Türkmenistan hakynda

www.stat.gov.tm

Türkmenistan hakynda





   Meýdany                                     491,2 müň inedördül km



  Paýtagty                                         Aşgabat şäheri



 Uzynlygy                                      Demirgazykdan günorta — 650 km,


                                                       Günbatardan gündogara— 1100 km.



Türkmenistan                              Demirgazykda Gazagystan,


                                                      gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan,


                                                      günortada Eýran,


                                                      günorta-gündogarda bolsa Owganystan


                                       bilen serhetleşýär



Iň uly dag toplumy                    Köpetdag, Türkmenistandaky iň beýik ýeri


                                                    Aşgabat şäheriniň golaýynda — deňiz derejesinden 2912 m


Daglaryň iň beýik


nokady                                      Köýtendagda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy belentligi — 3139 m





Türkmenistan  – Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär  (491,21 müň km2), sebitiň günorta-günbatar böleginde  çöllük zolakda, Türkmen–Horasan dag ulgamynyň Köpetdag gerşiniň demirgazygynda, günbatarda Hazar deňziniň we gündogarda Amyderýanyň aralygynda ýerleşýär. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk-gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňzi tebigy serhet bolup durýar. Türkmenistan üçin seýrek kontinental we örän gurak howa şertleri häsiýetlidir.



Türkmenistanyň hemişelik ilatynyň düzüminde aýal-gyzlaryň paýy 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna 50,2 göterime deň, ol hem şäher, hem oba ilatynyň arasynda birmeňzeşdir.


Baý mineral-çig mal binýady, hususan, uglewodorod baýlyklary (nebit, gaz) Türkmenistanyň senagatyny ösdürmegiň  esasy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýangyç-energetika toplumy bilen bir hatarda nebiti we gazy gaýtadan işleýän, himiýa, nebithimiýa, maşyngurluşyk, metal işläp bejerýän, ýeňil senagat (aýratyn-da dokma senagaty), azyk senagaty ýaly gaýtadan işleýän pudaklar çalt ösüşe eýe boldy.


Oba hojalygy böleginde pagtaçylyk we däneçilik esasy pudaklar bolup durýar. Türkmenistanyň garaşsyzlygy ýyllarynda ýurduň azyk we ykdysady garaşsyzlygy üpjün edildi.


Milli daşary ykdysady syýasat emele geldi, daşary ykdysady aragatnaşyklaryň institusional esaslary döredildi. 2016-njy ýylda dünýäniň 119 sany ýurdy Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygynda  boldy.  Ýurduň daşary söwda haryt dolanyşygynda has uly paýy Aziýa we Ýewropa ýurtlary eýeledi.


Türkmenistan gazanylan ykdysady we sosial ösüşde saklanmaýar. Ýurtda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy durmuşa geçirilýär hem-de ýaşaýyş derejesini ep-esli ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň adam ösüşiniň indeksiniň ýokary görkezijisi bilen, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna girmegi onuň esasy maksady bolup durýar.


Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň 150-ä golaý wezipesi we 200-e golaý görkezijisi kabul edildi.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň ykdysady we durmuş ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen we  bellenen syýasaty hem-de wezipeleri nazara almak bilen amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýasy, bazar elementleriniň we döwlet düzgünleşdirişiniň utgaşdyrylmagy bu syýasatyň möhüm ugurlary bolup durýar. Ýangyç-energetika we agrosenagat toplumlarynyň, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri goýberýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň, ulag we maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasynyň ileri tutulyp ösdürilmegi bilen bir hatarda, durmuş ýaýrawyna, ýagny bilime, ylyma, şonuň ýaly-da saglygy goraýşa, medeniýete we beýlekilere esli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdy geljekde ösdürmegiň esasy ugurlary “Türkmenistanyň durmuş-ykysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda”,“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda“ beýan edilendir.



