Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy

10-njy iýulda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda bolsa türkmen kinofilmleri görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir, şunda ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Bu bolsa medeni gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, dürli halklaryň däpleri we baý taryhy mirasy, olaryň şu güni bilen tanyşmaga ýardam edýär.
Gadymy Siwas şäheri doganlyk ýurduň wekillerini myhmansöýerlik bilen garşylady. Ýerli kitaphananyň binasynda geçirilen medeni forumyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň tagallalary bilen ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet, bilim, ylym, milli mirasy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
Medeniýet ulgamynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmek, bilelikdäki taslamalary we çäreleri, şol sanda saz, folklor we teatr festiwallaryny, dürli sergileri we bäsleşikleri geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Şu döredijilik çäresi iki ýurduň gadymy döwürlerden ruhy we medeni gymmatlyklar bilen bagly bolan halklarynyň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça alyp barýan işiniň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Şeýle hem kitaphanada muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň hem-de halkymyzyň amaly-haşam döredijiliginiň, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy. Medeni-taryhy mirasymyzyň hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman çeperçilik durmuşynyň şunuň ýaly özboluşly keşbi myhmansöýer türk topragynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň işiniň özboluşly başlangyjyna öwrüldi.
Siwas şäheriniň Atatürk adyndaky medeniýet merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary, bagşylar öz çykyşlarynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde kuwwatly itergä eýe bolan häzirki zaman milli medeniýetiň ýokary derejesini wasp etdiler.
Medeni çäreleriň çäklerinde milli atçylyk, hususan-da, seýisçilik sungatyna bagyşlanan «At — myrat» atly çeper film görkezildi. Türkiýede biziň milli baýlygymyz bolup durýan ahalteke bedewlerimize uly söýgi bilen garaýarlar, şonuň üçin bu film türk tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi.
Bu döredijilik forumy iki ýurduň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklap, olaryň köpugurly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.