"Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmek möhümdir, bu ugurda statistika edaralarynyň işine öňdebaryjy usullary we dünýä boýunça toplanan tejribäni ornaşdyrmak zerur"
TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 04-nji oktýabrynda 290-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 617–2012 ... giňişleýin
1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döwlet Başlygy Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigini jar etdi, munuň özi Hytaýyň taryhynda täze wajyp tapgyry aňladypdy, gülläp ösýän we kuwwatly döwlet döretmek ýolunda möhüm ädim bolupdy. Hytaý garaşsyz, özbaşdak we parahatçylykly daşary syýasata eýerýär hem-de ählumumy syýasy we ykdysady gurluşa uly täsir edýär – diýlip, HHR-yň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdunyň makalasynda aýdylýar. giňişleýin
2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaralar, şeýle hem 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar bolup durýar. giňişleýin
28-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň agzalary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. giňişleýin
Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler. giňişleýin
24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. giňişleýin