnananlar guramaçylaryň, köp sanly aýdym-saz toparlarynyň hem-de halk hünärmentçiliginiň ussatlarynyň işleriniň esasynda halkymyzyň we onuň medeni mirasynyň ýyl ýazgysynda aýdyň yz galdyran gadymy şäherler hakynda gürrüň berýän bu özüne çekiji ajaýyp eseriň sahypalary boýunça gyzykly syýahatda boldular. 


Owganystandan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Gazagystandan, Täjigistandan, Eýrandan gelen döredijilik toparlary öz däp-dessurlarynyň, Nowruzdaky duşuşyklaryň aýratynlyklaryny görkezdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň çäklerinde guralan baýramçylyk konsertiniň hormatly tomaşaçysy boldy. Baýramçylyk konsertine belli estrada ýerine ýetirijileri, teatr artistleri, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden saz we tans toparlary gatnaşdylar. 


2018-nji ýylda ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda milli we dünýä saz medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan kompozitor Nury Halmämmedowyň ýubileýi giňden bellenilip geçildi. 23-nji martda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde bolan «Ýürekleriň sazy» atly ugurdaş äheňli konsert çäreleriň arasynda aýratyn tapawutlandy. Martyň soňky hepdesinde baýramçylyk çäreleri türkmen kompozitorynyň okan we döredijilik şahsyýeti hökmünde kemala gelen ýyllary bilen baglanyşykly Russiýada, Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda dowam etdi. 


Beýik Ýüpek ýoly dünýä taryhynda aýratyn hadysa bolmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berip, özünde turuwbaşdan birleşdiriji başlangyjy saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, 18 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçen halkara ylmy maslahat we “Saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly festiwal aýratyn bellärliklidir. Halkara maslahat dünýäniň 13 ýurdundan gelen ynsanperwer ugurly alymlary we sungat ussatlaryny özünde birleşdirdi. Medeniýetiň gözbaşlary we siwilizasiýanyň ösüşinde onuň ähmiýeti Aşgabat duşuşygynyň baş taglymy boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň özboluşly saz däpleri görkezildi. Owazlaryň bu köplüginde halk sungatynyň gözbaşlarynyň umumylygy, iň esasy bolsa, parahatçylyk dörediji, gurujy güýji aýdyň ýüze çykdy. 


Gadymy Margiananyň artefaktlarynyň Germaniýada bolan tanyşdyrylyş dabarasy hem mirasy gorap saklamak meselesine bagyşlandy. 24-nji aprelde Berliniň Täze muzeýinde «Margiana — Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Berliniň döwlet muzeýleriniň birleşigine girýän Gadymy döwür we irki taryh muzeýi gurady. 


Ýurdumyzyň muzeýleriniň üçüsiniň — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň 220-sini öz içine alýan giň göwrümli sergi dört müň ýyl mundan ozal bürünç eýýamynyň ýokary ösen medeniýetiniň sallançagy bolan we Gündogaryň taryhynda täsin orun eýelän gadymy Margiananyň durmuşyny giňden açyp görkezdi. 


Serginiň gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýändigi örän täsindir. Artefaktlaryň hatarynda daşdan, metaldan, pil süňkünden we palçykdan ýasalan ýokary çeperçilikli önümler, täsin görnüşli nepis keramiki gaplar, Goňuryň hem-de beýleki gadymy Margiana obalarynyň ýaşaýjylarynyň durmuşynda uly orun eýelän gadymy dini şekiller bar. 


Sergi 15-nji oktýabra çenli Berlinde görkezildi, 1-nji noýabrdan bolsa Gamburgyň arheologiýa muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde gadymy türkmen şalygynyň asyl nusgalary dört aýlap görkeziler. Soňra bolsa olar 2019-njy ýylyň iýunyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda ýaýbaňlandyrylar. Bu şanly waka mynasybetli alymlara, şeýle hem taryhyň janköýerleriniň giň köpçüligine niýetlenen ýörite owadan bezegli neşir çykaryldy. 


Ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselesi bilen baglylykda, ýurdumyzyň arheologiýa dünýäsi bilen tanyşmakda uly gymmata eýe bolan «Uly Gyzgala» (daşary ýurt edebiýatynda «Gyz-gala» hökmünde belli) binagärlik ýadygärligini gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasynyň tamamlanmagyny bellemek gerek. 16-njy maýda «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda bu waka bagyşlanan dabara boldy. Taslama 5 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiler gaznasy» Halkara maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji iri göwrümli grantyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy. 


Uly Gyzgalanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň hataryna girýändigini nazara alyp, türkmen hünärmenleri bu ýerde öz daşary ýurt kärdeşleri — Londonyň Uniwersitet kollejiniň arheologiýa institutynyň (Beýik Britaniýa), Warşawa uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň (Polşa) wekilleri we palçyk gurluşygy boýunça halkara merkeziniň (СRAterre) Grenoblýanyň ýokary arhitektura mekdebiniň (Fransiýa) bilermenleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işlediler. 


2018-nji ýylyň halklaryň ruhy taýdan birleşmegine hem-de ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen halkara ähmiýetli çäreleriniň hatarynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Aşgabatda işleýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan konsertler bar. 


22-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni çäre tutuş dünýäde ýurdumyzyň täsin taryhy-medeni mirasyny, arheologik hem-de tebigy baýlyklaryny, gazanan üstünliklerini, syýahatçylyk kuwwatyny, halkymyzyň baý däp-dessurlaryny wagyz etmäge ýardam etdi. Şol ýerde surat sergisi açyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 


Russiýanyň medeni paýtagty maý aýynyň soňky ongünlüginde “Fontankada» atly I Halkara sirk sungaty festiwalynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Şol ýerde türkmen çapyksuwarlary baş baýraga — «Altyn Gaetano» baýragyna mynasyp boldular. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna gatnaşyjylardan hem-de Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparyndan düzülen bilelikdäki toparyň bu ajaýyp üstünligi dünýäniň esasy sirk meýdançalarynda Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän ildeşlerimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Watanymyzda meşhur çapyksuwarlary baýramçylyk dabaralary hem-de aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow artistlere Gutlag hatyny iberip, olary ajaýyp ýeňiş bilen gutlady. 


Iýun aýynyň döredijilik çäreleriniň hatarynda dürli halkara ähmiýetli çäreler bar. Olar däp bolan türkmen-russiýa medeni gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. 8-nji iýunda Russiýanyň paýtagtynda, Rerihleriň muzeýiniň çäginde (Gündogar döwlet muzeýiniň şahamçasy) «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Tanyşlyk» atly medeni çäre geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem-de Gündogar döwlet muzeýiniň dolandyryş edarasy tarapyndan guralan çäräniň maksatnamasy türkmen suratkeşleriniň Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan işleriniň sergisinden hem-de halkymyzyň aýdym-tans we tagam taýýarlamak bilen baglanyşykly däpleri bilen tanyşlyk çäresinden ybarat boldy. 


Türkmen-russiýa medeni gatnaşyklary bilen baglanyşykly çäreler 14-nji iýunda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda dowam etdirildi. Şol ýerde «Salam, Wladimir Wysoskiý!» atly oýnuň görkezilişi boldy. Bu çäre Medeniýet ministrligi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. 


23 — 25-nji iýunda bolan döredijilik çäresiniň — Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň barşynda Türkmen döwletiniň medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygy nobatdaky gezek tassyklanyldy. Pekinde geçirilen forumyň maksatnamasyna türkmen sungat ussatlarynyň konsertleri, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi girizildi. 


2018-nji ýylda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyraga sarpa goýmak çäresi bilen birleşdirildi. Bu dabaralara bagyşlanan Medeniýet hepdeligi 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda geçirildi, forumyň aýry-aýry çäreleri paýtagtymyzda guraldy. 


Hepdeligiň çäklerinde welaýatyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzda, medeniýet merkezlerinde we açyk sahna meýdançalarynda ýatdan çykmajak konsertler hem-de sungat ussatlarynyň, bagşylaryň, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda çykyşlar guraldy. Muzeýlerde, kitaphanalarda, medeniýet öýlerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, neşirýat önümleri hem-de arheologlaryň ýurdumyzyň dürli sebitlerinden tapan täsin gymmatlyklary görkezildi. 


Forumyň çäklerinde sahna ussatlary öz işlerini görkezdiler. Hepdeligiň çäklerinde Kaka etrabynyň halk teatr-studiýasy “Sogap ýoly” sahna oýnuny görkezdi. Onda artistler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan orta asyr maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berdiler. Däp bolşy ýaly, döredijilik ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanylyp, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Hüýrlukga — Hemra» atly täze operanyň görkezilişi boldy. 


Hepdeligiň jemleýji çäresi — sungat ussatlarynyň uly konserti, sungat forumynyň dabaraly açylyşy ýaly, Ahal welaýatyndaky, «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Medeniýet hepdeligini geçirmek nobatyny Ahal welaýatyndan Balkan welaýatyna bermek bilen baglanyşykly döredijilik çäresini guradylar. 2019-njy ýylda bu giň möçberli sungat forumy Balkan welaýatynda geçiriler. 


Ýylyň ikinji çärýegi möhüm ähmiýetli taryhy waka bilen tamamlandy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 25-nji iýunda Ženewada geçirilen 38-nji mejlisiniň barşynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakyndaky» Bilelikdäki Beýannama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen birlikde, ýene-de 23 döwlet resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. 


Döwletimiz tarapyndan medeni diplomatiýa halkara derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanylmagy Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüşi gazanmakda eýeleýän möhüm ornuny ykrar edýändigini tassyklaýar. 


2018-nji ýylyň ikinji çärýeginde täze kitap bilen tanyşdyryş çäreleriniň birnäçesi geçirildi. Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy. 


Döwlet Baştutanymyz täze eserini käbesi Ogulabat ejä bagyşlady. Onuň durmuş ýoly türkmen halkynyň ruhy, ahlak we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiz halk pähimlerine we rowaýatlara ýüzlenýär. 


Üçünji çärýegiň çäreleri “Beýik Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwal bilen başlandy. Bu festiwal 1 — 7-nji iýul aralygynda geçirildi hem-de paýtagtymyzyň alty teatrynyň, şeýle-de welaýatlaryň dört teatrynyň ilkinji gezek görkezilen sahna oýunlaryny birleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan rowaýatlar, tymsallar hem-de taryhy wakalar teatr toparlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. 


Geçen ýylyň iýul aýynda bolan döredijilik çäreleriniň hatarynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen «Aziýanyň ýaňy» atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalyny hem görkezmek bolar. Şonda türkmen sirkiniň wekili Liliana Ýusubowa kümüş baýraga mynasyp boldy. Howa gimnastikasy ugrunda ajaýyp çykyşy üçin ildeşimize «Ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy üçin» diýen ýörite baýrak gowşuryldy. 


Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri babatda-da Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly mesele örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy iýulda Pekinde Türkmenistanyň «Ýüpek ýoly» wiza hyzmat merkeziniň açylmagy bellärliklidir. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň 30-njy awgust — 2-nji sentýabr aralygynda Urumçide geçirilen EKSPO «Hytaý — Ýewraziýa 2018» çäresine gatnaşmagy hem iki ýurduň syýahatçylyk ulgamynda alyşmalary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Gözden geçirilişiň çäginde Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň we Urumçi şäheriniň dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de HHR-iň şu sebitiniň esasy syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ikinji türkmen-hytaý syýahatçylyk forumy guraldy. 


Iýul aýynyň wakalary Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan hem-de gadymy türkmen küştdepdi tansyna bagyşlanan festiwal bilen tamamlandy. Döredijilik forumy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirildi. Ençeme asyr mundan ozal hut şu ýerde dünýä medeniýetiniň bu tans dürdänesi döredi. 2018-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan etnografik şüweleňe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlary gatnaşdylar. 


Awgust aýynyň giň möçberli döredijilik çäreleriniň hatarynda höwesjeň ýaş ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileriniň uly konsertini görkezmek bolar. Bu meşhur döredijilik bäsleşiginiň jemleri 18-nji awgustda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde jemlenildi. Şol ýerde bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. 


“Beýik Ýüpek ýolunyň” ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, welosipedli ýörişiň hem-de ýeňil atletika boýunça ýaryşyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli “Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly konsert boldy. Döwletimiziň sport diplomatiýasy halklaryň ýakynlaşmagyna, belent ynsanperwer gymmatlyklaryň dabaralanmagyna gönükdirilendir we şol gün Hazaryň türkmen kenarynda döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine hormat-sarpa goýmak dabarasynyň geçirilmegi tötänden däldir. Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Dabaralar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň suw çüwdürimler seýilgähinde tamamlandy. Deňziň kenaryndaky amfiteatrda baýramçylyk konserti boldy. Onda türkmen hem-de daşary ýurtlaryň estrada artistleri, ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlary çykyş etdiler. 


26-njy sentýabrda ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda dürli pudaklaryň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolanlar şol gün paýtagtymyzdaky “Mejlisler merkezinde” geçirilen sungat ussatlarynyň konsertine çagyryldy. Bu konsert ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlandy. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň hatarynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri hem bar. Bu bäsleşigiň jemi sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde Mukamlar köşgünde jemlenildi. 


Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginiň halkara döredijilik çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan guralan “Koreýa hepdeligi” bar. Şonuň çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat, koreý aşhanasynyň festiwallary hem-de kinofilmleriň görkezilişi we konsert geçirildi. 


Sentýabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahan şäherinde geçirilen IV Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Hazar redaksiýasynyň iş maslahatynyň çäklerinde hem-de mediaforumyň “meýdançalarynda” Hazarýaka ýurtlarynyň žurnalistleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 


29-njy sentýabrda Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan iň gowy surat eserleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Gözden geçirilişiň ýeňijileriniň işleri ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan “Beýik Ýüpek ýoly” sergisiniň çäklerinde görkezildi. Serginiň mowzuklaýyn eserleri nakgaşlyk işleriniň 127-sinden, heýkelleriň 16-syndan hem-de amaly-haşam sungatynyň eserlerinden we fotosurat işlerinden ybarat boldy. 


Geçen ýylyň üçünji çärýeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň dowamy çapdan çykdy. Täze eseriň tanyşdyryş dabaralary 21-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen kitapda türkmen topragyndaky şäherler, galalar hem-de ýadygärlikler barada gürrüň berilýär. Kitap Beýik Ýüpek ýolundaky şahsyýetler we wakalaryň beýany bilen tamamlanýar. Neşirde gadymy oazisleriň arheologiýa, paleogeografiýa, aero we kosmos kartografiýasy ulgamyndan maglumatlar getirilýär. 


21-nji sentýabrda Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Milli Liderimiziň bu eseri 1-nji oktýabrda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde hem tanyşdyryldy. Geçen ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 10-njy jildi çapdan çykdy. Bu kitabyň tanyşdyryş çäresi saglygy goraýyş forumynyň çäklerinde 20-nji iýulda geçirildi. 


Gruziýada iýul aýynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde neşir edilen “Foreign Businessin Georgia” žurnalynyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýörite sany Türkmenistana bagyşlandy. 


GDA agza döwletleriň “Kitap sungaty” atly XV ýubileý halkara bäsleşiginiň baýraklary ýurdumyzyň kitap neşir edijileriniň hem-de neşirýat işgärleriniň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynda 31-nji Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirildi. 


Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda neşir edilen kitaplaryň dördüsi abraýly baýraklara mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby “Medeniýetleriň gatnaşygy” ugrunda birinji ýere mynasyp boldy. “Meniň ýurdum” ugrunda “Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly neşir bäsleşigiň baýrakly ornuna mynasyp boldy. Owadan suratlar bilen bezelen “Türkmen halk ertekileri” atly kitap “Çagalar we ýetginjekler üçin kitap” ugrunda II derejeli diploma mynasyp boldy. “Ürgenç — Gündogaryň orta asyr ylmy we medeni merkezi” atly eser “Okuw edebiýaty we bilim” ugrunda III derejeli diplom bilen bellenildi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldy. Daşary ýurtlarda bu kitap dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda täze hoş habar gelip gowuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň gadymy halkara ýoluň birleşdiriji ornuny açyp görkezýän eseri indi koreý dilinde neşir edildi. 


Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň gazananlarynyň “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynda hem-de ylmy maslahatda görkezilendigini bellemelidiris. Şolar oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirildi. Foruma dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan neşirýat senagatynyň, işewür we edebiýat toparlarynyň wekilleriniň 150-ä golaýy gatnaşdy. Özara gyzyklanma bildirilip, geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda ýörite düzümleriň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şol sanda neşirýat işiniň hünärmenlerini taýýarlamak we neşirýat tehnologiýalary ulgamynda, terjimeçilik, kitaphana işinde we döredijilik alyşmalary ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 


Oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň Mekdep medeni-sport festiwaly geçirildi. Oňa ýaşlaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu festiwaly geçirmek baradaky başlangyç milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Mekdep okuwçylarynyň toparlary bir hepdäniň dowamynda sportuň 6 görnüşi boýunça ýaryşdylar hem-de zehinli çagalaryň VI halkara döredijilik festiwalynyň çäklerinde özleriniň köptaraply döredijilik ukyplaryny görkezdiler. 


Şol döwürde türkmen paýtagtynda ilkinji gezek Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň (ABU) 55-nji mejlisiniň çäreleri geçirildi. Forumyň açylyşynyň öňüsyrasyndaky günlerde “Ýyldyz” myhmanhanasynda teleradio kompaniýalaryň hem-de kompaniýalaryň — ýörite enjamlary öndürijileriň, hemra aragatnaşygy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirijileriň mümkinçiliklerini görkezýän sergi, dolandyryjylaryň okuw maslahaty, aýry-aýry ugurlar boýunça iş toparlarynyň, şeýle hem tehniki toparyň mejlisleri we beýleki çäreler guraldy. Mundan başga-da, “Women with the Wave” atly 7-nji Zenanlar forumy hem-de ussatlyk sapaklarynyň tapgyry geçirildi. Bu çäreler ABU-nyň “Alyp eşitdiriş hemmeler üçin: gender deňligi we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köpdürlülik” forumlarynyň bir bölegi bolup durýar. 