AŞGABAT ŞÄHERI



Aşgabat şäheri – garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň paýtagty, ýurduň iň iri edara ediş-syýasy, senagat, ulag, söwda, ylmy we medeni merkezi. 


Paýtagtyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biri senagat bolup durýar. Onuň pudaklary ýeňil we azyk senagatyna degişli harytlaryň, şonuň ýaly-da maşyngurluşyk, metaly işläp bejeriji, agaç işläp bejeriji, farmasewtika  senagatlarynyň we gurluşyk materiallary senagatynyň önümleriniň öndürilmegine ýöriteleşdirilýär. 2017-nji ýylda paýtagtda ýurduň senagat önümçiliginiň umumy möçberinden 13,1%-i öndürildi. 


2017-nji ýylda Aşgabatda düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 32,9%-i jemlendi. Paýtagtda döwlet eýeçiligine degişli bölegiň işe girizilen obýektleriniň önümçilik däl maksatly obýektleriň işe girizilişi agdyklyk etdi (40,4%). 


2017-nji ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde mekdepleriň we mekdebe çenli ýaşdaky çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport obýektleriniň gurulmagy şonuň ýaly-da inženerçilik ulgamlarynyň, elektrik geçirijileriniň durkunyň täzelenmegi we olaryň ulanyşa berilmegi dowam etdirildi. Paýtagtyň binagärlik ulgamynda abadanlaşdyryşa we daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berildi. 


Aşgabat şäheriniň ulag ulgamyna awtomobil, demir ýol we howa ulaglary girýär. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. 2017-nji ýylda ýolagçy dolanyşygynyň möçberi boýunça paýtagt ýurt boýunça birinji orunda (28,8%), ýük dolanyşygynyň möçberi boýunça bolsa altynjy orunda durýar (4,6%). Aşgabat şäheri Türkmenistanyň iň iri aragatnaşyk çatrygy bolup durýar.Bu ýerde tele- we radioaragatnaşyklaryň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen ulgamy döredildi. Aragatnaşyk kärhanalary ykdysadyýetiň pudaklaryna-da, ilata-da hyzmatlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýärler. 


Paýtagt iri söwda merkezidir. Ýurduň bölek satuw söwda dolanyşygynyň umumy möçberinde Aşgabat şäheriniň tutýan paýy 2017-nji ýylda 54,7%-e deň boldy. 


2017-nji ýylda durmuş gurşaw mundan beýläk hem ösüşe eýe boldy.  2017/2018-nji okuw ýylynda 21 sany ýokary okuw mekdebinde 36,4 müň talyp okady. Orta mekdepleriň 152 sanysynda 146,5 müň okuwçy okady. Aşgabatda iri ylmy-barlag we taslama institutlary bar. 2017-njy ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 517 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany  4,6 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 5,8 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 21,9 inedördül metre deň boldy. 


Türkmenistanyň paýtagty medeniýet we sport merkezidir, bu ýerde  häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän 6 teatr, 7 muzeý, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Milli kitaphana, iri sport desgalary bar.


Şäherde “Berzeňňi” tebigy suw bilen saglygy bejeriş we dikeldiş edarasy hereket edýär.



 AHAL WELAÝATY


     Ahal welaýatynyň ykdysadyýeti oba hojalyk-senagat häsiýetine eýedir. Onuň ähmiýeti diňe önümçiligiň sebitara ýerleşdirilişindäki we zähmet bölünişigindäki orny bilen däl-de, eýsem döwletiň paýtagtynyň onuň çäginde ýerleşýändigi bilen hem kesgitlenýär. Eýeleýän meýdany boýunça (19,7%) welaýat ýurtda Balkan welaýatyndan soň ikinjidir. 


Sebitde ekerançylyk ösendir we hususan-da, esli derejede şäher etegine mahsus ýöriteleşme bilen tapawutlanýar.  Bugdaý öndürmek, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, üzümçilik, et-süýt berýän maldarçylyk we ýüpekçilik oba hojalygynyň ýöriteleşdirilen esasy ugurlary bolup durýar.


