Hytaý halky HHR-yň döredilmeginiň 70 ýyllygyny belleýär

Hytaý halky HHR-yň döredilmeginiň 70 ýyllygyny belleýär

1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döwlet Başlygy Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigini jar etdi, munuň özi Hytaýyň taryhynda täze wajyp tapgyry aňladypdy, gülläp ösýän we kuwwatly döwlet döretmek ýolunda möhüm ädim bolupdy. Hytaý garaşsyz, özbaşdak we parahatçylykly daşary syýasata eýerýär hem-de ählumumy syýasy we ykdysady gurluşa uly täsir edýär – diýlip, HHR-yň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdunyň makalasynda aýdylýar.

Ýurtda döwrebap senagat ulgamynyň döredilmegi netijesinde Hytaý dünýäde birinji senagat we söwda döwletine öwrüldi. 70 ýylda ykdysadyýetiň möçberi 175 esse artyp, 2018-nji ýylda ABŞ-nyň 13,6 trillion dollaryndan-da geçdi we ählumumy ykdysadyýetiň umumy möçberiniň takmynan 16 göterimine barabar boldy.

Hytaýyň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine goşandy soňky birnäçe ýylda bassyr 30 göterimden geçýär we Hytaý bu görkeziji boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Bassyr birnäçe ýyl bäri Hytaý oýlap tapmalara patent almak görkezijileri boýunça öňde barýar. Şeýle hem awiasiýa we kosmonawtika, kwant tehnikasy, çuňňur suwasty barlaglary, hemra nawigasiýasy we başga-da köp ugurlarda möhüm üstünlikler gazanyldy. Hasaplaýyş serişdeleriniň amatly we çalt elýeterliligi, emeli aň we ş.m. döwrebap maglumatlar tehnologiýalary hem çalt depginlerde ösdürilýär.

Hytaý halkynyň durmuş derejesi üznüksiz ýokarlanýar. 2018-nji ýylda Hytaýyň ilatyň jan başyna düşýän içerki jemi önümi takmynan ABŞ-nyň 10 müň dollaryna barabar boldy. Ýurtda adamlaryň ortaça ömri takmynan 40 ýaşdan 77 ýaşa ýetdi.

Hytaý daşary syýasatda açyklyk strategiýasyny durmuşa geçirýär. Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ýurtlaryň sany 18-den 180-e ýetdi. HHR-yň Başlygy Si Szinpin «Bir guşak, bir ýol» bilelikdäki gurluşyk başlangyjyny öňe sürdi, oňa döwletleriň 130-dan gowragy we halkara guramalarynyň 30-sy oňyn seslendiler, şeýle hem ol BMG-nyň kararnamalarynyň birnäçesinde öz beýanyny tapdy.

Türkmen-hytaý gatnaşyklary temasyna degip geçmek bilen, HHR-yň diplomatik wekilhanasynyň baştutany 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaý bilen Türkmenistanyň bilelikdäki kommýunike gol çekendiklerini we diplomatik gatnaşyklary ýola goýandyklaryny belledi. 2013-nji ýylyň sentýabrynda HHR-yň Başlygynyň wezipesine girişen Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynda ilkinji bolup Türkmenistan gelmegi müwessa bildi. Saparyň jemi boýunça strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Jarnama gol çekildi. Şeýlelik bilen, HHR-yň Başlygy Si Szinpin we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge kuwwatly itergi berdiler.

Jenap Weýdunyň nygtaýşy ýaly, syýasy ulgamda Hytaý we Türkmenistan bir-birini üýtgewsiz goldaýarlar, ählumumy ösüşiň wajyp meselelerini çözmekde çemeleşmeleriniň ýakynlygyny görkezýärler we BMG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň meýdançasynda netijeli özara herelet edýärler. Hytaý tarapy Milletler Bileleşiginiň ykrar eden Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna esaslanýan konstruktiw daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýär we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny goldaýar.

Söwda-ykdysady ulgamda hem gatnaşyklar çalt depginlerde ösdürilýär. 1992-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanşygy bary-ýogy ABŞ-nyň 4,5 million dollaryna barabar bolan bolsa, ol 2018-nji ýylda 1800 esseden-de artyp, ABŞ-nyň 8,4 milliard dollaryna ýetdi. 2011-nji ýyldan bassyr 8 ýyl bäri Hytaý söwda babatda Türkmenistanyň iň iri hyzmatdaşy boldy, Türkmenistan bolsa GDA ýurtlarynyň arasynda Hytaýyň hyzmatdaşalrynyň arasynda üçünji orny eýeleýär.

