• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

2019-njy ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere, rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar üstünlikli durmuşa geçirilip, adamlaryň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri gowulanýar, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, ýurtda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalary gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


Ýurdumyzda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bitirilen ägirt uly işler mähriban halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýar, ata Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarýar. Milli Lideriň pähim-paýhasy bilen ýetilýän belent sepgitler bolsa ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, onuň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.


Biziň ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalaryna bagyşlanyp gadam basylýan her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa halkymyzyň watançylyk ruhunyň we duýgularynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan uly, giň gerimli işleriň ähmiýetini giňden ýaýmak, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak, ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň parahatçylygy üpjün etmeklige goşýan goşandyny, öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, giňden wagyz etmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi 2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip yglan etmegi karar etdi.