Gök önümleri (ýurt boýunça umumy ýygnalan hasylyň 24,6%-i), azyklyk bakja öndürmekde (25,1%) welaýat ikinji oruny eýeleýär, üzüm (67,4%) öndürmekde welaýatyň oba hojalygy birinji orunda durýar. 


Düýeleriň (34,3%) sany boýunça sebit – ýurtda öňdebaryjy we  guşlaryň (18,7%) baş sany boýunça sebit ýurtda üçünji orunda durýar. 2017-nji ýylda dowarlaryň sany olaryň ýurt boýunça umumy baş sanyndan 25,1%-e  (ikinji orun), gara mallaryň baş sany bolsa 11,5%-e deň boldy.


         Ahal welaýaty ahalteke bedewleriniň gadymy mekanydyr.


2017-nji ýylda ýurduň senagat önümçiliginiň 10,6%-i şu sebitiň paýyna düşdi (bäşinji orun). Welaýatyň senagaty üçin gaz pudagynyň ýokary ösüş depgini häsiýetlidir. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça gaz gazyp çykarmakda sebit  Türkmenistanda üçünji orny eýeledi (16,5%). Gaz pudagyndan başga-da, himiýa (mineral dökünleri öndürmek), dokma, azyk we gurluşyk materiallary senagatlary ýöriteleşdirilen pudaklardyr. Mineral dökünleri (20,1%)  ikinji orun we aýakgap (47,6%) öndürmekde yurt boýunça welaýata öňdebaryjy orun  degişlidir. Gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalary ýurtda sement (38,3%) we magdan däl gurluşyk materiallaryny (45,4%)öndürmekde öňdäki hatarda bolup durýar.  


 2017-nji ýylda welaýatyň önümçilik kuwwatlyklaryny, infrastrukturasyny  we durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň paýy olaryň tutuş ýurt boýunça umumy möçberiniň 10,7%-e deň boldy (bäşinji orun). Esasy serişdä maýa goýumlarynyň düzüminde önümçilik maksatly goýumlaryň paýy 64,4% boldy. 


Welaýatyň ulag ulgamyna awtomobil, demir ýol we geçiriji turba ulaglary girýär. 2017-nji ýylda ýurduň umumy ýük dolanyşygynyň 18,3%-i we ýolagçy dolanyşygynyň 11,5%-i onuň paýyna düşdi (sebitleriň arasynda, degişlilikde, üçünji we altynjy orunlar).


          Bölek satuw söwda haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça 2017-nji ýylda welaýat ýurduň sebitleriniň arasynda bäşinji orny eýeledi (8,0%). 


2017/2018-nji okuw ýylynda Ahal welaýatynda 232 sany orta mekdepde 154,2 müň okuwçy okady. 2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 278 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 2,3 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 2,1 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 19,6 inedördül metre deň (ýurt boýunça bäşinji orun). 


Sebitde ençeme saglygy dikeldiş resurslary bar, şol ýerlerde döwrebap şypahana edaralary we dynç alyş zolaklary döredilendir (“Arçman”, “Gökdere”, “Ýyly suw”). 


         Welaýatyň çäklerinde ekerançylyk medeniýetiniň dürli eýýamlarynyň, parfiýalylaryň we beýik seljuklaryň hökümdarlyk eden wagtlarynyň taryhy ýadygärlikleri bar, ol ýerlere syýahatçylyk gatnaw ugurlary açyldy (Nusaý, Sarahs, Altyndepe).


       





BALKAN WELAÝATY



 Balkan welaýaty senagat taýdan ösen sebitleriň biridir. Ol öz tutýan meýdany boýunça ýurtda birinji orny eýeleýär (28,4%). 


Sebitiň ykdysadyýeti ýangyç we mineral-çig mal serişdeleriniň esli gorlaryna, seýrek duş gelýän howa şertlerine, oba hojalygy üçin özleşdirmäge ýaramly köp möçberdäki ýer baýlyklaryna eýedir. Onuň deňiz menziliniň üstünden deňiz ulagy arkaly eksport we import ýük gatnawlary amala aşyrylýar. 