Gaz pudagynda hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyna iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän starategik, uzak möhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlyk diýip baha berse bolar. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmegi bilen Hytaý 250 milliard kub metrden gowrak türkmen gazyny import etdi. 10 ýyldan gowrak wagtyň içinde, şol sanda gaz çykarmak we gazly ýataklary özleşdirmek, ony ugratmak, gaz söwdasy, gurluşyk işleri we maliýe hyzmatlary ýaly türkmen-hytaý gaz hymatdaşlyk gurluşy kemala geldi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda taraplar ýurtlaryň ikisinde-de Hytaý-türkmen ylmy-innowasion forumlary, Medeniýet günlerini, ahal-teke atşynaslygy Halkara assosiasiýasynyň bilelikdäki göçme mejlisini geçirdiler. Şu ýylyň iýun aýyndan başlap, Hytaýyň Szilin welaýatynda «behişdi bedewlere» bagyşlanan çäreler geçirilýär.

Ylym-bilim hyzmatdaşlygyny häsiýetlendirip, HHR-yň ilçisi Hytaýda türkmen talyplarynyň 2400-den gowragynyň dürli ugurlardan bilim alýandygyny belledi. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary berkitmek maksady bilen HHR-yň Türkmenistandaky Ilçihanasy birnäçe ýyl bäri türkmenistanly ýaşlar, türgenler, mugallymlar, talyplar we mekdep okuwçylary üçin saparlary guraýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklary ösüş ýolunda, ony yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde sanly we kosmos tehnologiýalary, 5G aragatnaşyk standartyny ornaşdyrmak, ylmy barlaglar, elektron we gaýtadan işleýän senagat, adaty lukmançylyk, oba hojalygy, maliýe, syýahatçylyk we ş.m. ugurlar görkezildi.

Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek pikirine iki ýurduň liderleriniň garýyşlarynyň gabat gelmegi – Hytaýyň Ilçisiniň makalasynda agzalanan ýene bir wajyp temadyr. 2013-nji ýylyň sentýabrynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary wagty «Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagy» başlangyjyny, oktýabr aýynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna sapary wagty bolsa –bileikdäki «ХХI asyryň deňiz Ýüpek ýoly» başlangyjyny öňe sürdi, olara gysgaça «Bir guşak, bir ýol» diýlip at berildi. 6 ýylyň dowamynda ýurtlaryň 130-dan gowragy we halkara gurmalarynyň 30-sy Hytaý bilen «Bir guşak, bir ýol» döretmek barada resminamalara gol çekdiler. Bilelikdäki geňeşmeler, bilelikdäki gurluşyk we bilelikde ulanmak ýörelgelerine esaslanýan bu başlangyç hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek başlangyjyny öňe sürdi, bu bolsa türkmen tarapynyň sebit goşulyşmasyny ilerletmäge möhüm goşandy boldy. Birinji Hazar ykdysady forumynda Türkmenistanyň Prezidenti «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň taryhy umumylyga esaslanýandygyny we halklaryň abadançylygyna gönükdirilendigini belledi.

Hytaý diplomatynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine «täze asyryň energetika Ýüpek ýoly» diýse bolar. Häzirki wagtda eýýäm Hytaý—Gazagystan—Türkmenistan—Eýran demir ýoly boýunça konteýnerli ýük daşalyp başlandy. Hytaýdan Pars aýlagyna çenli ýük daşalşynyň möhleti 28 günden 14 güne çenli, ýol – 600 kilometrden gowrak azaldy, bu bolsa serhetüsti ýurtlaryň arasynda söwda üçin ep-esli amatlyklar döretdi.

Hytaý türkmen tarapy bilen bilelikde iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän «Bir guşak, bir ýol» we «Beýik Ýüpek ýoluny dikelmek» strategiýalaryny baglanyşdyrmak işlerini işjeň ilerletmek babatda tagalla etmäge, özara goldaw bermäge, ykdysady ösüş üçin täze pikirleri emele getirmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyr, diýip HHR-yň Ilçisi Sun Weýdun öz makalasynda nygtaýar.