• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çäre türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine, ýurdumyzda işjeň ösdürilýän, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk edýän bedenterbiýe-sport hereketine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 



Ýakynda, 24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça guran iş saparynyň çäklerinde Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň kesişýän ýerinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň taslamasy bilen tanyşdy. Şonda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda welosipedli ýörişi geçirmek hakynda teklibi makullap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 



Ine, şu gün säher bilen hökümet agzalarynyň, Türkmenistandaky daşary ýurtly ilçileriň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtly işewürleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginden köpçülikleýin welosipedli ýöriş amala aşyryldy. 



Köpçülikleýin welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Çandybil şaýolunyň kesişýän ýerinden badalga aldy. Bu ýerde çärä gatnaşyjylary aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary, tebigatyň gözellikleri, dag eteginiň ýakymly howasy ruhlandyrdy. 



Ýakymly altyn güýz günleri paýtagtymyzyň gözel künjegi aýratyn ajaýyp görünýär. Soňky ýyllarda bu ýerde döredilen tokaý zolaklary dag eteklerinde ynsan üçin ýakymly howa gurşawyny emele getirdi. Munuň özi ýurdumyzyň ekologiýa derejesiniň ýokary görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň oňyn netijesidir. 



Halkymyzyň saglygy, adamlaryň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň ähli özgertmeleriniň, Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň we ajaýyp taslamalaryň esasynda döwletimiziň baş baýlygy bolan adam durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa oňa öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär. Şunda milli Liderimiziň şahsy görelde görkezmegi munuň şeýledigini tassyklaýar. 



Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasy işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, şonuň üçin ýurdumyz iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. 



Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde, halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap welotregiň gurulmagy, geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped sportunyň girizilmegi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň hem-de awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň artmagyna getirdi. 



Bularyň hemmesi ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda Kararnamanyň kabul edilmegini şertlendirdi. 



Bu halkara sene mynasybetli bina ediljek ýadygärligiň taslamasynda halkymyzyň baý taryhy hem-de häzirki döwürde gazananlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmen topragy gaýtadan dikeldilýän meşhur Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ýadygärliginiň aýlanýan Ýer togalagy görnüşinde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, onuň türkmen halkynyň adamzat taryhynda galdyran öçmejek yzyny alamatlandyrmalydygyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 



Ozal habar berlişi ýaly, taslama laýyklykda, ýadygärlikde Türkmenistanyň şu günki üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri halkara geçelgeleriň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynyň şekilleri bar. Ýer togalagynyň bir tarapynda nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň bäşisiniň şekili hem-de welosipedçileriň heýkelleri ýerleşdirilýär. Umuman, bu ýadygärlik saglygyň we uly üstünlikleriň ýurdy — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini özünde jemlemelidir. 



Bu çeper kompozisiýa halkymyzyň belent ruhy ylhamyny, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, ösüşiň we abadançylygyň ýolundaky okgunly hereketini beýan etmelidir. 



Bu gün sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosport dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Indi ähli ýurtlary we halklary birleşdirýän täze baýramçylyk — Bütindünýä welosiped güni peýda boldy, diýmek, ulagyň bu görnüşi has-da giňden ýaýrar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň “ýaşyl” ösüşine, sagaldyş hereketine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge nobatdaky goşandy bolar. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäniň, sportuň milli, olimpiýa we beýleki görnüşleriniň, welosiped sportunyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ilatyň saglygynyň berkidilmeginiň, dürli keselleriň öňüni almagyň möhüm şertidir. Bu bolsa ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen asylly işleriniň barha rowaç alýandygynyň nobatdaky güwäsidir. 



Şonuň üçin şu günki köpçülikleýin welosipedli ýöriş biziň tutanýerli işlerimiz we yhlasymyz bilen döredilýän döwrümiziň hem-de ýurdumyzyň nurana geljegine nobatdaky goşant bolar. Ak mermerli paýtagtymyzy hem Türkmenistanyň täze taryhynyň ajaýyp binagärlik keşbidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyz soňky ýyllarda dünýäniň gözel şäherleriniň birine öwrüldi hem-de Aziýanyň merjeni diýlip atlandyryldy. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň misilsiz tassyknamasydyr. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak baradaky başlangyjy şol çärelere uly höwes bilen gatnaşýan ildeşlerimiz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýaşlar hem döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, sport bilen işjeň meşgullanýar, munuň özi ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin maksada okgunlylyk we ruhubelentlik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge ýardam edýär. 



Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler halkara bileleşigiň ählumumy ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýar. 



...Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar 12 müň metr aralygy geçip, Olimpiýa şäherçesiniň ýanyndaky pellehana — Atatürk köçesi bilen Olimpiýa köçesiniň kesişýän ýerine geldiler, olar sport bilen meşgullanmagyň berýän şähdaçyklyk hem-de ylham joşguny ýaly duýgulara eýe boldular. 



Şeýlelikde, köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň has belent maksatlara alyp barýan ýolda öz Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň töwereginde jebisliginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.