Welaýatda 2017-nji ýylda ýurduň  senagat önüminiň 25,8%-i öndürildi (ikinji orun). 


         Sebitiň senagatynyň esasyny ýangyç-energetika toplumynyň pudaklary, ýagny öz çig malyny gazyp almaga we gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen  nebit we gaz çykaryş we olary gaýtadan işleýiş senagatlary düzýär. 2017-nji ýylda welaýata nebit gazyp almak boýunça esasy orun (93,5%) we tebigy gazy gazyp almak boýunça dördünji orun (15,0%) degişli boldy. 


Sebitde himiýa we gurluşyk materiallary senagatlary ösendir.Sebitiň himiýa senagaty ýurtda tehniki uglerody we ýody, natriý sulfatyny, bişofiti we polipropileni ýeke-täk öndürijidir. 


         2017-nji ýylda sebit elektrik energiýasyny (20,5%) - ikinji orny eýeledi. Bu ýerde sementiň tutuş ýurt boýunça 31,2%-i  öndürilýär. 


Welaýat balyk tutmak we duz gazyp almak boýunça öňdebaryjy bolup durýar. 


        Sebitde oba hojalyk ýerleriniň uly meýdanlary bar bolup, olaryň aglaba bölegini öri meýdanlary eýeleýär. 


        Gurak subtropikler zolagynda (Magtymguly, Etrek etraplary) subtropik ekinler ösdürip ýetişdirilýär.  Serdar, Bereket etraplarynda, esasan, bugdaý we azyklyk bakja ekilýär. 


Welaýat agdyklaýyn maldarçylyk bilen meşgullanýan sebit bolup durýar. Bu ýerde düýeleriň umumy baş sanynyň 33,2%-i saklanýar (ýurt boýunça ikinji orun). Balkan welaýaty dowarlaryň baş sany boýunça dördünji orny eýeleýär (16,0%). 2017-nji ýylda welaýatyň hojalyklarynda saklanýan gara mallaryň sany olaryň umumy baş sanynyň 3,4%-ine we guşlaryň sany olaryň umumy baş sanynyň 7,4%-ine deň boldy. Et öndürilişiniň umumy möçberiniň 8,5%-i, ýumurtganyň 6,8%-i we ýüňüň 14,9%-i şu sebitiň paýyna düşýär. 


Welaýatyň esasy ekerançylyk önümi bugdaýdyr (2017-nji ýylda ýurt boýunça ýygnalanynyň 4,9%-i). Miweleriň we ir-iýmişleriň öndürilişiniň umumy möçberiniň 7,2%-i, ýeralmanyň 3,6%-i, gök önümleriň  6,5%-i şu sebitiň paýyna düşýär. 


Welaýat uly maýa goýum sygymly sebit bolup durýar. Onuň ykdysadyýetini ösdürmäge 2017-nji ýylda maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 22,3%-i (sebitleriň arasynda ikinji orun) gönükdirilip, olar nebit we gaz ýataklaryny abadanlaşdyrmak, hem-de senagatyň beýleki pudaklaryny ösdürmek üçin peýdalanyldy. 


Sebit diňe bir bar bolan çig mal baýlyklarynyň we önümçilik kuwwatlyklarynyň nukdaýnazaryndan däl, eýsem syýahatçylygy we kurortologiýany ösdürmek babatynda-da maýa goýum taýdan özüne çekijidir. Häzirki wagtda Türkmenistan üçin syýahatçylyk işi milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategik ugurlarynyň birine öwrüldi.Garaşsyzlyk ýyllary içinde Hazar deňziniň kenar ýakalary milli şypahana-syýahatçylyk zolagyna öwrüldi.Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy bilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy döredildi. 


