"Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmek möhümdir, bu ugurda statistika edaralarynyň işine öňdebaryjy usullary we dünýä boýunça toplanan tejribäni ornaşdyrmak zerur"

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Habarlar

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaralar, şeýle hem 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar bolup durýar. giňişleýin

02.09.2019

28-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň agzalary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. giňişleýin

28.08.2019

Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler. giňişleýin

25.08.2019

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. giňişleýin

24.08.2019

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak boýunça görülýän çäreler hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň garamagyndaky desgalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri seljermegiň netijeleri barada habar berildi. giňişleýin

23.08.2019

Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanyldy. Siz halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň meýilnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler, täze tehnologiýalaryň, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylyşy, ylmy lukmançylygyň gazananlary bilen ýakyndan tanşarsyňyz. Bu bolsa lukmançylyk ylmyny we bilimini kämilleşdirmekde özara tejribe alyşmaga ýardam berer. giňişleýin

20.07.2019