4-nji oktýabrda ABU-nyň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň açylyş dabarasynda Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş sekretary Jawad Mottagi guramanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmekde bitiren ägirt uly hyzmatlary üçin ýörite güwänamany gowşurmak barada kabul eden çözgüdini beýan etdi. 2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen 7-nji Aziýa — Ýuwaş ummany aýdym telefestiwaly medeni gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky ädim boldy. Bu festiwala göni ýaýlymda dünýäniň onlarça ýurdunyň tomaşaçylary syn etdiler.


9 — 10-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen, dünýäniň 26 döwletiniň wekillerini birleşdiren “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergide syýahatçylygyň ösüşiniň geljegi bilen baglanyşykly ugurlar görkezildi. Serginiň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça maslahat hem geçirildi. Foruma daşary ýurtlardan gatnaşan wekiller özleriniň tekliplerini, pikirlerini hem-de taslamalaryny hödürlediler. Olar geljegi uly bolan syýahatçylyk ulgamynda türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge gyzyklanmanyň artýandygyny tassykladylar. 


Oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde biziň uly döredijilik wekiliýetimiz Täjigistanda halkymyzyň medeniýetine we sungatyna wekilçilik etdiler. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde täjik paýtagtynyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Duşenbäniň ýaşaýjylary Türkmenistanyň muzeýlerinden getirilen nakgaşlyk eserleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşdylar. A.Lahuti adyndaky täjik akademik teatrynyň sahnasynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň artistleri “Daýahatyn” oýnuny görkezdiler. Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti şäherçesine baryp gördi, şol ýerde türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. Medeni çäre Täjigistan Respublikasynyň “Kohi Borbad” döwlet toplumynyň sahnasynda guralan konsert bilen tamamlandy. 


21 — 23-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda hökümetara ylalaşyklar bilen kesgitlenen, yzygiderli geçirilýän medeni alyşmalaryň çäklerinde Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri geçirildi. Çäräniň maksatnamasyna türkmen muzeýleriniň gaznasyndan amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, häzirki zaman we halk aýdymlaryny hem-de tanslaryny ýerine ýetirýän türkmen artistleriniň konserti girizildi. 


Oktýabr aýynyň soňky günlerinde Aşgabatda Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde dostlukly ýurduň medeni däpleriniň köpöwüşginli ugurlary görkezildi. Şolaryň maksatnamasyna laýyklykda, “Horwatiýa Respublikasynyň maddy däl mirasy” atly surat sergisi, Horwatiýanyň kino sungatynyň eserleri bilen tanyşlyk çäresi hem-de pianinoçylaryň konserti guraldy. 


19-njy oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpek ýoly: gadymyýetden häzirki güne çenli” diýen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Medeniýet ministrligi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan çäräniň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 


Dürli döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde arheologik ýadygärlikleriň ylmy-barlaglaryna gatnaşan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň görnükli alymlary, Russiýa Federasiýasynyň esasy ylmy we ylmy-köpçülikleýin neşirleriniň wekilleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň döreýşi, medeniýetleriň özara baýlaşyşy we beýleki ugurlar barada hasabatlar hem-de ylmy maglumatlar bilen çykyş etdiler. Türkmen kärdeşleri — Ylymlar akademiýasynyň hünär ugurly institutlarynyň, Döwlet muzeýiniň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri halklary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň şerti hökmünde bu gadymy ýoluň özboluşlylygynyň wagyz edilmegine aýratyn üns berdiler. 


Türkmen-russiýa medeni gatnaşyklar mowzugy 1 — 4-nji noýabr aralygynda Aşgabatda, Türkmenabatda we Maryda geçirilen Russiýanyň kino günleriniň çärelerinde dowam etdirildi. Noýabr aýyndaky kinolaryň görkezilişi ýapon filmleriniň festiwaly bilen dowam etdi, şonuň çäklerinde 10 — 14-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda häzirki zaman çeper filmleriniň bäşisi hem-de animasion film görkezildi. 18-nji noýabrda “Aşgabat” kinoteatrynyň uly ekranynda amerikan dokumental filmleri görkezildi. Kinofilmleriň görkezilişi Döwlet departamenti hem-de Günorta Kaliforniýanyň kinematografiýa sungaty mekdebi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Amerikan filmleriniň görkezilişi” maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Filmleriň görkezilmeginiň öňüsyrasyndaky günlerde ABŞ-nyň kino bilermenleri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny geçdiler hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen duşuşdylar. 


TÜRKSOÝ halk saz gurallarynyň halkara orkestriniň düzüminde Ýaponiýanyň Tokio, Kawasaki, Ýokogama hem-de Gamamasu şäherlerinde geçirilen konsertlere gatnaşmagy türkmen sungat ussatlarynyň 2018-nji ýylda gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Türkmenistanly ýaş sazandalar, şeýle hem TÜRKSOÝ ýaşlar kamera orkestriniň düzüminde Ýewropa ýurtlary boýunça döredijilik çykyşlaryna gatnaşdylar. 


Güýz paslynyň soňky günlerinde Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň artistleri hem-de aýdym-saz toparlary doganlyk halkyň özboluşly däpleriniň köpöwüşginliligini görkezdiler. Medeniýet günleriniň çäreleriniň hatarynda muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi, döredijilik toparlarynyň hem-de aýdymçylarynyň çykyşlary, artistleriň bilelikdäki konserti bar. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna hem-de onuň garamagyna berlen Döwlet muzeýiniň bölümleriniň birine baryp gördi. Häzirki wagtda şol ýerde kitap sergi merkezi ýerleşýär. Bu ýerde milli Liderimiz kitaphana işini kämilleşdirmek we guramak boýunça wezipeleri kesgitledi. 


Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz kitaphanalarda elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, kitaphana işini mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek we şunuň bilen baglylykda, welaýat kitaphanalaryna usulyýet kömegini hem-de ylmy maslahatlary bermek meselesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Döwlet medeniýet merkezine degişli üç binanyň kitaphana berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi baş milli kitaphana merkezi bolar we bu ýerde ylmy, usulyýet hem-de medeni-aň-bilim işlerini alyp barmak, degişli derejede duşuşyklary geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün eder. Mukamlar köşgüniň binasy bolsa, häzirki döwürde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda ýerleşdirilse maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 


“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçen 2018-nji ýyl türkmen halkynyň taryhy-medeni baýlygyna täzeden baha bermäge, ýurdumyzyň taryhy hem-de tebigy gymmatlyklaryny giňden wagyz etmegiň esasynda içerki we daşarky syýahatçylygy ösdürmek boýunça işleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berdi. 


Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Ispaniýanyň iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi. 15-nji noýabrda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem-de Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň arasynda iki ýurduň syýahatçylyk pudaklarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçirildi. Ýapon tarapy “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde okuwlary dowam etmegi, syýahatçylyga aýratyn üns bermegi hem-de Ýaponiýada iki döwletiň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň duşuşygyny guramagy teklip etdi. 


294 syýahatçylyk ugry boýunça hyzmatlaryň laýyk gelýändigi hakyndaky güwänamalar gowşuryldy, taryhy ýadygärlikleriň 105-sine gezelençler guralýar. Şeýle hem ygtyýarlandyrylan syýahatçylyk ugurlarynyň bäşisiniň üsti taryhy-medeni ýadygärlikleriň hem-de keramatly ýerleriň 30-syna gezelençler bilen ýetirildi. Täze syýahatçylyk ugurlary işlenip taýýarlanyldy, şolar boýunça tanyşlyk gezelençleri guraldy. 


Syýahatçylyk ugurlarynyň täzelenmegi bilen birlikde, pudakda hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň hem-de syýahatçylyk ýolbeletleriniň Assosiasiýasynyň we Bütindünýä federasiýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda syýahatçylyk babatda ýolbeletleri taýýarlamak boýunça okuwlar geçirildi. 


6 — 7-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahatyň gün tertibine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleler girizildi. Forumyň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň Utgaşdyryjy komitetiniň “Ýüpek ýoly” ugruny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bäşinji mejlisi geçirildi. Mundan başga-da, ÝUNESKO tarapyndan guralan “Beýik Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen” diýen halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleriniň sergisi, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, neşirýat önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň birnäçesi bilen bilelikde taýýarlanan kitaplaryň we fotoserişdeleriň sergileri geçirildi. 


Medeni maksatnamanyň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus” diýen sahna oýnuna tomaşa etdiler, şeýle hem bilelikdäki “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertine tomaşa etdiler. Bu toparyň çykyşy Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygyna gabatlanyldy. 


Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky günlerde birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi. Ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” milli bäsleşigiň jemleýji tapgyry aýdyň wakalaryň biri boldy. 


2018-nji ýylyň wakalary 2019-njy ýyla “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary astynda gadam basan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna aýdyň sahypalar bolup ýazyldy. Bu şygar ýurdumyzyň häzirki döwründe hemmetaraplaýyn ösüşiniň konsepsiýasyny, onuň parahatçylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň ileri tutylýan ugurlary

Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, işjeň telekeçiligi, innowasion başlangyçlary hem-de tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini, gaznalar biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny döretmek, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri dowam etdirmek 2018-nji ýylyň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi.


Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde emele gelýän çylşyrymly ykdysady we maliýe ýagdaýyny yzygiderli hem-de düýpli öwrenmegiň esasynda bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy çylşyrymly ýagdaýlara aýratyn üns bermegiň, kanunçylyk esasynda milli ykdysadyýetimize oňaýsyz daşky täsiri azaltmak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy nygtaldy.


Mart aýynda milli Liderimiziň Karary bilen ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagyny geçen ýylyň möüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.


Maksatnamanyň düzgünlerine laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, býujet serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylmagyny üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny özgertmek boýunça işler başlandy.


Şeýle hem zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda döwlet statistika ulgamlaryny özgertmek, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, diňe diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilen, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet uzak geljek üçin durnukly bolar. Şoňa görä-de, düýpli maýa goýumlarynyň esasy bölegi uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmäge, elektrik energetikasynyň, himiýa senagatynyň hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirilýär.


Ýylyň dowamynda ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň çykarylyşyny giňeltmek, hususy ulgama goldaw bermek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy.


Giňden karzlaşdyrmak we maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak syýasaty bilen birlikde uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk pudaklary senagatlaşdyrmak we ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ugurda görlen netijeli çäreler 2018-nji ýylda jemi içerki önümiň görkezijisini 6,2 göterim derejede saklamaga mümkinçilik berdi. Daşary ýurtlara iberilen önümleriň möçberi ABŞ-nyň 11 milliard 200 million dollaryndan hem geçdi.


Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyryldy. Umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan 1 müň 704 desga guruldy we ulanmaga berildi.


Ýurdumyzda ýerli serişdeleriň esasynda ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň artdyrylmagynyň hasabyna döwletimize getirilýän çig malyň, serişdeleriň, azyk we azyk däl harytlaryň möçberleri azaldyldy.


Hasabat döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy.


2018-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa serişdeleriniň möçberi 40,3 milliard manada barabar boldy. Şolaryň 63,7 göterimi önümçilik maksatly binalaryň, 36,3 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi.


Häzirki Türkmenistan üçin makroykdysady görkezijileriň durnukly bolmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Munuň özi dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň we hususan-da, Halkara pul gaznasynyň bilermenleri tarapyndan ençeme gezek bellenildi.


Halkara pul gaznasynyň berýän bahasy we çaklamalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty alyp barmagy netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini dowam edýändigini, giň möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýändigini hem-de täze belent sepgitlere ýetýändigini tassyklaýar.


Köptaraply özgertmeleriň netijesinde içerki bähbitleri hem-de dünýädäki goşulyşmak ýagdaýlaryny nazara almak bilen, bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy yzygiderli kämilleşdirilýär.


Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasynyň missiýalarynyň 2018-nji ýylyň fewral we oktýabr aýlarynda eden beýannamasyny ýatlamak zerurdyr. Bu abraýly guramanyň wekiliýetleriniň iş saparynyň netijeleri boýunça beýan edilen metbugat hasabatlarynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň düzüminde içerki islegleriň hem-de eksportuň arasyndaky gatnaşyklaryň üýtgändigi, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň artandygy nygtaldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksport edilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalarynyň netijeliligi bilen şertlendirilendir.


Täze gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň ulanmaga berilmegini hem-de sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Bilermenler dünýä bazarynda nebit önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna aýratyn üns berildi. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine, daşary söwda dolanyşygyna hem-de esasy maliýe meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine oňyn täsir edýär.


Döwletimiziň ösüşiniň geljegi barada aýtmak bilen, Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ähmiýetini belledi. Bu maksatnamanyň esasy maksatlary düzümleýin özgertmeleri çuňlaşdyrmakdan we çaltlaşdyrmakdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilen bazar ykdysadyýetiniň esasynda has uzakmöhletli geljekde hemmetaraplaýyn ösüşi höweslendirmekden ybaratdyr.


Mundan başga-da, tebigy gazyň, nebithimiýa we beýleki önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň möhümdigi, şeýle hem döwlet kärhanalaryny mundan beýläk-de hususylaşdyrmagyň, erkin ykdysady zolaklary döretmegiň zerurdygy nygtaldy. Hödürlenýän çäreler goşmaça maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.


Halk Maslahaty tarapyndan 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň ilatyny elektrik energiýasy, gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen üpjün edilmegini kadalaşdyrmak baradaky Kararyň kabul edilmegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.


Şu mesele bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umymymilli forumda eden çykyşynda: “Täze ykdysady şertler döreýär. Häzirki döwrüň talaby tebigy we ykdysady serişdeleri netijeli peýdalanmakdan, jemgyýetiň, döwletiň we her bir adamyň bazar ykdysadyýetine uýgunlaşmagyndan ybarat bolup, bu meseleler oýlanyşykly çözülmegini talap edýär. Häzirki wagtda ilatyň girdejileri görnetin artdy. Her maşgala gazanç etmek, çagalary ekläp-saklamak üçin giň mümkinçilikler döredi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan mugt berilýän serişdeleri tygşytly ulanmak üçin bu meselelere täzeçe garalsa, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn” diýip belledi.


Bu çözgüt, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň hem-de ykdysady mümkinçilikleriň ýokary bolmagynyň diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekki nesillere hem hyzmat etmelidigi bilen şertlendirilendir.


Häzirki bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde bank ulgamynyň netijeli işlemegine aýratyn orun degişlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleşi ýaly, bank ulgamy okgunly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu ulgamyň edaralarynyň üstüne pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, maliýe akymlaryna gözegçilik etmek, olary paýlamak, hojalyk subýektleriniň arasynda özara hasaplaşyklary geçirmek, aýry-aýry pudaklara, işewür düzümlere hem-de ilata karz bermek wezipeleri ýüklenildi.


Milli manadyň durnuklylygyny üpjün etmek, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek we bank kepillikleriniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin hukuk gurallaryny ulanmak döwlet Baştutanymyzyň pul syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde maliýe durnuklylygyny saklamaga, milli manadyň hümmetini pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň töleg deňagramlylygynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen degişli hukuk namalaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek wezipesiniň goýlandygyny bellemek gerek.


Şunuň netijesinde, 2018-nji ýylda elektron bank düzümi ösdürildi, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri artdy, orta we kiçi telekeçilige berilýän karzlaryň mukdary ýokarlandy, şeýle hem bank önümleriniň täze görnüşleri artdy.


Ýurdumyzyň banklary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlary öndürmek boýunça döwrebap önümçilikleri giňeltmek üçin berlen karzlaryň möçberi 10,2 göterim artdy, döwlete dahylsyz ulgam boýunça 20,4 göterim ýokarlandy.Bank kartlarynyň sany 1,36 esse, terminallaryň sany bolsa 1,31 esse artdy.2018-nji ýylda geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 1,12 esse artdy.


Geçen ýylyň netijelerine syn bermek bilen, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilendigini aýtmalydyrys. Çärýek asyr mundan ozal ädilen bu ädim ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösdürilmegi hem-de bitewi döwlet pul syýasatynyň geçirilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.


Halkara bilermenleriň baha bermegine görä, pul-karz hem-de salgyt-býujet syýasaty ulgamynda geçen ýylyň dowamynda görlen giň möçberli çäreler maýa goýum kuwwatynyň ýokarlanmagyna, maliýe binýadynyň pugtalandyrylmagyna, dolandyryş we bank gözegçiliginiň standartlaryny giňden ulanmaga, amallaryň görnüşlerini artdyrmaga ýardam etdi.


Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ýene-de bir ugry – halkara maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada durup geçmek möhümdir.


Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň özgerdiş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.


Maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de esasy önümçilik gaznalaryny tehnologik taýdan täzelemäge, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny çekmek bu babatda esasy maksat bolup durýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.


Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanda maýa goýum Maksatnamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar.


Ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdelerini hem-de strategiki ýerleşişini nazara almak bilen, ýokarda agzalan banklaryň amallary ulag we energetika ulgamlaryny kämilleşdirmäge, telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan sebit gatnaşyklaryny we söwdany ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary ilerletmäge gönükdirilendir.


Şolaryň hatarynda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar. Bu desganyň gurulmagy Watanymyzyň eksport kuwwatyny ep-esli artdyryp, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin kuwwatly esasa öwrüler.