Sebitiň ulag ulgamy esli derejede üstaşyr geçiriş wezipesini ýerine ýetitýär we onda ulaglaryň ähli görnüşleri bar. 2017-nji ýylda welaýatyň paýyna ýurduň ýük dolanyşygynyň 16,1%-i (dördünji orun) we ýolagçy dolanyşygynyň 13,2%-i (bäşinji orun) düşdi. Welaýatyň çäginden Üzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek (Türkmenistan) – Gürgen (Eýran) transmilli demir ýoly geçýär. 


          Sarp ediş bazary mundan beýlägem ösüşe eýe boldy. Ýurduň bölek satuw haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde welaýatyň paýy 7,0%-e deň boldy. 


Balkan welaýatynda 2017/2018-nji okuw ýylynda 164 sany orta mekdepde 96,1 müň okuwçy okady.   2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 255 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 2,3 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 2,5 müň birlige deň boldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 2017-nji ýylda 1 adama hasaplananda 22,1 inedördül metre deň. 


Welaýatda uly saglygy dikeldiş resurslary we seýrek duş gelýän tebigy gözel ýerler bar (Mollagara, Garşy, Magtymguly etrabynda – Garrygala, Nohur).


       



DAŞOGUZ WELAÝATY



2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebitde ýurduň ähli senagat önüminiň 6,1%-i öndürildi.


Welaýatyň ykdysadyýetini ösdürmäge 2017-nji ýylda düýpli maýa goýumlarynyň ýurt boýunça umumy möçberiniň 6,4%-i gönükdirildi, olaryň 48,4%-i önümçilik däl obýektleriniň gurluşygynda peýdalanyldy. 


Sebitde gaýtadan işleýän senagat ösendir.Ýeňil we azyk senagatlary öňdebaryjy orny eýeleýär. 


Sebitde jorap önümlerini öndürmekligiň 15,0%-i (dördünji orun), pagta süýüminiň umumy önümçiliginiň 21,5%-i (üçünji orun), etiň 6,4%-i jemlenendir. Ösümlik ýagynyň (20,8%) we mesgäniň (42,3%) öndürilişi boýunça welaýat ýurduň sebitleriniň arasynda, degişlilikde,  üçünji we birinji orunlary eýeleýär. 


Welaýatyň maşyngurluşyk kärhanalary oba hojalyk maşynlarynyň we önümçilik enjamlarynyň abatlaýyş işlerine ýöriteleşdirilendir. 2017-nji ýylda sebitiň gurluşyk materiallary senagaty tarapyndan gurluşyk kerpijiniň umumy möçberiniň 14,9%-i, magdan däl gurluşyk materiallarynyň 2,7%-i, gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalan bölekleriniň 9,9%-i öndürildi. 


         Daşoguz welaýatyna däp boýunça oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanmak mahsusdyr. 


2017-nji ýylda sebitde pagtanyň ýurt boýunça umumy möçberinden 20,9%-i öndürildi. Sebit ýurtda şalyny (49,5%), miweleri we ir-iýmişleri (41,9%), ýeralmany (35,2%) bakja önümlerini (31,2%) esasy öndürijileriň biri  bolup durýar. Ýag alynýan ekinlerden künji ösdürilip ýetişdirilýär. 


          Maldarçylyk oba hojalygynyň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolup durýar. Gara mallaryň baş sany boýunça (45,2%), guşlaryň baş sany (24,6%), süýt öndürmek boýunça (41,6%) we ýumurtga öndürmek boýunça (22,7%) welaýat birinji orny eýeleýär.


Daşoguz welaýaty ýurduň ulag üpjünçiligi ulgamynda Türkmenistanyň daşarky bazara çykmagyna mümkinçilik berýän möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.Welaýatda içerki awtomobil ýollarynyň we turba geçirijileriň ösen ulgamy bar.  2017-nji ýylyň jemleri boýunça oňa ýurtda ýük dolanyşygynyň möçberi boýunça dördinji orun degişli (19,9%). Sebitiň paýyna ýolagçy dolanyşygynyň umumy möçberiniň 15,2%-i düşýär. 


