• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty: täze rekordlar we ýeňişler

Türkmen paýtagtynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üç agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi.


Eminler toparynyň çözgüdi esasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa onuň hakykatdan-da mynasyp bolan iki kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netijesi üçin ýaşlaryň arasynda goýan iki rekordy hasaba alyndy. Halkara Agyr atletika federasiýasynyň jogapkär wekilleri tarapyndan ýüze çykan ýagdaýyň içgin öwrenilmegi netijesinde haçan-da biziň türgenimiz rekord agramy üstünlikli göteren mahalynda eminleriň tehniki ýalňyş goýberendikleri ykrar edildi. Soňra bolan sylaglamak dabarasynda Ýulduza mynasyp bolan kümüş medallary gowşuryldy.


Zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistana Kristina Şermetowa wekilçilik etdi. Biziň türgenimiz iň ýokary netijeleri görkezmäge jan çekdi. Ýöne agram derejelerinde bolup geçen üýtgemeler sebäpli ol has uly agramy galdyrmaga synanyşmaly boldy, bu ýaryşlara dünýäniň iň güýçli türgenleriniň ýygnanandygyny hem bellemek gerek. K.Şermetowa itekläp götermekde öňdelige has golaýlaşdy, emma oňa üçünji synanyşykda 120 kilogram agramy götermek başartmady.


Bäsdeşleriň güýjüni dünýä rekordlarynyň bollugy hem görkezýär. Hususan-da, birden götermekde Sukanýa Srisurat (Tailand) we Ýajun Li (Hytaý) bäş gezek nobatma-nobat dünýä rekordlaryny goýdular. Netijede altyn medal we indi 105 kilogramdan ybarat bolan dünýä rekordy Tailanddan gelen türgen zenana degişli boldy. Onuň yzy bilen bäsdeşligi Hytaýdan gelen iki türgen zenan tamamlady, Ýajun Li ikinji, Wankiong Jang bolsa üçünji orna düşdi.


Tailandly zenana itekläp götermekde hem taý tapylmady. Ýene-de üç synanyşygyň her biri täze dünýä rekordyna öwrüldi. Ol 127 kilogram boldy. Görnüşleriň jemi boýunça hem dünýä rekordy öňküligine saklanmady. Aşgabatda geçirilýän dünýä birinjiliginde öňki görkeziji 11 kilogram artdyryldy hem-de häzir ol 232 kilograma deňdir. Bu gezek 124 kilogram netije görkezen Wankiong Jang ikinji orny eýeledi, jemi görkeziji boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Itekläp götermekde Rumyniýadan gelen Kristina Ýowu bürünç medala mynasyp boldy.Ýajun Li bolsa bu ugurda dördünji orny, emma iki ugruň jemi boýunça ikinji orny eýeledi.


Zenanlaryň arasynda 49 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşikler çekeleşikli boldy. Baýrakly orunlary almak üçin bäsdeşleriň goýan dünýä rekordlaryny täzelemek gerekdi. Birden götermek boýunça ýigrimi ýaşly hytaýly türgen gyz Huihua Jiang eýýäm birinji synanyşykda 87 kilogram agram göterip, ýetginjekleriň dünýä rekordyny goýdy. Soňky iki synanyşykda ol ulularyň rekordyny goýmalydy. Şunda türgen görkezijisini ilki 90 kilograma, soňra bolsa 92 kilograma çenli ýetirdi. Beýleki türgen gyzlara ondan ozmak üçin rekord netijäni täzelemek gerekdi. Bu olara başartdy. Tailanddan Sopita Tanasan 93 kilogramy göterip, itekläp götermekde goşmaça görkezijiler boýunça birinji orny eýeledi. Zihui Hou (Hytaý) şeýle görkeziji bilen ikinji orny eýeledi.


Itekläp götermekde hem şeýle ýagdaý gaýtalandy. Hytaýly türgenler bilen bäsleşige tailandly Gautra Pramongkhol goşulyşdy. Ol eýýäm ilkinji synanyşykda 115 kilogramy göterip, bu ugur boýunça dünýä rekordyny goýdy, soňky synanyşygynda bolsa öňküsinden bäş kilogram artyk göterip, öz rekordyny täzeledi. Bu bolsa oňa iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordyny 209 kilograma çenli ýetirip, ony täzelemäge mümkinçilik berdi hem-de şondan birnäçe minut ozal hytaýly Zihui Hounyň goýan rekordyny 1 kilogram artdyrdy. Z.Hou bu ugur boýunça we jemi görkeziji boýunça hem ikinji orny eýeledi. Huihua Jiang itekläp götermekde alan bürünç medalynyň üstüne ýene-de iki bürünç medaly goşdy. Bu türgeniň görkezen üç netijesi hem indi ýetginjekleriň dünýä rekordydyr.