Şunuň bilen birlikde, Aziýanyň ösüş bankynyň teklip eden iş meýilnamasy barada ýatlatmalydyrys. Onda dürli ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin 2019-2021-nji ýyllarda türkmen ykdysadyýetine ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şu bank tarapyndan TOPH ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurulmagy, ulag-kommunikasiýa ulgamynda beýleki möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly işler maliýeleşdirilýär.


Maýa goýum babatda özara gatnaşyklaryň ýene-de bir ugry uglewodorod serişdelerini ibermek bilen baglanyşyklydyr. Ägirt uly serişdeler baýlygyna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň halklarynyň energiýa üpjünçiligine hem-de energiýa howpsuzlygyna saldamly goşant goşýar. Dünýäniň esasy işewür toparlarynyň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artmagy hem hut şu ählumumy wezipe bilen şertlendirilendir.


Maýa goýum ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny, onuň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün edýär.


Abraýly maliýe düzümleriniň milli ykdysadyýetimize ägirt uly serişdeleri bermäge taýýardygy belent abraýa hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza uly ynamyň bildirilýändigine şaýaýtlyk edýär.


Maksatnamada bellenen wezipeleriň çözülmegi welaýatlarda önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy-serişdeler kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna ýardam edýär.


Garalýan döwürde ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlary, köpsanly mekdepler we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary, saglygy goraýyş hem-de syýahatçylyk ulgamlarynyň edaralary, inžener desgalary ulanmaga berildi.


2018-nji ýylyň giň möçberli täze gurluşyklarynyň hatarynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabyndaky “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki köpugurly hassahanany we ýaşaýyş jaý toplumyny, Mary şäherindäki çagalar hassahanasyny, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezli akwaparky hem-de şypahanany görkezmek bolar. Aşgabatda işewürler toplumy, Ahal welaýatynda aýna önümlerini öndürýän kärhana, Marydaky döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde buggaz turbinaly elektrik stansiýasy, Balkan welaýatynda “Garabogazkarbamid” zawody, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy işe girizildi.


Serhetabat –Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Mundan başga-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmlli gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan-Owganystan-Paksitan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi, täze döwrebap obalaryň we şäherçeleriň hem-de beýleki dürli maksatly köpsanly desgalaryň düýbi tutuldy.


Maliýe hasabatlylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, tutuş geçen ýylyň dowamynda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan buhgalter hasabatynyň hem-de maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine geçmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygyny bellemek gerek.


Bu ulgamda özgertmeleriň artykmaçlyklary olaryň ýuridiki we şahsy taraplaryň maliýe ýagdaýynyň açyklygyny üpjün etmäge hem-de ykdysady ýagdaýyň anyk ýagdaýyny görkezmäge gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr.


Salgyt ulgamyny özgertmek ýurdumyzy ösdürmek strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda döwrebap usullar ulanylýar, degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalary kämilleşdirilýär, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işi netijeli alnyp barylýar.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmeginiň 2018-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülendigini bellemek zerurdyr. Bu Konsepsiýany üç tapgyrda (birinjisini 2019-njy ýylda, ikinjisini 2020-2023-nji ýyllarda, üçünjisini 2024-2025-nji ýyllarda) durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün eder, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyryşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.


Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatynyň ulanylmagy, bilimiň, ylmy-barlaglaryň ýokary derejesi, işçi güýjüniň derejesiniň ýokarlanmagy ykdysady ösüşiň depginine hem-de hiline uly täsir edýär.Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek boýunça görülýän çärelere döwlet strategiýasynda aýratyn orun berilýär.


Ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini hem-de telekeçiligi ösdürmek babatda işgärler kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2018-2020-nji ýyllar üçin ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmek Maksatnamasynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2-nji martda tassyklanan bu resminama ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, iş bilen üpjün etmek ulgamyny täzelemäge gönükdirilendir.


2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň zähmet haklaryny, şeýle hem pensiýalary we döwlet kömek pullaryny, talyplaryň hem-de diňleýjileriň haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda geçen ýyl Permana gol çekilmegini durmuş ulgamynda ädilen möhüm ädimleriň hatarynda görkezmek bolar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir.


Telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi we oňyn başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde bu ulgam soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe boldy. Şunlukda, kiçi we orta telekeçilige ýeňillikli şertlerde karz bermek maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.


Häzirki döwürde hususy ulgamyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň öňünde goýan wezipeleri çözmäge, gurluşyk ulgamynda hem-de gurluşyk serişdeleri senagatynda giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýarlar, ýokary tehnologiýaly önümçilige maýa serişdelerini goýýarlar, bazaryň ýagdaýyna çaltlyk bilen seslenýärler, özlerini täze pudaklarda üstünlikli synap görýärler. Munuň özi bolsa çykarylýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, nyrhy babatda elýeterli bolmagyny üpjün etmäge hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.


Häzirki wagtda özüne telekeçileriň ýigrimi müňden gowragyny birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredileninden bäri geçen 10 ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýy jemi içerki önümiň düzüminde ep-esli artyp, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, 60 göterimden gowraga barabar boldy.


Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanmagy hem ykdysady we eksport kuwwatynyň artmagyna hem-de ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam edýär.


Bu ulgamda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýeňillikli şertlerde karz bermek ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Munuň özi bolsa oba hojalygynda gaýtadan işleýän senagatyň düzümini ösdürmäge, ýokary hilli azyk harytlaryny çykarmaga hususy telekeçileri giňden çekmäge mümkinçilik berer.


Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde ägirt uly serişdeler, uglewodorod we üstaşyr kuwwaty ählumumy ulgama işjeň çekilýär.


Döwlet Baştutanymyzyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyna esaslanýan rejeli hem-de netijeli maýa goýum syýasaty bu işleriň ilerlemegine uly täsir edýär. Şunuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen durnukly ösüşi hem-de içerki ösüşiň oňyn ýagdaýy saklanyp galýar.


Esasy daşary ýurt maýadarlarynyň bähbitleri ägirt uly tebigy serişdeleriniň bardygy, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri, onuň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy hem-de söwdanyň we hyzmatlaryň okgunly ösýän bazary bilen hem şertlendirilendir.


Biziň döwletimiz döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň işewürleriniň wekilleri bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär, salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş ýeňillikleri görnüşinde olara uly goldaw berilmegini üpjün edýär.


Ýurdumyzyň çäginde maýadarlaryň işiniň esaslaryny kadalaşdyrýan degişli hukuknamalarynyň kabul edilmegi, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu babatda möhüm orun eýeleýär. Muňa subutnama hökmünde türkmen ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny bellemelidiris.


Häzirki döwürde daşary ýurt kompaniýalary agyr senagat, dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagaty, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi, syýahatçylyk, ulag we kommunikasiýa, raýat awiasiýasynyň, demir we deňiz ulaglarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, milli emeli hemramyzy ulanmak ýaly ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň, ikitaraplaýyn işewür geňeşleriň işi hem-de yzygiderli ýagdaýda geçirilýän işewürler maslahatlary, halkara sergileri hem daşary ýurt maýalarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär.


Ýurdumyzyň we dünýäniň birnäçe döwletleriniň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklar, ähtnamalar dünýä bileleşigi bilen ähli ulgamlarda hem-de ugurlarda netijeli we uzak möhletli özara gatnaşyklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam edýär.


Maliýe-ykdysady ulgamda 2018-nji ýylyň jemlerini jemlemek bilen, ýurdumyzyň toplanan oňyn tejribä hem-de gazanylan ägirt uly üstünliklere daýanmak bilen, rowaçlyk we ösüş ýolunda nobatdaky möhüm ädimleri ätmäge taýýardygyny uly ynam bilen aýtmak bolar.


Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin döwlet býujetinde ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, halkara we sebit ähmiýetine eýe bolan giň möçberli hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen durnukly ösmegini üpjün etmek babatda ägirt uly maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.


Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň her biriniň bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň nobatdaky tapgyry başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen milli Liderimiziň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.


Maksatnamanyň taýýarlanylmagy hökümetiň mejlislerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň wise-premýerler bilen geçiren maslahatlarynda yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary hem-de depginli ösüşiň ulgamlaryny kesgitlemek nazara alnyp, onuň esasy ugurlarynyň üstünde giňişleýin işlenildi. Bular türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge hem-de ony kuwwatly döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesinde özara goşulyşmak we dünýä söwdasynyň ýagdaýlary babatda bazar ykdysadyýetiniň edaralarynyň kämilleşdirilmegine ünsi jemleýär.


Ösüşiň innowasion nusgalaryny döretmek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellän ugurlary, beren görkezmeleri hem-de tabşyryklary ýakyn ýedi ýyl üçin anyk çäreleriň toplumlaýyn hem-de sazlaşykly maksatnamasyny düzmekde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri üçin ugur görkeziji bolup hyzmat etdi.


Bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutuldy. Şol döwre çenli jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň tutýan paýy 33,8 göterime, oba hojalyk pudagynyňky 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyňky 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyňky 45,8 göterime deň bolar.


Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşi täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler.


Ýurdumyzyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlendirilmegi, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyň artdyrylmagy, milli nyşanly önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi ýerli çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna, şolary gaýtadan düýpli işlemek hem-de ýokary goşulan bahany döretmek arkaly üpjün ediler. Şunda diňe bir daşyndan getirilýän harytlardan hil babatynda pes bolmadyk ýokary hilli önümleriň öndürilmegi ileri tutulmalydyr.


Ýediýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, şeýle hem çäk mümkinçilikleri, geosyýasy ýagdaýlary bilen şertlendirilen heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň hem-de artykmaçlyklarynyň herekete girizilmegi, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de serhetdeş döwletleri birleşdirýän ýörite ykdysady zolaklaryň hem-de ykdysady geçelgeleriň, daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine ýardam eder.


2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň maýa goýumlaryna esasy serişdeler 229,3 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi. Şonuň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler, bu bolsa täze kärhanalaryň hem-de iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirer.


Geljekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary depginde ösdürilmegine garaşylýar, bu, bilermenleriň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylda 81 milliard manada barabar bolar, şunda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 29,1 göterime (62,7 milliard manada) deň bolar. Bölek haryt dolanyşygynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 91 göterime ýetiriler.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan syýasaty netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, içerki azyk bolçulygyny üpjün edýän hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri üstünlikli artdyrmaga, Türkmenistanyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşleri öndürilýär.


Täze Prezident maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň köp sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň mukdary pul görnüşinde 16,1 milliard manada barabar bolar hem-de 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 22,2 göterim (13,2 milliard manat) artdyrylar.


Şeýle hem maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe daşary söwdanyň umumy möçberi 135,2 milliard amerikan dollaryna, şol sanda onuň eksport ugry 84,1 milliard amerikan dollaryna, importy 51,1 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Bu resminamany işläp taýýarlan bilermenleriň geçen ýyllaryň statistiki maglumatlarynyň ösüşine, çaklama görkezijilerine hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna salgylanyp aýtmaklaryna görä, daşary söwda dolanyşygynyň arasyndaky meýilleşdirilen görkezijiniň tapawudy, her ýyl üpjün ediler.


Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýyla çenli Maksatnamasynda täze desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermegiň möhletlerine gaýtadan seredilip, olaryň kesgitli sanawy düzüldi, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýlelikde, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň sebitlerinde 13 hassahana, 20 saglyk öýi, 163 mekdebe çenli çagalar edaralary, 201 umumy bilim berýän orta mekdep, 16 medeniýet öýi, 11 suw arassalaýjy desga, 13 lagym arassalaýyş desga, şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar.


Şeýle hem 17 hassahanany, 22 saglyk öýüni, 2 çagalar bagyny hem-de bir medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýokarda görkezilen maksatlar üçin esasy maýa goýumyna 9976,7 million manat maliýe serişdesi, (şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça 1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Lebap welaýaty boýunça 1851,3 million manat we Mary welaýaty boýunça 2029,7 million manat) möçberinde maliýe serişdelerini goýbermek göz öňünde tutuldy.


Ykdysadyýetiň pudaklary boýunça durmuş maksatly we önümçilik desgalarynyň ýedi ýylyň dowamynda gurulmagy hem-de esasy önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanawy düzüldi. Bu pudakda döwlete dahylsyz bölege degişli, şol sanda oba hojalyk we senagat maksatly 134 desga göz öňünde tutulandyr.


Pudaklaýyn maksatnamalary amala aşyrmak üçin binýat bolup durýan täze Prezident maksatnamasynyň toplumlaýyn häsiýeti, şeýle hem özleriniň ýöriteleşdirilen ugurlary boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin hereketleriň kesgitli meýilnamasyny öz içine alýandygyndan ybaratdyr.


Şunuň bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň we başlangyçlaryň esasynda milli Liderimiziň suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatdaky teklipleriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny şöhlelendirýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan çäreleri tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň meýilnamasyna aýratyn orun berilýär. Munuň özi ähli derejelerde döwlet edaralarynyň dolandyryş mümkinçiligini hem-de ulgamyň netijeliligini, pudaklarda tehnologik täzelikleri öňe ilerletmek arkaly dolandyrmagy, häkimiýetiň düzümleriniň, raýat jemgyýetleriniň arasynda aragatnaşyklary pugtalandyrmagy güýçlendirmäge gönükdirilendir.


Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşinde öňümizdäki ýedi ýyly innowasiýa taýdan öňe tarap uly ädim ätmegiň döwri diýilse, ulaldylyp aýdyldygy bolmazdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, biz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýýarys. Şunda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy, maýa goýum we ylmy-tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýaly serişdeler we gurallar aýratyn orun tutýar.


Soňky döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmäge güýçli depgin beren iri ylmy taslamalar amala aşyryldy, ýöne ylmyň we tehnikanyň artykmaçlyklary diňe bir ykdysadyýetde özüniň oňyn netijesini bermän, eýsem, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna baryp ýetýär.


Ykdysady strategiýanyň durmuş taýdan ugur almagy ösüşiň täze nusgasyny öňe süren milli Liderimiziň üns merkezinde bolmagynda galýar. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşiň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyndan, bäsdeşlige ukyply innowasion önümçilikleri we ýokary öndürijilikli iş orunlaryny döretmekden, işewür işjeňligi giňeltmekden hem-de ýurdumyzyň aň-paýhas, ynsan mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.


Ine, täze tapgyrda ýurdumyzyň öňe tarap okgunly hereketini şertlendirýän esasy alamatlar şulardyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň Prezident maksatnamasynyň esasynda goýlan möhüm ugurlardyr.

2018-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etraba baýrak gowşyryldy

Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýip yglan edilen etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki mynasyp bolan baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşululary hem-de etrabyň köp sanly ilaty gatnaşdy.


Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bugdaýy, pagtany hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi, şeýle hem, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, medeni dynç alşy, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi ýaly görkezijiler esas edilip alynýar.


Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde Watanymyzyň iň çetdäki künjeklerine hem täze durmuş ornaşdyrylýar. Şol ýerler döwrebap derejede özgerdilýär. Hazaryň kenarynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň ilkinji ýyllarynda döwrebap derejede abadanlaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.


Orta mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, lukmançylyk edaralary, sport desgalary ýaly häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän durmuş maksatly binalaryň bu oba hojalyk we senagat ähmiýetli etrabyň beýleki ýerlerinde hem gurlup, ulanylmaga berilýändigini bellemeli.


Etrabyň çäklerinde Keýmir, Günorta Gamyşlyja, Körpeje, Akpatlawuk, Ekerem, Şatut, Nebitlije ýaly iri nebitgaz känleri işlenip taýýarlanylýar we täze geljegi uly bolan uglewodorod ýataklaryny gözlemek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň günorta-günbatarsynda alynýan «gara altyn» Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Körpeje—Balkanabat ulgamlaýyn nebit geçiriji hem-de Ekeremden deňiz tankerleri arkaly ugradylýar.


Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni we «Türkmenistan —rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda abadançylygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlarynyň owazy belentden ýaňlandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2018-nji ýylyň jemlerinde baha berildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Şu ýyl halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.


Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.


Hormatly Prezidentimiz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2018-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ähli pudaklarda ýokary görkezijileriň gazanylandygyny aýtdy.


Geçen ýylyň jemleri boýunça 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5 göterim artdy.


Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabat döwründe gazanan netijeleri barada habar berildi.


Hasabat döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40,3 milliard manada deň boldy. Şolaryň 63,7 göterimi önümçilik hem-de 36,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.


Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde geçen ýylda durmuşa geçirilen taslamalar barada hasabat berip, dürli desgalaryň gurlandygyny aýtdy.


Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary bilen baglylykda şolaryň işini kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.


Habar berlişi ýaly, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl eksporta niýetlenen we importuň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri ösdürmek üçin ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň mukdary 10,2 göterim ýokarlandy. Döwlete degişli bolmadyk bölege berlin karzlaryň mukdary 20,4 göterim artdy.


Şeýle hem bank hyzmatlaryny amala aşyrmagyň elektron düzümini döretmegiň çäklerinde görlen çäreler barada hasabat berildi.


Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, umuman, geçen ýylyň görkezijileriniň tutuş ýurdumyz boýunça alnanda erbet bolmandygyny nygtady. Ýöne, heniz üstünde işlemeli, şol sanda çözülmedik köp sanly meseleler we ulanylman duran mümkinçilikler hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.


Şunuň bilen baglylykda, wise-premýeriň gözegçilik edýän maliýe we ykdysadyýet edaralarynyň işini mundane beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.


Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine hem-de kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem bank ulgamynyň işini işjeňleşdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Degişli maksatnamalarda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak barada kabul edilen maksatnamalaryň örän möhümdigini belläp, şolaryň ýerine ýetirilmegi üçin aýratyn talap ediljekdigini ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek ýatlatdy.


Soňra milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.


Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamanyň taslamasy Halk Maslahatynda makullanyldy hem-de oňa dürli derejelerde birnäçe gezek seredildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyndan, täze ölçeglerden ugur alnyp, onuň üsti ýetirildi.


Ykdysadyýetimiziň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Hökümet tarapyndan teklip edilýän nusgasy esasy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şolaryň her biri barada jikme-jik durup geçdi.


Birinjiden, senagat pudaklaryny we hyzmatlar ulgamyny düzüm taýdan üýtgedip guramak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ylmy-tehniki derejesi we goşulan bahasy pes bolan senagat önümlerini öndürmekden, ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamaga ähmiýet bermek bilen, goşulan bahasy ýokary derejede bolan önümleri öndürmäge geçmegi aňladýar.


Ikinjiden, hususylaşdyryp we paýdarlar jemgyýetlerine öwrüp, döwlete degişli eýeçiligi azaltmagy işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýar.


Üçünjiden, kärhanalary üýtgedip guramagy öz içine alýar. Munuň üçin dolandyryş we önümçilik babatda dünýäde gazanylan iň täze ylmy we tehnologik üstünlikleri ulanmak meýilleşdirilýär. Şoňa laýyklykda, dolandyryş ulgamy hem özgerdiler. Sebäbi sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kärhanalary üýtgedip guramak ykdysadyýetimiziň täze durkuny döretmek üçin esas bolup durýar.


Dördünjiden, maksatnama marketing strategiýasyna hem düzedişleri girizmegi öz içine alýar. Umumylaşmak we halkara derejesinde goşulyşmak kärhanalar üçin örän uly bazarlary açýar. Olara öz maýa goýum taslamalaryndan gelip çykýan artykmaçlyklary doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biz önümleri we eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyryp, harytlaryň birnäçe bazara bagly bolmagyny çäklendireris diýip, sözüni dowam etdi. Şol bir wagtda bolsa, içerki bazary, aýratyn-da, oba ýerlerinde ösdürmegi höweslendireris.


Umuman, döwlet çykdajylaryny azaltmak we hususy pudagyň hem-de daşary ýurt firmalarynyň maýa goýumlaryny çekmek üçin şertleri ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maýa goýmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak, hususan-da, döwlet bilen hususyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenilýär.


Elektrik energetikasy, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk hem-de syýahatçylyk pudaklary ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülmeli esasy ulgamlar hökmünde kesgitlenildi.


Şeýle hem sanly ykdysadyýet, sanly lukmançylyk we sanly bilim ulgamy biziň ileri tutýan maksatlarymyz bolar. Döwletimizi sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen şu ugurlar boýunça biz eýýäm işe başladyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, nesip bolsa, ata Watanymyz oba hojalyk ülkesi bolanlygyndan senagat taýdan ösen ýurda öwrüler. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy has gowulanar. Bu bolsa biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Myradowy Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär edip belledi.


Soňra milli Liderimiz D.Gulmyradowy Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş directory wezipesine G.Nurmuhammedowy belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.


Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça görkezijiler, ýetilen sepgitler, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmekde gazanylan netijeler, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň möçberleri barada habar berildi.


Hususan-da, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim berjaý edildi.


2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 100,5 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 102,1 göterime deň bolandygy bellenildi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklar berdi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebap derejä çykarmaga gönükdirilen taslamalary ýerine ýetirmek boýunça işler dowam etdirilmelidir, şol sanda täze nebit hem-de gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmek işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi zerurdyr.


Döwlet Baştutanymyz şunda türkmen energiýa serişdelerini täze turba geçirijiler arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny gazanmak boýunça işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş sebit üçin möhüm strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.


Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Meredowy Lebap welaýaty boýunça jogapkär edip bellemek baradaky çözgüdini beýan etdi.


Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän toplumynda bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin M.Meredowa berk käýinç yglan etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat we kommunikasiýa toplumynyň işine gözegçilik etmegi M.Çakyýewe tabşyrmak barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.


Tutuşlygyna, senagat we kommunikasiýa ulgamy pudaklaýyn dolandyryş edaralary hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de önümleri öndürmek boýunça meýilnamany 108,7 göterim berjaý etdiler, şunda ösüş depgini 117,7 göterime deň boldy.


Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügi öndürmegiň ösüşi 115,9 göterime, nah matalaryň öndürilişi 118,8 göterime, çig ýüpek öndürmekde ösüş 123,1 göterime, tikin we örme önümçiliginde ösüş 138,9 göterime deň boldy. Haly we haly önümçiligi boýunça geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda tabşyryk 134,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 119,3 göterime deň boldy.


Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda dokma toplumlarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär.


Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň önümçiligi boýunça ösüş depgini 108,5 göterim derejede üpjün edildi, ýoduň we tehniki uglerodyň önümçilik meýilnamasy degişlilikde 112,1 göterim hem-de 101,3 göterim ýerine ýetirildi.


Senagat ulgamynda gurnama demir-beton önümçiliginde ösüş depgini 101,8 göterim, keramzit önümçiliginde 100,1 göterim üpjün edildi, aýnalaryň dürli görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy 122,5 göterim berjaý edildi.


Awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary arkaly ýük-ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini degişlilikde 103,5 göterime we 101,7 göterime barabar boldy.


Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 199 müň telefon nokady gurnaldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Konstitusiýamyza laýyklykda, biz ykdysadyýetimizi döwlete degişlilikden bazar gatnaşyklaryna geçirmeli. Siziň bilşiňiz ýaly, biz şu maksat bilen, senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynda özgertmeleri geçirdik diýip nygtady.


Biz Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretdik. Bu ministrlik bahalary we nyrhlary emele getirmek, ulag akymlaryny guramak, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda döwlet syýasatyny kesgitlär. Dürli halkara guramalarda döwletimize wekilçilik eder. Şoňa görä-de, bu toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar hususylaşdyrylýar we paýdarlar jemgyýetlerine öwrülýär.


Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz M.Çakyýewe senagat we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.


Soňra milli Liderimiz Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesine T.Dürhanowy bellemek barada karara gelendigini habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa işinde üstünlikler arzuw edip, öz orunbasary wezipelerine mynasyp adamlary saýlap, olary wezipä bellemek üçin ýakyn günlerde teklipleri hödürlemegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz R.Rejepowy dokma senagaty ministri wezipesine belläp, ministriň orunbasary O.Işangulyýewany ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak barada degişli resminamalara gol çekdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk we energetika toplumynda, jemagat hojalygy pudagynda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de 2019-njy ýylda binalary we desgalary ulanmaga bermek boýunça maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berdi.


Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, 107,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.


Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň önümçilik meýilnamasy 100,2 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 108,9 göterime deň boldy.


Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 121,9 göterime deň boldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň giňişleýin maksatnamasyna seredilendigini aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ýokary depginde ösdürmek üçin täze maksatlaryň we wezipeleriň öňde goýlandygyny belläp, şolary ýerine ýetirmekde häzirki zaman tehnikalarynyň we iň täze tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny, işleriň innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň senagat we durmuş maksatly desgalary, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda gurulmaly desgalary, hususan-da, şolaryň gurluşygynyň hiline degişli meseleleri aýratyn gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.


Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine 2019-njy ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň möçberi 10,1 göterim artdy.


Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 249 birža söwdasy geçirilip, 26 müň 374 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 23,4 göterim artdy.


Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 48,7 göterim ýokarlandy, girdejiler 54,2 göterim, jemi peýda 107,3 göterim artdy. 2018-nji ýylyň dowamynda sergileriň 24-si we maslahatlaryň 26-sy geçirildi.


Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi.


Telekeçiligi ösdürmekde berilýän goldawyň netijesinde, hususy taraplaryň daşary ýurtlara eksport edýän azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyňda, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda pudagynyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmegi işjeň alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we iri dükanlaryň gurluşygyny dowam etmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Şu ýyl telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak işi, ozalkysy ýaly, ony ösdürmegi höweslendirmegiň giň möçberli çärelerini we usullaryny öz içine alar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.


Biz telekeçilere ýakynda diňe Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak üçin iki milliard üç ýüz million amerikan dollaryny berdik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şeýle goldawyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady hem-de telekeçilerimiziň bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine we ýokary tizlikli awtomobil ýoluny ýokary hilli gurjakdyklaryna ynam bildirdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 12 ýyllyk orta bilim okuw meýilnamasyna geçilmegi bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, okuw meýilnamasy kämilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, elektron dolandyryş, programma üpjünçiligi, elektron maglumat goruny döretmek boýunça zerur işler geçirildi we maslahatlar guraldy. Häzirki döwürde ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi ylym ulgamyna birikdirmek işlerine badalga berildi.


2018-nji ýylda 200 görnüşli okuw kitaplary we okuw gollanmalary neşir edildi. Hasabat döwründe mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, 99 medala, şol sanda 25 altyn, 16 kümüş we 58 bürünç medala mynasyp boldular.


Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara ders bäsleşiklerinde 49 medala, şol sanda 9 altyn, 18 kümüş, 22 bürünç medala we dürli derejeli diplomlaryň 17-sine mynasyp boldular.


Bilim ulgamynda alnyp barylýan işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ony önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlarda iş we okuw sapaklarynda boldular.


2018-nji ýylda aspirantura we doktorantura 41 adam kabul edildi. Ylymlaryň kandidatlary we ylymlaryň doktorlary alymlyk derejelerine dalaşgärlige 24 adam hasaba alyndy.


Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek dowam edýär. Milli lukmançylyk ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy täzeçil bejeriş-anyklaýyş usullaryny ornaşdyrmak, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, lukmançylyk ulgamyna sanly tehnologiýany, şol sanda elektron resmi dolanyşygyny we telelukmançylygy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler geçirildi.


Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň mukdarynyň ösüş depgini 140 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we alnan girdejiniň möçberi 119 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa 122 göterime deň Türkmen sportuny ösdürmek boýunça hem ägirt uly işler alnyp baryldy. Diýarymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli we Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.


Türkmen türgenleri 2018-nji ýylda halkara ýaryşlarynyň 111-sine, dünýä çempionatlarynyň 22-sine gatnaşyp, 44 medal, Aziýa çempionatlarynyň hem-de paralimpiýa Aziýa oýunlarynyň 31-sine gatnaşyp, 74 medal, dürli halkara ýaryşlarynyň 58-sine gatnaşyp, 142 medal gazandylar. Şunlukda, jemi 260 medala, şol sanda 85 altyn, 69 kümüş we 106 bürünç medallara mynasyp boldular.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda netijeli maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini hem-de täze lukmançylyk merkezleriniň, institutlaryň, mekdepleriň, sport desgalarynyň ulanylmaga berilmeginiň hasabyna onuň ýyl-ýyldan berkidilýändigini we giňeldilýändigini aýdyp, ylmy edaralaryň hem-de institutlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýakynda geçirilen düzümleýin özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz indi guramaçylyk işlerini çaltrak tamamlap, bu ugurda zerur işlere girişilmelidigini belledi hem-de öňdebaryjy usullary we sanly tehnologiýany ulanmak arkaly bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşe eýe bolandygyny belledi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işleri baradaky hasabatynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan giň gerimli halkara çäreleriň köp sanlysyny mysal getirdi.


«Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň alymlary we hünärmenleri ähli welaýatlardaky taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işlerini geçirdiler.


Hasabatyň çäklerinde, teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geçen ýylda alyp baran işleri, olaryň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada-da habar berildi.


Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 2018-nji ýylyň meýilnamasy 132,1 göterim ýerine ýetirildi.


Aşgabatda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi, onuň çäklerinde birnäçe beýleki çäreler geçirildi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleradioýaýlymlar boýunça berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleri has içgin we giňden beýan etmek, gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen ajaýyp sepgitleri wagyz etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda Daşary işler ministrliginiň 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işiniň netijeleri barada hasabat berdi.


Ýurdumyz seçip alan ugruna berk eýermek bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň netijeleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.


Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyza Daşary işler ministrligi arkaly dürli derejedäki wekiliýetleriň 769-sy geldi. Şol döwürde daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 608-si ugradyldy. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň ençemesi guraldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti gol çekilen resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.


Häzirki güne çenli ýurdumyz dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.


Hasabat döwründe Türkmenistan halkara konwensiýalaryň 5-sine goşuldy, şunlukda, şeýle köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşyjy boldy. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi. Olaryň işi dürli döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary we netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugrunyň ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrandygyny aýdyp, umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň belent münberinden beýan edilen oňyn başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin maksadalaýyk işi dowam etmegi tabşyryp, energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we suw diplomatiýasy ýaly möhüm ugurlara ünsi çekdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalara anyk goşant goşjakdygyny nygtady.


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.


Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen hem-de Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, geçen ýyl milli parlamentiň maslahatlarynyň bäşisi geçirildi, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 61-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 66-sy kabul edildi.


Halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, türkmen parlamentarileri halkara çärelere hem-de maslahatlara gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin deputatlar daşary ýurt saparlaryna ugradyldy. Ýylyň dowamynda daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 58-si, parlamentara duşuşyklaryň 33-si hem-de okuw maslahatlarynyň 83-si geçirildi.


Mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleýin edaralary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.


Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.


Deputatlar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanyp, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, parlamentiň kabul edýän täze kanunçylyk namalarynyň hem-de durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmäge, halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça işini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.


Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi, bu edaranyň 2018-nji ýylda iş meýilnamasyny ýerine ýetirişi barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň maliýe-ykdysady işiniň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň berjaý edilişine, ykdysadyýetiň durnuklylygyny, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet emläginiň we maddy serişdeleriň ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2018-nji ýylda prokuror gözegçiliginiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Şeýle hem ol milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynda geçirilen prokuror barlaglarynyň netijesinde düzgün bozmalaryň ýüze çykarylandygy we döwlet gullukçylarynyň arasynda ýaramaz hereketleriň döremeginiň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, edara-kärhanalarda düzgün bozmalaryň we jenaýatçylykly hereketleriň garşysyna iň bir aýgytly derejede çäre görüljekdigini ýene bir gezek duýdurdy.


Soňra mejlis ýurdumyzyň sebitleriniň we obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.


Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe söz berildi. Häkim welaýatda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaz ekişine ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki iş gurallaryny taýýarlamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça beren tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirilýär diýip, häkim sözüni dowam etdi.


Mundan başga-da, ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini artdyrmak boýunça ähli zerur işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigini aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, ösdürip ýetişdirilýän gök-bakja we miwe önümleriniň möçberlerini hem-de görnüşlerini köpeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Welaýatyň çäklerinde sebit we halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy.


Güýzlük bugdaý ekinlerine ösüş suwuny tutmak, agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg etmek işleri bilen bir hatarda ýaz ekişine, maldarçylyk toplumlarynda bolsa owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygyny habar berdi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ähli etraplarynda, şäherlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaz ekişine taýýarlyk meseleleri barada aýdyp, bu işde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini, onda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna aýratyn üns berilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, sebitiň ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berdi.


Şeýle hem häkim hasabatyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylýandygyny habar berdi. Häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, ýeralma, gök we bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Şeýle hem oba hojalyk işleri bilen bir hatarda ilatyň durmuş üpjünçiligine gönükdirilen çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Mejlis Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi. Häkim geçen ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, bellenilen meýilnamalaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi.


Şol bir wagtyň özünde welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Meýdanlary we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeliligi ýokarlanýar.


Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Şol bir wagtyň özünde pagtanyň bol hasylyny öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Şol bir wagtyň özünde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň öndüriliş mukdaryny artdyrmak meýilleşdirildi.


Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.


Tutuş obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 108,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 109,5 göterim ýerine ýetirildi.


Şu günler welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda maýsalara ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar, şunuň bilen birlikde, ekin meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, sürüm we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny abatlamak işleri dowam edýär.


Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi. Şolara laýyklykda, 2019-njy ýylda ýurdumyz boýunça jemi 1 million 372 müň 162 gektar meýdanda oba hojalyk ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Welaýatlarda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmegiň hem-de şolary öndürmegiň möçberleri kesgitlenildi. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 550 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmek meýilleşdirilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna üýtgedip guramak maksady bilen, ýaňy-ýakynda oba hojalyk toplumyny dolandyrmakda özgertmeleriň geçirilendigini belledi. Suw serişdeleri bilen üpjünçiligi we onuň peýdalanylyşyny gowulandyrmak üçin, ýörite Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi. Bu komitet suw meselesiniň çözülmegi, oba hojalygynyň hem-de ilatyň suw üpjünçiligi bilen meşgullanar.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu komitetiň başlygy wezipesine A.Ýazmyradowy bellemek barada karara gelendigini aýdyp, oňa başarnykly we mynasyp adamlary saýlap alyp, özüne orunbasar wezipelerine bellemek üçin, ýakyn wagtda hödürlemegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz M.Baýramdurdyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine belläp, oňa hem mynasyp adamlary saýlap alyp, özüne orunbasar wezipelerine bellemek üçin, ýakyn günlerde hödürlemegi tabşyrdy.


Soňra döwlet Baştutanymyz «Welaýatlar boýunça 2019-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky» Karara hem-de «Türkmenistanda 2019-njy ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky» Karara, şonuň ýaly-da 2019-njy ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.


Mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip we täze bellenen ýolbaşçylara üstünlik arzuw edip, döwlet Baştutanymyz olaryň alyp barjak işleriniň, esasan, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyna görä näçe çalt we gyssagly üýtgedip guraýşyna, mümkinçilikleri we goşmaça maýa goýumlaryny gözleýşine, önümçilik çykdajylaryny azaldyşyna, dünýä bazarlarynda öz önümleri üçin täze hyrydarlary tapyşyna bagly boljakdygyny belledi.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň ünsüni heniz ulanylman duran köp mümkinçilikleriň bardygyna çekdi. Ilkinji nobatda döwlet serişdelerini mundan beýläk-de hususylaşdyrmagyň, işe bolan garaýyşlary we çemeleşmeleri düýbünden üýtgetmegiň, dolandyryş ulgamyna häzirki zaman halkara standartlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna köp mümkinçilikleriň ýüze çykjakdygyny aýdyp, milli Liderimiz bu boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.


Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ähmiýetini belläp, bu resminamanyň kitapça görnüşiniň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we kitaphanalarda goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, onda 2018-nji ýylyň jemlerine baha berdi we şu ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bize geçen ýyl göz öňünde tutan ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly durmuşa geçirmek başartdy. Ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberini artdyryp, täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalary işe girizdik.


Geçen ýyl jemi içerki önümiň depgini 6,2 göterim ösdi. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 11 milliard 200 million amerikan dollaryndan hem geçdi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini köpeltdik. Bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 704 sany desgany gurup, ulanmaga berdik.


Daşary syýasatda beýleki ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk maksatlaryna esaslanýan daşary syýasatymyz Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam etdi. Umuman, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň biziň üçin üstünlikli ýyllaryň biri bolandygyny ynam bilen aýdyp bileris.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň üstünliklerimiz merdana halkymyzyň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýandygy, geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýandygy netijesinde gazanyldy. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, mähriban halkymyza, ähli ýolbaşçylara, halal zähmeti bilen döwletimiziň uly üstünlikleri gazanmagyna mynasyp goşant goşan ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilendigini belläp, ýolbaşçylaryň öňünde durýan esasy wezipeler barada durup geçdi.


Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, milli parlamentiň esasy wezipesiniň ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýän kanunlary kabul etmek, kanunçylyk namalaryna zerur üýtgetmeleri girizmek bolup durýandygyny nygtady.


Möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň, ýerli halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň mart aýyndaky saýlawlaryny hem ýokary derejede geçirmek gerek. Sentýabr aýynda bolsa Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere deputatlar bilen geçirjek duşuşygynda has jikme-jik serediljekdigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärleriniň Garaşsyz döwletimiziň bähbitlerini goramak, dürli ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barmalydygyny nygtady.


Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara we beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň, halkara duşuşyklaryň we maslahatlarynyň maksatnamalary taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi hem-de energiýa howpsuzlygy, üstaşyr geçelgeler, suw diplomatiýasy we beýleki ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynda goldanan başlangyçlarymyz bilen bagly çäreleri hem ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa, maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de welaýatlarymyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn gözegçilik etmegi tabşyrdy.


Biz içerki bazaryň eksporta baglylygyny azaltmalydyrys, sanly ykdysadyýete geçmegi hem çaltlandyrmalydyrys, bazar institutlaryny berkidip, maýa goýum syýasatymyzy işjeň alyp barmalydyrys. Şu ýyl Oba milli maksatnamasynyň möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, geljek ýyllar üçin täze maksatnamany taýýarlamagyň üstünde hem işläp başlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Meredowa we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmegiň esasy ugurlaryň biridigini belledi. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen giňeltmek, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny emele getirmek ykdysadyýetimizi ösdürmekde örän möhümdir.


Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny meýilnama boýunça ýokary hilli alyp barmak üçin bellenilen çäreleri hem çalt depginler bilen amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer D.Amangeldiýewiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň we gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeleri anyklaşdyryp, şu ýylyň gurluşyk maksatnamasynyň örän köp işleri öz içine alýandygyna ünsi çekdi. Pudaga goýulýan düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22 milliard manatdan hem köp bolar. Biz döwlet serişdeleriniň we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna şäher ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmelidiris.


Şu ýyl täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi.


Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy dünýä ykdysady ulgamyna has amatly goşulmaga we daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagyny artdyrmaga bize mümkinçilik berer. Şoňa görä-de, ähli ýolbaşçylar maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmaga ýokary jogapkärçilik bilen garamalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.


Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, pudaklaryň düzümini kämilleşdirmek, oba hojalygynda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge telekeçileri giňden çekmek, eksport üçin ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek boýunça guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamagyň zerurdygyny aýtdy.


Öň hem aýdyp geçişim ýaly, ekin meýdanlaryny ekiljek ekinlere görä täzeden paýlamaly. Şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý, 1 million 50 müň tonna hem pagta öndürmeli. Geljek ýyl bolsa, bugdaýyň öndürilişini 1 million 400 müň tonna, täze guruljak dokma fabriklerini üpjün etmek we eksporta iberilýän möçberleri artdyrmak üçin pagtanyň öndürilişini hem 1 million 250 müň tonna ýetirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


Maldarçylyk we gök-bakja önümleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň öndürilýän möçberlerini hem köpeltmeli. Zyýan çekýän daýhan birleşiklerini ýuwaş-ýuwaşdan kärendeçilere, fermerlere, şeýle hem daýhanlara uzak möhletleýin kärendesine bermeli diýip, milli Liderimiz nygtady.


Suw bilen üpjünçiligi gowulandyrmak üçin, suw desgalarynda, akabalarda, howdanlarda abatlaýyş we gurluşyk işlerini geçirmeli, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde topluma degişli pudaklaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamak barada wezipeleri goýup, olaryň ählisiniň işiniň pudaklary innowasiýa esasynda durnukly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň ýokary bäsleşige ukyplylygyny gazanmaga gönükdirmelidigini nygtady.


Elektron senagatyny döretmegi dowam etmek, bilelikdäki kärhanalary has köpeltmek zerurdyr.


Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden oýlanyşykly peýdalanmak, ulgamy halkara logistika we söwda ulgamyna goşmak hem örän möhümdir. «Demirgazyk — Günorta», Türkmenistan — Owganystan demir ýollaryny özleşdirmegi-de dowam etmeli. Awtomobil, demir ýol, suw we howa ulaglaryny täzelemeli. Täze demir ýol we howa menzillerini gurup, hereket edýänleriniň durkuny täzelemeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Söwda deňiz flotuny hem ösdürmek wajypdyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly ulanar ýaly, ýük we ýolagçy gämileri bilen flotumyzy doly üpjün etmek möhümdir.


Milli Liderimiz şeýle hem sanly tehnologiýalar ulgamy üçin işgärleri taýýarlamagy ýola goýmagyň, öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmegiň, kompýuter tehnologiýalaryny, emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, interneti ornaşdyrmagy dowam etmegiň, ýene-de bir emeli hemrany älem giňişligine çykarmagyň üstünde işlemegiň möhümdigini nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer P.Agamyradowa, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy sanly ulgama esaslanýan ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmagyň we taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr. Ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin, telekeçileri işjeň çekmek wajypdyr. Täze institutlar, mekdepler, mekdebe çenli edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy güýçlendirmelidir. Ýaşlarymyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde gowy bilim almagyny gazanmak biziň maksadymyzdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak, umuman, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.


Ylmy ösdürmäge hem aýratyn üns bermeli. Akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, ylmy barlaghanalary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


Milli Liderimiz ýaşlarymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýan milli sport ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.


Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewanyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, şu ýyl medeniýet we sungat işgärleri üçin döredijilik we hünär taýdan ösmäge giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Teatrlarda goýulýan oýunlaryň gerimini giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalaryny köpeltmek, oba we şäher kitaphanalaryny internet ulgamy bilen üpjün etmek boýunça uly işleri geçirmek zerurdyr. Oba ýerlerinde medeniýet öýlerini gurmagy dowam etmeli. Dürli halkara medeni çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermeli. Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň maglumat üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmaly. Jemgyýetde bolup geçýän oňyn özgertmeleri aýdyň görkezmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Biz halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu maksat bilen, Awazada ýokary derejeli myhmanhanalary, ýaşaýyş toplumlaryny gurmagy dowam etmegi, täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlap, zerur hyzmat ediş ulgamy bilen üpjün etmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz şeýle hem ýylyň şygaryna laýyklykda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň möhümdigini nygtady.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, toplumyň üpjünçilik ulgamyny döretmegi, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze söwda merkezlerini we iri dükanlary gurmagy dowam etmegi tabşyrdy. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini hem gowulandyrmaly. Telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermegi, ony ösdürmäge we höweslendirmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleri göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz belledi.


Görşüňiz ýaly, şu ýylyň maksatnamasyna laýyklykda, etmeli işlerimiz örän köp. Bu işlerde döwlet dolandyryş edaralarynyň, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Şoňa görä-de, ýolbaşçylar halkymyz bilen agzybir we el-ele berip işläp, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, 2018-nji ýylyň başynda durmuş-ykdysady we medeni görkezijiler babatynda ýylyň jemleri boýunça iň gowy etraby ýa-da welaýatdaky etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belläp, degişli hasabaty bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi.


Hasabatyň dowamynda milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň amala aşyrylýandygy barada aýdyldy. Ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda bäsleşigi geçirmekde durnukly ösüşiň ähli görkezijileri esasy ugur bolup durýar.


Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen maglumatlary seljermek esasynda, şeýle hem bilermenleriň beren bahalary nazara alnyp, ilkibaşda her bir welaýatda iň gowy netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat derejesinde bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryndan 2018-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyldy. Ol Balkan welaýatynyň Esenguly etrabydyr.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamak bilen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekip, G.Ataýewa etraba baryp, ýeňijileri bu üstünligi bilen dabaraly ýagdaýda utlamagy tabşyrdy .


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 2019-njy ýylda şeýle bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.


Şu günki mejlisimiziň jemlerini jemlemek bilen, biz ata Watanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz belledi.


Bu ýyly biz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan etmek bilen, biziň ählimize rowana ak ýollar garaşýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlik, özygtyýarly Watanymyzyň halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hereketde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol kartasydyr.


Munuň özi türkmen ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze tapgyrdyr. Milli Liderimiziň senagat toplumynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem Türkmenistan üçin düýbünden täze bolan ulgamlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu tapgyra geçmek mümkin boldy.


Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Milli oba maksatnamasy bu babatda aýdyň mysal bolup biler. Bu resminamanyň işlenip taýýarlanylmagy 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji hökümet tabşyryklarynyň biri boldy.


Hut şu döwürden Türkmenistanda milli derejede Durnukly ösüş maksatlary durmuşa geçirilip başlandy, ýagny, bu işler 2015-nji ýylda dünýä bileleşigi tarapyndan şol maksatlaryň kabul edilmeginden has öň amala aşyrylyp başlandy.


Munuň özi, hakykatdan hem gerimi we ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz durmuş ugurly maksatnamadyr. Bu maksatnama ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şol maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde bary-ýogy on ýylyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ilatly ýerleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Şol ýerlerde döwrebap senagat we durmuş düzümi döredildi.


Sebitleri ösdürmegiň Milli maksatnamasy häzirki döwürde hem durmuşa geçirilýär, ýöne häzir ol lukmançylyk hyzmatynyň we bilimiň hilini has-da ýokarlandyrdy, şäherlerde hem-de oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş şertlerini deňleşdirip, olary halkara ülňülerine ýakynlaşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biridir.


2008 — 2018-nji ýyllarda welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň 870 müň inedördül metre golaýy ulanmaga berildi, täze hassahanalaryň 67-si guruldy hem-de bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy, saglyk öýleriniň 140-sy, çagalar baglarynyň binalarynyň 258-si, orta mekdepleriň 237-si, medeniýet öýleriniň 75-si, sport mekdepleriniň 115-si guruldy, sport desgalarynyň täzeleriniň 73-si ulanmaga berildi we durky täzelendi. Suw geçiriji ulgamlaryň 9 müň 640 kilometri, awtomobil ýollarynyň 4 müň 671 kilometri, gaz geçirijileriniň 13 müň 520 kilometri, elektrik geçiriji ulgamlaryň 13 müň 59 kilometri, aragatnaşyk ulgamlarynyň 27 müň 681 kilometrden gowragy çekildi, dürli göwrümdäki suw arassalaýjy desgalaryň 18-si guruldy.


Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleriniň çözgüdi bu meseleleri hökümetiň agzalary we welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen yzygiderli ara alyp maslahatlaşýan milli Liderimiziň üns merkezinde saklanylýar. Bu meseleler 28-nji ýanwarda bolan nobatdaky sanly aragatnaşyk wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine hem girizildi. Onda bu meselelere alnyp barylýan oba hojalyk işleri ýurdumyzyň bag ekmek we ekologiýa syýasaty, ýerlerdäki maýa goýum gurluşyk işleri bilen bir hatarda garaldy.


Şeýlelikde, häzirki wagtda, Türkmenistanyň iri şäherlerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hasaba almanyňda, Milli oba maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda durmuş we medeni maksatly desgalaryň 73-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, inžener kommunikasiýalarynyň 2,6 müň kilometrden gowragynyň, umumy meýdany 208,8 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.


Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady ösüş ulgamynda takyk, çuňňur oýlanyşykly hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir durnukly we yzygiderli ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine uýgunlaşmagy hem üpjün etdi. Şunda sanlaşdyrmak möhüm orun eýeläp başlady.


Bu ugurda maliýe ulgamyna möhüm orun degişlidir. Maliýe ulgamy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe hem netijeli paýlanmagyny üpjün etmek bilen, durmuş wezipeleriniň çözülmegine, maýa goýum işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de durnukly ykdysady ösüşiň saklanylmagyna, ähli pudaklaryň öňdebaryjy tehnologiýalara geçilmegine ýardam etdi.


Türkmen ykdysadyýetiniň düzümi hem üýtgeýär, onda ýokary goşmaça bahaly taýýar önümleriň önümçiligi agdyklyk edip başlaýar. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Şeýlelikde, 2018-nji ýylda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 86-sy hususylaşdyryldy. Ýokary tehnologiýaly, ylym bilen baglanyşykly we innowasion pudaklaryň ösüşiniň binýady goýuldy, býujetiň profisiti üpjün edildi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti we döwlet amallaryny sanlaşdyrmak boýunça maksatnamany öňe sürüp, hökümeti, pudaklaýyn edaralaryň we ministrlikleriň ýolbaşçylaryny ählumumy ýörelgeleriniň we ähli derejelerde halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirýär.


Türkmenistanyň geljekki ösüşi daşky şertler bilen: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglanyşyklydyr.


2030-njy ýyla çenli dünýäniň gün tertibi we milli syýasat Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň alyp barýan işi bilen ykjam baglanyşyklydyr. Durnukly ösüşiň maksatlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini herekete girizmek tebigy, energetiki, maddy-önümçilik serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtyň özünde durmuş ugry halkyň abadançylygynyň, hiliniň ýokarlanmagyna, ekologiýa taýdan bolsa daşky gurşawyň goralmagynyň we tebigata aýawly çemeleşilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.


Şunda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýurdumyzyň sebitleriniň deňeçer önümçilik we durmuş ulgamyny döretmek bilen baglanyşykda pudaklaýyn we çäk derejelerinde göz öňünde tutulýar. Bu wezipeleriň hemmesi we olary çözmegiň ýollary milli Liderimiziň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde beýan edildi. Tutuşlygyna alnanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiki ugry ykdysady ösüşiň senagat-innowasion görnüşiniň ösdürilmegine, milli ykdysadyýetiň ýokary bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmegine we halkyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.


Sanly tehnologiýanyň artykmaçlygy ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara, şeýle hem milli Liderimiziň durmuş syýasatyna ornaşdyrylan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde aýdyňdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telemedisina tehnologiýasyny, onlaýn-bilimi we uzak aralykdan okatmagy, elektron hökümetiň gurallaryny we beýlekileri höweslendirýär.


Ýurdumyzda hojalyk, önümçilik dolandyryş ýagdaýlarynyň sazlaşdyrylmagy «akylly» şäherleri döretmäge mümkinçilik berer, olarda ilatyň islegleri has doly we çalt kanagatlandyrylar. Täze tehnologiýalar kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda goşmaça iş orunlaryny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýet ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekýär.


Milli Liderimiz sanly we öýjükli hyzmatlaryň ählumumy elýeterliliginiň üpjün edilmegini möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamasy täze hilde – sebitleriň we alysdaky ýerleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly hereketlendirijisi boljak sanlaşdyrmak derejesinde dowam eder.


Maliýeleşdirmek, hakykatdan-da, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertidir, ony maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty 2030 ählumumy gün tertibi boýunça ýurdumyzyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepilidir, onuň ugurlarynyň birnäçesi eýýäm Türkmenistanda, şol sanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň netijesinde ýerine ýetirildi.


Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda beýleki ählumumy maksatlara ýetmek bir tarapdan, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder, beýleki tarapdan bolsa, umumadamzat ähmiýetli köp meseleleri çözmek bilen bütin dünýäde ösüşe ýardam berer.


Türkmenistanda toplanan tejribe diňe bir milli däl, eýsem, dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Watanymyzyň üstünlikleri dünýäniň köp ýurtlarynda we halkara bilermenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Şunda ähli syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri türkmen döwletiniň jedelsiz üstünliklerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan çuňňur oýlanyşykly we döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän syýasaty bilen berk baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşly

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.


Wekiliýetiň düzüminde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirligine başlyklyk ediji, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý hem-de Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, teatr we jemgyýetçilik işgäri Tahir Iksanow bar.