Sebitiň paýyna ýurduň haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň 9,3%-i düşýär. 


Daşoguz welaýatynda 2017/2018-nji okuw ýylynda 529 sany orta mekdepde  262,3 müň okuwçy okady. 2016-njy ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça  maşgala lukmanlarynyň sany 378 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 3,9 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 3,9 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 27,8 inedördül metre deň boldy (birinji orun). 


Welaýatda Daşoguz oba hojalyk instituty hereket edýär, onda  2017/2018–nji okuw ýylynda 1,1 müň talyp okady. 


Daşoguz welaýatynyň gadymy topragynda ýerleşen ajaýyp ýadygärlikler türkmen halkynyň şöhratly taryhy geçmişine we gadymy medeniýetine şaýatlyk edýär.Köneürgenjiň ýadygärlikleri syýahatçylaryň köpüsiniň ünsüni özüne çekýär we ÝUNESKO-nyň goragy astynda saklanýar.


        





LEBAP WELAÝATY



Lebap welaýaty tutýan meýdany boýunça (19,1%) üçünji orny eýeleýär. 


Welaýatyň ykdysadyýetiniň esasy ösüş ugruny mineral çig malynyň esli möçberdäki gorlary, baý ýer we suw resurslary kesgitleýär. 2017-nji ýylda sebitde ýurduň senagat önümleriniň 25,3%-i (birinji orun) öndürildi. 


Sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge 2017-nji ýylda düýpli maýa goýumlarynyň  umumy möçberiniň 12,8%-i gönükdirildi (dördünji orun). Esasy serişdelere maýa goýumlarynyň  düzüminde önümçilik maksatly obýektleriň paýy 80,5%-e barabar boldy. 


Ýangyç resurslarynyň we mineral çig malyň gorlary Lebap welaýatynyň senagatynyň güýçli ösmegini şertlendirdi. Sebitde tebigy gazy we nebiti gazyp alyjy we gaýtadan  işleýji, himiýa, ýeňil we azyk senagatlary, şonuň ýaly-da gurluşyk materiallary senagaty ýöriteleşdirilen pudaklar bolup durýarlar. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebit gaz gazyp çykarmak boýunça Türkmenistanda birinji orunda durýar. Ýurt boýunça ähli gazylyp alynýan gazyň 39,4%-i, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 8,6%-i şu welaýatyň paýyna düşýär. 


Ýeňil we azyk senagatlary-da welaýatyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary bolup durýarlar. Bu ýerde mata däl materiallaryň hemmesi, pagta süýüminiň 27,4%-i (ikinji orun), jorap önümleriniň 19,3%-i (üçünji orun), nah matalaryň 5,2%-i, örme önümleriniň 10,9%-i  öndürilýär. 


2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebitiň azyk senagaty kärhanalary et (23,6%), mesge ýagyny (21,3%), süýt önümlerini (15,4%), süýji-köke önümlerini (2,7%) we ösümlik ýagyny (28,1%) öndürdi. Welaýatyň himiýa senagaty ýerli çig mallardan mineral dökünleriň öndürilmegine gönükdirilendir, onuň goýberilişi boýunça sebit üçünji orny eýeleýär (6,8%). 


Gurluşyk materiallary senagaty esli ýerli çig mal binýadyna eýedir we önümçilgi mundan beýläk hem artdyrmak üçin onuň amatly geljegi bar. Pudagyň kärhanalary ýurtda gurluşyk kerpijini öndürmekde birinji orny (40,7%), gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalan bölekleriniň umumy önümçiliginde bolsa ikinji orny eýeleýär (23,5%). Welaýatda sementiň ýurt boýunça 30,5%-i öndürilýär. 


          Lebap welaýatynda däp boýunça ekerançylyk ýokary derejede ösendir. 


