• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

2018-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etraba baýrak gowşyryldy

Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýip yglan edilen etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki mynasyp bolan baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşululary hem-de etrabyň köp sanly ilaty gatnaşdy.


Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bugdaýy, pagtany hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi, şeýle hem, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, medeni dynç alşy, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi ýaly görkezijiler esas edilip alynýar.


Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde Watanymyzyň iň çetdäki künjeklerine hem täze durmuş ornaşdyrylýar. Şol ýerler döwrebap derejede özgerdilýär. Hazaryň kenarynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň ilkinji ýyllarynda döwrebap derejede abadanlaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.


Orta mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, lukmançylyk edaralary, sport desgalary ýaly häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän durmuş maksatly binalaryň bu oba hojalyk we senagat ähmiýetli etrabyň beýleki ýerlerinde hem gurlup, ulanylmaga berilýändigini bellemeli.


Etrabyň çäklerinde Keýmir, Günorta Gamyşlyja, Körpeje, Akpatlawuk, Ekerem, Şatut, Nebitlije ýaly iri nebitgaz känleri işlenip taýýarlanylýar we täze geljegi uly bolan uglewodorod ýataklaryny gözlemek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň günorta-günbatarsynda alynýan «gara altyn» Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Körpeje—Balkanabat ulgamlaýyn nebit geçiriji hem-de Ekeremden deňiz tankerleri arkaly ugradylýar.


Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni we «Türkmenistan —rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda abadançylygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlarynyň owazy belentden ýaňlandy.

Gözleg