Hususan-da, Medeniýet ministrliginde geçirilen duşuşykda Aşgabatda Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2019-njy ýylda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň nobatdaky XIV maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iki günlük maslahatyň deslapky maksatnamasyna garaldy. Onuň dowamynda däp bolan «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly döwletara baýragyny gowşurmak dabarasy bolar.


Şeýle hem GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdi esasynda yglan edilen Kitap ýylynyň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän dürli çäreleriň meýilnamalary, ýazyjylar simpoziumlaryny, kitap sergilerini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkalaşygyň çäklerinde medeni we döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly dürli tekliplere garaldy.


Mundan başga-da, Bilim ministrliginde geçirilen duşuşykda umumy ylym-bilim giňişligini ösdürmek, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, talyplaryň ylmy-barlag taslamalaryna, ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklara goldaw bermek ýaly ugurlarda ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Şol ýerde hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerine garaldy.


Myhmanlar GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek wezipesine örän jogapkärli we işjeň çemeleşmelerine ýokary baha berildi.

Türkmen halyçylyk sungaty «Carpet & Art Oasis» halkara sergisinde

Türkmen halkynyň baý däplerini özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda onuň ajaýyplygyny we täsinligini saklap gelýän milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär. Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna wekilçilik edýän elde dokalýan haly önümleriniň iri öndürijileri hem sergä gatnaşyjylaryň hatarynda boldular.Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň bezegine öwrüldi.


Iň gymmatly maşgala däbi hökmünde bu örän inçe senediň syrlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinmegi netijesinde ýurdumyzda elde dokalýan halyçylyk senedi täsin özboluşlylygyny saklap geldi. Häzirki zamanda hem Diýarymyzda haly işleriniň ajaýyp ussatlarynyň nebereleriniň ençemesi bellidir. Olaryň arasynda zehinli ýaşlar hem az däl. Umumy meýdany 200 inedördül metr meýdandan ybarat bolan meýdançada goýlan haly we haly önümleri bu aýdylanlaryň ajaýyp subutnamasydyr.


“Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň düzümindäki çeper haly işleriniň kärhanalarynyň 8-sinde halyçylaryň 4 müňden gowragy zähmet çekýär. Iki ýylyň dowamynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birleşigiň önümçilik bölümleriniň 5-sini açmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň ýüzlerçesini döretmäge mümkinçilik berer.


Birleşen Arap Emirliklerinde geçýän abraýly sergä gatnaşylmagy halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berer. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalaryny, wajyp meseleleriň birnäçesini, esasy pudaklary ösdürmegiň wezipelerini, olara, şol sanda döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe söz berildi. Ol senagat, ulag we aragatnaşyk toplumlarynyň amala aşyrýan işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň maýa serişdelerini çekmek arkaly täze senagat desgalaryny gurmagyň mümkinçiliklerini gözlemegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, ylmy gazanylanlara daýanyp hem-de innowasion tehnologiýalary ulanyp, täze senagat kärhanalaryny döretmegi we öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.


Milli maksatnamalar ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge we giňeltmäge, logistikany ösdürmäge gönükdirilmelidir. Bu çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, Diýarymyzda ulagyň ähli görnüşlerinde multimodal gatnawlaryň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleri döretmäge ýardam etmelidir.


Ykdysady strategiýasynda innowasion esasda gaýtadan işleýän pudaklary toplumlaýyn diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümlerini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşleriniň möçberini artdyrmak wezipeleri çözülýär. Milli elektron senagatyny döretmek maksady bilen zerur çäreleri görmek möhümdir.


Tebigy baýlyklar, uglewodorod hem-de kükürtli wodorod çig malynyň ägirt uly gorlary, ornaşdyrylýan iň täze tehnologiýalar, çig maly gaýtadan işlemegiň we taýýar önümi çykarmagyň usullary mineral önümçiliginiň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge hem-de mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösen köp pudakly senagatyň, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmaga esaslanýan önümçiligiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösüşini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegini kesgitleýän esasy şertdigini nygtady we degişli wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.


Soňra wise-premýer M.Çakyýew Senagat ministrligi tarapyndan kalsit önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, tejribe-synag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde, ýokary hilli kalsit önüminiň alnandygyny habar berdi. Kalsitiň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna daşary ýurtlardan getirilýän şu önümlerden doly ýüz öwürmäge hem-de geljekde boýaglaryň dürli görnüşlerini, gips, karton we beýleki magdan däl gurluşyk serişdelerini çykarmaga mümkinçilik berer.


Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Magdanly şäherindäki gurluşyk serişdeleri kärhanasynyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 500 tonna kalsit öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara ibermek boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hataryna çykarmak maksady bilen, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek strategiýasy senagaty IT-tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ösdürmek ýoly arkaly bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga geçirilmegini göz öňünde tutýar.


Döwlet Baştutanymyz innowasion ugurly gaýtadan işleýän kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek, senagat ulgamy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça strategik wezipeleriň goýlandygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra wise-premýer Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Galaýmor howa menzilinde ýolagçy terminalynyň hem-de zerur desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza şekiller arkaly täze howa menziliniň hem-de düzümleýin desgalaryň ýerleşýän ýeri görkezildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýandygyny hem-de halkara logistika giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny nygtady.


Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýolagçylara hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän döwrebap howa menzilleriniň hem-de uçuş-gonuş zolaklarynyň gurulmagynyň howa ulagy ulgamynyň ösen düzümini döretmek, ygtybarlylyk maksady bilen ony iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidigini nygtady.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýerden howa menzilleri gurlanda işleri guramaga, utgaşdyrmaga, alyp barmaga hem-de ýokary hilli üpjün etmäge degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.


Ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy has işjeň halkara gatnaşyklaryny, ýolagçy gatnadylmagynyň hem-de ýükleriň daşalmagynyň çäginiň giňeldilmegini we möçberleriniň artdyrylmagyny talap edýär.Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz awtomobil ýollarynyň, şol sanda awtobanlaryň ýagdaýyna ünsi çekdi. Şolar, bir tarapdan Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny öz aralarynda birleşdirer, beýleki tarapdan bolsa, ýükleriň ulag arkaly goňşy döwletler bilen serhetlere çalt çykarylmagyny üpjün eder.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze döwrebap toplumlary gurmak bilen baglanyşykly işlere aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz maksatnamada ýangyç çig malynyň çykarylýan mukdaryny has-da artdyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga, täze ýataklary, şol sanda Hazaryň türkmen kenaryndaky ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmäge hem-de “Galkynyş” gaz känini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy hem-de bu işde sanly tehnologiýalary, şol sanda 3D-modelirlemek usullaryny ulanmagyň wajypdygyny belledi.


Energiýa serişdelerini daşary bazarlara çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek boýunça işleri dowam etmek möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň möhüm halkara ähmiýetini nygtady. Şol gaz geçirijisi türkmen gazyny Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna uzak möhletli iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermelidir.


Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, degişli ylym we bilim edaralarynyň bu ugurdaky işini işjeňleşdirmegi degişli wise-premýerlere tabşyrdy.


Mejlisiň dowamynda wise-premýer M.Meredow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy barada habar berildi. Umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bir gije-gündizde 30 müň kub metrden gowraga ýa-da bir sekuntda 348 litre deňdir. Ol ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitlerde täze agyz suwy ýataklaryň hem-de mineral çeşmeleriň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmäge, şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözülmegine ýardam etmelidigini nygtady. Munuň özi döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk arkaly oba we suw hojalyk ministri A.Ýazmyradowa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen bilelikde suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýurdumyzyň ilatynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ulgamynda işleri işjeňleşdirmegi, ýerasty ýataklaryň hem-de suw çeşmeleriniň ýagdaýyny ylmy taýdan yzygiderli öwrenmegi, şolaryň gorlaryny anyklamagy, tebigaty goramak bilen bagly çäreleri toplumlaýyn geçirmegi hem-de ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 2019 — 2025-nji ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet ideologiýasyny döretmegiň, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, maksatnamada medeni mirasy giňden wagyz etmek hem-de milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda ösüp gelýän nesli terbiýelemek boýunça çäreleri göz öňünde tutmak möhümdir. Kitaphanalary, muzeýleri, beýleki medeni aň-bilim edaralaryny sanly ulgama geçirmek boýunça işleri dowam etmek wajypdyr. Bu edaralaryň işi ilatyň isleglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmelidir.


Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgelerini wagyz edýän döredijilik ulgamynyň wekilleriniň goşandynyň milletiň ruhy-ahlak taýdan kemala gelmegini şertlendirýändigini belläp, bu işleriň döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili bolup durýandygyny aýtdy hem-de maksatnamanyň taslamasynyň üstünde işlemek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işine täze tehnologiýalary we häzirki zaman ylmy işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleriniň bu işe gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, bu babatda degişli wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.


Soňra wise-premýer B.Abdyýewa Mejlisiň degişli kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanylan, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.


Ýylyň dowamynda dürli medeni çäreleri, halkara maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralary hem-de sport ýaryşlaryny guramak, teatr we opera oýunlaryny taýýarlamak, internet saýtlarynda «Rowaçlyk» sahypasyny açmak meýilleşdirilýär.


Milli Liderimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy ýyla bagyşlanan medeni çäreleriň taýýarlyk derejesine ünsi çekip, şolaryň ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini we baý medeni mirasyny wagyz etmekde, daşary döwletler bilen dostlukly hem-de medeni gatnaşyklaryň berkidilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz guralýan çäreleriň her biriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň bolmalydygyny we çuňňur many-mazmuna beslenmelidigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy, şeýle hem bellenilen döwürde milli saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz ulgamy ösdürmek wezipeleriniň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, lukmançylyk ulgamynyň ylmy tehnologiýa taýdan üpjünçiliginiň, maddy binýadynyň pugtalandyrylmagynyň, ýaşlary okatmak işleriniň hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy döwrebaplaşdyrmagyň barşynda sanlaşdyrmagyň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly bilermenlerini we hünärmenlerini elektron serişdelerini ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek işlerine çekmek ýoly bilen ornaşdyrmak barada görkezmeler berdi.


Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersleri, hünärleri, şol sanda ylmy tehnologiýalar babatdaky ugurlary girizmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri nazara alanyňda, programmaçy, inžener, tehnologlar ýaly hünärler zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşygyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi.


Ylmyň gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmalydyr. Ýurdumyzda täzeçil ýörelgeler we batyrgaý açyşlar üçin zerur mümkinçilikler bolmalydyr. Munuň özi täzeçil ösüşler üçin zerur şertleri döreder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de kompýuter ulgamyndaky täzelikleri işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň ugurlaryny yzygiderli sanly ykdysadyýete geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, ýurdumyzda täze ylmy açyşlaryň höweslendirilmelidigini nygtady.


Soňra wise-premýer «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi.


Bu ulgamda Türkmenistanda yzygiderli ylmy-amaly barlaglar geçirilýär, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçen tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda degişli Milli strategiýany döretmek hakyndaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, şeýle işler durmuşa geçirilýär.


Türkmen hünärmenleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen bilelikde «Aşgabat şäheriniň we onuň töweregindäki meýdanda seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak» taslamasynyň üstünde işleýärler. Şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de şolar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäklerinde, bu ulgamda çaklamagyň hem-de monitoringiň strategiýasy işlenip taýýarlanylýar.


Onda seýsmiki howply zolaklarda mümkin bolan ýer titremeler bilen baglanyşykly durmuş, ykdysady hem-de ekologiýa töwekgelçilikleriniň derejesini peseltmek, Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň, binalaryň hem-de desgalaryň, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň şunuň ýaly tebigy heläkçiliklere taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler kesgitlenildi.


Maksatnamanyň amala aşyrylmagy sebitleriň durmuş, demografiýa hem-de ekologiýa ýagdaýyna, seýsmiki howply zolaklaryň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerine oňyn täsirini ýetirer.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatnama işjeň taýýarlanylmagyň aýratyn möhümdigini belläp, seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmagyň, degişli öňüni alyş çärelerini kabul etmegiň ýokary durmuş we ykdysady ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda maksatnamalaýyn çäreleriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.


Häzirki wagtda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ekinlere ösüş suwuny tutmak, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýerleri sürmek hem-de tekizlemek, tehnikany ýazky ekişe taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.


Welaýatlarda ekerançylara möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmäge ýardam bermek maksady bilen alymlaryň we tejribeli oba hojalyk hünärmenleriniň gatnaşmagynda maslahatlar guralýar. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän ösümlik ýagynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada degişli maglumat berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş suwy bilen üpjün etmek ýaly oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl ýörite döredilen ýer gaznalaryndan kärendeçilere bölünip berlen ekerançylyk meýdanlarynyň netijeli özleşdirilmegini aýratyn gözegçilikde saklamak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem obasenagat toplumynyň ekerançylyk bölegine öňdebaryjy agrotehniki usullaryň ornaşdyrylmagy babatynda anyk görkezmeler berildi.


Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ilaty ýokary hilli we köp görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.


Pagta çigidinden azyklyk ýagyň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, günebakar hem-de ýurdumyzyň subtropik zolaklarynda zeýtun ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berilýän ýerleriň meýdanyny giňeltmek zerur bolup durýar. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz bu ekinleriň welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazarda tutup, has netijeli görnüşlerini saýlap almak üçin ylmy çemeleşmeleriň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanda hereket edýän söwda desgalarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen şolaryň ýeke-täk hasabatyny ýöretmegiň sanly görnüşde işlenilip taýýarlanylan taslamasy, şeýle hem ýurdumyzyň bazarlaryny harytlar bilen doly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň çäginde bölek söwda işini, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrýan söwda desgalarynyň döwlet sanawynda hasaba alynmagy teklip edilýär.


Ýeke-täk sanawyň girizilmegi hem-de onda elektron görnüşde maglumat ulgamynyň döredilmegi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna söwda ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ahyrky netijede bolsa ilatyň harytlara hem-de hyzmatlara bolan isleginiň has doly kanagatlandyrylmagyna mümkinçilik berer. Mundan başga-da, söwda toplumynyň doly maglumat gaznasynyň döredilmegi bu pudagy ösdürmegiň maksatnamalary işlenip düzülende peýdalanylar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda desgalarynyň sanawyny kemala getirmek boýunça ähli meseleleri ýene bir gezek içgin seljermek barada wise-premýere görkezmeleri berip, tutuş söwda ulgamynyň guralyşyny, dolandyrylyşyny gowulandyrmak, hojalyk düzümleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap gural hökmünde şeýle hasaba almagy ýöretmegiň iň gowy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň we ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak, okgunly ösýän we önümçilik-täjirçilik ulgamyna senagat hem-de söwda işiniň gönüden-göni we durnukly birleşdirilmegi boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen bilelikde, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda birnäçe maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlaryny hususylaşdyrmak hakynda teklipleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine toplumlaýyn esasda gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny hem-de pudaklaryň orta möhlet üçin ösüş meýilnamalaryna üýtgetmeler girizmek esasynda degişli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda sanly ykdysadyýetiň kemala gelýändigini nazara almak wajypdyr.


Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalaryň hususylaşdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu işleriň geçirilmeginiň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda bäsdeşligi ýokarlandyrmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi. Esasy zat bolsa bularyň ählisiniň türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigidir. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi, umuman makullap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. Obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hususy önüm öndürijileriň dürli pudaklara işjeň çekilmegini, oba hojalyk we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan beýleki önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin netijeli işleriň alnyp barylmagy obasenagat toplumynyň we söwda pudagynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe bu ugurda bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.


Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Pudagara topar döredildi, bu topar tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde gurluşyk serişdeleriniň döwlet sanawynyň, gurluşykda nyrh emele getirmegi seljermegiň tertibiniň, usulyýet resminamalarynyň taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan birnäçe resminamalar işlenip düzüldi, şolaryň esasynda çenlik kadalaryň we bahalaryň Döwlet sanawy dörediler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk toplumyny senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek hem-de eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, ýaşaýyş jaý gurluşygy, sebitleri özgertmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Şolaryň çäklerinde bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmak işleri amala aşyrylýar hem-de täze senagat we durmuş desgalary bina edilýär.


Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler çözülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Pudagyň okgunly ösüş depginlerini saklamak, kärhanalaryň işiniň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen çig mal babatynda oýlanyşykly we çeýe nyrh syýasatyny alyp barmak zerurdyr, munuň özi bar bolan kuwwatlyklary has netijeli peýdalanmaga, gurluşyk kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu meseläniň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlar, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş toplumlaryny, şolaryň ýanaşyk ýerlerini we beýlekileri abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Giň gerimli wezipeleri çözmek üçin gurluşyk we elektroenergetika pudaklaryny dolandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek zerurdyr, bu pudaklar döwletimiziň energiýa howpsuzlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ulgamlarda hem häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak gerekdir.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Abraýly halkara düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi aýdyldy.


Häzirki döwürde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde, 2030-njy ýyla çenli iri strategiýanyň — durnukly ösüş üçin Gün tertibiniň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de Halkara çagalar gaznasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, daşky gurşawy goramak, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça jemi iş meýilnamalarynyň 37-si kabul edildi hem-de durmuşa geçirilýär. BMG-niň resmi maglumatlaryna görä, ýurdumyz dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biridir.


Ýakyn wagtda Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek we EKOSOS-nyň howandarlygynda şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Syýasy forumda ýurdumyzyň meýletin milli synlaryny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň üç ýylyň dowamynda bilelikde ýerine ýetiren işleriniň jemlerini umumylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna bu resminamany taýýarlamak boýunça Pudagara toparyny döretmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi.


Hasabatyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwletimiziň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan anyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Migrasiýa baradaky halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy we beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.