Sebitde pagtaçylyk, däneçilik (bugdaý, şaly), gök ekerançylyk ösümlikçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça welaýat ýurtda şaly öndürmekde öňdebaryjy orny eýeleýär (50,1%), pagta (27,3%), ýeralma (23,9%), gök önümleri (21,8%), miweleri we ir-iýmişleri (21,0%) öndürmekde ol üçünji, bugdaý (19,3%) öndürmekde ol dördünji we bakja önümlerini (19,3%) öndürmekde bolsa üçünji orny eýeleýär. 


Oba hojalygynyň jemi önüminiň düzüminde maldarçylygyň uly orny bar. Gara mallaryň baş sany boýunça sebit ýurtda birinji orny (20,3%), guşlaryň baş sany boýunça (17,4%) bolsa dördünji orny eýeleýär. Süýt öndürmekde (23,5%) we et öndürmekde(22,3%) welaýat sebitleriň arasynda ikinji orny, ýüň (14,5%) öndürmekde bolsa bäşinji orny eýeleýär. 


Sebitiň ulag-ykdysady aragatnaşyklarynyň aýratynlygy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen has ysnyşykly baglanyşygyň bolmagydyr. Ol awtomobil ýollarynyň we demir ýollaryň uzynlygy boýunça öňde barýar. Demir ýol we awtomobil ýollaryndan başga-da, sebitde howa, derýa we geçiriji turba ulaglary ösendir. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň ýük dolanyşygynyň düzüminde sebitiň paýyna 14,4% (bäşinji orun) we ýolagçy dolanyşygynda 15,7% (ikinji orun) düşýär. Welaýatyň çäklerinde Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi gözbaş alýar. 


Sarp ediş bazary güýçli ösmegini dowam etdirýär. 2017-nji ýylda ýurduň haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde sebitiň paýy 10,8% boldy (satuwlaryň möçberi boýunça ýurtda üçünji orun). 


          Lebap welaýatynda 2017/2018-nji okuw ýylynda 382 sany orta mekdepde 267,5 müň okuwçy okady. Welaýatda Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hereket edýär, onda 2017/2018-nji okuw ýylynda 1,9 müň talyp okady. 2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 670 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 4,6 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 5,6 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 24,7 inedördül metre deň (ikinji orun). 


Welaýat syýahatçylyk nukdaýnazaryndan özüne çekijidir. Onuň çäklerinde tebigatyň seýrek duş gelýän künjekleri bar (Repetek, Köýtendag), ol ýerlere syýahatçylyk ugurlary açyldy. Bu ýerde üç sany zakaznikli 3 goraghana bar. Garlyk goraghanasynyň çäginde gadym wagtlardan bäri mälim bolan (b.e. öň I asyr) gowaklar bar, ol ýerde stalaktitleri we stalagmitleri bilen gaýtalanmajak keşpli zallar biziň günlerimize çenli saklanyp gelipdir. Hojapil zakazniginiň çäginde tebigatyň seýrek duş gelýän ýadygärligi bolan Dinozawrlar meýdany ýerleşýär, bu ýerde 150 mln. ýyl ozal ýaşap geçen ot iýýän hem-de wagşy dinozawrlaryň yzlary bar.


Welaýatyň çäginde “Farap” şypahanasy işleýär.




MARY WELAÝATY



Sebitiň ykdysadyýetiniň esasyny senagat we oba hojalygy düzýär. 


2017-nji ýylda welaýatyň ykdysadyýetini ösdürmeklige düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 14,9%-i gönükdirildi (üçünji orun). Welaýatda işe girizilen esasy serişdeleriň düzüminde önümçilik maksatly obýektleriň paýyna 81,2%-i düşýär. 


Senagat önümçiliginiň sebitleýin düzüminde Mary welaýaty 2017-nji ýylda üçünji orny eýeledi (19,1%). 


         Gaz gazyp çykaryjy senagat, elektrik energetikasy, himiýa, ýeňil we azyk senagatlary welaýatyň senagatynyň öňdebaryjy pudaklary bolup durýarlar. 


