Täzelik

TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 04-nji oktýabrynda 290-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 617–2012 Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň hem-de 2019-njy ýylyň 04-nji oktýabrynda 291-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 695–2012 Önümleriň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatorlaryň täze nusgalary 2019-njy ýylyň 08-nji oktýabrynda güýje girizildi.