Adamyň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak boýunça 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş üçin ählumumy Gün tertibiniň esasy wezipeleriniň birini durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrmagyň çäklerinde, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň düzümini giňeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň garamagyna bu toparyň täze düzümini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň durmuş derejesiniň ähli ulgamlarynda abadançylygy üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Munuň özi ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer hem-de döredijilik ýörelgelerini içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde yglan eden Türkmenistanyň bu ugur boýunça BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Meýletin Milli Synyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparyny döretmek hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky» kararlara gol çekip, bu babatda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz döwletimiziň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen döredijilik strategiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtap, Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýakyn geljekde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde durýan wajyp meselelere ünsi çekdi.


Hormatly Prezidentimiz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga gatnaşýan ýurdumyzyň sebit we ählumumy möçberde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňe sürýän we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag, energetika we suw diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ugurda türkmen tarapynyň oňyn tejribe toplandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli guralyny işläp taýýarlamaga gatnaşygynyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de jogapkärlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Soňra döwlet Baştutanymyz Ş.Geldynazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hem-de ony Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.


Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.


Mejlisiň iş toparlarynda pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleriniň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylýandygy bellenildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de ýerlerde täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn daşary hem-de içeri syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamagyň Mejlisiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Parlamentarileriň ýurdumyzdaky işleriň ýagdaýyny içgin bilmelidigini hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen işi kanunçylyk taýdan goldamalydygyny nygtady.


Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da möhüm meselelerine garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýumlaryny çekmek milli Liderimiziň gozgan möhüm meseleleriniň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň giň toplumy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde okgunly ösüş hem-de giň gerimli taslamalary amala aşyrmak üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Maýa goýum — Türkmenistanyň innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy şerti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek hem-de bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar.


Milli Liderimiz döwletiň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen, Türkmenistanyň bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, şeýle hem geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda dünýä bazarlarynda bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi, peýdaly gazylyp alynýan çig mal ýataklaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek we ýerli çig mal serişdelerinden ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümlerini öndürmek ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň birine öwrüldi. 


Daşarky we içerki ýagdaýlary deňeşdirmek, serişde binýadyny nazara almak bilen uzak möhletleýin esasda tehniki we tehnologik ösüşiň has netijeli ýoluny saýlap almak tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, birnäçe pudaklarda we kärhanalarda täzeçil strategiýany emele getirýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär. 


Köpugurly milli ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwlet maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmek serişdeleriň halkara bazarlarynda ýurdumyzyň Hökümetiniň agentligi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň amala aşyrýan çäreleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýadarlaryny çekmek maksady bilen bank birnäçe daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly tejribe toplady. Geçen, 2018-nji ýyl bu babatda has-da netijeli boldy. 


Şeýlelikde, geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Germaniýanyň iri “Commerzbank” bank konserni bilen ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi üçin Ýewropa (GFR, Fransiýa, Italiýa, Niderlandlar) önümçiligi bolan oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegini maliýeleşdirmek boýunça jemi bahasy 121 million 82 müň 500 ýewro bolan karz ylalaşygyna gol çekdi. 


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek işleri bilen birlikde, Türkmenistanyň çäginde taslamalary durmuşa geçirmäge halkara kompaniýalaryň gatnaşmagy üçin zerur şertler döredildi. Şeýlelikde, iýul aýynda halkara hyzmatdaşlyk üçin Ýapon banky we beýleki maliýe edaralary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 152 million 618 müň 478,35 dollary we 13 milliard 101 million 782 müň 598 ýapon ýeni bolan iki karz ylalaşygy baglaşyldy. Olar Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekediniň taslamasyny gurup, ulanmaga berilmegini maliýeleşdirmek üçin amala aşyryldy. 


Bu iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi. Ony amala aşyrmaga Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Hitachi Power Systems”, şeýle hem Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary çekildi. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan bu desga diňe bir Lebap welaýatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň goňşy Owganystana iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. 


Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny 33 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär. Pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulmagyny şertlendirer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde bu ulgama aýratyn ähmiýet berýär. 


2018-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany maliýeleşdirmek üçin Aziýanyň ösüş banky bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 500 million dollary bolan ylalaşyga gol çekilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän eksport ugurlarynyň giňeldilmegine gönükdirilendir. 


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna goşulmagy Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň ugradylýan möçberlerini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde wajyp orun eýeleýär. 


Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine mynasyp goşant goşýan Döwlet daşary ykdysady iş banky 2018-nji ýylyň döwründe BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdi


Onuň çäklerinde, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda bu abraýly halkara gurama bilen Taslamalaýyn resminama gol çekildi. Bankyň BMGÖM bilen gatnaşyklary daşarky karz serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýän ösüş babatdaky milli taslamalary utgaşdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek; bankyň täzeçil ösüşiniň orta möhlet üçin strategiýasyny işläp taýýarlamak; Döwlet daşary ykdysady iş bankynda sanly ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlyk görmek ýaly üç esasy ugur boýunça alnyp baryldy. 


Netijede, BMGÖM-niň goldaw bermeginde we “PricewaterhouseCoopers Audit S.R.L.” dünýä belli konsalting kompaniýasy bilen sanly bank ulgamyny öz içine alýan bankyň orta möhletleýin ösüş strategiýasy işlenip taýýarlanyldy. 


Bu strategiýa bankyň ähli ugurlar boýunça, aýratyn-da, täzeçil maglumat tehnologiýalaryny ulanmak babatda işiniň kämilleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň wezipelerine laýyk gelýär. Täze strategiýanyň maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylmagy hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we müşderilere edilýän hyzmatyň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. 


Şeýle hem 2018-nji ýylda BMGÖM we halkara bilermenler bilen hyzmatdaşlykda halkara we daşary ýurt maliýe edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän karz taslamalarynyň tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi bankyň ministrlikler, guramalar we ýurdumyzyň edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň tertipleşdirilmegine, şeýle hem milli ykdysadyýetimize maliýe serişdelerini çekmek boýunça daşary ýurt maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň we geriminiň giňeldilmegine gönükdirilendir. 


Ykdysady durnuklylyk we ýurduň amatly syýasy ýagdaýy, kanunçylyk kepillikler hem-de döwlet goldawy daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistana bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Ýakyn döwür üçin maýa goýumy höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmagy we senagatlaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagy, tehnologik ýagdaýlaryň ösdürilmegi, durmuş ulgamyny nazarlaýan bazar ykdysadyýetiniň emele gelmegi we halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyna ýardam bermek ýaly möhüm ugurlar kesgitlendi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak bilen birlikde, olary özleşdirmegiň netijeliliginiň artmagynyň üpjün edilmegi, şol sanda önümçiligi guramagyň kämilleşdirilmegi, täzeçil taslamalara eýe bolan hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyny şertlendirýän bankyň döredilmegi wajypdyr.

Täzelikler

TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda 6-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 617–2012 Ykdysady işleriň görnüşleriniň  döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan güýje giriziler.

Täzelikler

TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda 7-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen  TDS 695–2012 Önümleriň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan güýje giriziler.

Rowaçlygyň Watany — Türkmenistanda sanly ulgama geçmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylar düzümine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.


Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan konsepsiýasyny amala aşyrmaga girişildi.


Bu resminama 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we gurallary, garaşylýan netijeler öz beýanyny tapdy.


Konsepsiýany üç tapgyrda (Olaryň birinjisini — 2019-njy ýylda, ikinjisini — 2020 — 2023-nji ýyllarda, üçünjisini — 2024 — 2025-nji ýyllarda) durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.


Konsepsiýany işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkezi gatnaşdy, ol ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirmek üçin döredildi. Sanlaşdyrmak meseleleri maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanalarynda öz çözgüdini tapdy, şolarda kompýuter programmalary, önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň innowasion usullary işlenip taýýarlanylýar.


Konsepsiýanyň möhüm bölümleriniň hatarynda sanly ykdysadyýetiň binýatlyk esaslaryny — Internet-üpjünçilik ulgamlaryny berkitmek bar. Munuň pudaklary ösdürmegiň esasy şertidigini nazara almak bilen, ilaty, telekeçiligi we döwleti bu ugra çekmegiň derejesini ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.


Häzir ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professorlaryň we mugallymlaryň tagallalary bilen, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde belli bir aralykdan sapak bermek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli guralýar.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy milli we halkara ölçeglerine, häzirki talaplara kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir.


Internet hyzmatlaryň dürli görnüşleri raýatlarymyzy goşmaça üznüksiz bilim almaga, belli bir aralykdan bilim almak arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga höweslendirer. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de jemgyýetiň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belleýär.


Ýurdumyz durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda telekommunikasiýalar we ýokary hilli maglumat tehnologiýalary ulgamyna täze zatlary çekmegiň işjeň tarapdary bolup durýar. Türkmenistan milli bähbitleri hem-de durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşiň wezipelerini nazara almak bilen, dünýä tejribesinde ähli täze zatlar üçin açyk bolup, dünýäniň döwletleri bilen mäkäm gatnaşyklary gurýar, daşary ýurt institutlary we abraýly guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.


2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasynyň guramagynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahatynyň geçirilmegi munuň mysallarynyň biri bolup durýar.


Maslahata Maliýe we ykdysadyýet, Aragatnaşyk, Bilim ministrlikleriniň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de beýleki ugurlaryň hünärmenleri gatnaşdylar. “Skolkowo” müdirliginiň Moskwa mekdebiniň wekilleri bilermenler hökmünde bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesine synlary bilen çykyş etdiler.


Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistan — BMG ÖM hyzmatdaşlygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Sanly Türkmenistan” döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlady. Bu maksatnamanyň esasy maksady maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekden hem-de ýurdumyzyň jemi içerki önüminde bu ulgamyň goşandyny artdyrmakdan, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda “sanly tapawudy” aradan aýyrmakdan ybaratdyr.


Maksatnama milli ykdysadyýetimizi innowasion ýola geçirmegi çaltlandyrmaga, ylym işini talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi artdyrmaga, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, elektron resminama dolanyşygyna hem-de şahsyýete elektron meňzetme ulgamyna doly geçmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.


Türkmenistan telelukmançylygyny, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, belli bir aralykdan maslahatlary we bilimleri bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi ýurdumyzyň edaralarynda öňdebaryjy sanlaşdyrmak tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ýardam edýär.


Türkmenistan Aragatnaşyk babatda sebit arkalaşygynyň (ASA) doly hukukly agzasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy tehnologik serişde hökmünde maglumatlaryň ulanylmagyna esaslanýar.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýalar ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkidýär. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Aragatnaşyk we maglumatlar babatda sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar, şonda sanly ulgama geçmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport ugurly harytlaryň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, ýurdumyzyň bank edaralarynda ýylyň dowamynda toplumlaýyn işler geçirildi. Netijede, geçen ýyl elektron banking düzüminiň, nagt däl tölegleriň möçberiniň, onlaýn-hyzmatlar arkaly karzlaşdyrmagyň artmagy bilen tapawutlandy, şeýle hem Internet-bank hem-de mobil-bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Olaryň üsti bilen, ýurdumyzyň çäginde, şeýle hem onuň çäklerinden alyslarda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak, haryt-pul gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bolýar.


Aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, degişli ugra öňdebaryjy enjamlary we täzelikleri ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň tiz çözülmegi netijesinde ýurdumyzda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köp ugurly ulgamy üstünlikli hereket edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bütindünýä ulgamyna elýeterlilik ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge itergi berer.


Internetden islendik maglumaty almak mümkinçiligi türkmenistanlylaryň gündelik durmuşyna we işine oňyn täsirini ýetirer. Bu maglumatlaryň peýdalanylmagy has oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine, dünýäde bolup geçýän wakalara çuňňur düşünmäge ýardam eder. Galyberse-de, önümçilikde enjamlary ulgama birikdirmegiň hasabyna gözegçilik, dolandyryş we abatlaýyş işleri awtomatlaşdyrylar, bu bolsa, adamyň zähmetini ep-esli ýeňilleşdirer.


Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümi döretmek we tehniki taýdan üpjün etmek boýunça maksatnamalara badalga berildi. Şeýlelikde, ýakyn üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Olar öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, Watanymyzyň alys künjeklerinde Internede giň zolakly mümkinçiligi üpjün etmek bilen bir hatarda aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir.


Sarp edijilere ýokary derejede telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlary getirmegiň tizligini artdyrmak üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda optiki-süýümli kabelleri çekmek göz öňünde tutuldy. Bu taslama pudagara maglumatlaryň alşylmagyny gowulandyrmaga, elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.


Häzir Aşgabat şäheri boýunça maglumatlary bermegiň tizligi ortaça sekuntda 20 Gigabite barabardyr. Ýakyn geljekde ony bäş esse — 100 Gbit/s çenli artdyrmak meýilleşdirildi, welaýat merkezlerinde bu görkeziji 40 Gbit/s golaý bolar, etrap merkezlerinde 10 Gbit/s, etrap merkezleriniň hem-de daýhan birleşikleriniň arasynda 4 Gbit/s çenli bolar.


Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory olary öýjükli aragatnaşygyň esasy görnüşleri, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G bilen doly üpjün etmegi meýilleşdirýär. Taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyz boýunça aragatnaşyk örtügi 100 göterime deň bolar.


Bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly, kompýuter ulgamlary — jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti hem-de halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usuly bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, maglumatlar bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülip, onuň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösüşine, umuman, makroykdysady işlerine öz täsirini ýetirer.


Sanlaşdyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň ýene-de biri kitaphana işidir. Wagtyň geçmegi hem-de täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen okamagyň özi düýpli özgerdi. Häzir kitaplar elektron görnüşinde hem-de onlaýn düzgüninde elýeterli bolup, kompýuteriň ýa-da ykjam telefonyň üsti bilen kitaphana “girmek” hem-de gerekli neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Şeýle usullary Türkmenistanda hem giňden ornaşdyrmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.


Kitaphana kitaplaryň däbe öwrülen saklawhanasy hem-de medeniýetiň ojagy bolmak bilen, okyjylaryň isleglerine laýyk gelip, olar bilen, şol sanda hyýaly gurşawda işjeň aragatnaşykda bolmalydyr. Watandaşlarymyzyň gündelik durmuşynyň işiniň, dynç alyş wagtynyň, aragatnaşykda bolmagynyň we bilim almagynyň agramly bölegi şol gurşawa geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


Mysal üçin, Döwlet kitaphanasynda okyjylaryň 70 müňüsi bellige alnypdyr, bu ýere her gün okyjylaryň 400-e golaýy gelýär, olaryň agramly bölegi bilim alýan ýaşlardyr. Yzygiderli ulanýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň barlag we bilim jemgyýetleriniň wekilleri, şeýle hem tejribe geçýän hünärmenler bar.


Häzir Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we iň gowy dünýä tejribesine esaslanan bitewi elektron ulgam döredildi. Kitaphanalaryň işgärleriniň arasynda sanly nou-haulary peýdalanmak bilen, olaryň işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýän usulyýet okuwlary, okuw maslahatlary, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.


Türkmenistan — baý taryhy däpleriň aýawly saklanýan ýurdy bolup, şol bir wagtda sazlaşykly medeni gurşaw ösdürilýär. Bu ugurda döwlet syýasaty jemgyýetiň ruhuny berkitmäge, onuň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkymyzyň medeni-ahlak gymmatlyklaryny goramaga we baýlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphanalaryň innowasion işlere has işjeň gatnaşmagyny ugrukdyrýar.


Döwrebap ylmy bilimler halkara ykdysady, medeni, tehnologik giňişlige goşulmak bilen, netijeli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde ýurdumyzyň eýeleýän orny günsaýyn giňelip, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleri çykarýan innowasion senagat kärhanalary işe girizilýär.


Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlary boýunça ýurdumyzyň hünärmenleri Internet-üpjünçilik serişdeleriniň artýan ornuny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan innowasion ösüşini ugur edinip, olary peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasyny işläp taýýarladylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi.


Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin karz beriş edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.


Häzirki günde “Altyn asyr” töleg ulgamynda “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny peýdalanýanlaryň sany artýar. Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler. Ýakyn geljekde “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky tarapyndan QR-koduň (dessin tassyklanylýan kod) ulanylmagy bilen tölegleri geçirmek ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär.


Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu bankyň “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada habar bermek bilen, bu ulgamyň töleg kartyny peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg kartlarynyň milli nusgalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň durnukly ösdürilmegi möhüm şertleriň biri bolup, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin zerurdyr diýip belledi.


Bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek we hilini artdyrmak, şol sanda halkara derejede giňeltmek, öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli peýdalanyjylar üçin “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny has-da berkitmek, tehniki-ykdysady görkezijileri artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Nebit ýataklarynyň guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, guýulary burawlamagyň döwrebap tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hem-de düýpli abatlamagyň hasabyna çykarylýan nebitiň we gazyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada hem habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň milli nusgasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şolara laýyklykda, döwletimiz senagatyň esasy pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge uly möçberli maýa serişdelerini gönükdirýär.


Ähli ulgamlarda innowasiýalary, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwrüň esasy wezipesi bolup durýar, munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny dünýä derejesinde ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Adam mümkinçiliklerine maýa goýumlary — bu möhüm goýumlaryň biri bolup, olar geljekde ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly orun eýelär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.


Milli Liderimiz döwrebap nebit we gazhimiýa kärhanalaryny gurmagyň giň gerimli taslamalaryny amala aşyrýan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin bu meseläniň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, hünärler boýunça okuw ulgamyny kämilleşdirmek, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda güýzlük bugdaý ýetişdirmek üçin bölünip berlen meýdanlarda maýsalara ösüş suwy tutulýar, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýerleri sürmek we tekizlemek, tehnikalary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.


Suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak hem-de obasenagat toplumynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine we bu ulgamda geçirilýän özgertmelere degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bereketli hasylyň esasyny emele getirýän ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini nygtap, şolaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde garyşyk görnüşli kükürtli karbamid döküniniň önümçiligini ýola goýmak hem-de 2019-njy ýylda pile öndürmek hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.


Wise-premýer himiýa pudagynyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriniň dürli görnüşleriniň — azot, fosfor we kaliý dökünleriniň öndürilýändigini habar berdi. Şol dökünler daşary ýurtlara hem iberilýär. Häzirki wagtda konserniň hünärmenleri tarapyndan karbamidiň düzümine kükürdi goşmak arkaly täze, ýokary netijeli döküniň önümçiligini ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, mineral dökünleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Munuň özi himiýa pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Täze desgalary gurmagyň hem-de öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna geljekde bu senagat pudagy uly ykdysady peýda getirer.


Milli Liderimiz himiýa önümlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara ibermek boýunça ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjylarynyň hataryna çykarmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öňünde mineral serişdeleriň gaýtadan işlenýän möçberini has-da artdyrmak, täze kärhanalary gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek üçin maýa goýumlaryny çekmek wezipesiniň durýandygyny nygtap, wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly çykarylýan önümleriň görnüşlerini giňeltmegi tabşyrdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmek babatda ähmiýetli orunlaryň birini eýeleýän ýüpekçiligiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy ösdürmek, ony häzirki zaman senagatynyň derejesine çykarmak boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň hem-de milli däpleri dowam etdirmegiň we önümçilikde innowasiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtap, ýüpekçi daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip, wise-premýere degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçuklarynyň iýmit binýady bolan tut nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Garagum derýasynyň kenarlarynda hem-de amatly ýerlerde tut nahallaryny ekmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Wise-premýer döwlet Baştutanymyza konsepsiýa laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli jemi 25 desganyň, şol sanda elektrik stansiýalarynyň 14-siniň, dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijileriniň hem-de elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň 9-synyň, Energiýa enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurulmagynyň hem-de Seýdiniň ýylylyk elektrik merkezinde we Balkanabadyň döwlet elektrik stansiýasynda abatlaýyş işleriniň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Geçen döwürde desgalaryň onusy ulanmaga berildi, şol sanda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gazturbinaly elektrik stansiýalary, şeýle hem elektrik geçiriji ulgamlaryň ençemesi guruldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we hödürlenen teklipler bilen tanşyp, birnäçe görkezmeleri hem-de maslahatlary berdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir. Umuman, döwrebap energetika ulgamyny döretmek tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyz bu toplumy döwrebaplaşdyrmakda dünýäniň iň gowy tejribesini çekmäge aýratyn üns berýär.


Milli Liderimiz ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýtmak bilen, energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini, mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmegiň dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanýandygyny nygtady. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň iň täze tehnologiýalary ulanmak, täzeçil önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözülmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda süýji-köke önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işlenilip taýýarlanylýan taslamalar barada hasabat berip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilmeginiň ýerini tutmak maksadynda önümçilik kärhanalaryny gurmak üçin görülýän çäreler babatda aýtdy.


2018-nji ýylda ýurdumyzda jemi 38 müň 324 tonna süýji-köke önümleri öndürilip, şolaryň 30 müň 423 tonnasy hususy kärhanalar tarapyndan çykaryldy. «Hasar”, “Oguzhan”, “Bars”, “Täze aý”, “Nygmat” ýaly meşhurlyk gazanan haryt belgili önümler daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. 2018-nji ýylda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke önümleriniň möçberi iki essä golaý azaldy.


TSTB-niň agzalarynyň teklipleri şokolad önümleriniň, undan taýýarlanylýan süýji-köke önümleriniň we beýlekileriň görnüşlerini giňeltmäge degişlidir. Hususan-da, munuň üçin Ahal welaýatynda üç sany kärhanany gurmak, şeýle hem ozalky işläp gelýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täze kuwwatlyklary ulanmaga girizmek teklip edilýär.


Hususy we karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak maksat edinilýän bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýylda 13 müň 800 tonna köpeler, artykmaç bölegini bolsa eksport etmek göz öňünde tutulýar. Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyryljak täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi bilen goşmaça iş orunlary dörediler.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamynda telekeçiligiň barha artýan ornuny belläp, türkmen işewürliginiň marketing strategiýasynda seljeriş işlerini alyp baryjy düzümleriň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz süýji-köke öndürjek täze kärhanalary gurmak boýunça teklip edilen taslamalary ýurdumyzda satyn alyjylyk islegini we daşarky bazaryň islegini nazara alyp, ýene-de bir gezek içgin işlemegi hem-de önümleriň bu görnüşini ýerlemegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy.


Soňra wise-premýer ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hasabat berdi. Bu taslamany amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.


Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan taslamada awtomobil ýolunyň gurluşygyny 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda üç tapgyrda amala aşyrmak hem-de birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak teklip edilýär.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti hem-de halkara gatnaşyklar üçin ähmiýetlidigini we onuň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümlerini kemala getirmäge türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.


Biz ýurdumyzyň işewürlerine halk hojalyk toplumyny pugtalandyrmaga, onuň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly we möhüm taslamalary ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belledi. Biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagy, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.


Biz geljekde hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu goldaw köpugurly bazar ykdysadyýetini döretmäge hem-de ilatyň durmuş derejesini, onuň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, bu bolsa biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş ugry bolup durýar diýip belledi. Awtobany gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy täze iş orunlarynyň ençemesini açar diýip, milli Liderimiz ýollary gurmak babatda öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda” Kararyň taslamasyna gol çekip, munuň hünär taýdan ösüşiniň hem-de durmuş babatda jogapkärçiligiň täze derejesine çykýan ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşinde taryhy pursatdygyny aýtdy.


Milli Liderimiz munuň maddy, zähmet, akyl-paýhas we tehnologiýa serişdelerini netijeli, täze ugurly utgaşmada birleşdirýän hereketlendiriji güýçdügini nygtap, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyna, önümçilik düzümlerini ösdürmäge, innowasion çözgütlerini ornaşdyrmaga hem-de hünärmenleriň bilim, hünär derejesini ýokarlandyrmaga telekeçiligiň ähmiýetli goşandyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçiligiň diňe bir ykdysady wezipeleri berjaý etmän, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlary bilen örän ysnyşykly arabaglanyşyklydygyny aýdyp, innowasion häsiýetli işleri öňe ilerlediji hökmünde döwlete degişli däl ulgama ýurdumyzyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň milli nusgasynda öňdebaryjy ornuň berilýändigini ýene-de bir gezek belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa milli medeni mirasymyza degişli gymmatlyklary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylýan gymmatlyklar bilen muzeýleriň gaznalarynyň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Tapyndylaryň birnäçesi bolsa türkmen halkynyň milli taryhy-medeni mirasyny has-da baýlaşdyrdy. Olar baradaky maglumatlar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.


Häzirki wagtda bu tapyndylar türkmen hünärmenleri tarapyndan ylmy taýdan öwrenilýär we olary geljekde ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyrmak meýilleşdirilýär. Geljekde Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek üçin toplanyljak resminamalar taýýarlanylanda, ýygnanan bu ylmy maglumatlar örän wajyp hem-de gymmatly maglumat bolup hyzmat eder.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň baý medeniýetini we taryhyny wagyz etmek üçin Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlaryň, şol sanda sergileriň meýdançalary giňden ulanylýar. Häzirki wagtda Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde öz işini dowam edýän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologik sergisinde muzeý gymmatlyklarynyň 219-sy görkezilip, oňa şu güne çenli 390 müňden gowrak adam baryp gördi.


Sergini “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň 1-nji martyndan başlap, 30-njy maýyna çenli Germaniýanyň Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeý toplumynda guramak meýilleşdirilýär. Bu bolsa, öz nobatynda, halkymyzyň medeni mirasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi dünýäniň esasy ylmy-barlag merkezleri bilen arheologik ylmy-barlag işleri babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekdi. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.


Şeýle hem BAE-de geçiriljek “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde ýurdumyzyň ösüşlerini beýan edýän sergiler bilen bir hatarda, halk döredijiligine degişli dürli önümleriň, amaly-haşam sungatynyň eserlerini we muzeý gymmatlyklarymyzyň sergisini guramak hem göz öňünde tutulýar. Milli medeni mirasymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem giňden wagyz etmek işleri dowam edýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini belledi.


Bu işi hökman yzygiderli geçirmek, şeýle hem dünýä bileleşigini gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.


Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeniýet, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň pikirini, şolaryň maksatlaryny kesgitläp, häzirki zaman jemgyýetiň kemala gelmeginde, türkmen halkynyň aň-bilim we döredijilik kuwwatynyň ösmeginde möhüm orun eýeleýär, ynsanperwer ulgamda syýasat meseleleri bolsa, halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýär.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlaryny ösdürmegiň, olara döwrebap äheňi bermegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýyl üçin meýilleşdirilen ähli çäreler milli mirasymyzy, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini wagyz edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent döredijilik ruhuna kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.


Hususan-da, wise-premýer mekdep biliminiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmak, olara täze dersleriň birnäçesini girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda taýýarlanan teklipler hakynda habar berdi. Şol dersler döwrüň talaplary hem-de durmuşa gadam basmaga taýýar, hünär taýdan zerur bolan endiklere eýe bolan hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösen nesli kemala getirmegiň wezipeleri bilen baglydyr.


Okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek okuwçylaryň höwesini we ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga, gözýetimini giňeltmäge, özbaşdak pikirlenmegini ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalaryň, hukuk we jemgyýetçilik medeniýetiniň esaslaryna eýe bolmagyna gönükdirilendir. Tebigy ylym ugurly täze dersleri girizmek meýilleşdirilýär. Bularyň hemmesi okuwçylaryň zehinini açmak hem-de okuw sapaklaryny özleşdirmegi, döwrebap bilim almagy üçin has amatly, baý mazmunly bilim gurşawyny döretmäge mümkinçilik berer.


Bilim — bu adamyň baýlygy, durmuşda zehinini açmak üçin serişde bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ol çagalary ahlak gymmatlyklarynda terbiýelemek, raýatlyk nukdaýnazaryndan, zähmetsöýerlik, döredijilik bilen gös-göni baglydyr.


Mekdep hünär saýlap almaga taýýarlanýan ýokary synp okuwçylaryna olaryň geljekde üstünlikleriniň diňe öz borçlaryny ýerine ýetirmegine däl-de, eýsem, ýaşlaryň başlangyjyna, hünär sowatlylygyna, yzygiderli kämilleşmegine bagly bolup durýandygyna düşünmäge ýardam etmelidir.


Milli Liderimiz bilim ulgamynda ylmy hünärmenleriň gös-göni okuwçylar bilen işleýän usulyýetçiler hem-de mugallymlar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmak barada wise-premýere görkezme bermek bilen, terbiýeçilik maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de ony iş ýüzünde giňden ulanmagyň möhümdigini belledi.


Milli Liderimiz orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we usulyýeti peýdalanmak bilen, olary durmuşa geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini düýpli işlemegi, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmek barada wise-premýere tabşyryklary berdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça wezipeleri çözmek üçin hünärmenleri taýýarlamak barada ozal beren tabşyrygy bilen baglylykda, degişli ugurda işleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle-de şu ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek halkara çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.


Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Milli Liderimiziň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, suw hem-de ekologiýa diplomatiýalary boýunça öňe süren parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejede geçirjek duşuşyklaryna hem-de hökümetara gepleşiklerine görülýän taýýarlyk hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda degişli çäreleriň geçirilýändigi hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň ylalaşylýandygy barada habar berildi. Ýakyn wagtda abraýly düzümleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparynyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Şolaryň barşynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen bar bolan ägirt uly kuwwatyň esasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyny we ösdürjekdigini nygtady. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.


Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz öňe sürülýän döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermek barada görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasat edarasynyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz öňümizdäki möhüm halkara çäreler bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, olara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi we geçirmegi tabşyrdy.


Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak babatda milli parlamentiň geçirýän işleri barada habar berdi.


Deputatlar täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýärler. Şol kanunlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan döwleti ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün edip, türkmen jemgyýetiniň bitewüligini hem-de demokratik sütünlerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.


Ýerlerde täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. Parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň hem-de dünýäniň kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmekde milli parlamentiň möhüm ornuny hem-de Mejlisiň deputatlarynyň ýokary jogapkärçiligini belledi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletiň hukuk hem-de ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermek gerek. Ýurdumyzyň ykdysady rowaçlygy onuň ilatynyň durmuş abadançylygynyň derejesine gös-göni baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz täze ýazan goşgusyndan:


 — Pederleň tagzym-togaby, 

Geçmişiň ertä dowamy, 

Kişňeýşiň — arşyň owazy, 

Kalbymyň senasy, Rowaç! — 


diýen ganatly setirlerini okady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hemmelere berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Üstünlikli işewürlik — döwletiň rowaçlygynyň girewi

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» — 2019-njy ýylyň bu şygary esasy wakalaryň özeni boldy. Ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky tapgyr şol wakalardan badalga aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde işewürleriň esasy orny eýeleýändigine oňat düşünip, döwlete dahylsyz ulgamy goldamagyň deňsiz-taýsyz ýeňillikli çäreleriň başyny başlap, onuň kuwwatynyň artmagyny hem-de iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny höweslendirýär.


Ine, ýene-de bir aýdyň mysal: türkmen telekeçileri bahasy ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryna barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurar.


Döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisinde degişli çözgüdi kabul etdi. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan 2023-nji ýylyň dekabr aýyna çenli döwleti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik taýdan wajyp bolan ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurar. Bu ýol Aşgabady Özbegistan bilen serhediň golaýynda ýerleşýän, ýurdumyzyň okgunly ösýän welaýatlarynyň biriniň merkezi bolan Türkmenabat şäheri bilen baglanyşdyrar. Häzirki güne çenli munuň özi türkmen işewürleriniň iň iri we gymmatly taslamasydyr.


Mundan on ýyl ozal tehnologik babatda şeýle çylşyrymly taslamany abraýly hem-de bu ulgamda uly tejribesi bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlara ynanardylar. Ýöne, täze, bazar şertlerinde işlemegiň kadalaryny çalt özleşdiren türkmen telekeçiligine mynasyp baha bermek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şeýle, tutanýerli we yhlasly zähmet çekmäge çagyrýar.


Soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzyň kompaniýalaryna giň gerimli taslamalary ynanmak bilen baglanyşykly möhüm ähmiýetli işler amala aşyryldy. Biziň telekeçilerimiz şol döwürde daşary bazara çykmagy hem başardylar.


Geçen döwürde türkmen kompaniýalary Türkmenistanyň sebitlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyndan başlap, paýtagtymyzda iri ýaşaýyş toplumlaryny, tutuş ýurdumyz boýunça düzümleýin desgalary hem-de senagat kärhanalaryny gurmaga çenli uly ýoly geçdiler.


Häzir türkmen gurluşyk kompaniýalary giň gerimli desgalary, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kaşaň myhmanhanalary hem-de sagaldyş merkezlerini, azyk pudagynyň kärhanalaryny gurmaga, oba hojalyk we senagat pudaklarynda täze kuwwatlyklary işe girizmäge gatnaşýarlar.


Ýurdumyzyň işewürleri dünýäniň gözel şäherleriniň biriniň abraýyna eýe bolan ak mermerli Aşgabady gurmakda ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Paýtagtymyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýan ajaýyp binalar, esasan, türkmen hünärmenleri — binagärleri, taslamaçylary, inženerleri, işçileri tarapyndan guruldy.


Indi biziň buýrujylarymyzda çylşyrymly düzüm taslamalary işlenip taýýarlananda, daşary ýurtlardan potratçy gözlemek zerurlygy ýok. Türkmen kompaniýalaryna 2,3 milliard dollary möçberde serişde berip, Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagy ynanmak barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi munuň subutnamasy bolup durýar.


Bu serişde köp ýurtlaryň dünýä möçberinde çökgünligi başdan geçirmegini nazara alanyňda uludyr. Hormatly Prezidentimiz dogry strategiýany gurmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamagy başardy. Milli Liderimiz durnukly ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe gitmegini dowam edip, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyryp, meýilleşdirilen ähli durmuş we senagat maksatly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar.


Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagyň taslamasy şolaryň biri bolup durýar. Häzir bu ýol ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, ykdysady toplumyny, işewürligini hem-de Türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipeleri bilen şertlendirilendir.


Hökümetiň mejlisinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda” Karara gol çekmek bilen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu wakanyň ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmekde taryhy pursat bolup, ol hünär ösüşiniň we durmuş jogapkärçiliginiň täze derejesine çykýar diýip bellemegi tötänden däldir.

2019-njy ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere, rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar üstünlikli durmuşa geçirilip, adamlaryň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri gowulanýar, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, ýurtda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalary gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


Ýurdumyzda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bitirilen ägirt uly işler mähriban halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýar, ata Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarýar. Milli Lideriň pähim-paýhasy bilen ýetilýän belent sepgitler bolsa ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, onuň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.


Biziň ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalaryna bagyşlanyp gadam basylýan her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa halkymyzyň watançylyk ruhunyň we duýgularynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan uly, giň gerimli işleriň ähmiýetini giňden ýaýmak, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak, ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň parahatçylygy üpjün etmeklige goşýan goşandyny, öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, giňden wagyz etmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi 2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip yglan etmegi karar etdi.

Gözleg