Sebit ýurtda elektrik energiýasyny (32,4%) we mineral dökünleri (73,1%) öndürmekde esasy öndüriji bolup durýar. Gaz gazyp alnyşynyň tutuş möçberi boýunça sebitiň paýyna 29,1% düşýär (ikinji orun). 


Welaýatyň gurluşyk materiallary senagaty kärhanalarynyň paýyna gurluşyk kerpijiniň öndürilişiniň umumy möçberiniň 33,5%-i (ýurtda ikinji orun), gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalan bölekleriniň 11,9%-i (üçünji orun) düşýär. 


Ýeňil senagat kärhanalary pagta süýüminiň, nah matalaryň, örme önümleriň, halynyň we aýakgabyň önümçiligine ýöriteleşdirilendir. 2017-nji ýylda welaýat pagta süýümini öndürmekligiň möçberi boýunça ýurtda birinji orny (31,8%), nah matalaryň öndürilişi boýunça (26,2%) we jorap önümleri boýunça bolsa (22,3%) ikinji orny eýeledi. 


2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebitiň azyk senagaty kärhanalary ýurtda ösümlik ýagyny (32,5%), süýt önümlerini (35,1%), et (24,3%) öndürmek boýunça birinji orny, mesge ýagynyň (27,4%) öndürmek boýunça üçünji we süýji-köke önümlerini (36,1%) öndürmek boýunça ikinji orny eýeledi. 


         Mary welaýaty ýurduň ekerançylyk bilen meşgullanýan iň iri sebitleriniň biri bolup, bu ýerde pagtaçylyk, däneçilik, gök önüm we bakjaçylyk, miweleri we ir-iýmişleri ýetişdirmeklik ekerançylygyň esasy pudaklary bolup durýar. Welaýat pagta ýygnamak boýunça ýurtda birinji orny (29,6%), gök önümler boýunça dördünji orny (21,1%), bugdaý (24,5%), üzüm (9,5%) öndürmek boýunça bolsa ikinji orny eýeleýär. 


Welaýatda maldarçylygam ösendir. Sebit dowarlaryň baş sany boýunça birinji orny eýeleýär (ýurt boýunça olaryň umumy baş sanyndan 26,4%). Bu ýerde ýurt boýunça guşlaryň baş sanyndan 23,4%-i (ikinji orun), gara mallaryň 19,5%-i (üçünji orun) jemlenendir. Welaýatyň hojalyklary et (25,0%) boýunça birinji orny eýeleýär, ýüň (29,6%) we ýumurtga (21,9%), süýt (22,7%) öndürmekde bolsa  üçünji orny eýeleýär. 


Mary welaýatynyň ulag toplumy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Welaýatyň çäginden daşarky bazarlara çykmak bilen ýurduň sebitleriniň arasyndaky ykdysady aragatnaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän esasy ulag ýollary geçýär.2017-nji ýylyň jemleri boýunça ýük dolanyşygynyň 26,7%-i (birinji orun) we ýolagçy dolanyşygynyň  15,6%-i (ikini orun) onuň paýyna düşýär. 


Sebitiň sarp ediş bazary depginli ösýär. 2017-nji ýylda bölek satuw söwdasynyň umumy möçberinde welaýatyň paýy 11,9%-e deň boldy (satuwlaryň möçberi boýunça ýurtda ikinji orun). 


         Mary welaýatynda 2017/2018-nji okuw ýylynda  401 sany orta mekdepde 277,3 müň okuwçy okady. Welaýatda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hereket edýär, onda 2017/2018-nji okuw ýylynda 1,5 müň talyp okady. 2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 488 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 5,3 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 5,2 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda 1 adama hasaplanda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik boýunça sebit ýurtda bäşinji orny eýeledi (20,4 inedördül metr). 


Welaýatyň saglygy dikeldiş resurslaryna böwrek we ýürek keselleriniň bejerilişine ýöriteleşen Baýramaly şypahanasy degişli.