Aşgabat dünýä çempionatynyň ähli derejelerde goýlan rekordlarynyň köplüginiň sport synçylaryny haýran galdyrýandygyny aýtmalydyrys, munuň özi bilermenleriň belleýişleri ýaly, dünýä ýaryşynyň ýokary derejede guralandygyna hem-de Merkezi Aziýada iň iri Olimpiýa şäherçesinde türgenleriň öz ukyp-başarnyklaryny açmak üçin iň ýokary şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.


61 kilograma çenli agram derejede birden götermekde Belarus Respublikasyndan Henadz Lapseu 132 kilogram agramy göterip, ýaşlaryň dünýä rekordyny goýdy, şonuň yzýany özbek türgeni Adkamjon Ergaşew bu rekordy 1 kilogram ýokary galdyrdy. Soňky synanyşykda Özbegistandan gelen agyr atletikaçy rekord derejesini 136 kilograma çenli artdyrdy. Emma dünýäniň bu ýaşlar rekordy oňa diňe dördünji orny almaga mümkinçilik berdi, medallary bolsa has tejribeli türgenler eýelediler. Indoneziýaly türgen Eko Ýuli Irawan 143 kilogramy göterip, bu görnüşde iň gowy netije görkezdi, ol dünýä rekordyndan diňe bir kilogram az boldy. Hytaýyň agyr atletikaçylary Fabin Li we Fulin Kuin ikinji we üçünji orunlary eýelediler.


Itekläp götermekde Indoneziýadan gelen türgen altyn medala eýe boldy, iki görnüşiň jemi boýunça öňdeligi eýeledi. Ol itekläp götermekde 174 kilogram hem-de jemi 317 kilogram agramlygy göterip, dünýä rekordlaryny täzeledi.


Itekläp götermekde ikinji orna hem-de jemi agramda üçünji orna 169 kilogram görkeziji bilen Fulin Kuin mynasyp boldy. Fransisko Antonio Walensiýa (Kolumbiýa) hem şeýle agramy göterdi, emma goşmaça görkeziji boýunça asgyn gelip, bürünç medaly eýeledi. Fabin Li itekläp götermekde dördünji orny, jemi görkeziji boýunça bolsa ikinji orny eýeledi.


***


Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün öňdäki gün ýaly medallaryň üç toplumynyň eýeleri kesgitlenildi.


Ilki bolup meýdança 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän erkekler çykdy. Çempion ady ugrunda Hytaýdan gelen iki türgeniň arasynda esasy bäsleşikler boldy. Olaryň ikisi hem ilkinji iki synanyşykda şowly çykyş etdiler, ýöne Minhao Huang 152 kilogram netije bilen öňe saýlandy, rekord goýmak üçin sargyt edilen üçünji synanyşyk onuň üçin şowly bolmady.


Lýujin Çen ildeşinden iki kilogram yzda barýardy, ýöne ol hem üçünji synanyşygy ýerine ýetirip bilmedi we netijede ikinji orun bilen oňmaly boldy. Julio Ruben Maýor (Wenesuela) 147 kilogram netije bilen bürünç medaly eýeledi.


Itekläp götermekde Lýujin Çen iň gowy netije görkezdi. Ilkinji synanyşykda ol 178 kilogram agramlygy göterdi. Emma özbek türgeni Doston Ýakubow ikinji synanyşykda 180 kilogram agramy göterip ondan öňe geçdi. Hytaýly türgen onuň çagyryşyna 182 kilogram agram bilen jogap berdi. Netijede D.Ýakubow kümüş medala mynasyp boldy. Bu görnüşde Lýujin Çen eýýäm çempion adyny almak bilen, dünýä rekordyny goýmak üçin 185 kilogram agramlygy sargyt etdi, emma ol oňa başartmady. Oskar Albeýro Figuerýe (Kolumbiýa) itekläp götermekde bürünç medaly eýeledi.


