Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

 

Hünär derejesini ýokarlandyrmak

Döwlet statistikasy işgärleriniň hünär synagy

Işgärleriň hünär derejesini barlap görmek maksady bilen, 2011-nji ýylyň aprel–maý aýlarynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň ähli işgärleriniň hünär synagy geçirildi. Hünär synagy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň Statistika müdirlikleriniň, etraplaryň we şäherleriň statistika bölümleriniň işgärleriniň hünär synagy hakyndaky düzgünnama laýyklykda amala aşyryldy. Hünär synagy tapgyrlaýyn geçirildi.

Merkezi edaranyň pudaklaýyn bölüm birlikleriniň we sebitleýin müdirlikleriň ýolbaşçy işgärleriniň (müdirlikleriň başlyklarynyň we olaryň orunbasarlarynyň, bölüm başlyklarynyň) hünär synagy söhbetdeşlik görnüşinde, ýolbaşçy däl işgärleriň  hünär synaglary bolsa kompýuterde test görnüşinde amala aşyryldy.

Merkezi topar tarapyndan hünär synagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň bölüm we düzüm birlikleriniň we sebitleýin statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň eýeleýän wezipesine laýyklygyny bahalandyrmagyň aşakdaky ölçeglerine esaslandy:

- işgäriň hünär derejesine edilýän resmi talaplara laýyklygy – iş stažy we başgalar;

- öňki hünär synagyndan häzirki wagta çenli aralykdaky döwürde öz işine döredijilikli çemeleşmek:

а) merkezi edaranyň pudaklaýyn müdirlikleriniň we bölümleriniň ýolbaşçylary üçin – degişli düzüm bölüm birliginde usulyýet we usuly häsiýetli işläp düzmeleriň, statistiki hasabatyň täze formalarynyň, hem-de täze görkezijileriň, ornaşdyrylyş tejribesiniň barlygy, usulýet işleriniň çap edilmegi, statistiki seljeriş işleriniň ýerine ýetirilişi, statistiki hasaba alyşyň halkara standartlarynyň we statistiki maglumatlary işlemegiň täze kompýuter programmalarynyň ornaşdyrylmagy, elektron maglumatlar binýadynyň döredilmegi we ýagdaýy, usulýet geňeşiniň işine gatnaşylmagy;

б) sebitleýin statistika müdirlikleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary, sebitleýin müdirlikleriň bölüm başlyklary hem-de etrap (şäher) statistika bölümleriniň başlyklary üçin – statistiki gözegçiligiň usullary boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmegi, statistiki hasaba alyşy guramak boýunça usuly resminamalaryň barlygy, olary saklamagyň we işgärler üçin elýeterliligini üpjün etmegiň düzgünleriniň berjaý edilmegi;

- işgärler bilen işlemek – hünärmen işgärler bilen üpjünçilik, işgärleriň öz işlerine jogapkärçilikli çemeleşmegi, zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi;

- statistiki işleriň guralyşynyň ýagdaýy – özünden aşakda/ýokarda durýan statistika edaralary bilen aragatnaşyk, pudaklaýyn ýa-da funksional bölüm birlikleri bilen gorizantal aragatnaşyk, statistiki gözegçilik bilen gurşalyp alyş we onuň hili, ýerlerde seminarlaryň we maslahat beriş işleriniň geçirilmegi, statistiki maglumatlaryň anyklygyny barlamagyň meýilnamalaşdyrylyşy we  guralyşy, maglumatlar binýadynyň ýagdaýy, döwürleýin statistiki ýygyndylaryň goýberlişi we hili;

- statistikanyň nazaryýeti, pudaklaýyn statistika, ykdysadyýet, Türkmenistanyň Hökümetiniň sosial-ykdysady syýasaty boýunça bilimleri.

Hünärmenleriň hünär synagy degişli programma boýunça kompýutere girizilen sowallara synag tabşyryjynyň jogap bermegi görnüşinde geçirildi. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Galkynyş eýýamyndaky ykdysady taglymaty, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy”, “Döwlet statistikasy hakynda” Türkmenistanyň kanuny, ykdysadyýet we sosial ýaýraw boýunça kadalaşdyryş we kanunçylyk binýady, statistikanyň nazaryýet esaslary, statistiki maglumatlary ýygnamagyň, işlemegiň we seljermegiň usullary boýunça, statistika ulgamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň wezipeleri we borçlary, kompýuter sowatlylygy boýunça, şonuň ýaly-da wezipe borçlaryny, ýolbaşçylaryň tabşyryklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirişi, zähmet we ýerine ýetiriş düzgün-nyzamyny berjaý edişi hem-de beýleki işewürlik we ahlak sypatlary barada işgäre berlen häsiýetnamany göz öňünde tutup, hünär synagy topary her bir işgär boýunça çözgüt çykardy.

Tutuşlygyna alnanda gowy netijeler gazanyldy. Merkezi edarada bildirilýän talaplara gabat gelmeýän işgär ýok. Emma usulyýet işlerine, kompýuter sowatlylygyna ünsi güýçlendirmek zerurlygy ýüze çykaryldy.  Işgärleriň ykdysady bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, merkezi edarada we ýerlerde derwaýys meseleler boýunça seminarlaryň yzygiderli geçirilmegi zerur bolup durýar.

Hünär synagynyň netijeleri boýunça, bölüm birlikleriniň işgär düzümini kämilleşdirmegiň barşynda işiň netijeliligini mundan beýlägem ýokarlandyrmak maksady bilen, işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak, orun tutjak ýaş hünärmenleri çekmek, statistiki maglumatlaryň elektron binýatlarynyň pugtalandyrylmagy boýunça işleri güýçlendirmek, işgärleriň kompýuter endiklerini ösdürmek, ykdysady-matematiki usullardan peýdalanylyşyny we maglumatlary işläp taýýarlamagyň täze programmalarynyň özleşdirilişini  boýunça işleri üns merkezinde saklamak boýunça yzygiderli iş geçirilmegi maslahat berildi.