Şeýle-de bolsa Lýujin Çen iki görnüşiň jemi boýunça 322 kilogram netije bilen dünýä rekordyny goýmagy başardy, onuň ildeşi Minhao Huang kümüş medaly, Julio Ruben Maýor bolsa bürünç medaly eýelediler.


Zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde gyzykly ýagdaý emele geldi. Güýçli A toparyndaky bäsleşige B toparynyň ýeňijisi Ti Duen Hoang (Wýetnam) goşuldy, ol birden götermekde 103 kilogram agramy galdyrdy. A toparynyň türgenleriniň wezipesi bu görkezijiden ýokary geçmekdi. Bu diňe Hsing-Çun Kuo (Hytaý Taýbeýi) başartdy, şol bir wagtda ol birden götermekde dünýä rekordyny hem goýdy. Ol 105 kilogram agramlygy göterdi. Latwiýadan 20 ýaşly agyr atletikaçy Rebeka Koh 103 kilogramy göterip, goşmaça görkezijiler boýunça wýetnamly türgenden ejiz geldi, ol ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy.


Itekläp götermekde Hsing-Çun Kuo ikinji synanyşykda rekord goýmak üçin 132 kilogram agramlygy götermäge synanyşygy şowly bolmady. Hytaý Taýbeýinden gelen türgen üçünji synanyşykda rekordy goýan hem bolsa, altyn medalyň ykbalyny bäsdeşlerine galdyrdy, mundan HHR-den gelen Guiming Çen ýerlikli peýdalanyp, 133 kilogram netije bilen ýaňyja goýlan dünýä rekordyny hem täzeledi. Üçünji orny Ýaponiýadan 131 kilogram netije bilen Mikiko Andon eýeledi. Itekläp götermekde latwiýaly türgen baýrakly orna düşmegi başarmasa-da, 124 kilogram netije bilen ýaşlar dünýä rekordyny goýdy, jemi görkeziji boýunça 227 kilogram netije bilen ýene ýaşlar rekordyny goýup, üçünji orny eýeledi. Hsing-Çun Kuo jemi 237 kilogram görkeziji bilen dünýä rekordyny goýdy hem-de dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy, Guiming Çen ikinji orny eýeledi.


73 kilogram agram derejesinde erkekler medallar ugrunda bäsleşdiler. Bu agram derejede 18 ýaşly türkmenistanly türgen Maksat Meredow çykyş etdi. “B” toparda ol iň ýaş türgen boldy. Ýaşlygyna garamazdan Maksat tejribeli türgenlerden kem galmazlyga çalyşdy. Ilkinji iki synanyşygy şowly tamamlasa-da, munuň özi tejribeli türgenler bilen bäsleşmek üçin ýeterlik däldi. Şol bada hytaýly türgen Zong Şi öňe saýlandy. Birden götermekde ol iň ýakyn bäsdeşinden 8 kilogram öňe saýlanyp, şol bir wagtda iki gezek dünýä rekordyny täzeledi. Indi dünýä rekordy birden götermekde 164 kilograma deňdir. Wadzim Liharad (Belarus Respublikasy) kümüş medaly eýeledi. Hytaýly agyr atletikaçy Lýudong Feng üç synanyşygynyň ikisi şowsuz bolsa-da üçünji orny eýelemegi başardy.


Agyr atletikaçylaryň A toparynda itekläp götermekde B toparynda çykyş edýän Won Jon Sig bu görnüşde 194 kilogram netije bilen dünýä rekordyny goýdy. Muňa Zong Şi jogap bermegi başardy, ol dünýä rekordyny iki kilogram artdyrdy. Bu netije oňa özüniň dünýä rekordyny ýokarlandyrmaga hem-de görnüşleriň jemi boýunça 16 kilogram artdyryp, 360 kilogram netije bilen altyn medallaryň üçüsini hem eýelemäge mümkinçilik berdi. Won Jon Sig iki kümüş medala (itekläp götermekde we jemi boýunça) mynasyp boldy. Gazagystandan Nejad Rahymow itekläp götermekde bürünç medala, jemi görkeziji boýunça Wadzim Liharad hem kümüş medala eýe boldy.


Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty badalga alanyndan soň ilkinji günlerinde ajaýyp ýeňişlere, esasy zat bolsa rekordlara baý bolan ýaryşlar hökmünde agyr atletikanyň taryhyna girdi.


Ýaryşlaryň dört gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary üç medal — iki kümüş we bir bürünç medal gazandy.